Säher wagty seýran edip gezerkäm,
Ajap menzil, ajap jaýa sataşdym,
Ugrum bilmeý, ýoldan-ýola azarkam,
Hup mekana, hup saraýa sataşdym.
Ustasyz işlenen, kirşsiz gatylan,
Gymmatsyz satylan, elsiz tutulan,
Gol degmeý çekilen, oksuz atylan,
Çillesiz gurulan ýaýa sataşdym.
Niçe dostlar bilen seýranda eken,
Hatardan azaşdym, kerwende eken,
Jandan umyt üzüp, haýranda eken,
Ýyldyzdan ýol ýasap, aýa sataşdym.
Köňlüm gitdi, dostlar içen şerbetde,
Olar ýüz sapada men müň hasretde,
Aýrylyp näzliden, galdym gurbatda,
Çeşmeden suw istäp, çaýa sataşdym.
Ne tende kuwwat bar, ne içde jan bar,
Bu işde ne sut bar, bilmen, zyýan bar,
Ne hasap, ne hesip, ne belli san bar,
Kişi bilmez, ne söwdaýa sataşdym.
Başa baglap diwanalyk kemendin,
Segredip ýetişdim yşkyň semendin,
Al şeraba el uzatdym, emendim
Durusyn içmişler, laýa sataşdym.
Magtymguly diýrler meniň adyma,
Bir ah ursam, älem ýanar oduma?
Eý ýaranlar, kim ýetişer dadyma?
Başym çykmaz ne gowgaýa sataşdym.