SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MAW

MAG

MAD

MAÝO

MAZ

MAÝ

MAK

MAL

MAM

MAN

MAŇ

MAP

MAR

MAS

MAT

MAU

MAH

MAÇ

MAŞ

MAÝA


MAÝA [ma:ýa] I, zool. Bugra bilen arwanadan dogan inen düýe. Maýanň örküji ýaly üstümize abanyp duran haçjaly Erek dagymyzy gör! (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


MAÝA [ma:ýa] II, 1. Derek tutar ýaly, ýene üstüne goşar ýaly başda goýulýan pul, mal,   emläk. Bölünmeýän maýamyzda on milliondan gowrak pulumyz bar (B. Pürliew, ilkinji gün).

Respublikada senagata we transporta maýa goýmak  ýyl-ýyldan artýar  («Türkmenistan kommunisti»žurnaly).

2. Hojalygy gurplandyrmakda, galdyrmakda möhüm ähmiýeti bolan zadyň çeşmesi, esasy. Pagta gurply durmuşyň maýasy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


MAÝA [ma:ýa] III, Towuklar guzlar ýaly keteginde goýulýan ýumurtga. Towugyň aşagyna maýa atmak.


MAÝADAR [ma:ýada:r], 1. kön. s. Uly baýlygy, köp puly bolan baý, uly maýanyň eýesi, kapitalist. Köküni käwledik maýadarlaryň, Toýy ýasa döndi mugthorlaryň (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Iň ýaramaz adamynyň iňlis maýadaryna meňzedilýäni ata-babadan bäri onuň gulagynda galypdy. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Gurply hojalyk, öňde baryjy kärhana. Nebit bolsa ýüzüp deňizden geçip, Maýadara täze maýa getirdi (A. Atajanow, Arzyly myhman).


MAÝA'K, 1. Gämilere ýol salgy bermek üçin deňziň adalaryň kenaryna oturdylan çyraly diň. Ýol görkezýän maýaklar gözъýetimde yraň atyşyp dur («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. göç. m. Ugur, ýol görkeziji, görel-de bolujy, öňde baryjy. Jahanda maýakdyr sowet ilimiz (N. Pomma, Saýlanan eserler).


MAÝALY [ma:ýaly], 1. Maýa goşulan, maýa gatylan.2. Mally-emläkli, pully, barly (adam).


MAÝALYK [ma:ýalyk], Maýa eder ýaly, maýa etmek mümkin bolan. Maýalyk ýumurtga. Maýalyk pul. Maýalyk eke-je ýumurtgam hem ýok.


MAÝASYZ [ma:ýasyz], I. Maýa goşulmadyk, maýa gatylmadyk. 2. Barly bolmadyk, pulsuz, malsyz, emläksiz.


MAÝATNIK, fiz. Sagadyň ýörişini sazlaýan tiger. Otagyň içi sagadyň maýatniginiň şyrkyldysyndan dos--doludy (M. Goryşý, Eserler).


MAÝAÇ, ser. M a ý II, 2. Urmak üçin maýaç bolan ýagyrnysynyň gözüne taýak indi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Duşmanlar maýaja gelen badyna, öýden olara baka ok ýagyp başlady (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).