SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ARY

ARY I, zool. Mör-möjekler maşgalasyndan bolan çakýan, ganatly möjejik. Onuň aýagyndan ary çakypdyr. Arynyň zäherin çekmedik, balyň gadyryn näbilsin (nakyl).

<> Arynyň öýjügini gorjam a k — degmedige degmek, etmesiz işi etmek.

Bal  a r y s y —: gul şirelerinden bal emele getirýän arylar maşgalasy.

E ş e k   a r y s y — bedeni tuýlek uly ary.


ARY II, Agaç kesmek üçin polatdan edilýän iri dişli ýasy plastinka, gural, iki adam bolup işledilýen uly byçgy. Egyn agaçlar ary bilen kesilýär.


ARYK [a:ryk], ser. Ýap. Öýümiziň ýakynynda bardy bir çuňňur aryk (A. Nyýazow, Şygyrlar).

Zähmet frontunda göreş gaýnaýar, Her esgerde joşgun meňzýär aryga (B. Kerbabaew, Aýlar).


ARYP [a:ry:p], kön. s. Bilimli, edepli, paýhasly, parasatly. Aryp bolsaň habar algyn sözüňden, Bir köýnegi bardyr egri dyzyndan («Görogly» eposy).


ARYŞ I, Dini düşünjä görä ýedinji asman, jennet.

* Arşa ýetmek — dabarasy dag aşmak, hemme ýere ýaýramak, mälim bolmak. Gülüp seredip dur onuň suraty, Halk içinde arşa ýetdi şöhraty (N. Pomma, Saýlanan eserler).

Öwüp arşa çykarmak— ser. Ö w m e k. Ol  kitaby öwüp arşa çykardy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


ARYŞ II, Arabanyň goşulýan malyň iki tarapyndan gelýän uzyn we ýogyn agaçlary. Furgony köpriniň üstüne çykaranymyzdan soň, Jepbar aga onuň arşyndan çekdi, biz yzyndan itekledik (B. Gulow, Hekaýalar).


ARÝERGARD, Harby ýörüş wagtynda esasy güýçler-den yzda barýan goşun bölumi.