SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MAW

MAG

MAD

MAÝO

MAZ

MAÝ

MAK

MAL

MAM

MAN

MAŇ

MAP

MAR

MAS

MAT

MAU

MAH

MAÇ

MAŞ

MAÝA


MAŇ, zool. Dört ýaşyndaky goýun.

MAŇKA I, 1. Burundan akýan suwuklyk, sümük. Oglanyň maňkasyny süpürmek.

2. göç. m. Burnuna salyp gepleýän, myňňy-myňňy edip  gepleýän.

<> Maoňkaňy oňarmazlyk — iş başarmazlyk,  özüňi oňarmazlyk. Ýeri how, maňkaňy oňaraňok weli, zol: — Gurban! —diýip dursuň (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


MAŇKA II, wet. Haýwanlarda bolýan ýokançly kesel. ketew.

Başga-da maňka, agsyl keseline garşy göreş  ýaly meseleleri agzamak bolardy («Sowet Turkmenistany» gazeti). Maňka keseli bilen kesellemek.


MAŇLAÝ, 1. Kelle süňküniň ýüz tarapdaky gözden ýokarky bölegi, alyn. Sagatçy äýnegini maňlaýyna goýup, ýeke göz dürbi bilen sagadyň mehanizmine seredýär. Maňlaýy sakar al atyň endamy lowurdaýardy (B.Kerbabaew, Aýsoltan). Ýalaňaç tagtanyň üstünde oturan komissar maňlaýyny iki eliniň aýasyna salyp, çuňňur oýa çümdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Onuň gören jepalaryny maňlaýynyň ýygyrtlaryndan hem aňmak bolýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Bir zadyň öň tarapy, bir zadyň garşysy, ýüz tarapy. Jaýyň maňlaýynyň suwagy gopupdyr.

3. Bagt, ykbal. Ahyry bolmasa, sen hem öz maňlaýňdakyny gör! («Görogly» eposy).

4. Kömekçi söz rolunda: Olaryň biriniň maňlaýynda «Çaýhana», beýlekisiniňkide «Çaýnaýa» diýen ýazgylar bar («Tokmak» žurnaly).

<> Maňlaýdan çykmak — duş gelmek, duşmak, sataşmak. Şol ulalyp-oňalman geçen Guly däli hem maňlaýyndan çykansoň, sen biri bilen gaçarsyň öýdüp, kakaňyň hem gara jany galanok («Sowet edebiýaty»-žurnaly).

Maňlaýy ak bolsun — bagtly bolsun. Maňlaýy ak, ýoly açyk bolsun (A Gowşudow, Saýlanan eserler).

Maňlaýy açylmak — biri bilen durmuş gurmak, durmuşa çykmak (aýal-gyzlar barada) öýlenmek, öýli-işikli bolmak (erkek adamlar barada), bagtly bolmak, eşretli durmuşa başlamak. Aý, oglum, seniň maňlaýyňa açylmak ýok öýdýän?1 (A Gowşudow, Saýlanan eserler).

Maňlaýy ýok — bagty ýok, bagtsyz, betbagt. Aý, asyl meniň maňlaýym ýok eken' («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Maňlaýy şorly — bagty gara, betbagt.

Maňlaýyna ýelmemek — ýüzüne aýtmak, göni aýtmak,

Maňlaýyndan diremek — kömek etmek, goldamak. Ogluň sähetlije gün geläýdi, kolhozyň mal-garasynyň edil maňlaýyndan diräýdi, ne kesel galdy, ne beýleki («Sowet edebiýaty» žurnaly). Garran wagtynda maňlaýyndan direjgk oglanyň öz öýünde bolmagy ene üçin ullakan ähmiýete eýedi (B .Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy).

Manlaýyňy diremek — birine ýüz tutmak, bir ýere baryp geçmek, ýüzlenmek.

M a ň l a ý y ň y  urmak — synanyp görmek, baş goşmak. Başarmajak işeriňe maňlýaýyňy urýarsyň, ýetmejek ýerleriňe burnuňy uzadýarsyň (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Manlaýa ýazylmak — ser Maňlaýdan  ç y k m a k.

Gara maňlaý — işi şowuna geçmeýän, bagty gare, betbagt.

Ýazzy maňlaýyndan degmek — göni manlaýynyň ortasyndan degmek, edil maňlaýyndan degmek.


MAŇLAÝLAK, Uly we tüňni maňlaýly. Maňlaýlak.


MAŇLAÝLY, göç. m. Işi şowuna düşýän, bagtly, ryssgally.

Ol bir bagty gelen, maňlaýly adam.


MAŇŇAL  I,   ser.   A ň ň a l.

 Gurallar  oraklardan, maňňallardan ybarat  bolupdyr (Gadymy  dünýä  taryhy).


MAŇŇAL II, Bedräniň düýbi oýulyp ýasalan ojak. Maňňala çoýunýan dükançydan bir tike köz aldy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


MAŇŇYL DAMAK, 1. ser. Myňňyldamak.

1. Basan ýerim maňňyldaýan çägede, Yz galdyryp, emaý bilen edýärdim («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Sowuklamak zerarly burnuňa salyp geplemek, mawdy--makay etmek.


MAŇŇЬ. MAŇŇY: m a ň n y-maňňy geplemek — ser. Maňňyldamak.

2. Onuň bolup ýatyşy, burnuna salyp maňňy-maňňy gepleýşi we bir gezek çilim çekip, bir gezek hem nas atyşy — her çaý içende, goýnuň çöri ýaly tirъýegi atýandyr — diýdirýär (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


MAŇRAMAZ, zool. Bäş ýaşyndaky goýun.


MAŇYZ, 1. Hoz, pisse, badam, erik we ş. m. şänigi ýaly gaty gabykly miweleriň içindäki tagamly ýagjymak madda. Şänigiň maňzy. Hozuň maňzy.

2. Çöregin, dänäniň we ş. m. içki ýumşak bölegi.

3. göç. ýa. Many, mazmun, netije.

Saparyn, sözüniň düýp maňzyna gözüni ýetiren Çary aga temmäki haltasyny çykaryp, mahorka dolap çekmäge başlady, (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ol gorkusyna listowkanyň ýüzünde gören we eşidenleriniň esasy maňzyny hemme aýan etdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

 Däne — durmuşyň özenidir, eşretiň maňzydyr («Mydam taýýar» gazeti).

<> Maňza batmak — ser. Maňza oturmak.

Meniň bu sözlerim onuň maňzyna batmadyk bolara çemeli (B. Pürliew, Ilkinji gün).

Maňza damma k—ser. Maňza oturmak. Hojamyň soňky sözi Halnazaryň hem maňzyna damdy. Şol komandiriň teklibi Artygyň maňzyna damdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Maňza oturmak — göwne ýaramak, göwne jaý bolmak, maňza batmak, maňza dammak. Emma olaryň ikisiniň hem aýdanlary Myradaly aganyň maňzьma oturmady (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Gazeti çaý başynda okasaň, lezzeti aýry bolýar, maňzyňa oturýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Sary maňyz — agzy sary, ýaş, tejribesiz. Ol tumşujagyny ýokary tutup, ejesine göwni ýetmedik bolan bolsa-da, kolhoz oňa dünýäniň malyny ynansa-da, ol entek sary maňyzdyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


MAŇYZLY-MAÝALY [maňyzly-ma:ýaly], Göze doly, etli-ganly.

Käwagt öz işi bilen daş çykyp-iç girýän, etli-ganly, maňyzly-maýaly, otuz bäş ýaşlar çemeli görmegeý aýal, edýän hereketleri bilen özüniň şu çagalaryň enesidigini aňladýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).