GYM |
||
GYMMAT , 1. Nyrhy hakyky bahasyndan artyk bolan, arzan bolmadyk. 2. Gowy, artykmaç. Ýüzi gara Bibijamal şunuň ýaly gyzyldan gymmat äriň gadyryny bilenok (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Çaňňalaklaň aýry gymmaty bardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýoldaş leýtenant, siz meni ölümden gutardytsyz, men bu ýagşylygiňyziň gymmatyna düşünýärin (A, Gowşudow, Saýlanan eserler). 3. Ähmiýet. gadyr; nyrh, baha. Komissiýalar bolsa bäşje minut synlap, seniň işiňe gymmat goýjaklar (A. Gowşudow. Köpetdagyň eteginde). GYMMATLAMAK, Öňki bahasyndan nyrhy ýokarlamak, bahasy artmak. Kapitalistik ýurtlarda harytlaryň bahasy gymmatlaýar. GYMMATLATMAK, Bahasyny, nyrhyny öňküsinden galdyrmak, bahasyny köpeltmek. GYMMATLAŞMAK, Bahasy, nyrhy öňküsinden birneme ýokarlaşmak, bahasy galmak. Harytlaryň bahasy örän gymmatlaşypdyr (Gadymy dünýä taryhy). GYMMATLY, Gowy görülýän, gadyrly, söýgüli, ähmiýetli, göwne jaý. Ol özüniň gymmatly, adamyň göwnünden turýan sözleri bilen halky özüne çekip bilipdir («Edebiýat»). GYMMATLYK, ser. G y m m a t ç y l y k. GYMMATÇYL, Zadyny iliňkiden gymmat satýan. Gymmatçyl adam. Gymmatçyl söwdagär. GYMMATÇYLYK, Ähli zadyň bahasynyň gymmat boluş ýagdaýy, bahasy ýokarylyk. Gymmatçylyga garşy göreşmek üçin buýruk çap edipdir (Gadymy dünýä taryhy). GYMPAÝ, Bir gözüniň gabagy , gözüniň üstüne örtülip duran, bir gözüni çala açyp seredýän. Gözi gympaý bir adam Artykdan. sowal sorady (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). GYMŞATMAK, ser. G y m y l d a t m a k. Gyz ukyniň arasynda ýylgyrýar we dodaklaryny gymşadyp, ýene gyşarýar (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). GYMYZ, Baýtal süýdünden edilýän çal, önüm. Meselem, özüniň sostawy boýunça gymza ören ýakyn bolan çal bilen kesel bejermekligi guramaklyk bütinleý mümkindir (M. G. Berdigylyjow, Türkmenistanyň kurortlary). Suw, çörek, gymyz diýen ýaly sözler heniz hem meniň dilimiň ujunda (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). GYMYLDAMAK [gy:myldamak], 1. Ýuwaşjadan hereketlenmek, eýläk-beýläk gozganmak, süýşmek. Komandiriň ýerinden gymyldamaga taby galmandy (A. Gowşudow, MähriWepa). Artyk. biraz gymyldajak bolanda, ýarasynyň azary ýüregine urdy. Eziziň reňki üýtgedi. gaşlary rahatsyz gimyldady (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. göç. m. Ýöremek, ugramak. Dynjyňyzy aldyňyz, indi gymyldamak gerek! GYMYLDATMAK [gy.myldatmak], Bir zady çala yrgyldatmak, ýerinden gozgamak, gymşatmak. Emma ol gözleriň eýesi süýem barmagyny gymyldadyp, ony özüne bakan çagyrdy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Be, şeýlemi? diýip, ýuka dodaklaryny çala gymyldatdy (A. Gowşudow, Eserler). GYMYLDAŞMAK [gy:myldaşmak], 1. Yzly-yzyna gymyldap başlamak, bilelikde, köpçülik bolup gymyldamak. 2. göç. m. Köpçülik bolup ýöräp ugramak. Sanýaçylar we kuçer gymyldaşdylar (L. N. Tolstoý. Saýlanan eserler). GYMYLDY [gy-.myldy], Bir zat yrananda, gozgananda emele gelýän hereket, yrgyldy. Moskwadan alyp görüm-görelde, Gymyldy köpeldi sag bilen solda (Mollamurt, Saýlanan eserler). GYMYRSAMAK, Köpçülik bolup ýörmek, topar bolup bir ugra barmak, gymyldamak. Ýere gurt düşen ýaly, Gymyrsap barýar goşun («Mydam taýýar» gazeti). GYMYRSY, Köpçülikleýin (ýörelende) edilýän hereket, başly-barat gymyldy. Birinji, tüpeň sesi çykan badyna, ibirtde-zibirtlik, başlanyp, obanyň içi gymyrsy boldy (A. Gowşudow, MähriWepa). |