SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GYZ

GYZ [gy:z], Aýal jynsly perzent; durmuşa çykmadyk ayal maşgala. Özi gyzmy ýa dulmy? («Görogly» eposy).

Gurduň nazary wraç aýallaryň arasynda duran bir gyza dikildi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

Aşy ajygyna ber , gyzy — aşygyna   (nakyl).

Gyzym, saňa aýdaýyn ,gelnim, sen eşit    (nakyl).    

Gyzyts   ysi — gülüň ysy (nakyl).

Gyz ýagşysy  «gyşyk» çatmadan çykar (nakyl).

Gyzy baryň näzi bar (nakyl).

Gyzly gyzyl-dan doýmaz  (nakyl).

Gyzyň galyňy — garyň suwy  (nakyl).

Gyzlar göwni — gyzan  gazan   (nakyl). 

Gyzarana «Gyz» diýerler, agarana — «biz»   (nakyl).

Gyzym öýde,gyygy daşarda  (nakyl). Gyz maşgalanň erki ene-de bolar (nakyl).   

Gyzyň urdugy —hudaýyň   berdigi (nakyl).    

*  Gyz    gaýtarmak — gaýtarmany, çuwal gyzy gaýyn öýlerine eltmek (köne   däp    boýunça).

Gyz  çykarmak — gyzy durmuşa  çykarmak,   äre bermek. Ogul öýlendirin, giz çykararyn (A. Gowşudow, Powkstlýer we hekaýalar). 

Garry    gyz — durmuşa çykman. Ýaşy  25—30 töweregine ýeten gyz.


GYZAMYK, med. Ýokary gyzgynly, bedeniňe düwürtik örmek bilen ýüze çykýan ýokanç çaga keseli. Gardaş, munuň özi bir gyzamyk ýaly çaga keselidir (M. Gorkiý, Ene).

Gyş gyzamyk gelmesin, tomus — mama (nakyl).


GYZAR-GYZAR, zool. Gahary getirilende, öňki reňkini üýtgedip, gyzgylt öwüsýän hažžyk.


GYZARMAK, 1. Gyzyl reňke öwrülmek, gyzyl reňke geçmek, gyzgylt öwşün atmak; gan öýmek. Gamçynyň degen ýerleri zaw-zaw bolup gyzardy (B. kerbabaew, Aýgytly odim). Gowaçalaryň uzynja baldaklary toplum durnalaryň injikleri ýaly gyzarýardy (B. kerbabaew, Aýsoltan).

 Gyzaryp tenim görnenden, agaryp ýaman görünsin .(nakyl).

2. Ýokary tempýeratura zerarly köz ýaly gyzyl bolmak, çym gyzyl bolmak ( demir we ş. m. hakda).

3. göç. m. Gahar gelmek, gaharlanmak. Halnazaryň gazaby içine sygmady, gyzardy, damarlary tarsyldap urdy. Çişik beg gyzardy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYZARTMAK, Gyzyl reňke öwürmek, gyzyl reňke boyamak, gyzyl reňk çalmak.

2. Ýokary temperatura zerarly köz ýaly etmek. Demir bölegini gyzartmak.Oragy gyzardyp taplamak.


GYZARYLYŞMAK, Biri-birin bilen gaharlanyşmak, dazarylyşmak . Aşyryň  gwardiýa  naçalnigi bilen   gyzarylyşmany dogurda gürruň berdi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYZBUT, Meýdan kömeleginiň bir görnüşi.


GYZGALAŇ, Gyzgyn höwes, gyzgyn joşgun, depgin ,göçgün, şowhun.

Söweş gyzgalaňy biel n gyzan göwreler tämiz howanyň çigregini ýaňy syzyp başlaýardylar.(B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Olar öz oýunlarynyň gyzgalaňy bilen daş-töwereklerinde gopgun tursa-da duýmaýardylar (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


GYZGALAŇLY, Gyzgyn joşgunly, göçgünli, şowhuňly. Töwerekde gyzgalaňly hereket höküm sürýär (B. Pürliew, Ilkinji gün). Sowet başlygynyň mohorka tütüni bilen doly kabinetinde gyzgalaňly gürrüň gidýärdi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYZGAN, bot. Gür ösýän, gabygy çal, çybyklary tutuş tikenli, gyrymsy ýabany agaç. Men olary gyzgana dolap, eýlek-beýläk togalaýyn, üstlerinden depip içimi sowadaýyn (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ört alan gamşyň ýalyny, onuň arasyndaky çygar gyzganyň hem pudaklaryny köýdürjekdi. Köne gyzgany goparyp zyňsaň-da, ahmal bolsaň dyrnaýar (B. Kýerbabaew, Aýgytly ädim).


GYZGYLT, Gyzyl öwüsýän, çala gyzyl. Pürli ýylgynlaryň gyzgylt güllerinden olaryň burunlaryna ýakymly ys urdy. Özüne göwni ýetýän adam äwmezlik bilen gyzgylt saçlaryny daramaga durdy (B. Kýerbabaew, Aýgytly ädim).


GYZGYN, 1. Sowuk däl, örän yssy; ýokary temperatura. Gyzgynyň ýok, Ýagmyr, me, atyr ysga! («Sowet edebiýaty» žurnaly). Zawodiň esasy agregaty bolaň pejiň gyzgyny ýokary dereje ýetip ýarylypdyr («Sowet Türkmenistany» gazeti).

2. ser. G y z g a l a ň l y. Şol adamlar gyzgyn söweşden-de gaýtejak adamlar däldi. Artyk olaryň gyzgyn jedellerini eşidende: — Bu nähili güýç? — diýip oýlandy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYZGYNLYK, 1. fiz. Materiýanyň hereketiniň aýratyn formasy, jisimiň iň ownujak bölejikleriniň hereket etmeginden emele gelýän energiýa. Gylgynlyk derejesi.

2. Gyzgyn haldalyk, ýylylyk.


GYZDYRMAK, 1. Ýokary derejede yssylyk bermek. Soňabaka ýörite ýasalan demirleri gyzdyryp, munuň endamyna dag basmaga başladylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Temperaturaniň artmagy, gyzgynyň ýokary galmagy; pugta ýylytmak. Men öten agşam ýaman gyzdyrdym.

<> Göz gyzdyrmak — ser. G ö z. Belki, Ýolli Pökginiň gyzy Bahara göz gyzdyrýandyr, kim bilýär (A. Gowşudow, Köpetdagiň etegnnde).


GYZZA-GYZZA: gyzza-gyzza g e l m e k —gyzgalaňly pursaty gelmek, wagty, momenti gelmek. Gyzza--gyzza gelende, Artyk tapylmady. (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYZZA-GYZZALYK, Gyzza-gyzza gelen ýagdaý. Men düýn Babalaryň obalaryna baryp geldim, ol  ýerde  beý'le gyzza-gyzzalyk ýokdy (D. Gowşudow, Eserler).


GYZZYRMA  I, med. Iniňi tikenekledip, üşedip. endamyň gaty gyzmaklygy bilen ýüze çykýan kesel, ysytma. Gyzzyrma keseline garşy göreşde olariň ähmiýeti uludyr («Ýaş kommunist» gazeti). Ol soňabaka edil gyzzyrma tutýan ýaly galpyldap başlady (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GYZZYRMA II, Aldyrylmadyk hamyrdan saçda we ş. m. bişirilýän ýukajyk çörek. Oglan kakasyna gyzzyrma eltip, ony iýmegini soraşýar («Mydam taýýar» gazeti).


GYZLAK [gy:zlak], Köp gyzly. Ol gyzlakdy: üçüsi çuwal gyz, biri hem boý, jemi dört gyzy bar (N. Saryhanow, Eserler).


GYZLYK [gy:zlyk], 1. Aýal maşgalanyň durmuşa çykmazyndan ozalky ýagdaýy. Emma gyzlyk ejaby, onda-da bir ýany Artyk bolandygy üçin, ol şol sözüni aýdyp bilmedi. Ýa gyzlyk gelinlik bilen degşenden soň, gylyk hem üýtgeýärmi? (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Öweý ejäniň ýa-da öweý kakanyň gyzy. Soltan Nepes aganyň gyzly-gydyr.


GYZMA, Sähel zada gahary gelýän, gany gyzgyn, girrik, dargursak. Aleksandr örän şöhratparaz, gyzma we gazaply bolupdyr (Gadymy dünýä taryhy). Gyzma wezir özüni atdan oklapdyr (Myraly).


GYZMAK, 1. Temperatura, gyzgynlyk derejesi ýokary galmak. Gün gyzdy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Gara gyşlar sowga galyp, tomus güne gyzan çopan, Ol zulumdan azat bolup, zarpçy bolup serge gitdi (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Gün dogup, eýýäm howa gyzyp ugrapdy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).

2. göç. m. Dargursaklyk etmek, gahary gelmek, girriklik etmek. Ol tiz gyzýardy, sözleýärdi, öýkeleýärdi, tiz-de sowaýardy, mylaýymlanýardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Nädogry işe ganym gyzyp başlady («Tokmak» žurnaly).

3. göç. m. Gyzgalanly bolmak. Bazar ýaňyja gyzyp başlanda, Myrat ýolagçylaryň gelmegine garaşýardy («Mydam taýýar» gazeti).

4. göç. m. Bir zada gaty höweslenmek, höwesiň artmak. Köplük bugdaýa gyzarda esasy mesele zyýan býerýär. Çeti gyzmak — gahary gelmek, gaharlanmak.


GYZYBERMEK, göç. m. Gaharlanyp başlamak. Pir bu habary eşidip gyzyberdi («Görogly» eposy). Sen entek gaty gyzyberme, wagtyndan öň söweşe-de girme (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYZYK, Keýpli, hezil, geň. Meseläniň gyzyk ýeri biziň zagyrdyklaşanymyzda däl («Tokmak» žurnaly). Wepanyň goşgular ýazýan depderiniň içinden şeýle bir gyzyk zat çykdy: bir tegelek ýüpek mata, onuň iki ýan tarapyna-da keşde edilipdir (A. Gowşudow, Mähri— Wepa).


GYZYKDYRMAK, 1. Biriniň bir zada bolan höwesini artdyrmak, höwesini güýçlendirmek, gyzyklandyrmak. Artyk Babalyniň bir nätanyş militsionere gerekligi Iwan Timofeýewiçi has hem gyzykdyrdy.Onuň gazetlerde uruş habarlaryndan beren gürrüňleri bolsa Artygy gyzykdyrdy. Artyk öz ýüregini açyp, bütin ýagdaýlary mälim etdide, ony özüne gyzykdyrdy. Üstlerine abanyp gelýän ullakan howp olaryň hiç birini gyzykdyrman, ownuk meseleler barada bolgusyz gürrüň etdiler (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Öjükdirmek. hyjuwyny artdyrmak.


GYZYKLANDYRMAK, ser. G y z y k d y r m a Edaralary edara etmäge halkyň özüni gyzyklandyrmak gerekdir (B. kerbabaew, Aýgygly ädim).


GYZYKLANMAK, Bir işi bilmekde, etmekde özüň-de güýçli höwes döremek, meşgul bolmak, höweslenmek .Ýeri, ýeri yzyny aýt-la! — diýip, Derýaguly gyzy gyzyklandy   («Kolhoz  günleri).


GYZYKLY, Gyzygy bar bolan, şatlykly höwe  döredýän, höweslenerlik, gyzyk.  Bu zatlariň  hemmesinden soň gyzykly gürrüňlere başlamak bu maşgalda, adat bolup  galypdyr  (A.    Gowşudow,   Mähri—Wep). Menem saňa her geleňde iň gyzykly kitaplari saylap býerýärin  (B. Pürliew, Ilkinji gün).    Boldy   gürrüň gyzykly Mejlisiň ahyrynda, Kolhoz hem-de kolhozyň Aktiwleri hakynda   (A.   Kekilow, Saýlanan  eserler).


GYZYKMAK, 1. Höwes bilen, yhlas bilen ýapyşma üns bermek, höweslenmek, gyzyklanmak. Iki atyň haýsynyň ökde çykjagyna hemmeler gyzygýardylar (B. Kebabaew, Aýgytly ädim). Süri boljak diýeniňiz dogry welin,  sakçy  goýup  arkaýyn bolsaňyz,  goýan sakçyňyz uklar ýa-da ota gyzygar («Türkmen halk ertekiler ýyndysy»). 

2. Mewç  almak, gyzmak . Olaryň arasynda gürrüň gyzykdy  (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYZYL I, Gan reňkindäki reňk. Neşder urup, gyzyl ganyň dökse-de, Çydadyk biz, çünki zar eden kanun

(N. Pomma, Saýlanan  eserler). Ak  üzüm gyzyl üzüm bilen bile bişipdir (R. Seýidow, Bagtlylar).


GYZYL II, 1. Himiki element, lowurdap duran sary reňkli gymmat baha metal, altyn, tylla. Köşgüň gyzyl   çaýylan gapysy  örän uly  («Mydam  taýýar» gazeti). 

Gyzyl görse, Hydyr azar   (nakyl). 

2.  göç. m.  Örän gowy, gymmatly. Bu hasyl duran bir gyzyldyr.

3. Atylyp alnan bugdaý harmany. Ýakynda atyp taýýarlan gyzylyňyz bar bolsa, bar, atlara iýmlik getir!- diýdi (A.  Gowşudow, Mähri—Wepa).

<>  Gyzyl   tapan   ýaly    bolmak — keýpiň kök bolmak, şatlanmak, begenmek. Hojaýyn, kaşgar çaýyny bermeseň boljak däl, biz-e gaty ýadadyk! — diýip, gyzyl tapan ýaly ýyljyraklap,  tirsegine gyşardy   (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GYZYLGYRAN [gyzylgyra:n]: g y z y l g y r a n   b o l m a k — gülüp kese ýykylmak, köp gülmek, gülüp keýpden çykmak. Tomaşaçylar masgarabazyň wäşi sözlerine gyzylgyran gülüşdiler.


GYZYLETENE, Heniz uçurym bolmadyk, elek çykarmadyk (çaga guş hakda). Heniz tüýüni ýetirmedik, gyzyletene çaga guşlaryň jürrüldeýän sesleri eşidildi (B. kerbabaew, Japbaklar). Höwürtgedäki ýumurtgajyklary iýmegi, gyzyletene çagajyklary awlamagy gowy görýän jandarlaryň biri-de ýylandyr (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gurrüňi).


GYZYLETJIK : gyzyletjek  etmek (bolmak) – ýenjip ya-da depip gyzyl gana boýamak, hamy sypyryp ýaralanmak.Ýabynyň toýnagy ökjämi basa- basa  gyzyletjik etdi.


GYZYLJAGURT  [gyzyljagu:rt], zool.  Şagala görä kiçiräk, iki öň aýaklary bilen ýer peşeýän çöl möjegi.  ýyrtyjy haýwan.


GYZYLINJIK [gyzyli:njik], zool. Suwluk ýerde yaşayan, uzyn  gyzyl injikli ak guş. Gowaça çöpleriniň gyzylinjigiň aýagy ýaly gyzaryp otyrlar («Kolhoz günleri»).


GYZYLLAMAK, 1. Gyzyl çaymak, gyzyl çalmak, gyzyl suwuny bermek. Bezeg şaýynyň ýüzüni gyzyllamak.

2 bot. Bugdaý ýaňy tümmüle duranda, bulutlyk, dymyklyk sebäpli kesellemek, dänesi arryklamak. Şol ýyl,

hakykatdan hem,  bugdaý bitginli bolup, tümmüle  duranda gyzyllapdy (B.  kerbabaew, Aýgytly  ädim).


GYZYLLATMAK, 1. Gyzyl çaýdyrmak, gizyl çaldyrmak, gyzyl suwuny berdirmek. Sagady gyzyllatmak.

2. bot. Ýany tümmüle duran bugdaýy howanyň kapasdygy, petişligi zerarly keselletmek.Ylaýta-da howanyň bulutlaşygy, petişligi bugdaýy gyzylladypdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYZYLMEŇIZ, Eti-gany ýerinde, gyzyl ýüzli (adam hakda). Uzyn boýly, gyzilmeňiz bu agronom MTS-de dört günläp gezdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GYZYLÖDEK [gyzylö:dek], anat. Agyz boşlugy bilen aşgazany birleşdirýän gyzyl, turba pisint ödek. Türkmenistanyň şertlerinde gyzylödegiň rak keseli ragyň duş gelýän formalaryndan biridir (I. F. Berezin, Rak keseli näme we onuň garşysyna nähili göreşmeli).


GYZYLSAPAK, bot. Sapagy gyzyl üzüm, ak üzümiň bir sorty. Gyzylsapak üzüm.


GYZYL-ÇYZYL, göç. m. Aýal maşgala (aýal maşgalanyň geýýän geýimi gyzyl bolany sebäpli, şol manyny aňladýar).


GYZYLÝAÝYRT: gyzylýaýyrt bolmak — Dyr-pytrak bolup çaşyp ýatmak, ýaýrap ýatmak. Hemmesini atdan agdardy, gyzylýaýyrt etdi («Görogly» eposy). Dumly-duş gök otlar bilen bezelip, gülälekler gyzylýaýyrt bolupdyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GYZYŞMAK, 1. Üşekligiňi aýyrmak üçin işlemek, hereket etmek, hereket edip ýylynmak. Toparçak esgerler gyzyşmak üçin tans edýärler (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Bir iş we ş. m. zat bilen gyzygyp gitmek,gyzyp başlamak. Gürrüňe gyzyşmak.


GYDYRMAK, 1. Çüýşe dewügi, agaç gyýçagy ýa-da bir zada bedeniň bir ýerini dildirmek, kesdirmek, böldürmek. Çüýşe döwügine elimi gyýdyrdym.

2. Ölçedip bişdirmek. Matany gyýdyrmak.