SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MAW

MAG

MAD

MAÝO

MAZ

MAÝ

MAK

MAL

MAM

MAN

MAŇ

MAP

MAR

MAS

MAT

MAU

MAH

MAÇ

MAŞ

MAÝA


MAŞGALA,   1. Bir hojalyga  degişli  çagalar we ; ene-atalar. Balykçylaryň maşgalalarynyň köpüsi mugallym, mehanizator  we felьdşer bolup ýetişipdir («Sowet edebiýaty» žurnaly). Maşgalamda alty adam bar.

Maşgala   tüketmez,   başgala tükeder (nakyl).

2. Gyz-oglan, çaga, perzent, zürýat. Maşgalamy öz elim bilen durmuşa çykararyn. Ilde gowy maşgala-da kän, haýsy gapydan barsam hem meniň sawçylarymyň boş gaýtmajagyna-da  ynanýan  (A. Gowşudow, Köpetdagyk eteginde). Aýna beýle geleňsiz maşgala däl ahyry ( (B    Kerbabaew,   Aýgytly  ädim). Gaty gowy  maşgala, arman saçy inçejik ekeni (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

3. Hojalyk, öý. Obada iki sany garyp dost maşgala ýaşaýardy  (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

4. Umumy, bähbit üçin birleşen  adamlar  topary.  Halk we goşun bir  bitewi  maşgala ýalydyr.

5. býol. Bir näçe ýakyn jyslaryň, tohumlaryň topary. Itler maşgalasy.

<>   Maşgala    gurmak —  durmuşa öýli-işikli bolmak, öýlenmek. Emma  olarda ýaşaýşa bolan ymtylyş, azat söýgä bolan isleg - arzuw öçmändir,  bagtly  maşgala gurmak arzuwy artypdyr («Edebiýat»). Meniň maşgala gurmak baradaky pikirim çyn, sap pikir (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy).


MAŞGALALY, 1. Ogully-gyzly, oglan-uşakly, çaga-çugaly. Ol asylly maşgalaly bir näçe ýerler tapypdy (A. Gowşudrw, Köpetdagyň eteginde). 2. Aýaly bar bolan, öýlenen. Erte maşgalaly bolaňda senem täze dil açarsyň, diňlärin menem («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAŞGALASYZ,  1.Ogulsyz-gyzsyz,  çagasyz, zürýadsyz. Dünýäde ogulsyz-gyzsyz, maşgalasyz ýaşadyň näme ,ýaşamadyň näme?! 2. Aýaly ýok, aýalsyz, öýlenmedik. Köp ýyllap maşgalasyz, sallah ýaşamak.


MAŞINI'ST, Maşynlary işledýän mehanik, poezdi surýän adam. Käprä golaý gelende, maşinist onuň abat däldigini saýgarsa-da, maý az bolandygy üçin, ony saklap bilmedi. Men, asyl muny zawod hojaýynyniň maşinistimikä öýdüpdim (B. Kerbabaew, Aýgytly adim). Her bir nebit çekýän çelegiň, her bir parowozuň, her bir maşinistiň ullakan orny bar (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


MAŞINI'STKA, Maşinkada hat ýazýan aýal. Ol maşinistka bolup işledi.


MAŞINISTLIK, Maşinistiň käri. Ol maşinistlik hünärini bu ýerde, kanalda öwrendi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAŞINKA, Bir işi ýerine ýeirmek üçin hyzmat edýän çylşyrymly gural. Maşinka bilen onuň saçyny şatyrdadyp syrmaga durdy («Tokmak» žurnaly). General onuň öňüne iki dilde maşinkada peçatь edilen şertnamany goýdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MAŞK, Ýerine ýetirilýän bedenterbiýe oýunlary. Çagalar, gimnastikanyň irki maşklaryny ýerine ýetiriň! Turnikde maşk ýerine ýetirýän bedenterbiýeçileriň suratyny çekipdir («Pioner» žurnaly). Parahatçylyk wagtda olar gimnastika, harby maşklar bilen meşgullanypdyrlar (Gadymy dunýä taryhy). Bedenterbiýe maşklaryny edip ýuwundym («Kolhoz günleri»).


MAŞYN [maşy:n], teh.1. Bir işi amala aşyrýan çylşyrymly mehanizm. Ýuwaşlyk bilen ädimläp, maşynyň ters tarapyndan bardy (A. Gowşudow, Mähri — Wepa). Tikin maşyny.

2. Awtomobilь Şähere tarap barýan ýük maşynlarynyň sesi ertiriň dym-dyrslygyny bozup, bütin obanyň içini ýaňlandyryp gidýärdi (B. Gurbanow, Duşuşyk).

<> Ýeňil  maşyn — çalt ýöreýän münülýän maşynlar («Çaýka», «Pobeda», «Wolga», «Zaporožeň-» we ş m.). Ol jaýyň işiginde bir ýeňil maşynň duranyny gördi (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


MAŞYNLAMAK [maşy:nlamak], Mala emeli usul bilen tohum bermek. Goýunlary maşynlamakda hem bakmakda sen iň birinji çopan — diýip aýtmazdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


MAŞYNLAŞDYRMAK [maşy:nlaşdyrmak], Maşyn bilen üpjün etmek. El zähmetini talap edýän pagta ýygymyny maşynlaşdyrmak diýmegiň özi oýun-oýunjak zat däl ahyry («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAŞYNLAŞMAK [maşy:nlaşmak], Maşyn bilen üpjün edilmek, üpjün bolmak. Kolhozlar maşynlaşan-dyr. (N. Jumaew , Ak derek).


MAŞARMAK,  Agram duşüp epbeşmek, ýemşermek, maşarylmak. Labyr basan köpri ýaly aşak  maşardy  («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAŞARTMAK,  Agram salyp epbeşdirmek, ýemşertmek. 25 tonnalyk bu maşyn duran ýeriniň  asfalьtyny maşardypdyr  («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAŞARYLMAK, ser. Maşarmak.