SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MAW

MAG

MAD

MAÝO

MAZ

MAÝ

MAK

MAL

MAM

MAN

MAŇ

MAP

MAR

MAS

MAT

MAU

MAH

MAÇ

MAŞ

MAÝA


MANAT, Sowet Soýuzynda ýöreýän ýüz köpüge bara-bar pul birligi we şol gymmatdaky pul belligi. Maňa köp pul gerek däl, iki ýüz manat karz berseň bolar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Barlanmadyk obligatsiýalara 24 müň manat utuş düşdi («Sowet Türkmenistany» gazeti).


MANATLYK, Manat hasabynda bir manada deň bolan pul belligi, ýekelik manat. Jübüsinden bir topar ýeke manatlygy çykardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ol aňkaw kempir ýigrimi bäş manatlyk kagyz puly elli manatlykdan hiç haçan tapawutlandyryp bilmezdi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


MANDALA, kön. s Daşky geýim tikilýän, tekiz ýylpyldyly mata. Arçyn mandala jalbarynyň dyzyny dyrmap, gürrüňe başlady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MANDARI'N, biol. Günorta ýurtlarda bitýän miweli tsitrus agajy, ösümligi we onuň ýakymly ysly, apelьsine meňzeş miwesi. Gruziýada subtropik hojalyk döredilip, onda çaý, mandarin, limon, apelьsin. bam-buk ýaly ösümlikler ösdürilip ýetişdirilýär («Pioner» žurnaly). Onda limonlar, apelьsinler, mandarinler, hurmalar we başga köp dürli miweler bişip, şahalara agram berip durlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MANDAT, 1. Biriniň wekildigini tassyklaýan dokument. Aly beg mandatyny çykaryp, stoluň üstünw urdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. syýasy. Edara etmeklige, dolandyrmaklyga hukuk berýän dokument.


MANDATLY, syýasy. Mandat berlen, mandat esasyn-da dolandyrylýan. Mandatly ýurtlar.


MANDOLI'NA, sazç. Dört sany goşa tarly hem-de ýukajyk ýasyja plastinka bilen çirtilip çalynýan saz guraly.

MANDOLINAÇY, Mandolina çalýan sazandar.

MANDY, Sürülmän galan bölejik ýer.


MANÝOWR, 1. harby. Duşmana berk zarba urmak maksady bilen goşunyň sapalakly hereket etmegi. 2. Harby ýagdaýdaka meňzeş edilip geçirilýän taktiki okuw.

3. d io. Stantsiýalarda otlularyň sostawyny düzýän parowozuň, elektrowozuň ýa-da wagonlaryň hereketi. Duralgada manýowr edýän parowozuň şakyrdysyndan başga ses eşidilmeýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MANÝOŽ, 1. Atly harby maşklar, oýunlar geçirilýän meýdança, jaý.

Biz manýože baranymyzda, biri-birimizden soraşýardyk (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Töweregine agaç germewjikler aýlanan ýörite manýože gözüň düşýär («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). 2. Tsirkiň jaýynda oýun görkezilýän meýdança.


MANŽE'T, Köýnegiň, bluzkanyň ýeňiniň ujuna tikilen ýeňsapy. Onuň akja ýakasyna tozan siňip, ýeňiniň manžeti gäzläp başlady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MANŽURIÝALYLAR, Manžuriýanyň ýerli halky, esasy ilaty.


MANIKÝUR, Eliň dyrnaklaryny ýylmap bejermeklik.


MANIKÝURŞA, Manikýur edýän spetsialist aýal, manikýurçy aýal.


MANIPULIRLEMEK, Manipulýatsiýa geçirmek.


MANIPULÝATSIÝA, 1. El işindäki çylşyrymly usul, çylşyrymly hereket.

2. El oýnatma pyrryldagy.


MANIFE'ST, 1. Örän ähmiýetli wakalar bolanda, ýokary häkimiýetiň ilata hat üsti bilen ýüz tutmaklygy. 2. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň öz garaýyşlaryny, programmalaryny beýan edip, hat üsti bilen ýüzlenmesi. Kommunistik partiýanyň manifesti.


MANIFESTA'NT, Manifestatsiýa gatnaşyjy.


MANIFESTATSIÝA, Raýdaşlyk ýa-da protest bildirýän köpçülikleýin köçe ýörşi.


MANOMETR, Ýapyk aralykda gazyň we suwuklygyň basyşyny ölçeýän gural, abzal. Ýokardaky manometr bolsa nuly görkezýär (B. Pürliew, Ilkinži gün).


MANOMETRIK, Manometre degişli bolan. Manometrik ölçeg.


MANSILER, RSFSR-in Hanti-Mansi milli okrugynda ýaşaýan hem-de ugorfin dilleri toparyna girýän halk.


MANTO', Galapyn sütükli deriden tikilýän giň aýal palьtosy.


MANTY, Bugda bişirilýän, börekden ulurak taýýarlanýan naharyň bir görnüşi.


MANUSKRI'PT, Gadymy elýazma.


MANUFAKTURA, 1. tar, ykd. Kapitalistik önümçiligiň iri maşyn senagatyndan öň bolup geçen formasy 2. Mata.


MANY [ma:ny:], 1. Bir zadyň akyl ýetirip bolýan içki mazmuny, paýhaslanmak arkaly bir zatdan çykýan netije. Onuň ösgün gara gaşlary okaýan hatynyň manysyna göre bir ýazylyp, bir çytylýardy (G. Kulyew, Köpetdagyn aňyrsynda). Biziň her bir babalar sözümizde neneňsi many, neneňsi düşünje bar (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Aman poşy onuň sözünden hiç bir many aňman — Hawa, hawa' — diýip, onuň sözüni tassyklady (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Basymyň ýeriniň üýtgemegi bilen sözleriň manysy hem üýtgäp biler.

2. Ähmiýet, peýda, haýyr. Goşuny biderek gyrdyrmanyň näme manysy bar? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> Mana duşmek — aýdylan-goýlan zada akyl ýýeirmek, düşünmek. Emma özi welin bu zadyň düýbünden manysyna düşenok («Kolhoz günleri»).

M a n y  saçmak — manyly gürlemek, manyly söz sözlemek.

M a n y  çykarmak — belli bir pikire gelmek, netije çykarmak. Baharyň bu hödür-kereminden. özüçe many çykaryp, Wüşi kel özüne göwnüýetijilik bilen oturgyçda oturdy (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


MANYLY [ma:ny:ly], 1. Manysy bar bolan, mazmuny bar bolan, netijeli.

Keminäniň çuň manyly, çeper formaly lirikasy türkmen gelin-gyzlarynyň salykatly keşbini beýan edýär («Edebiýat»). 2. Öwüt-nesihatly, çuň täsir ediji, göreldeli. Siziň manyly sözleriňiz maňa kän täsir etdi. Mawynyň agzyna gelişmeýän manyly sözlere Artyk haýran galdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MANYSYZ [ma:ny:syz], 1. Manysy ýok bolan, mazmnsyz, netijesiz.

Gurt özüniň gürrüňini manysyz aýtmaýardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Ähmiýetsiz, peýdasiz, haýyrsyz, netijesiz, biderek. Indi garşylyk görkezmek manysyz    diýjek ýaly etdi we bu barada oklarynyň azlygyny bahana etdi (A. Gowşuadow. Mähri—Wepa).


MANYSYZLYK  [ma:ny:syzlyk], 1. Manysy ýokluk, mazmuny bolmazlyk, netijesizlik. Eseriň manysyzlygy.  Goşgynyň manysyzlygy.

2. Ähmietsizlik, peýdasyzlyk, haýyrsyzlyk.