SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ARP

ARPA, bot. Köplenç ýazda ekilýän, dänesi gylçykly ösümlik we onuň dänesi.

Daşardaky ojakda ullakan gazan ataryp, arpa unundan sygyr aşy bişirmäge başlady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Bugdaýlar hem arpalar, Bolsun muňa sarpalar (N. Pomma, Saýlanan eserler). Han küýli kolhozyň arpa-bugdaýlarynyň ýerlerini sürmekde, ýerlere pelçil çekmekde jan edip işledi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


ARPALY, 1. Arpasy bar bolan, arpa ekilen. Arpaly meýdan.

2. Arpa salnan, arpa garylan. Arpaly çörek. Arpaly halta.


ARPAGAN, bot. Arpa. meňzeş, başy gylçykly ýabany ot, ösümlik. Arpaganyň baldagyny aldylar («Sowet edebiýaty» žurnaly).