SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MAW

MAG

MAD

MAÝO

MAZ

MAÝ

MAK

MAL

MAM

MAN

MAŇ

MAP

MAR

MAS

MAT

MAU

MAH

MAÇ

MAŞ

MAÝA


MAMA [ma:ma] I, 1. Ejeňiň ejesi. Gyzlaryň mamasy, Akgözel ejäniň ejesi Artykgül eje-de öz gyzynyň aýdanyny makullady (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Ejesi keselläninde, mamasy bu dermanhana derman almak üçiň gelerdi («Pioner» žurnaly). Mamam bilen çykyp tamyň üstüne, Gurt serdik, ak kagyz düşäp astyna («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Garry aýallara ýüz tutulyp aýdylýan söz.


MAMA [ma:ma] II, med. Bedeniňe irinli düwürtik örmek bilen ýüze çykýan agyry, ýokançly kesel. Italmaz aga, seniň munyň gyzamyk-da däl, mama hem däl (N. Poçma, Taýlak hyzzyn). Häzirki wagtda garahassalyk, mergi, mama keselleriniň soňuna çykyldy («Mydam Taýar» gazeti). Güne ýanak ýüzünde mamanyň yzy mese-mälim bolup duran bu adam köpi gören, özüni her ýerde tertipli saklap bilýän adama meňzeýärdi (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy).

<>Mama dişän — ýüzde, bedende mama keselniň yzy galan, gotur (adam hakyn-da). Bu iki keýwanynyň biriniň tegelek mama dişän agras ýüzi bardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Onuň mama dişän ýüzüne ynjy alamaty gelip gondy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MAMAMKÖKE   [ma:mamkö:ke].  ser. Mamamçörek.


MAMAMÇÖREK [ma:mamçörek], bot. Tegelejik başly, kiçijik ak gülli, ýere ýazylyp ösýän ot, ösümlik.


MAMLA [ma:mla], Dogry, dürs, hak. Gurban bu gün adatdan daşary şatdy, çünki köpçülik onuň mamladygyna göz ýetirdi we ony goldady («Sowet edebiýaty» žurnaly). Adamlar, meniň şu aýdanym mamla gelýärmi? (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

Dost — dost, mamla— rast (nakyl).


MA'MONT, zool. Daş keşbi boýunça pile çalym edýän, buzluk döwründe ýaşan, ösgün ýüňli we ullakan egri gyýakly haýwan. Mamont daşky görnüş bilen pile meňzäp, ýöne ondan has uly we güýçlüräk bolupdyr. Suwly ýerleriň kenarlaryna iri haýwanlar: mamontlar, nosoroglar gelip aralaşypdyrlar (SSSR taryhy).


MAMPASA, Şekere ir-iýmiş şiresi garylyp taýýarlanýan konfetiň bir sorty.