SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ARÇ

ARÇA, bot. Kiparisler maşgalasyndan bolan hemişe gök öwsüp duran agaç.

Çüýşegöz ody ölçerýärdi, arça salýardy. (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Men saňa gumdan sazak getirip bererin, dagdan hem arça getirip bererin (A. Gowşudow, Kepetdagyň eteginde). Arça köplenç daglarda bitýär.


ARÇALMAK, Hapasy ardylmak, bir zadyň ýoly, öňi arassalanmak. Ýap arçalyp gutaryldy.


ARÇAMAK, Haşal otuny aýyrmak, otamak, artmak, arassalamak. Diýdim men gaýdamda:—Ak sen parahat, Ekinmiz garaşýar, arçadyk ýoluň (N. Pomma, Saýlanan eserler).


ARÇATMAK, Bir zadyň ýoluny, öňüni arassalatmak, hapasyny aýyrdyrmak. Ýaplary arçatmak işi uzaga çekmedi.


ARÇAŞMAK, Arçamaga kömek etmek, arassalamaga kömekleşmek.


ARÇYN I, kön. s. Türkmenistanda rewolýutsiýadan öň: oba sowetiniň başlygy wezipesini ýerine ýetiren wezipeli adam.

Gaty gidersiň, sen arçynyň ogly boldugyň asman boldugyň däl (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Onuň girdejisini, bolsa oba arçyny eline-agzyna ýetirmän alýardy («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Bir gezek oba arçynlary stoluň başynda söhbet edip oturan ekenler (N. W. Gogolь, Eserler).


ARÇYN II, 0,71 metre barabar rus uzynlyk ölçegi. Üç arçyn mahmal.


ARÇYNLAMAK, Arçyn bilen ölçemek. Öňki wagtlarda matany arçynlap satypdyrlar.


ARÇYNMAK, ser. A r d y n j y r a m a k. Ol gelende hemişe arçynyp gelerdi.