SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MAW

MAG

MAD

MAÝO

MAZ

MAÝ

MAK

MAL

MAM

MAN

MAŇ

MAP

MAR

MAS

MAT

MAU

MAH

MAÇ

MAŞ

MAÝA


MAÝ I, Kalendarь ýylynyň bäşinji aýynyň ady. A. S. Puşkin 1799-nji ýylda maýyň 26-synda (köne sene boýunça iýunň 6-synda) Moskwada eneden boldy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). <> Maý baýram y — halkara proletar raýdaşlygynyň baýramy. Aýnur eje, Maý baýramyny nähili geçirýärsiňiz?! («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAÝ II, 1. Belli mukdarda wagt aralygy, salym, pursat. Köprä golaý gelende, maşinist onuň abat däldigini saýgarsa-da, maý az bolany üçin, ony saklap bilmledi. Da-at! Işimiz gaýtdy! Wah, arman, indi gaçara-da maý ýok! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Çeme, tagaşyk, tär, ýagdaý, maýaç. Ol iki ýana urnup, özüniň gollaryny giň germäge maý gözleýärdi (G. Kulyew, Köpetdagyň eteginde).

<>Maý bermezlik — mümkinçilik bermezlik, ýagdaý döretmezlik. Çernyşowyň

dogry sözleri oňa sypmaga maý bermedi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bahar oňa öwünmäge maý bermedi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

M a ý  tapmak— çemesini, amatly ýagdaýyny tapmak. Orator ýene bş agyz sözlemäge maý tapdy, Gotur söwdager ep-esli salymdan bäri gowaklaýarka, ahyrynda maý tapyp, çaý başynda olara arz etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Maýyny almak — badyny almak, sustuny basmak. Gürrüňçilik gözläp geldiňmi? — diýip maýyny aldy («Kolhoz günleri»).


MAÝDA, 1. Kiçi, ownuk, uşak. Ak deňziň suwunda örän maýda mikroskopik organizmler köp bolýar («Mydam taýýar» gazeti).

2. Ýuwaş, assa. Artyk atyny maýda gezýerine sürüp, yzyna garanjaklaýardy (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim).

3. Nepis, owadan. Maýda çitşimek üçin edişip ýaryş, Diýişýärler:—A gyz, nagşy şeýle çek! (N. Pomma, Saýlanan eserler).


MAÝDAL, 1. Adama, haýwana has bolan ýöreýiş depgini, normal çaltlykda ýöriş.

Erkegi gaty gyssamagyn, yssy, ýol bolsa uzak, öz maýdalyna sürübgrgin! («Sowet edebiýaty» žurnaly). Öz maýdalyňa ýöremek. Ulagy öz maýdalyna sürmek.

2. Hereketiň, wakanyň gidiş, baryş derejesi, ýagdaýy. Öňki maýdal bilen gidip, sürümi, döküni güýçlendirip, ýokary hasyl almak hakynda pikir edýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAÝDALAWÇY, mat. Tutuş bir zadyň näçä deň bölnendigini görkezýän san.


MAÝDALAMAK, 1. Maýda-maýda etmek, böleklere bölmek, ownatmak, uşatmak.

Bir gün çagyl owradýan maşynyň daşy- öňküsi ýaly maýdalap bilmeýändigi ýüz çykdy («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Oduny maýdalamak. Bajaklary owradyp maýdalpmak.

2. Iri puly hyrdalamak, böleklemek, uşatmak. Ýüzlügi maýdalamak.


MAÝDALANMAK, 1. Böleklere bölünmek, maýda-maýada edilmek (bolmak), ownadylmak, uşadylmak. Ýymdaşlykda esasan jyglym we çäge görnüşindäki başga zatlaryň kömegi arkaly maýdalanýar (N. A. Iwanow, Guşçulyk maldarçylygyň iň möhüm pudaklaryndan biridir). 2. Hyrdalanmak, böleklenmek.


MAÝDALATMAK, 1. Böleklere böldurmek, maýda-maýda etdirmek, owratdyrmak, uşatdyrmak. 2. Hyrdalatmak, bölekletmek. Iri puly maýdalatmak.


MAÝDALAŞMAK,   Maýdalamaga  kömekleşmek, böleklere bölüşmek, maýda-maýda edişmek, ownadyşmak, uşadyşmak.


MAÝDA-ÇÜÝDE, Ownuk-uşak, ojuk-bujuk. Maýda-çüýde zadyň gürrüňini edip oturmak gerek. däl.


MA'ÝKA, Ýeňsiz, ýakasyz trikotaž köýnek, örme köýnek. Eginleri maýka köýnekli hatara durdular («Tokmak» žurnaly). Maýkanyň etegini jalbarynyň içine salyp gezmägi çykardy. Ozaly bilen egnine maýka, aýagyna jalbar geýdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


MAÝLAMAK, Maýyl bolmak, ýylap  başlamak, ýylamak (howa hakynda).

Howa maýlap, mal-garalar otdan garynlaryny mazaly ýazan-da bolsalar, dag başynyň gary heniz eremändi.(«Sowet edebiýaty» žurnaly). Biziň garaşyp duranymyzdan üç gün geçenden soň, ýagyş diňip, howa maýlap başlady  («Sowet Türkmenistany» gazeti).


MAÝLANMAK, Maý almak, çemelenmek.


MAÝLAŞMAK, Birneme  yaýlap başlamak, ýyly gün bolup başlamak, az-kem maýlamak. Howa indi  bir neme maýlaşýar.


MAÝMYK, Agsap ýöreýän, aýagy çaýşyk, egri. Maýmyk owlak. Maýmyk guzy.


MAÝMYKLAMAK,  Iki  gapdala  çaýkanybrak ýöremek, çaýşygrak basyp ýöremek, maýlyldamak.

MAÝMYKLAŞMAK, Bir näçe bolup maýmyklap ýöremek, bilelikde maýmyklap gezmek. Telim ördek çagasy maýmyklaşyp, çöplüklere sümüldiler (N. Jumaew, Ak derek).


MAÝMYLDAMAK, ser. M a ý m y k l a m a k.

Ol ördekler bu maýmyldap gelýän gurbagany görüp, aňk-taňk bolanlar («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


MAÝMYN, zool. Bedeniniň gurluşy boýunça adama ýakyn bolan süýtemdiriji haýwan. Maýmynlaryň bir topary gözenekli kapasada saklanýar («Mydam taýýar» gazeti). Hindistanda maýmynlar örän köp mukdardadyr (Gadymy dünýä taryhy).


MAÝOR, harby. Goşunda kapitandan soňky ofitserlik at, çin, şonuň ýaly-da şu ady bar bolan şahs. Ýok, ýok, diňe gwardiýa maýory! («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAÝRYK, Agyr zähmetden ýa-da başga zatdan aýagyna, biline şikes ýeten, maýrylan (adam, iş maýay hakynda).


MAÝRYLMAK, 1. Agyr zähmetden ýa-da başga zatdan aýaga, bile şikes ýetip, maýyp bolmak, maýryk bolmak. Agyr ýük göterip maýrylmak.

2. Halys edilmek, irizilmek, ýadadylmak. Garyplykdan ýaňa leji çykan, salgytlarň ýükünden maýrylan daýhanlarň şol gürrüňleri, zeýrençleri gün geldikçe ýitileşýärdi (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


MAÝSA, Gögerip oturan ýaş arpa-bugdaý. Bugdaýlar bolsa maýsa bolup, gök çüýşe ýaly ýalpyldap durýar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ol heniz gulpagyny örmän, arpa maýsasy ýaly ykjadyp ýörke, açlyk bolupdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Düýbüne nem göýberlen gök maýsa ýaly ruhum täzelenip başlady (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Baýyr maýsa bilen özün bezäpdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAÝSALYK, Arpa-bugdaý ekilip, tutuş maýsa bolup duran ýer, maýsa köp gögeren meýdan. Ol ýazyň sap howasyny demine darta-darta, gök maýsalyga göz gezdire-gezdire öz ýanyndan göwün ýüwürtdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MAÝTYK, Çaýkanyp, yranyp ýöreýän, maýşyk. Maýtyk adam. Maýtyk oglan.


MAÝTYK-MAÝTYK: maýtyk-maýtyk etmek — çaýkanyp, yranyp ýöremek. Oguldursun egnine çöregini göterip, maýtyk-maýtyk edip öýüne girdi (A. DurDyew, Saýlanan eserler).


MAÝYL I, Sowuk däl, ýyly (howa hakynda). Howa örän dury hem maýyldy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Spartakiadanyň geçirilen günleriniň hemmesinde hem howa maýyl boldy. Gyş günleriniň biri bolsa-da, howa maýyldy («Pioner» žurnaly).


MAÝYL [ma:ýyl] II, kön. s. Bir zadyň täsirine berlen, bir zada ünsi çekilen, bir zada erkini gideren, bir zadyň ýesiri, meýilli. Ýüregim saňa maýyl bolansoň, hiç ýerde senden galmadym («Pioner» žurnaly). Näçe günüň, näçe gijäniň ukusy gözüne maýyldy (A. Gowşudow, Saýlanan esesrler) Ol nykapdan ýüzüň şöhle salypdyr, Telbe köňlüm görüp, maýyl bolupdyr

(«Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).


MAÝYLLYK I, Sowuk dällik,  ýylylyk (howa hakynda). Günorta ýakynlaşdykça maýyllyk 13 — 14 derejä çykdy (A. Gowşudow, Köpetdagň eteginde). Başda örän mylaýym, maýyllyk bilen gopan gyş barha sowap soňuny gazaba tutdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAÝYLLYK [ma:ýyllyk] II, kön. s. Bir zadyn tärine berlenlik, bir zada ünsi çekilenlik, bir zada erkini giderenlik, bir zadyň ýesiri bolmaklyk, meýillilik.


MAÝYP,[ma:ýyp], Kesellilik ýa-da synasyna şikes ýetmek zerarly ýarawsyz bolan, şikesli, inwalid. Özüm watançylyk urşunyň  maýyby. («Tokmak» žurnaly). Bu maýyp oglana hiç kim eger-eger  barmysyňam diýenokdy .(  («Mydam taýýar» gazeti). Arap maýyp atynyň ýanyna geldi («Görogly» eposy). Men ony öz elim bilen maýyp etmek pikirimden dändim (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MAÝYPLYK [ma:ýyplyk], Maýybyň hal-ýagdaýy, zähmete ýarawsyzlyk, şikeslilik, inwalidlik. Hiý, maýyplygyň hem zyýany ýetmezmi?! («Soweg edebiýaty» žurnaly).


MAÝYP-MÜJRÜP [ma:ýyp-müjrüp], ser. M a ý y p.

Belki, men maýyp-müjrüp bolaryn, kim bilýär. Näme, sen maýyp-müjrüp bolaýsaň, Mähri öz söýgüsinden el çeker diýip oýlaýarmyň? (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Olar şäheriň çetinde bir topar maýyp-müjrübiň üstünden barypdyrlar (Myraly). Aty ýykylyp maýyp--müjrüp boldumyka? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MAÝYRMAK, 1. Agyr ýük ýa-da iş zerarly şikes ýýeirmek, maýyp etmek, maýryk etmek. Eşege agyr ýük urup, ony tiz maýryp taşladylar. 2. göç. m Işe ýarawsyz etmek, sandan çykarmak, döwmek. Heniz bir ýyldan köp wagt geçmänke, dört sany ýük maşyny maýryp taşlady («Tokmak» žurnaly). 3. göç. m. Halys etmek, irizmek, ýadatmak. Hawa, hawa, şeýt, ol betbagtlaryň çaýy, nasy, süýjüsi hem adamyny maýyrjak (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


MAÝYŞGAK, Aňsatlyk bilen süýnüp, ýarsyp ýene-de öňki katdyna gelýän, çeýe (zat). Torbanyň galyň böleginde we onuň töwereginde berk maýyşgak siňir bagjagazlary bar. Azrak hereketlilik süňkleriň arasyndaky maýyşgak gemirçek germewleri bilen gazanylýar (A. N. Kabanow, Adamyň anatomiýasy we fizýologiýasy).