SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MAW

MAG

MAD

MAÝO

MAZ

MAÝ

MAK

MAL

MAM

MAN

MAŇ

MAP

MAR

MAS

MAT

MAU

MAH

MAÇ

MAŞ

MAÝA


MAGAZI'N, 1. Her hili harytlar, azyk önümleri satylýan jaý, söwda edilýän jaý, dükan. Aýsoltan magaziniň öňünden geçende, dükanda gyzgyn söwda gidýärdi (B Kerbabaew, Aýsoltan). Magazine baryp, bir kitap aldym, Daşyny kagyzlap, bukjama saldym («Pioner» žurnaly).

2. Ýaraglaryň oklarynyň ýerleşýän gutusy. Adama bir awtomat magazinini boşatdyk (N Saryhanow, Saýlanan eserler). Awtomatyň magazini tegelek bolýar.


MAGAZINÇI, Magazinde söwda işini alyp barýan satyjy. Eýdip-beýdip maşynyň kabinasyny açyp, magazinçisini-de alyp çykdy («Tokmak» žurnaly).


MAGALLAK, kön.s. Beýik ýer, beýiklik.


MAGALLAKLAMAK, Ýanyndaky beýleki zatlardan saýlanyp, ýokarda elesläp görünmek, magallak atmak. Obanyň ortarasynda haýbatly beýik gala magallaklaýardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Ýigit öňki nätanyş gyzyny görüp, şol ýerde magallaklap oturan jaýa elini uzadyp: — Hanha, syn et, gymmatly gyz! — diýip seslendi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAGALLAKLAŞMAK, Töweregindäki beýleki zatlardan ýokary galşyp, saýlanyşyp durmak, bir näçe bolup magallaklap durmak. Wepany bolsa durdugyça gam basýardy, onuň uka meýil eden gözüniň öňünde Köpetdagyň beýik gaýalary magallaklaşýardy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Beýik gara turbalar şäherjigiň üstüne abanyp, egyn taýaklar ýaly bolup, tukat görnüşde magallaklaşyp durýardylar (M. Gorykiý, Ene).

MAGARAJA, Hindistanda iň ýokary knýazlyk tituly.

MAGARYF [maga: ryf], Aň-bilim berijilik, aň-bilim. Halk magaryfy ägirt uly ädimler bilen öňe gitdi («Pioner» žurnaly). Ýokary baha bilen okuwy gutaranlar magaryf bölümi tarapyndan sylaglandylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Zakaspi oblastynyň ýýerli býujetlerinde halk magaryfyna iňňän ujypsyzja serişde göýberilýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Krylow özüniň bir näçe basnýalarynda zähmet, terbiýe we magaryf meselesini hem görkezýär («Edebiýat»).

MAGARYFÇY [maga: ryfçy], Magaryf işi bilen meşgullanýan işgär, halka aň-bilim bermek ugrunda işleýän adam. Wolьteriň we XVIII asyrdaky beýleki magaryfçylaryň eserleri bilen Puşkin özüniň çagalyk çagynda tanşypdy. (A S. Puşkin, Saýlanan eserler). Men geçen ýyl magaryfçylaryň ýygnagyna gatnaşdym Magaryfçylaryň awgust maslahaty örän gyzgalaňly geçdi.

MAGAT,  magadyna etmek — anygyna ýetmek, anyk bilmek. Ol gyzy mazaly synap magadyna ýetdi. Şunlukda Bähram işiň magadyna ýetdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

MAGDAN [magda: n], geol. Düzüminde metallar, metalloidler ýa-da gazylyp alynýan peýdaly minerallar bolan mineral jisimleri, dag jisimleri. Türkmenistanyň suw baýlygy we daglarynyň magdan baýlyklary barasynda bu garrynyň ylmy zähmetleri çap bolýardy (A Gowşudow, Eserler). Köp ýerlerde ýýerli bürünç önümçiligine material bolup hyzmat edýän magdanlar gazylyp alnan gadymy magdan kärhanalary tapyldy (SSSR taryhy). Dürli magdan kömür, kükürt çykyp dur (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

MAGDANÇY [magda: nçy], Magdan gazmak işi bilen meşgullanýan işçi, magdan senagatynyň spetsialisti.

Magdançy Mihail promyselde bolan özgerişler hakyn-da bize köp zatlary aýtdy («Sowet edebiýaty žurnaly). Magdançy işçiler jan aýaman işleýärler.

MAGDANÇYLYK [magda:nçylyk], Magda gazyp almak  bilen meşgullanýan,  gazylyp  alynýan magdan, işläp taýýarlamaklyga degişli bolan. 1922 —1924 ýyllarda ol Magdançylyk akademiýasynda okuw-da boldy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Magdançylyk işlri ýaýbaňlanýar.

MAGI'STR, 1. Rewolýutsiýadan öň: alymlyk derejesi we şol alymlyk derejesini alan adam.

2. Orta asyrlarda: ruhany-rytsarь obşinasynyň, bileleşiginiň baştutany.

MAGISTRA'LЬ, Bir setiň sistemasyndaky esasy, baş ýol , ugur (demir ýol, elektrik, telegraf we.ş.m setinde). Demir ýol magistrallarynda kuwwatly elektrowozlary, nebit çykarylýan täze ýerleri kümür şahtlaryny görýärler. («Sowet edebiýaty» žurnaly). Esasy magistral kanallar suw bermek üçin taýýar edildi («Sowet Turkmenistany» gazeti).

MAGISTRAT,  Käbir ýurtlarda: Şäher uprawleniýsy.

Tiz wagtda Moskwa şäher häkiminiň adyna Nalbandiany türmä salmak barada Nowo-Nahiçewan magistrsratyndan talap haty gelýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).

MAGISTRATURA, Buržuaz ýurtlarynda: prokuraturadan tapawutlylykda sudьýalaryň wezipelerniň edaralarynyň ady.

MAGLUMAT [maglu:ma:t], 1. Bir zat hakda habar. Pökgen Çary aganyň maglumatyny diňländen soň asajyk pikirlenip oturdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Şägirdi kanagatlandyrmak üçin oňa giň maglumat bermäge mejbur boldy (B.Kerbabayew Nebitdag). 2. Bir iş barada bolan material. Ol gerekli maglumatlary tapmak ugrunda meşguldy (A.Gawşudow, Mähri—Wepa). Onda kän gymmatly taryhy maglumatlar bar (Gadymy dunýä taryhy). Ol penjesiniň kisesinden eplem-eplem bolşup duran kagyzlaryň onlarçasyny çykaryp, nähilidir, bir maglumat gözläp otyr ekeni (B. Purliew, Ilkinji gün).

3. Aň-düşunje, bilim.

MAGLUMATLY [magluma:tly], 1. Bir zat hakynda habary bar bolan, maglumat berýän. Maglumatly adam. 2. Bir iş barada materialy bar bolan. 3. Aň-düşüjeli, bilimli.

Gözel maglumatly gyz.

MAGLUMATSYZ, [maglugma:tsyz], 1. Bir zat hakynda habary ýok bolan, habarsyz.

2. Bir iş barada materialy bolmadyk. 3. Aň-düşünjesiz, aň-düşünjesi bolmdyk.

MAGMA, geol. Ýeriň üstki gatlagyndan has aşakda emele gelýän gaty gyzgyn haldaky suwuk madda.

MAGNAT, tar. Buržuaz jemgyýetinde: uly baýlygyň emlägiň eýesi. ABŞ-da Ýoll-Stritiň magnatlaryna we korollaryna garşy durýan progressiw demokratik güýçleriň işeňňirligi doly suratlandyrylmandyr. (Sowet edebiýaty» žurnaly). Dollaryň magnatlary.

MAGNE'ZIÝA, him. Magniniň okisi bolan ak poroşok.

MAGNETI'ZM, Magnit hadysalarynyň jemi. Şonuň ýaly-da elektrik tokly ýa-da zarýadly käbir jisimleri özüne çekýän ýa özünden aňryk itýän geçirnjiniň häsiýeti. Ýer magnetizmi.

MAGNIÝ, him. Öwşün atýan, kümüş reňkli, ýumşak ýeňil ak metal, himiki element.

Nebitde örän az mukdarda wanadiň, fosfor, kaliý, nikelь, ýod, kaltsiý, demir, magniý,   marganets,  gurşun, kümüş, altyn mis, myşьýak we beýleki elementler bar. («Pioner»žurnaly).

MAGNIT, Käbir jisimleri özüne çekmek häsiýeti bolan demir ýa-da polat bölegi. Hytaýlylaryň praktiki oýlap tapan zatlaryndan şu aşakdakylar aýratyn möhümdirler: ýüpek, magnit strelkasy, kompas we däri.  ( Gadymy dünýä taryhy).Misli magnit  çekdi derrew özüne   (B.Kerbabaew, Aýlar). Adam hem edil magnit ýaly başga adamlary özüne çekýär ahyryn (G.   Muhtarow. Pьesalar). Gün şöhlesi düşüp bütin jahana, magnit ýaly çekýär bu gün özüne (A   Nyýazow, Şygyrlar).

M a g n i t   m e ý d a n y — içinde magnitli güýç döreýän, magniti gabaýan giňişlik.

Eger simden elektrik togi geçýän bolsa  onda simiň töwereginde magnit meýdany döreýär.

(S. N. Winogradow, A. F  Kuzьmin, Lorika).

MAGNITLEMEK, Bir jisime magnit häsiýetini bermek. Kompasyň dilini magnitlemek.

MAGNITLI,  Magniti bar bolan, magnitlenen Konpasyn magnitli  dili.

MAGNOLIÝA,  bot. Günorta ýurtlarda ösýän, ysly, iri ak gülli, gyrymsy  dekoratiw ösümlik.

MAGTALMAK,  Öwülmek, taryplanmak.

MAGTAMAK, Gowy tarapyny aýtmak, öwmek, taryplamak. Ol derrew agtygynyň  adyny   sorap bildi we onuň arassa saklanyşyny magtady. (N. Saryhanow, saýlanan eserler).

Öz gyzynyň söýgüsine garşy çykýan bolsa, magtamakdan häzirlikçe saklanmakdan gowusy ýok.(N.Jumaew, Ak derek). Agamyrat bulara adyny aýtmak bilen abraýynyň hem   güýçlüdigini magtady.  («Sowet edebiýaty» žurnaly).

 

MAGTANMAK, Öz-özüňi öwmek, özüňi magtamak, öwünmek. Oturanlar edermenlik bilen magtandylar (B Kerabaew, Aýgytly ädim).

Gural işlär, el magtanar (nakyl).

MAGTANÇ, Öwgi, taryp. Ýeke magtanç bilen saklap seriňi, Eý Rim, dabaraly, gudratly diýar! (A. S. Puşkin, saýanlanan eserler).

MAGTANÇLY,  Öwgüli, taryply.

 

MAGŞUK [magşu:k], kön s. Ýigidiň söýýän gyzy, ýigidiň söýgülisi, aşyk gyz. Aşyk men, magşugym didaryň görset. (Mollamurt, Saýlanan  eserler). Bahar magşuk kimin gujak açyp dur, Watanym baharyň ýaz gujagynda: («Sowet edebiýaty» žurnaly). Men seniň magşugyň (B  Kerbabaew, Aýgytly ädim). Tomaşaňa geler gyzlaryň hany, Eger çyn aşyk sen magşugyň tany («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).

Owal aşyk köýer, soňra — magşugy (nakyl).

MAGŞUKLYK, [magşu: klyk], Magşuk bolmaklyk, Söýilmeklik, magşugyň ýagdaýy. Magşuklyk işi bilen ol ýitirilen derman pürkülýän apparatyň näme baglanşygy bar.

(A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

k mermýerli mawzoleýini döreden halk, gör nähili talantly halk! Ýas korteži mawzoleýiniň yanyna baryp durýar («Pioner» žurnaly). Beýik mawzoleýe seredýän siňa («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAWLAMAK, [ma:wlamak], Maw-maw edip gygyrmak, gygyryp seslenmek (pişik hakynda). Daýzanyň penjesiniň astynda pişik boguk sesi bilen mawlady. ( A.P.çehof.Saýlanan eserler). Gyra çykyp eşiklerini geýensoň, olaň biri pişik ýaly mawlady ( N. Pomma , saýlanan eserler). Ol birden it bolup üýrdi, güjük ýaly çyňsady, pişik ýaly mawlady (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


MAWLATMAK [ma:wlatmak], Maw-maw edip seslendirmek, gygyrtmak. Çaga pişijegi mawlatmak.


MAWLAŞMAK [ma:wlaşmak], Maw-maw edip gygyryşmak, bir topar bolup mawlamak (pişik hakda). Pişikler mawlaşdylar.


MAWRLAR, Demirgazyk Afrikanyň ýýerli ilatynyň we Demirgazyk Afrikanyň basyp alan araplaryň gadymy ady (Müsür muňa girmeýär).


MAWUJA [ma:wuja], him. Köplenç deňiz suwlarynda bolýan kükürt kislotasynyň käbir duzunyň ady. Edil mawujua basylan ýaly diriň-diriň bökdüribermezmi? (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


MAWUT [ma:wut], Syk dokalan, ýüzi tekiz ýüň mata. Mazut bilen gatan gara mawut jalbarynyň ýama sany ýokdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol şu ýerde gyzyl mawut bilen örtülen stoluň başynda otyr («Sowet edebiýaty» žurnaly). Rusa mawut we başga matalar, şolar ýaly-da metal harytlaryny getiripdirler (SSSR taryhy).


MAWY [ma:wy], Açyk ýiti gök reňk. Mawy asmanda bulut ýok diýýerlikdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).

Ol orta boýly, ýasy garyn, saryýagyz, mawy gözli, gyr-çuw sakgal adamdy  (A  Durdyew,    Saýlanan eserler). Piotr mawy gözlerini gyrpyldatdy-da.   — Kelje  Sähet! — diýip, birden gygyranyny özi hem duýman galdy (A   Gowşudow, Mähri—Wepa).