SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GYL

GYL, Adamynyň we süýtemdirijileriň bedeninde bolýan inçejik tüý. Artygyň murty towlama gelipdir, ýalaňaç eňegine bolsa iýmeşik gara gyllar örüpdir. Onuň kakasynyň çişen, yslanan göwresi, pakgaran ýüzünde dürterişip galan gyllary mäzleşik gözleriň öňünde oýnady (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYLAW, I. Gawunyň etiniň ýüzi, üstki gylawlap duran ýeri. Gawunyň gylawyny aýrip iýmeli.

2. Päkiniň iň ýiti  ýeri, ýüzi. Bu päkiniň  gylawy gaýdypdyr.

<>Gylaw    almak — eden işiň bir gezek şowun düşenine buýsanyp, zady äsgermezlik etmek,

Gylaw  alyp, aňsat  düşen  eňişden, Watanyma hüjüm etdi bu azan (A. Kekilow, Egri azar, dogry ozar).


GYLAWLAMAK,   Ýüzi gylaw  almak,  ýüzünde galaw emele gelmek.Gawunyň ýüzi gylawlapdyr.


GYLAWLANMAK, Eden işiň bir gezek şowuna düşmegine buýsanmak, önki eden   işin  rowaç tapandagy üçin, ýene  täzesine ymtylmak. Täzeden  bäri sen gylawlanypsyň.


GYLAWLY, Güýçli islegi bar bolan, bir zady edesi gelýän, höwesjeň. Sen gylawly ýigit ekeniň, aýagyň düşdi. Söweş meýdanynda bary gylawly, Gollary naýzaly, gülgün ýalawly. («Görogly» eposy).


GYLAWLYLYK, Güýçli islegi barlyk, bir zady edesi gelýänlik, höwesjeňlik, göwünjeňlik. Şol wagt Wepa hoş gylawlylyk bilen ýerinden galdy (A, şudow, Eserler).


GYLGANAJYK,  dial.   ser.   G y l d y r g a n.


GYLGUÝRUK, zool.  Möwsümleýin  uçup geçýän guýry  inçe,  kiçiräk aw guşy. Biz  agşama  çenli bir

näçe gylguýruk awladyk.  («pioner» žurnaly).


GYLDYRGAN,  Käbir   haşal  otlaryň   baldagynda bolýan, zordan göze görünýän, gyl ýaly tikenjik. Ýaňy elime bir gyldyrgan batdy.


GYLLA: gylla    ýarysy — zadyd deň ýarysy, deň ikiden bir bölegi. Men ömrümiň gylla ýaryn ötürdim.

Şeýdip seň mamaňy öýe getirdim («Oktýabrь ýalkymy).


GYLLAMAK, Geçiniň sütüginden çöpürini saýlamak.


GYLLYK, Agyzdan süýgüp çykýan sülekeý, suwuklyk.Gyzjagaz entäp ýykyldy, gyllygy sallanyp, dodoklary ýer garbady. Pökgi wala agzyndaky gök gyllygyny akdyryp, nasyny çuwalyň düýbüne dökdi.   Onuň gansyz  reňki  gögerip, gözleri  mäzleşipdir-de, agzyndan ganly gyllyk akýardy.Ýadaw at burnuny paryldadanda, köpük gatyşykly gyllyklar Sähediň üstüne syçrady  (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GYLTAŞMAK, ser. Galtaşmak. Tene her gezek çybyn-çirkeý gyltaşanda, tisginişip we titreşip gidýäördi (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GYLTYZ, 1. Ýetmez, ýetýer-eýtmez, kemter, çalaja.Arman onuň ýumrugy Mäter şyhyň agzyna gyltyz degdy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

2. Azlyk edýän, kelte, yeter-ýetmez, az, gysga. Odunyň ýüpi gyltyz geldi.Geýimlik üçin alnan mata biraz gyltyz geldi.


GYLTYM, Sähelçe ösen  gyrtyç,  ot.  Goýunlar gyltyma kowalaşýarlar  (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


GYLÇY, gepl. d.  Ýaranjaňlyk edýän, göwun ýaranjaň. Indi Halnazaryň  gylçylary: — Päheý baýyň iňkis edýän zadyny! Ogluň bolsa, gyz gytmy? Iliň orta barmak ýaly ýerinden saýlap alarsyň – diýip, göwünlik berjek bolýarlar  (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


 GYLÇYK, 1. Arpanyň, bugdaýiň we ş. m. däneleriň daşyndaky dürterişip duran gyldyrganly gabygy.

Ol agzyna inip duran garabaş degen arpaniň gylçygy yaly murtuna timar berdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

2.  Balygyň   etindäki inçejik uzyn süňkjagazlar. Balygyň etinde gylçyk köp bolýar.


GYLÇYLYK,  gepl.d. Ýaranjaňlyk.


GYLYK,  1. Durmuşda özüňi alyp baryş, häsiýet . Onuň ýeke geplilik edäýmek gylygy hem bardy. {Kolhoz günleri). Onuň içki gylygy hem  birneme üýtgäpdi. (B. Kerbabaew, Aýgytly  ädim). 

2.göç. m. Howanyň, tebigatyň ,üýtgeýiş protsesi. Howanyň gylygyniň geň däldigini aňdym  («Kolhoz günleri»).

* Gylygy   geň  dällik — niýeti gowy dällik,  päli erbetlik. Pälwaniň gylygynyň geň däldigini bildi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GYLYKDAŞ,   Gylyklary  meňzeş bolan, häsiýeti bir, bir gylykdaky.  Özüň  bilen pikirdeş, gylykdaş

bolmak bilen adamkärçilikli bolsa, onuň ýaşyna ýa-da  syratyna garamak näme gerek   (A.  Gowşudow, Köpetdagyň etegnide).


GYLYM, Edilýän iş, pikir,  boluş. Olar şu gylymlary  bilen ýene jenaýat  edýärler (A. Gowşudow,

 Mähri—Wspa).


GYLYÇ, 1. Polatdan ýasalýan uzyn egri, sowuk ýarag. Bir näçe ýyllardan bäri dulda asylgy duran gylyjyny syryp daş çykdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

Gylyç öz gynyny kesmez (nakyl).

Gylyç gynynda ýatsa poslar.(nakyl).

Gylyç ýarasy biter, dil ýarasy bitmez (nakyl).

Gylyç göteren gylyçdan hem öler (nakyl).

2. Gulaç, dolak ýaly irimçik matalar dokalanda ulanylýan, argaç kakylýan dokma senedi.

* Gylyçdan geçirmek — gylyç bilen çapyp öldürmek.Nädersiňiz  baryňyzy birden gylyçdan geçiräýsem

( B.Kerbabaew. Aýgytly ädim).

      

GYLYÇLATMAK' Gylyç ürdurmak, gylyç bilen kesdirmek, çapdyrmak.


GYLYÇLAŞMAK, Gylyçly uruşmak, biri-biriňe gylyç salmak. Duşman bilen gylyçlaşmak.


GYLÝAL, Atiň ähli jynsyny öz içine alýan umumy at.Kaka Söýün ýaly gylýal çopanlaryň iş

Ýaýratmagyň  zerurlygyny ýatlatdy. Aý, şu tohum gylýallar maňa artykmaç dert bolýar.(A.Gowşudow,   Eserler).


GYLÝALÇYLYK, [gylýa:lçylyk],  Oba   hojalygynyň gylyal tohumyny  köpeltmek bilen  meşgul bolýan pudagy. Aşgabat raýonynyň «Mir» adyndaky kolhohozynyň yaňy ýakynda  hem gylýalçylyk  fermasynda   tohum gylyallaryň sany 100-e golaýlaýardy («Sowet Türkmenistan gazeti).