SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MAW

MAG

MAD

MAÝO

MAZ

MAÝ

MAK

MAL

MAM

MAN

MAŇ

MAP

MAR

MAS

MAT

MAU

MAH

MAÇ

MAŞ

MAÝA


MAT [ma:t]: 1) mat etmek — öldürmek. Kim oýnady, ony mat etdi. Zalym aýralyk, aýralyk («Görogly» eposy); 2) mat bolmak — basylmak, ýeňilmek, ölmek. Çandybiliň ili şat boldy, duşmanlary mat boldy («Görogly» eposy).


MATA [mata:], dokm. Geýim üçin dokalýan önüm. Ýyldam atlar pul, mata, mal — baýraklar alýarlar (A. Gowşudow, Mähri — Wepa). Pagta zawodlary, mata Fabrigi we şuňa meňzeş senagatlar tüssesini burugsadyp dynman ýöräp durýarlar (A. Durdyew, Saýlanan esererler). Meniň akylly gyzym, iner oglum, ynha men size palьtolyk mata getirdim («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MATAL, edeb. Türkmen halk döredijiliginde: durmuş ,hojalyk hem öý goşlary we ş. m. degişli, manysyny oýlap tapmaly sorag, tapmaça (meselem, Agyl doly akja guzym ).

Ol gyzlara gyzykly erteki, matallar ýa-da özüning başyndan geçirenlerini aýdyp berýär-di (A.Durdyew, Saýlanan eserler). Adamlar özleriniň düşünjelýerine görä matal döredipdirler («Edebiýat»).

<>Matal otarmak — 1) matal aýtmak. Häzir boş wagtyny erteki aýdyp, matal otaryp geçirýän çopançuluklar az («Sowet edebiýaty» žurnaly).

; 2) gerekmez zatlary aýdyp oturmak, biderek gürlemek. Akmaýa, seniň işti söz urşuň matal otaran ýaly bir hili gümürtik (B.Kerbabaew. Nebitdag).


MATAM,[ma-tam], kön. s .Ölüm-ýitim bilen baglanyşykly gynançly ýagdaý, ýas. Gandym awçynyň söýgüli agtygy Myradyň frontda dereksiz ýitendigi baradaky habar onuň maşgalasynyň ähli çlenlerini çuňňur matama batyrýar (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Onuň güýçli, ruhly ejesi çuň matamy öz ýüreginde gizledi («Mydam taýýar» gazeti).


MATA-MARLAK [mata:-marlak], Mata we ş. m. zatlar. Täze magazinçimizi gutlaýyn hem mata-marlak alaýyn («Tokmak» žurnaly). Mata-marlak almak üçin bazara gitmek.


MATAMLY [ma:tamly], kön. s. Ýas tutýan, uly gynançly, ýasly. Matamly, gün. Matamly ýagdaý.


MATEMA'TIK, Matematikadan spetsialist. Alymmy, matematikmi, şol islegine ýetmäge men oňa kömek bererin («Ýaş kommunist» gazeti). Şahyrlar we alymlar (geografiýaçylar, matematikler) baý edebiýat döredipdirler (SSSR taryhy).


MATEMA'TIKA, Ululyklary, sanlaryň gatnaşygyny hem-de giňişlik formalaryny öwredýän ylymlaryň jemi. Müsürliler matematyka barada käbir üstünlikler gazanypdyrlar (Gadymy dünýä taryhy). Ol maňa ýokary matematikany bütinleý diýen ýalş öwretdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MATEMATIKI, Matematika esaslanýan, matematika degişli. Hereketiň kanunyny matematiki formula bilen aňlatmak bolar («Fizika kursy»).


MATERIA'L, 1. Bir zady ýasamak, gurmak, tikmek we ş. m. üçin ulanylýan çig mal, zat. Giň meýdanda gurluşyk materiallary düşürilýärdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Bir zadyň çeşmesi, esasy. Olara sessiýalaryň materiallaryny giňden düşündirýär («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Ol ähli zady: sapagyň gidýändigini-de, täze materialyň düşündirilýändigini-de ýatdan çykardy («Pioner» žurnaly).


MATERIALIZM filos. Idealizmiň tersine, materiýanyň ilkinji bolup, aňyň ikinjidigini, obъektiw dünýäniň aňdan, pikirden daşary bolup, olara bagly däldigini, dünýä we onuň kanunlaryna akyl ýetirip bolýandygyny subut edýän esasy ylmy filosofik ugur.

Sotsýologiýadaky şu materializm ideýasynyň bir özi-de genial ideýady (W. I. Lenin, Eserler).


MATERIALI'ST, Materializmiň tarapdary.


MATERIALISTIK. Materializmiň printsiplerini aňladýan, materializme esaslanýan, materializme degişli bolan. Puşkiniň poeziýasynyň özakymly — materialistik esasy onuň ýaşlygynda ýazan şygyrlarynda belli bolupdy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Gowaçanyň täze sortlaryny döretmegiň teoretiki esasy Miçuriniň materialistik taglymatydyr (W. Kulebýaew, Inçe süýümli sowet gowaçasynyň TSSR-däki täze sortlary).


MATERI'K, geogr. Deňiz we okeanlar bilen gurşalan uly gury ýer giňişligi. Deňiz materigiň içine çuň aralaşyp, Gretsiýany üç tarapdan gurşaýar (Gadьşy dünýä taryhy).


MATE'RIÝA, filos. Adam aňyndan daşary we oňa garaşly bolmaýan obъektiw reallyk. Materiýa ilkinji-dir, pikirlenme, aň bolsa ikinjidir (S N. Winogradow, A F Kuzьmin, Logika). Materiýa biziň duýgy organlarymyza täsir edip, duýuş emele getirýän zat-dyr («Fizika kursy»).


MATLAP, kön s. ser M a k s a t.

Aýt, balam, maňa ne matlabyň bar? Meniň matlabyma düşünmediňiz («Sowet edebiýaty» žurnaly) Ýüregiň matlabna hiç ýetmän dynmaz, Zor eder, çekinmez, hiç rehim inmez (B. Kerbabaew, Poemalar).


MATRIARHA'T, etn. Aýallaryň hojalyk başynda ýolmaklary esasynda dörän ilki urugçylyk jemgyýetiniň formasy.


MATROS, deňizç. Deňiz flotunyň esgeri. Hak iş üçin nähili göreşmek geregi barada Petrograddaky işçiler, soldatlar hem matroslar bize beýik görelde görkezdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Matros edil tsirk oýunçysy ýaly, baýdajyklary örän çalt hereketlendirýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MATROSKA, Uly serpme ýakaly matros köýnegi. Ejem maňa matroska tikdi.