SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MAW

MAG

MAD

MAÝO

MAZ

MAÝ

MAK

MAL

MAM

MAN

MAŇ

MAP

MAR

MAS

MAT

MAU

MAH

MAÇ

MAŞ

MAÝA


MAR, [ma: r], kön.s.ser. ý y l a n.

Mergenleň mergeni, ärleriň äri, Gylyçdan geçirip ýyrtjy mary(Annagylyç, Saýlanan eserler). Boýnumda dolanyp mar deý, Gysar seniň tylla saçyň («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).


MARAL, zool. Köplenç ene keýige ýa-da towşana berilýän at. Bökjekleişip marallaryň owlagy, Sonarlap ýör gök maýsaly käl bilen (N. Pomma, Saýlanan eserler).

 Maral   towşan   garly  depäniň   ýüzünden gaçyp barýar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


MARGANETS, him. Gyzylymtyl çal reňkli, haýal ereýän metal, himiki element. Nebitde erän az mukdarda magniý, marganets, gurşun we beýleki elementler bar («Pioner» žurnaly).


MARGANTSUWKA, Marganets turşy kaliniň meditsinada peýdalanylýan ergini. Margantsowka gatyşykly suw.


MARGARI'N, Ösümlik we mal ýagy garylyp alnan önüm, iýilýän ýag.


MARILER, Mari ASSR-niň ýerli halky, esasy ilaty.


MARIONE'TKA, 1. Gurjak teatrlarynda oýun görkezmek üçin hereket etdirilýän gurjak.

2. göç. m. Buržuaziýa ýurtlarynda: başganyň erk-islegi boýunça hereket edýän, iş alyp barýan adam ýa-da hökümet, oýnatgy.


MARKA, 1. Poçta we başga bir näçe ýygymlaryň töleg belligini görkezýän dört burçly kiçijik kagyzjyk. 2. Çykan ýerini, hilini görkezmek üçin önümiň, harydyň üstüne basylan bellik.

3. Germaniýada, Finlýandiýada pul birligi.


MARKÝOR, oba h. Agaç oturdylanda, ekin ekilende keş çekmek üçin ulanylýan oba hojalyk guraly. Işe girşimezden öň markýorlar sazlanmalydyr.


MARKÝORÇY, Markýorda işleýän işgär. Ekişde her kimiň öz ukybyna görä belli wezipesi bardy: kimi seýalkaçy, markýorçy, kimisi tohum daşaýar, kimisi ýangyç («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MARKI'3, Günbatar Ewropada graf bilen gertsogyň aralygynda dworýan tituly.


MARKI'ZA I, Markiziň aýaly ýa-da gyzy.


MARKI'ZA II, Gün düşmezlik üçin penjiräniň daş ýüzünden tutulýan matadan edilen saýawan.


MARKIZE'T, dokm. Ýukajyk ýyldyrawuk nah ýa-da ýüpek mata.


MARKSI'ZM, filos. Tebigatyň we jemgyýetiň ösüş kanunlary hakyndaky, ezilen we ekspluatirlenýän köpçüligik rewolýutsiýasy hakyndaky, ähli dünýäde sotsializmiň ýeňmegi we kommunistik jemgyýetiň gurulmagy hakyndaky ylym.

Marksizm — munuň özi dogma däldir («Ýaş kommunist» gazeti). Bu jaýda oturan ol beýik Lenin, Ösdüripdir marksizmiň däplerin («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MARKSI'ZM-LENINI'ZM, Marksyň — Engelьsiň— Leniniň taglymaty.

Marksizm-leninizm — bu jemgyýet we onuň ösüş kanunlary baradaky hakyky ylymdyr Marksizm-leninizm ruhunda terbiýelemek.


MARKSI'ST, Marksizmiň tarapdary, marksizmi dowam etdiriji.


MARKSISTIK, Marksizmiň printsiplerini aňladýan, marksizme degişli bolan, esaslanýan. Marksistik kružok. Marksistik Taglymat. Marksistik ideýa. Marksistik edebiýat.


MARKSISTIK-LENINÇILIK, Marksizme-leninizme degişli bolan, marksizm-leninizm printsiplýerine esaslanýan. Marksistik-leninçilik estetika sungatyň maksada gönükdirijiligine, onuň matlaplylygyna ägirt uly ähmiýet berýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MARMELA'D, Miwe şiresinden, kartoşka unundan we gantdan edilen süýji.


MARS, astr. Göwrümi Ýeriň göwrüminiň altyndan birine we massasy Ýeriň massasynyň dokuzdan birine golaý bolan, Günden uzaklygyna görä dördünji orunda ýerleşýän seýrek atmosferaly planeta. Merkuriý, Wenera, Ýer, Mars Günüň töwereginde aýlanýarlar («Fizika kursy»). Marsda organiki ýaşaýşyň bolmagy mümkindir (S. N. Winogradow, A F. Kuzьmin, Logýka).


MARSELЬÝE'ZA, 1792-nji ýylda frantsuz buržuaz rewolýutsiýasy döwründe dörän, soň Frantsiýanyň milli gimnine öwrülen aýdym, Frantsiýanyň milli gimni.


MART, Kalendarь ýylynyň üçünji aýy. Biziň eriklerimiz mart aýynyň birinji ýarymynyň içinde gülleýär (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

<> M a r t  baýramy — aýallaryň halkara baýramy. Aý, Wüşi iner oguldyr, ony ynha mart baýramymyza çagyrarys (A. Gowşudow, Köpetdagň eteginde).

MARTE'N: 1) marten peçi — polat eredilýän ýörite peçь. Uly marten peçleri guruldy («Mydam taýýar» gazeti).

 2) marten polady — şol peçde eredilen polat.


MARTYŞKA, zool. Yzky aýaklary we guýrugy uzyn, kelte tumşukly, makakalar tohumyndan bolan maýmyn.


MARŞ I, 1. Nyzam bilen ýöreýiş täri. Saz hem marş bilen etdik ýöriş (B. Kerbabaew, Aýlar). 2. sazç. Heňiniň sesine görä ädimläp ýörelýän sazly eser. Matam marşynyň owazy astynda ýas kolonnasy ýuwaşlyk bilen Gyzyl ploşada tarap barýar («Pioner» žurnaly).

3. Goşunyň ýörüş tertibinde bir ýerden ikinji bir ýere edýän hereketi, ýörüş.


MARŞ II, Ýöremegi, gadam urup başlamagy aňladýan buýruk komandasy.


MARŞAL, harby. Goşuna ýolbaşçylyk etmek işin-de bitiren ajaýyp hyzmatyna görä berilýän generallykdan soňky harby at we şol ada mynasyp bolan şahs.

Marşallarmyz — zorlarmyz bar, Arslan ýürek şirlermiz bar (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


MARŞALLYK, Marşalyň çinine, adyna eýe bolmaklyk, mynasyp bolmaklyk.


MARŞRUT, 1. Gidiljek ýoluň öňünden düzülen plany, ugry. Ýörüş marşruty. Samoliotlaryň gatnaýan marşruty. 2. d. ýo. Tirkegini, ýüküni üýtgetmän barýan ýük otlusy.