SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MAW

MAG

MAD

MAÝO

MAZ

MAÝ

MAK

MAL

MAM

MAN

MAŇ

MAP

MAR

MAS

MAT

MAU

MAH

MAÇ

MAŞ

MAÝA


MAHABAT [maha:bat], kön s. Ýalandan öwgi, biderek, boş taryp, öwüp arşa çykaryş, öwgi, taryp. Obadaşlarynň we şägirtleriniň bu aýdýan sözleri oňa ýönekeý bir howaýy mahabat däldi («Pioner» žurnaly).


MAHABATLAMAK [maha:batlamak], kön.s. Esassyz öwmek, biderek taryplamak, öwüp arşa çykarmak. Hawa-da, ýetişerçe-de wagt geçipdir — diýşip, doganynyň gylyklaryny mahabatlap gürledi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAHAW, Agzyny öweldip ýören, samsyk, aňkaw. Bagyň mahaw bagbany bir-birden diňlemändir, Kimiň ýagşy saýraýanyň düýbünden aňlamandyr («Tokmak» žurnaly).


MAHAWLYK, Mahawa has bolan gylyk-häsiýet, samsyklyk, aňkawlyk, gowşaklyk.


MAHAL, ser. Wagt 1. Pursat tapan mahaly, it gaçjak bolup, bar güýji bilen bir tarapa baka özüni oklady (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Gijäniň bir mahaly, goç ýigitler assyrynlyk bilen baryp, garakçylarň ýarag-esbaplaryny ýygnapdyrlar (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


MAHLASY, Gepiň gysgasy, umuman, diýmek. Mahlasy, Gözel daýza, sen meniň şu ýumşumy bitirjek. däl-de, şeýlemi?! Mahlasy, ol gözden düşen dir adamdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Mahlasy, ýürek gysara wagt ýok, Günüň nähili dogup, nähili ýaşanyny duýman galýarsyň («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAHLUK [mahlu:k], 1. Jandar. Atabaý aga, deňiz mahluklarynyň, çöl janawarlarynyň gulaklaryny şaňladyp durma («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Özüni oňarmaz, aňsyz, mahaw, emelsiz, aňkaw (adam hakda). Aýu, mahluk, saňa meňzeşe äre baranymdan, gara derýa gark bolaryn (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Aslynda sen kim? Agy-garany seljermeýän bir mahluk' (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MAHMAL, 1. Çitimli, ýüzi ýumşak, tüýjümek galyň  ýüpek  mata. Egni  gara mahmal    palьtoly, başy uzyn seçekli, owadan ýüpek ýaglykly näzeniň gyz Baýlynyň gözüne örän mähirli göründi  (B. Pürlnew, Duşuşyk). Sahnanň mahmal perdesi emaýlyk bilen syrylýar («Mydam taýýar» gazeti). Mahmal ýaly mylaýym meýdanda seýalkalar hatara tohum dökýärdi (B. Kerbabaew,  Aýsoltan).  Mahmal toprak küpürsäp ýatyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. Mahmaldan tikilen geýim. Gözel daýza mahmalyny başyna atyp ýola düşdi.


MAHOWI'K,  teh. Mehanizmiň  hereketini sazlamak üçin uly diametrli tigir, uly çarh. Onuň mahowigini, porşenini çalşyrdylar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MAHORKA, Ýapragyndan, baldagyndan  çekmek  üçin temmäki taýýarlanylýan ösümlik we şondan taýýarlanýan temmäki. Çary aga parahat oturan ýerinde mahorka haltasyny çykaryp,   çilim ýasanyp çekmäge başlady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Dynuwsyz çekilen mahorka tütüni wagonyň içinde ysgynsyz tüweleý ýaly ýaýlanýar. Sowet başlygynyň mahorka tütüni bilen doly kabinýetinde gyzgalaňly gürrüň gidýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol ýassygynyň aşagyndan Mahorka gapyrjagyny alyp, çilim ýasamaga durdy! (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


MAHRUM [mahru: m], Bir zada erki, ygtyýary, hukugy bolmadyk. Bar hukukdan mahrum bolup ýaşarsyň Çuwalgyz saklaman gaýtarmak gerek (Mollamurt, Saýlanan eserler). <>Mahrum bolmak — bir zada bolan erk ygtyýaryň alynmak, kesilmek, ygtyýaryňy elden gidermek. Aýsoltan adatdaky ýaly enesi bilen şirin-şirin sözleşmekden hem mahrum boldy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

Mahrum etmek — bir zada bolan erk-ygtyýaryny almak, hukugyny kesmek. Köne döwür sizi dünýäniň ähli eşretinden mahrum edipdir (B. Pürliew Ilkinji gün).


MAHRUMLYK  [mahru: mlyk], Mahrum bolmaklyk, erk-ygtyýarsyzlyk, mahrumçylyk.

Bu ýyllar Gogolь mahrumlygy we mätäçligi başdan geçirdi (N. W. Gogolь, Eserler).


MAHRUMÇYLYK, [mahru:mçylyk], ser. Mahrumlyk.

Arina uruş zerarly hasratly günleri, agyr mahruçylyklary başdan geçiren enedi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Her bir adam mahrumçylyklardan gaýtmaýar,. her bir adam adalatly işe pugta ynam bilen ruhlanmaýar   («Sowet Türkmenistany»  gazeti).


MAHSUS  [mahsu:s],  Muwapyk,  has degişli  (bolan), Ertekilkriň özüne mahsus bolan, başlanyşy  bolýar («Edebiýat»). Her bir ýaragyň özüne mahsus atyşhanalar   düzedipdirler   (A. Gowşudow, Eserler). Pelwert jülgesi şol  pasla mahsus bolan adaty joşgunly zähmet durmuşy bilen ýaşaýardy. («Sowet   edebiýaty»žurnaly).  Moskwalylar  türkmen  wekillerini mahsus bolan çyn ýürekdeşlik bilen gutladylar («Mydam taýýar» gazeti).