SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MAW

MAG

MAD

MAÝO

MAZ

MAÝ

MAK

MAL

MAM

MAN

MAŇ

MAP

MAR

MAS

MAT

MAU

MAH

MAÇ

MAŞ

MAÝA


MAKA'KA, zool. Martyşkalar maşgalasyndan bolan. Aziýada ýaşaýan kiçiräk maýmyn.

MAKALA [maka:la], Ýygyndyda, žurnalda we gazet-de çap edilýän uly bolmadyk ylmy ýa-da syýasy jemgyýetçilik habar, düzme. Makalada görkezilen faktlaryň hemmesi dogry tapyldy («Tokmak» žurnaly). Ol gazetde Dürnabadyň ýygymçylygy hakynda ullakan makala ýerleşdirilipdir (B. Gurbanow, Duşuşyk). Jamal makalany öwran-öwran okap çykdy («Kolhoz günleri»).

MAKARO'N, Turbajyk şekilinde hamyrdan guradylan unaşa meňzeş azyk önümi. Makaron önümlerini öndürjek çörek kombinatynyň gurluşygy tamamlanar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

MAKEDONIÝALYLAR, Ýugoslaw Makedoniýasynyň esasy ilaty hasaplanýan we Bolgariýa Halk Respublikasynyň käbir raýonlarynda hem-de grek Makedoniýasyn-da ýaşaýan Günorta slawýan halky.

MAKET, 1. Bir zadyň taýýar edilen nusgasy, modelь. Agaçdan kolhoz howlusynyň maketini ýasadylar. Ine «ZIL — 150» kysymly maşynyň maketi («Mydam taýýar» gazeti). Täze obanyň üç-dört ýyldan nähili boljakdygynyň maketini çyzyp goýdular (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy). Pawilьona gelen türkmen pagtaçylarynyň bir topary maketiň golaýyna barýarlar («Sowet Türkmenistany» gazeti). 2. Kitabyň, žurnalyň, gazetin we ş. m. desläpky nusgasy.

MAKINTOŞ, Ýuka, ýeňil palьto. Men täze makintoş aldym.

MAKSAT, Bir işi amala aşyrmaklyga bolan meýil, niýet, matlap, maksat-myrat, arzuw. Sowet Döwlet býujeti hem gös-göni şu maksatlara gönükdirilen parahatçylyk hem döredijilik býujetidir («Sowet edebiýaty» žurnaly). Amyderýany Murgaba tapyşdyrmak maksady bilen joşýarlar («Mydam taýýar» gazeti). Adam özüniň işine konkret maksatlar goýýar (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika).

MAKSATDAŞ, Maksatlary bir meňzeş bolan, bir maksatdaky, arzuw-islegleri bir. Bolşiewikler hem siziň ýaly garyplardyr, siziň bilen maksatdaşdyr.

Biziň hemmämiz bir maksatdaş ýoldaşdyrys («Sowet edebiýaty» žurnaly).

MAKSATLY, Bir işi ýýerine ýýeirmekligi maksat edinýän, belli bir meýil, niýet bilen amala aşyrylýan, bir maksady göz öňünde tutýan. Maksatly edilýen hereket. Maksatly syýahat.

MAKSAT-MYRAT [maksat-myra:t], ser. M a k s a t. Maksat-myratlarymyzyň berjaý boljak pursaty gelendir. Beýik baýram güni toýuň tutarsyň, Şeýdip maksat-myradňa ýetersiň («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýeter maksat-myradyna, Tutanъýýerli bolsa her kim (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

MAKSATSYZ, Bir işi amala aşyrmaklygy maksat edinmeýän, belli bir niýet bilen amala aşyrylmaýan, belli bir maksady bolmadyk. Maksatsyz ýazýan awtorlary Puşkin ýigrenýärdi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Maksatsyz iş. Maksatsyz gezelenç.

MAKSIMAL, Iň ýokary, iň köp. Sotsialistik önümçiligiň esasy maksady hem-de baş wezipesi bütin jemgyýetiň hemşie ösýän maddy we medeni isleglerini maksimal kanagatlandyrmakdyr (N. S. Hrujew, SSSR-iň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek çäreleri hakynda).

MA'KSIMUM, Iň köp mukdar, iň ýokary dereje, maksimal. Taýýarlaýyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak barada etmek mümkin bolan zatlaryň maksimumyny edendigimizi aýtmak gerek (N. S. Hrujiow, SSSR-iň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek çäreleri hakynda).

MAKUL [ma-ku:l], Maksada laýyk, islege dogry gelýän, ýýerlikli, dogry. Ine, munň makul! (Myraly). Arbap, siziň aýdýanyňyz makul gep! (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


MAKULLAMAK [ma:ku:llamak], Maksada laýyk hasaplamak, dogry diýip tapmak, makul bilmek, ýýerlikli hasap etmek, oňlamak. Onuň ähli aýdanlaryny makullap, zordan gürrüňiniň arasyny kesdim («Tokmak» žurnaly). Olar bu proekti sowet halkynyň doly makullaýandygy hakynda aýtdylar («Mydam taýýar» gazeti) Seniň häzirki maslahatňy makullaýaryn (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MAKULLANMAK [ma:ku:llanmak], Maksada laýyk hasaplanmak dogry diýip tapylmak, makul görülmek, oňlanmak. Maslahat edildi hem makullandy, Köpçülik tarapdan bu iş gollandy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol ähli kommunistler tarapyndan makullanan shemany görkezdi (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy).


MAKULLATMAK [ma:ku:llatmak], Maksada laýyk hasaplatmak, dogry tapdyrmak, makul gördürmek. Täze pikiri makullatmak Proekti makullatmak. Programmany makullatmak.