SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ARD

ARDANA [a:rdana], Köşeksiz sagdyrýan düýe ýa gölesiz sagdyrýan sygyr.


ARDURJA, gepl. d. Armanlyja, biderejik, nähak ýere.

Wah, onuň üçin däl-de, ardurja 51492 köýüp gitjek — diýip, çykyp gitdi («Tokmak» žurnaly).


ARDYLMAK, 1. Arassalanmak, tämizlenmek. Ekin meýdanyndaky ýaplaryň hemmesiniň içi ardyldy.

2. Daşynyň gabygy aýrylmak, soýulmak. Ýeterlik mukdarda sogandyr kartoşka ardyldy.


ARDYNJYRAMAK, Üsgürip ardynmak, üsgürip bogazyňy arçamak; ähem-ähem eden bolup seslenmek. Arasy faner bilen kesilen beýleki jaýdan kimdir biri duýduryş beren ýaly äheňde ardynjyrady («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýegor tirsegini diwana berip galdy-da, ardynjyrap, baş atyp yşarat etdi (M. Gorьkiý, Ene). Bulut tekizlenipdir, ýagsa gerek — diýdi-de ardynjyrady («Kolhoz günleri»).


ARDYNMAK I, ser. A r d y n j y r a m a k.  

Ol döşüni gaýşardyp, ardynyp, iki sany adamyny alyp geçdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Halnazar ýabydan äwmezlik bilen agyp, ýagjymyk sesi bilen ardyndy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ARDYNMAK II, Özük üçin bir zady ardyp arassalamak, arassalanmak.