SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MAW

MAG

MAD

MAÝO

MAZ

MAÝ

MAK

MAL

MAM

MAN

MAŇ

MAP

MAR

MAS

MAT

MAU

MAH

MAÇ

MAŞ

MAÝA


MADAPOLAM, dokm. Geýimlik syk, ak nah mata.


MADDA  I, fiziki jisimlerden ybarat bolan zat: Maddalaryň bize belli bolan ownujak bölejilleri — molekulalar, atomlar, elektronlar we başgalar fiziki jisimdirler.(«Fizika kursy»).

Deňiz suwunda hem  egrin  maddalar  (duzlar) köpdür.(M.N. Skatkin, Jansyz tebigat).

Aýry-aýry görnüş-ösümlikler  özünde reňkli maddalary saklaýar. («Mydam taýýap» Gazeti).


MADDA  II, ýur. Käbir  kanun ýygyndylarynyň, dokumentiň aýratyn punktlary. Men   jenaýat kodeksiniň haýsy maddasyny sorasaň-da, ýatdan bilýärin. (N. Jumayew. Ak derek).


MADDY,  Material ýaşaýşa degişli bolan. Bu  bäş ýyllykda bizuiň beýik halkymyzyň maddy hal-ýagdaýnyň ösendigini gurultaý  belläp geçdi («Pioner»žurnaly). Zähmetkeşleň  maddy hal-ýagdaýynyň ösmegi bilen birlikde,  olaryň medeni derejesi hem ýokarlanýar. («Türkmenistan  kommunistik» žurnaly).


MADERA, Üzümden edilen güýçli çakyryň bir sorty.


MADYR,  m a d y r  e t m e k — çala geplemek, dil ýazdyrmak, sesiňi çykarmak. Siz, baýar madyr etse: — Bolýa aga.!  — diýip  atyňyzy gamçylap gaýdýarsyňyz. (B  Kerbarbaew, Aýgytly ädim).


MADYRDAMAK, Üznüksiz biderek geplemek, irginsiz ýaňrap oturmak. Galyň dodaklaryny müňkildedip öz dilinde bir zat madyrdady.( G.Kuliýew. Köpetdagyň aňyrsynda).

Biz olaryň yzlaryna düşüp, garanjaklap ýörüs, emma olaryň aýdanlaryna düşünmeýäris —nemetsçe madyrdaýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MADYRDAŞMAK, Bilelikde madyrdap oturmak, irginsiz ýaňraşyp oturmak.

Turuň, madyrdaşyp oturmaň--da, ýatyň!


MADYR – MADYR, madyr-madyr etme k—bir zat diýişdirip samyr-sumur etmek, düşnükli düşnüksiz geplemek. Madyr-madyr edip meniň başyma, Günde gije hekgerýärsiň gaşyma («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MADYRDY, Aýdyň eşidilmeýän gürrüň, hümürdi. Goňşy tamdan madyrdy eşidilýärdi.


MADЬÝARLAR, Wengriýa Demokratik Respublikasynyň ýýerli halky, esasy ilaty, majarlar, wengerler.