SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MAW

MAG

MAD

MAÝO

MAZ

MAÝ

MAK

MAL

MAM

MAN

MAŇ

MAP

MAR

MAS

MAT

MAU

MAH

MAÇ

MAŞ

MAÝA


MAZA [maza: ], Bir zatdan alynýan lezzet, hezillik, rähnet, şypa, eşret. Köne geçen uruşlardan batyrçylyklardan gürrüňler başlanan mahalynda bolsa, şu iki dost çaga gulaklaryny gerip, maza alyp, gürrüň diňlärdiler (A Gowşudow, Eserler).Teatriň bu günki oýny maňa maza bermedi (B Pürliew, Ilkinji gün).

Oýun bir, maza iki (nakyl).

<>Mazasy gaçmak — susty basylmak, keýpi gaçmak, ugry gaçmak. Ýylgyran bolsa-da ýagdy hem ýazhan, Bu jogaba olaň mazasy gaçdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


Mazasy ýokluk (b o l m a z l y k) — ugry ýokluk, keýpi bolmazlyk. Kelläm güwläp dur, mazam ýok («Mydam taýýar» gazeti).


MAZALY [maza: ly], 1. Maza berýän, lezzetli, şypaly, hezil. 2. Erbet däl, gowy, oňat Annaguly içinden — Öz-ä mazaly maşgala ekeni! — diýip, gaýta-gaýta syn etdi (A Durdyew, Saýlanan eserler). 3. Ynjalykly, rahat, dynç, oňat, gowy. Çagalar, mazaly oturyň! 4. Örän, has, ýetýerlikli, kemsiz. Soltansöýni mazaly horlandan soň, ahyrynda Soltansöýne özüni zorlap aldyrmaga mejbur edipdir (Myraly). Ol işinde özüni mazaly görkezipdi. Mähri gaharly, ýuwaşja, emma mazaly eşidiler ýaly edip hümürdedi (A Gowşudow, Mähri—Wepa).


MAZAMLAMAK [ma: zamlamak], Bir zadyňy birine görkezip öwünmek, bir zady birine güjeňlemek. Ýagşy gül ýagşy gül! — diýip güllerini mazamlaýar (N Pomma,Taýlak hyzzyn). Indi gyzlar salgyt-galyňa gelmez, Her näçe mazamla, puluňa gelmez («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAZAR [maza: r], Ölen adamyň meýidi gömlen ýer, gabyr. Görkez maňa şol dostumyň mazaryn («Sowet edebiýaty» žurnaly).  Dünýäde ýeke — ýalňyz perzendim Kelje  hany onuň meýidi  hany onuň mazary?!—diýip zynharlaýan ýaly boldy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa)    Ol mazaryň üstünde oturdy-da özüni synlamaga başla-di («Mydam taýýar» gazeti).


MAZARLYK [maza: rlyk], Ölen adamlaryň meýidi jaýlanýan ýer, gonamçylyk, gabrystanlyk. Demirgazyk ýanlaryndaky mazarlykda Aşyr kakasyny öz eli bilen jaýlady. Gölegçiler Halnazary mazarlyga alyp baranlarynda, onuň gabry gazylyp gutaryldy (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Birdenkä mazarlykdan, galanyň ýykylyşyp ýatan keseklerinden jynssyz sesler çykyşyp başlady (N. Saryhanow. Saýlanan eserler).


MAZARÇYLYK   [Maza: rçylyk],  ser .   M a z a r l y k.

Obanyň gündogar tarapynda bir mazarçylyk  bardy.


MAZARYSTAN [maza:rysta:n], ser. Mazarlyk.

Kenarda mazarystan görünýärdi (N. W. Gogolь, Eserler).


MAZARYSTANLYK [maza:rysta:nlyk], ser. M a z a r l y k. Öten aýyň içinde bir mazarystanlykdan geçdiň-mi?! («Görogly» eposy). Atlylaryň bir topary Artygy tapmanlary üçin, jaýlanýan şoldur hasap edip, mazarystanlyga bakan at goýdular (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MAZASYZ [maza:syz], 1. Mazasy bolmadyk, süýji däl, lezzetsiz, tagamsyz.

2. Gowy däl, ugursyz, erbet, keýipsiz.


MAZLUM [mazlu:m], kön.s. Zulum çekýän, ezilen. Million mazlumlarň guwanjy sensiň, Umydy, arzuwy, begenji sensiň (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Oýandyrdym şygrymda gözel duýgy-düşünje, Hem mazluma şepagat talap eýledim ençe (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Saňa ýüzlendi bütin mazlumlarň alkyşlary (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler).


MAZMUN [mazmu:n], Hakykat hadysalarynyň köp dürlüligini görkezýän, bir zadyň esasyny düzýän pikir, many. Radioda aýdyljak sözleriň mazmunyny ýazyp getirdiler (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Sowet döwletiniň işiniň bütin mazmuny jemgyýetçilik baýlygyny günsaýyn artdyrmaga, zähmetkeşleriň durmuşynň maddy we medeni derejesşi barha ýokarlandyrmaga, biziň mehriban Watanymyzyň goranmak kuwwatyny öňküden-de pugtalandyrmaga ýugrulandyr («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol hatyň batyrgaý, çeper mazmuny Esgýerlik günlermi ýadyma saldy ( N. Pomma , Saýlanan eserler).


MAZMUNLY [mazmu:nly], Oňat mazmuny bar bolan, manyly. Bir gezek ol özüniň kanunlaryna garşylykly mazmunly bolan ähli kitaplary ýakmagy buýrupdyr (Gadymy dünýä taryhy). Sowet häkimiýetiniň ýyllary içinde türkmen halkynyň milli formaly, sotsialistik mazmunly medeniýeti kemala geldi, kämilleşdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAZOK, med. Mikroskopik barlag üçin aýnanyň ýüzüne alnyp çyrşalan gan, iriň we ş. m. suwuklyk.


MAZURKA, Polýak milli tansy we onuň sazy.


MAZUT, geol. Nebitden benzin, kerosin, gazolin alnandan soňky galan ýagjymak gara reňkli galyndy. Mazut bilen gatan gara mawut jalbarynyň ýama sany ýokdy. Onuň egninde mazut bilen bişşien garamtyl kostýum, başynda ýapbaşyk gara papak (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MAZY [ma:zy], dial. 1. ser. Dessemmaýa. 2. Çagany gowy görüp, söýüp aýdylýan söz. Mazym, goý aglama! — diýip, kasam etdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Ýeri, mazyjygym, sen bu ýerde näme işleýärsiň?! (B. Pürliew, Ilkinji gün).