SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ARA

AR I, 100 kwadrat metre barabar metriki er ölçeg birligi, gektaryň ýüzden bir bölegi.


AR [a:r] II, Ýetirilen zyýanyň öwezini almak üçin edilýän hereket, bir zat üçin öwez alma; namys.

Sim  agaja özün urýar bulanyp, Gerek dälmi namys bilen ar oňa? («Tokmak» žurnaly).

Söýmegi hem ýigrenmegi öwredip, Beýik namys bilen ar berdiň maňa (N. Pommd, Saýlanan eserler).

Arym köýenden, imanym köýsün (nakyl).


ARA [a:ra], 1. Orta.

Meniň ol ara düşmäge hakym ýok (A. Gowşudow, Mehri—Wepa).

Zordan gürruňiniň arasyny kesdim. Aknabat eje ara düşdi.

2. göç. m. Baryş-geliş, gatnaşyk, aragatnaşyk.

Seniň bilen onuň arasy hem bar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Hawa, sen meniň häzirki wagtda Warwara Wasilьewna bilen aramyň nähilidigini soraýarsyň (M. Gorьkiý, Eserler,).

Onuň bilen aram saz däl.

3. Daş ýol, uzak ýol, iki nokat arasyndaky uzaklyk. Aşgabat bilen Büzmeýiniň arasy 22 kilometr.

4. Kömekçi söz rolunda: Iki at depişer, arasynda eşek öler (nakyl).

*  Ara  tow düşmek — ara bozulmak.

* Aradan çykma k—wepat bolmak, aýrylmak.

Arany açmak1) daşlaşmak, uzaklaşmak, öňe gitmek; 2) baryş-gelşi bes etmek, dostlugy bozmak. Men onuň bilen arany açdym.

Arany sazlamak — aragatnaşygy düzetmek, gowulandyrmak, ýakynlaşmak, dostlaşmak.

Arasy üzük — aragatnaşykda däl, arabaglanyşykly däl, her biri bir ýerde, üzňe.


ARABA, At we ş. m. goşulyp, ýük daşalýan iki tigirli ýönekeý transport.

Onuň okuny ýaglar ýaly, ol ne arabadyr öýdýärmiň? («Tokmak» žurnaly). Agam, meni arabaňa mündürip, ölümden halas edeniň üçin köp sag bol! (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

Eşek araba. Ýykyljak araba kyrk gün öňünden jygyldar (nakyl).


ARABAGLANYŞYK [a:raba:glanyşyk], Biriniň ýa-da bir zadyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyk, özara baglanyşyk, özara baglylyk.

Ol kontrrewolýutsieýon elementler bilen arabaglanyşyk saklaýardy («Sowet Turkmenistany» gazýeti).


ARABAGLANYŞYKLY [a:raba:glanyşykly], Gatnaşykly, gatnaşygy bar bolan.


ARABAKEŞ, Araba sürüji, arabaçy.


ARABAKEŞLIK, Arabakeşiň ýagdaýy, käri.


ARABAÇY, 1. ser. Arabakeş.

Arabaçy ýaba jylawyň ujuny bulaýlady (M. Gorьkiý, Ene). Deniska ýigrimi ýaşyna golaý barypdy, özi bolsa arabaçy bolup hyzmat edýärdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)).

2. Araba ýasaýan ussa.


ARABIST, Arap dilinden we edebiýatyndan spetsialist.


ARABOZAR [a:rabozar], Adamlaryň arasyndaky oňaýly gatnaşygy, baryş-gelşi, dostlugy bozujy.

Käbir zähmet söýmez arabozarlar hakynda maňa habar gowuşdy («Tokmak» žurnaly).


ARABOZARLYK [a:rabozarlyk], Arabozaryň häsiýeti, adamlaryň arasyndaky gatnaşygy bozužylyk. Arabozarlyk etmek bolmaz.


ARABY, Arap tohumyndan bolan. Ol garry arabyny (atyny) zer-zerewşan jul bilen eýer salyp mündi («Görogly» eposy). Araby goýun.


ARAGATNAŞYK [agragatnaşyk], 1. Baryş-geliş, dostlukly gatnaşyk, dostluk.

Aýsoltan bilen Begenjiň aragatnaşygy barha ýitileşýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

Olar bilen ýakyndan aragatnaşyk etmek gerek (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

2. Baglanyşyk. Düşünjäniň mazmuny bilen möçberiniň arasynda belli bir aragatnaşyk bar (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika).

3. Gatnaw. Öten agşamdan beäi gala bilen aragatnaşygymyz ýok («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Howa aragatnaşygy. Telegraf aragagnaşygy

*  Aragatnaşyk saklama k—baryş-geliş etmek, biri-biriň bilen habarlaşykly bolmak.


ARAGATNAŞYKLY [a:ragatnaşykly], Baryş-gelişli, gatnaşykly, dost. Piotr bolsa obalar bilen ýakyn aragatnaşykly adamdy (A. Gowşudow, Mehri— Wepa).

Gulluhan bilen, belki, Eziz bilen hem aragatnaşykly adamlar bardyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ARAGATNAŞYKÇY [a:ragatnaşykçy], Aragatnaşyk işgäri.


ARADA [a:rada],   1. Ortada.

2.  ÝAkynda, ýaňy-ýakynda, ýakyn  günlerde.  Arada onuň  dosty bize gelip gitdi.


ARAK, Alkogolly içgi. Käse  arak guýşup, käse  çakyşdyrýardylar.

Men arak içmeýärin (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Bir çuýşe arak.

* Arak sabyn — ser. Sabyn. Hoşgeldi polotentsasyny egnine atyp, arak sabyn gutusyny geterip daş çykdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


ARAKESME [a:rakesme], Dynç almak üçin bellenilen möhlet, dynç alynýan wagt. Birden arakesme boldy, biz daşary çykdyk («Tokmak» žurnaly). Arakesme wagtynda okuwçynyň nerw sistemasynyň hem dynç almagyny üpjün etmek gerek (I. T. Ogorodnikow, P. N. Щim-biriow, Pedagogika).


ARAKKEŞ, ser. Arakhor.  Ol tüýs arakkeşdir.


ARAKKEŞLIK, ser. Arakhorlyk.


ARAKHANA [arakha:na], Rewolýutsiýadan öň: arak satylýan, içilýän ýer, jaý.

Artyk puluň bilen barža arakhana, Zehmetiň zaýa etme, rehim eýle jana (Mol-lamurt, Saýlanan eserler).


ARAKHOR [arakho:r], Alkogolizme berlen, aragy köp içýän, pyýançylyk edýän, arakkeş.

Meniň atam örän yzgytsyz adam, doganym hem şeýle, özi-de arakhor (M. Gorьkiý, Ene). Meniň içdigim däl, arakhorlaryň içdigi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


ARAKHORLYK [arakho:rlyk], Spirtli içgileri çendenaşa, ölçegsiz içmeklik, alkogolizm, arakkeşlik.


ARALAMAK [a:ralamak], 1. Uruşýanlary biri-birinden aýyrmak, aralaryna düşmek.

Bularyň galmagalyna beýleki ýoldaşlarynyň biri turup aralajak bolsa, ýanyndaky ýoldaşy sakgalyndan tutýan ýaly bolupdyr («Turkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

Çoluk baryp aralaýança, ýoldaşlary ony mazalyja çeýnäpdirler («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Uruşýanlary aralamak.

2. göç. m. Daraklamak, daramak. Rybin ýüzüni aşak salyp, sakgalyny barmaklary bilen haýal aralamaga durdy (M. Gorьkiý, Ene).


ARALANMAK [a:ralanmak], Uruşýanlaryň her biri bir tarapa aýrylmak, aýryşdyrylmak, aralaryna düşülmek.


ARALATMAK [a:ralatmak], Uruşýanlary aýyrtmak, aralaryna düşürtmek. Uruşýanlary aralatmak.


ARALAŞMAK [a:ralaşmak], 1. Aralamaga kömekleşmek.

2. Arasyna, ortasyna girmek, ýakynlaşmak, golaýlaşmak. Siziň otrýadyňyzyň ýarpysy eýýäm Tejene aralaşdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Garaňky gatlyşmazyndan öň oba aralaşmak gerekdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Duşmanyň çabga ýaly ýagýan okunyň astynda bular jylgaly gerişlere aralaşdylar (A. Gowşudow, Mehri—Wepa).

3. göç. m. Başlanmak, golaýlamak, peýda bolmak, ýetip gelmek. Umsumlik aralaşdy (M. Gorьkiý, Ene). Şonda ýüregine gyssanmaçlyk hem aralaşýardy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Iňrik garalmagy bilen bilelikde, mawy asmandan ýere ýakymly bir salkynlyk-da aralaşýardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


ARALYK [a:ralyk], 1. Iki zadyň arasy, ortalyk. Onuň telpeginiň etegi bilen maňlaýynyň aralygy ärän gysby görünýärdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Aralyk-da şorluk giň meýdan bardy («Sowet Turkmenistany» gazeti).

2. Aradaşlyk. Aşgabat bilen Moskwanyň aralygy indi 4 sagatlyk ýol boldy.

3. Umumy, ortalyk, hemmelere degişli bolan. Aralyk mal. Aralyk zat.


ARAM [a:ram]  I, Orta,  aralyk, ne güýçli, ne ýuwaş.

Firidun aram, ýuwaş ses bilen okaýardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Ýuwaşdan arama çenli ýel boldy. Aram sowuk.  Aram ýagtylyk.


ARAM [a:ram] II, Parahatlyk, asudalyk, rahatlyk, ynjalyk, karar.

Şondan soň Ýolliniň jany aram tapyp oturdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Üzüm aram tapyp, uzadan golun, Gaýtadan gol salyp, guçdy Serwini (N. Pomma, Saýlanan eserler). Aram girenini çaklap janyna, Mekdep müdiriniň geldi ýanyna (A. Kekilow, Söýgi).


ARAMAK [agramak], 1. Biri-birinden aýryşdyrmak, biri-birinden bölüşdirmek.

2. Saýlamak, seljermek.

Pökgen aga: — Tudy entek arap kesiň — diýip tabşyrdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

3. göç. M. Gözlemek, agtarmak. Öz nejatymy garaýyn, il bähbidini araýyn («Görogly» eposy).

Buhara emiri Sowet hökümeti bilen «ýaraşyk» etse-de, pursat araýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 

*  Bahana aramak — ser. B a h a n a. Gep tapyp, bahana arajak bolma! (G. Gurbansähedow, Enesiniň ýumuşlary). Buz üstünde tozan aramak — ser. T o z a n. Buz üstünde tozan aramaga başladylar («Tokmak» žurnaly).


ARAM-ARAM [a:ram-a:ram], Wagtal-wagtal, kete-kete, käwagt. Şofior öz işinden gürledi indi, Aram-aram oň ýüzüne seredip («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ARAN, Bir zadyň ujuna dakylýan dyrnakly ilgençek.

Gapanyň arany bir gandymyň düýbüne jaýdar ilişip-dir (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Onuň aýdýan sözleri Aýdurdynyň içini edil aran ýaly daraw-daraw edip ýyrtyp barýardy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


ARAPLAR, Ýakyn Gundogar we Demirgazyk Afrikada ýaşaýan halk. Galkyn, gözüň görkez, hindi zenany, Gul meňzi saralan, arap jenany («Oktýabrь ýalkymy»). Arap sopulary ýaly, uzyn köýnegiň bilen sülpüldäp, menits gül ömrümi kül etdiň (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


ARAPÇA, Arap dilinde, arap grafiginde ýazylan. Sesiniň labzyny arapçamy ýa-da başgabir zatçamy üýtgedip okaýardy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


ARASSA, 1. Temiz, päkize, hapa bolmadyk. Suw, köpräk suw, arassa esgi, pamyk getiriň! — diýdi (M. Gorьkiý, Ene). Arassa jaý. Arassa depder. Gözel pagtany gaty arassa ýygýar.

2. Dury, açyk. Arassa, temiz howa pikir-zehiniň açýar (A. Kekilow, Saýlanan eserler).

Bahar ertiri dek arassa göwün, Çagalar okýarlar, alarlar ylym (A. Haýydow, Gek asman). Arassa asman.

3. Sap, goşantsyz. Arassa spirt.

4. göç. m. Päk, akýürekli, ahlak taýdan temiz. Gülsoltan örän arassa, gülden hem päk gelin (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


ARASSALAÝJY, Arassalaýan, tämizleýän, hapasyny saplaýjy. Sortlaryň mehaniki gatyşmagy pagta arassalaýjy zawodlarda-da bolup biler (I. K. Maksimenko, Türkmenistanda gowaçanyň selektsiýasy we tohumçylygy). Pagta arassalaýjy zawod. Arassalaýjy tseh.


ARASSALAMAK, 1. Tämizlemek, biriniň ýa bir zadyň ýüzündäki kiri, hapany aýryp arassa etmek.

Garnyny ýaryp, içini-bagryny arassaladylar («Görogly» eposy). Köwşi arassalamak.

2. Gabygyny soýmak, daşyny artmak, bir zadyň gereksiz, hapa ýerini aýyrmak, artmak.Sogan arassalamak. Ýörite maşynda pagtany arassalamak.

3. Saplamak, durlamak. Spirti arassalamak.

4. göç. m. Ýat elementlerden halas etmek.

5. gepl. d. Ogurlap lüt goýmak. Ogrular öýde zat goýman arassalapdyrlar.


ARASSALANMAK, 1. Tämizlenmek, päkizelenmek, öz egin-başyny arassa etmek.

2. Özüň üçin bir zat arassalamak. Käşir arassalanmak.

3. Hapa-hupa zatlar aýrylmak. Sweçkalaryň hyrlary oňat arassalanmasa, olaryň sepleri açylýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Howly arassalandy.

4. Saplanmak, dury edilmek, durlanmak. Spirt arassalandy.

5. Ýat elementlerden halas edilmek. Ýurdy keseki ýurtlaryň goşunyndan arassalamak.


ARASSALATMAK, 1. Birine arassa etdirtmek, süpürip, ardyp tämizletmek.

2. Daşyny, gabygyny aýyrtmak, soýdurmak, hapa ýerlerini aýyrtmak. Kartoşka arassalatmak.

3. Saplatmak, durlatmak. Ýagy arassalatmak.


ARASSALAŞMAK, 1. Birine bir zady süpürip, ardyp tämizleşmek.

2. Daşynyň gabygyny, hapasyny aýryşmak. Käşir arassalaşmak.

3. Saplaşmak, durlaşmak. Ýagy arassalaşmak.


ARASSALYK, ser. A r a s s a ç y l y k. Arassalyk saglygyň girewidir.


ARASSAÇYLYK, Tämizlik, päkizelik, arass;

Egin-eşik arassaçylygyna çaga wagtynda-da geleňsiz-di (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Ol arasslyga düýbünden hormat goýmaýar (N. Pomma, Ta hyzzyn). Ol arassaçylyga uly üns berýär. Düýn klunda arassaçylyk hakynda lektsiýa okaldy.


ARAÇY  [a:raçy],   1.  Aralaýan  adam. Araça taýak deger (nakyl).

2. Ylalaşdyryjy adam, taraplar arasynda gepleşik geçirilende gatnaşýan adam ýa-da gyrama, barlyşdyryjy adam.


ARAÇYLYK   [a:raçylyk],   Taraplar arasynda ylalaşyga ýardam edižilik.


ARAÇÄK   [a:raçäk],   Territoriýalar   arasyndaky serhet. Araçäkden on sekiz sany möjekden ybarat ordanyň biziň topragymyza baka geçenligi anyklanyp-dyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Araçägi bozýanlara rehimsiz daraýarys (Ata Salyh, Saýlanan esrler).


ARAÇÄKDEŞ [a:raçekdeş], Araçägi bir bolan, hetdeş;  goňşy.  Kiýew raýonynda, sähra bilen  araçäkdeş serhetde polýaýaklar ýaşapdyrlar   (SSSR taryh).


ARAÇÄKÇI [a:raçekçi], Serhet goragynyň harby esgeri, serhetçi. Dagyň üstüne araçäkçi goşunlary getirip, Allaýar tulum bilen Gurduň öz jenaýaty üstünde tutulmagyna sebäp bolan beýleki oglanžykdy (A. Gowşudow, Mehri—Wepa). Ol diňe awçy däl, Watan sakçysy, Söwer Watanmyzyň araçäkçisi (N.Pomma, Saýlanan eserler).