SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ARR

ARRYK, 1. Hor, etsiz-gansyz, süňkleri çykyşyp duran. Gök ýüň şarf onuň arryk, damarlak boýnuna oralgydy (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler). Onuň ozaldan hem arryk ýüzüniň tumşuklary gysykdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Arryk adam. Arryk düşen mal.

2. Gurpdan düşen, güýji gaçan, gowy hasyl bermeýän (ýer hakda).

<> A r r y g y ň y   gynamak — bir zadyň ugrunda heläk bolmak, biderek alada etmek. Arrygyňy gynama, senem pu-uç! Biziň üçin arrygyňyzy gynamaň (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Dutar çalyp, aýdym aýdyp bilýän adamdan köp zat ýok, birneme arrygyňy gynamak gerek we olary tapyp getirmek gerek («Tokmak» žurnaly).


ARRYKLAMAK, 1. Horlanmak, arryk duşmek, etsiz-gansyz bolmak, eti gaçmak.

Onuň mallary bu ýyl bir kesele ýoluganlygy sebäpli, juda hor düşüpdi, arryklapdy (N. Jumaew, Ak derek). Emma ýedi ýaşy dolan çaga aýňalyp bilmeýärdi, şem ýaly kem-kemden ereýär-di, arryklaýardy, çöpe dönýärdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Güýçli aýazda iýmsiz mallar arryklaýar.

2. Köp ekin ekilip gurpdan duşmek, güýji gaçmak (ýer hakda).


ARRYKLATMAK, Horlamak, arryk düşürmek, güýjüni gaçyrmak (ýer hakda).


ARRYKLAÇ,   Onçakly etli-ganly bolmadyk, semiz däl, horrak.

Arryklaç adam. Arryklaç mal. Arrykla görnüşli bolmak.


ARRYKLYK, Etsiz-gansyzlyk, eti gaçanlyk, horluk


ARRYLDAMAK, ser. A r l a m a k.


ARRYLDY,  Käbir haýwanyň,  uly maşynyň güýçli sesi.   

Käwagtlar düşnüksiz  arryldy  eşidilýärdi, (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).