SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MAW

MAG

MAD

MAÝO

MAZ

MAÝ

MAK

MAL

MAM

MAN

MAŇ

MAP

MAR

MAS

MAT

MAU

MAH

MAÇ

MAŞ

MAÝA


MASGARA, 1. Biabraý bolan, abraýy gaçan, düzgünden çykan, ile gülki, betnam. Bu gürrüň Baharyň hem gulagyna ýeten bolsa, men masgaranyň hem masgarasy bolupdyryn (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ýör, gyz, yzlaryndan ýetip, şulary bir masgara edeli! (A. Durdyew, Saýlanan eserler). 2. Uýalmaýan, bihaýa, utançsyz (adam). Ol masgara-la aýt!


MASGARABAZ [masgaraba:z], 1. Ýomak atyp ýören, oýunbaz, wäşi. 2. Tsirk klouny, tsirkde köpçüligi güldürýän adam. Masgarabaz ýaly towsaklap bilmeýäniňize kemsinmäň! (A. N. Radijew, Peterburgdan Moskwa syýahat). Gubernator masgarabaz kimin, keşbini derrew üýtgetdi (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


MASGARABAZLYK [masgaraba:zlyk], Masgarabazyň gylyk-häsiýeti barlyk, kloun bolmaklyk, köpçüligi güldürmeklik, masgarabazyň ýagdaýy, işi. Bir bidöwlet masgarabazlyk edip, märekäni güldürýär (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzň gahrymany).


MASGARABAZÇYLYK [masgaraba:zçylyk], ser. M a s g a r a b a z l y k.


MASGARALAMAK, Masgara, biabraý etmek, ile gülki etmek, abraýdan düşürmek. Bu meni masgaralamaga gelendir («Sowet edebiýaty» žurnaly). Aýnanyň ony masgaralamagy, agyr ýagdaýa salmagy-da bir eýýäm onuň ýadyndan çykyp gidipdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Indi olaryň arasynda jetlik, biri-birini masgaralajak bolmaklyk ýokdy ( N. Saryhanow , Saýlanan eserler). Seni il içinde masgaralap, bir ýüregiň iki ýerindep ýara saljak bolýarlar (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


MASGARALANMAK, Masgara edilmek, biabraý edilmek, ile gülki edilmek, abraýdan düşürilmek. Il arasynda masgaralanmak. Erbet iş edip masgaralanmak.


MASGARALATMAK, Masgara etdirmek, biabraý etdirmek, abraýdan düşürtmek.


MASGARALYK, Ile gülkülik, abraýdan düşmeklik, biabraýlyk. Men öz maňlaýyma masgaralyk möhrüni--basanymy bilýärin. Halnazar şu masgaralyga ölsünmi, ýitsinmi? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Men, şeýle masgaralyga laýykmy?! (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy).


MASGARAÇYLYK, ser. Masgaralyk.

Onuň ýetişmezligi pioner otrýady üçin uli masgaraçylykdy. («Pioner» žurnaly). Birden baryp ejesine aýdaýsa, ullakan masgaraçylyk boljak (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ataň-eneňi we bizi, geplemeli gepiňi bilmän, masgaraçylyga goýaýmawergin, balam! (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Halnazary şol masgaraçylyk horlady. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MA'SKA, 1. Maskarad wagtlarynda ýüze daňmak üçin adamyň, haýwanyň ýüz keşbi we ş. m. ýasalýan örti, perde. Maskalar örän ýiti reňklenipdirler (Gadymy, dünýä taryhy).

2. Protiwogazyň kellä geýilýän bölegi.


MASKARA'D, ýüzi maskaly, egni ýörite kostýumly geçirilýän bal, gije üýşmeleňi, toýy.


MASKIRO'WK.A, harby. Berkitmäni we ş. m. duşmana bildirmezlik üçin peýdalanylýan enjam, perde çekiş. Maskirowka üçin goýlan ýolka agaçjyklary jaýň öňündäki bagjagaza meňzeýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MASLAHAT, 1. Bir zat hakda belli netijä gelmek, pikir alyşmak üçin özara geçirilýän gürrüň, geňeş, sala. Gysgajyk maslahatdan soň bu ikisi bir karara geldiler (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Garrylar ondan maslahat soramaga gelerdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Bir meseläni ara alyp maslahatlaşmaklyga bagyşlanan ýygnak. Ony awçylaryň raýon maslahatyna. çagyrdylar (J. Akyew, Mergeniň ogly). Maslahatda  ýurdy ümsümlige eltmek çäreleri ara alnyp maslahatlaşylypdyr (SSSR taryhy). Družina sowetiniň çlenleriniň ýörite maslahatyny geçirdik («Mydam taýýar» gazeti).

3. Öwüt, nesihat. Siziň maslahatňyz meniň galstugymy has-da eziz saklamagyma kömek eder («Bahar»). Oňa berlen maslahat oňatdyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MASLAHATDAR [maslahatda: r], kön. s. ser. Maslahatçy. Ol özüne ýakyn, mähriban, maslahatdar adymy tapdy. Onuň maslahatdarlarynyň ikisi iki ýerden: — Sen biraz salym başyňy basyryk-da ýat! — diýen maslahaty berdiler (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


MASLAHATLAŞMAK, Biri bilen bilelikde maslahat etmek, bir meseläni ara alyp, pikir alyşmak, bir zat barada biri bilen geňeş etmek,  birine geňeş salmak, geňeşmek.

 Halk  ýygnagy  ähli  möhüm döwlet meselelerini ara alyp maslahatlaşypdyr (Gadymy dunýä taryhy). Sen  häziriň özünde  onuň  bilen indi näme etmelidigini  maslahatlaşmalysyň   («Sowet  edebiýaty» žurnaly). Ol ownujak bir zat üçin hem Aýna sala saldy, Aýna bilen maslahatlaşdy, Aýnaniň göwnüni awlamaga çalyşdy (B. Kerbabaew, Aýgytly Ädim). Wepanyň  bölümi  ozalyndan  maslahatlaşyp golaý amatly ýere baka çekilipdi (A.  Gowşudow, Mähri --wepa).


MASLAHATLAŞYK, Geňeşli, maslahatly edilien iş, hereket.


MASLAHATLAŞYKLY, Geňeşli, maslahatly. Näme diýerkä, näme diýse-de aýaly bilen maslahatlaşykly bir zady diýer (N. Saryhanow, Saýlanan  eserler).


MASLAHATLAŞYLMAK, Maslahat salynmak, maslahat edilmek, geňeşilmek. Meniň pikirimçe, bu mesele partorgymyz Baýram bilen maslahatlaşylsa, hemmesinden gowy bolar (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


MASLAHATLY, Maslahat edilen, geňeşli, ylalaşykly. Wepa Mähri bilen bu ikisiniň maslahatlydygyny dessine aňlady (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).

Maslahatly biçilen don gysga bolmaz (nakyl).


MASLAHATÇY, Bir zat barada maslahat salynýan adam, geňeşçi, maslahatdar. Halk onuň sözüni söýýär-di, parasatly maslahatça ynanyşy ýaly oňa ynanýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Eger seniň menden başga, menden has mähriban maslahatçyň bar bolsa, şundan soň men dilimi ýarman hem oňarym (B. Kerbabaew, Aýsoltan) .

<> Maslahatçy ses — ser. S e s.


MASLYK, Ölen haýwanň, adamyň we ş. m. läşi, meýidi. Biri-biriniň yzyndan möjekleriň maslygy tapyldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Heý gorkak, bu ýatan maslyk ahyry (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Bally atyň üstünde, maslyga gelen ýyrtyjy ýaş, seňrigini ýygryp durdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Söweş meýdanynda duşmanyň bir näçe maslygy we ýaralysy galdy (A. Gowşudow, Mähri — Wepa).


MA'SSA, fiz. Mehanikanyň esasy ululyklaryndan biri, jisimdäki massanyň mukdaryny ölçeýän ululyk, özüne täsir edýän güýje degişlilikde jisimiň inertsiýa ölçegi. Ol atmosferanyň bütin massasynyň 0,5 protsentinden ybaratdyr («Pioner» žurnaly).


MASSA'Ž, Bejeriş maksady bilen bedeni owkalamaklyk. Massažy ilki akuşerkalar, soňra enäniň özi geçirip biler («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly) .


MASSI'W,  geogr. Käbir  geografik alamatlara  görä meňzeşräk bolup giden giňişlik. «Gara altynyň» köp sanly massiwi ýerleşýän bu raýon nebit promyselleriniň raýonydyr («Sowet edebiýaty» žurnaly). Tarp ýerler massiwi. Dag massiwi. Tokaý massiwleri.


MASSOWI'K, Köpçülikleýin geçirilýän tomaşalara ýolbaşçylyk edýän adam, işgär.


MASŞTA'B, geogr. Kartanyň ýa-da çyzgy şekilleriniň çyzyklarynyň ýeriň ýüzündäki hakyky uzynlyga bolan gatnaşygy. Haýsy bolsa-da, bir masştab saýlap alyň! («Fizika kursy»).