SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ARK

ARKA I, 1. Göwräniň eginden inçe bile çenli bolan tutuş bölegi.

Arkasy mähnet torbaly, gara dere batyp, bir aýal gapdalymyzdan geçip gitdi («Tokmak» žurnaly). Lälik çaga ýaly, hemişe arkaňyz sypalyp durar öýdýämisiňiz (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Deşli garrynyň arkasy çygjarýardy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

2. Bir zadyň syrt ýüzi, ters ýüzi, ýeňsesi, yz tarapy.

Nirdendir arka tarapda göz ýetmeýen bir ýerden uzaga atýan agyr toplar gazaply sesleri bilen ýolbars ýaly arlaşýardylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Öýüň arka ýuzi.

3. göç. m. Daýanç, goldaw, hemaýat. Baýlaryň hileli düwnüni çöşüp, Garybyň arkasyn çalandan seçiň! (Mollamurt, Saýlanan eserler). Sen, gardaş, adamlara gowy arka durýarsyň (M. Gorьkiý, Ene). Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar (nakyl).

4. Kömekçi söz rolunda: Ol kakasynyň arkasyndan abraý gazanщak bolýar.

<> Arka durmak — biriniň tarapyny çalmak, biriniň bähbidini goramak, goldamak.

Arka tutunmak — biriniň kömek etmeginde, goldawynda, hemaýatynda bolmak.

Arkasyny  t u t m a k — tarapyny tutmak, arka durmak, tarapyny çalmak.


ARKA II, Nesil aýlanyşygynda her bir nesil. Halyçydyr garryň ýedi arka nesli. («Sowet edebiýaty» žurnaly).


A'RKA III, arhit. Ýaý görnüşinde gurulýan gurluşyk, ýaý görnüşinde edilýän bina.


ARKABA-ARKA, ser. A r k a m a-a r k a.

Çopanlar mallary aman saklamak üçin, özleriniň ata-babalaryndan arkaba-arka gelýän baý tejribe daýandylar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ARKADAG [arkada:g], Ýakyndan goldaw berýän, arkaňy tutýan, tarapyňy çalýan.


ARKADAÝANÇ, Goldaw berýän, hemaýat edýän, tarapdar. Ýeke men däl, men dek müňläp ýetişýär, Hemmesem' halkymyň arkadaýanjy (N. Pomma, Saýlanan eserler). Senden başga meniň arkadaýanjym ýokdur. Aşyr bilen Mawy Çernyşowyň ynamdar arkadaýanjydy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ARKAÝYN, Rahat, howatyrsyz, asuda, çekinmän, bökdençsiz, kynçylyksyz, ynjalykly.

Men ony arkaýyn etdim (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Bar, arkaýyn bol, haçan işiňi gutarsaň, şonda gel (Myraly). Arkaýyn dem alýar işden gelende, Saýlanýar, saýlaýar saýlaw bolanda (N. Pomma, Saýlanan eserler). Şeýle-de-bolsa, olar galmagalsyz örän arkaýyn gürleýärler-(N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

Minalary aýryp, bir näçe-ýerden arkaýyn geçmäge köçeler açdylar.


ARKAÝYNLANMAK, 1. Arkaýyn bolmak, özüňi arkaýyn etmek, göwnüňi hoş etmek, kanagatlanmak, ynjalmak. Gazanylanlar bilen arkaýynlanmak bolmaz-(«Sowet Turkmenistany» gazýeti).

2. Birine ynanmak, birine bil baglamak. Dostum, men saňa arkaýynlanyp geldim (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ARKAÝYNLAŞMAK, Arkaýyn boluşmak, ynjalyp başlamak. Ol özünden, öz geljeginden şeýle arkaýynlaşypdy, hatda gadamlaryny ýere basanynda, aýaklarynda kuwwat syzdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


ARKAÝYNLYK, Rahatlyk, asudalyk, dynçlyk, aladasyzlyk, ynjalyklylyk.

Malyňy gaty gyssama-da, arkaýynlyk bilen sür! («Görogly» eposy). Hawa, men-asyl garaşyp otyryn-da! — diýip, uzynak adam arkaýynlyk bilen aýtdy (M. Gorьkiý, Ene).


ARKAÝYNSYRAMAK, Özüňi arkaýyn alyp barmak,. has arkaýyn bolmak, özüňi arkaýyn duýmak


ARKAÝYNSYRATMAK, Birini arkaýyn etmek, arkaýyn bolmagyna sebäp bolmak.


ARKAÝYNÇYLYK, ser. Arkaýynlyk.

Olar hem arkaýynçylyga salaýsalar, işi kynlaşdyrarlar-(«Kolhoz günleri»). Pagta hasylyny ýygnamakda arkaýynçylyga ýol bermeli däldir.


ARKALAMAK I, Arka götermek, arka almak. Ol oduny arkalap çekýärdi.


ARKALAMAK II, 1. Eýerlemek ýa-da gaňňa salmak, üstüne jul atmak, üstüne keçe ýapmak (at, eşek we ş. m. hakda). Myhman eýýäm otdan düşüp, ony arkalapdyr.(«Sowet edebiýaty» žurnaly)


ARKALANMAK, 1. Biriniň kömegine daýanmak, biriniň goldawyna arkaýyn bolmak, tarapyň tutuljakdygyna ynam bildirmek. Biz daýhan wepasyna ynanýarys, şolara arkalanýarys (B. Kerbabaew,'Aýgytly ädim).

2. Eýerlenmek, üstüne jul, keçe ýapylmak. Jigitleriň atlary arkalangydy.


ARKALATMAK, Eýer, gaňňa saldyrmak, üstüne jul, keçe ýapdyrmak. Aty arkalatmak.


ARKALAŞMAK, Biri-biriňe kömekleşmek, gezekleşip biri-biriňe ýardam etmek, özara ylalaşyp, biri-biriňe kömek etmek.

Ýalkap dosty Çarýar bile Arkalaşyp ýerin ekdi (Çary Aşyr, Poemalar). Ondan soň hem arkalaşarys ahyry («Sowet Turkmenistanynyn aýallary» žurnaly). Arkalaşan ýow gaýtar (nakyl).


ARKALAŞYK, Özara ylalaşykly kömek, gezekli-gezegine edilýän ýardam, dostlukly gatnaşyk.

Şu iki garyp maşgala arkalaşyk bilen daýhançylyk işine başladylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


ARKALAŞYKLY, 1. Özara ylalaşykly, özara kömekli kollektiw. Adamzat hiç wagt biziň döwrümiz-däki ýaly agzybir we arkalaşykly ýaşamandyr («Sowet' edebiýaty» žurnaly).

2. Agzybir, dostlukly. Diýmek, kanunyň hemme maddasi boýunça, her bir ýagdaýy arkalaşykly derňemäge sebäp tapylýar (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Olar arkalaşykly ýaşaýarlar.


ARKALY I, 1. Giň sagryly, giň ýagyrnyly, arkasy uly bolan (mal hakynda). Arkaly at. Arkaly ulag.

2. Tapawutly, gowy, giň. Sen ol işleriň birinde hem durman gitdiň, şindem başlyk arkaly adam (A. Durdyew. Saýlanan eserler). Bolsa-da gelin örän arkaly we asylly maşgala ekeni (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


ARKALY II, 1. Tarapdary bar bolan, goldawly, daýançly.

Men bikärleri halamasam-da, saňa gezek gelende gaty arkalydyryn («Mydam taýýar» gazýeti).

Arkaly köpek gurt alar (nakyl).

2. «Kömegi bilen, üsti bilen» diýen manylarda gelýän poslelog. Biz ony diňe familiýasy arkaly tanaman, ähli keşbinden hem tanaýardyk («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bakteriýalary mikroskop arkaly görmek bolýar.


ARKAMA-ARKA, Nesilme-nesil, bir näçe arka boýunça.


ARKAN I, Simden ýa-da süýümden işilip edilýän ýogyn ýüp.


ARKAN [arka:n] II, 1. Arkanlygyna, arkasyna, ýagyrpysy aşak, ýeňse.

Ili aldap, arkan düşüp ýatanlar, Pagtalyk diýip birin ike satanlar (Mollamurt, Saýlanan eserler).

Ol boýnunyň sandyrawuk hem güýçli hereketi bilen kellesini arkan taşlady (M. Gorьkiý, Ene).

Çüýşegöz kükregine çenli ýorgany çekip, arkan düşüp, kuşetkänyň üstünde ýatyrdy. (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Bir zadyň yzyna, tersine tarap.

Oturgyjyň ýagyrnyňa söýget berýän ýeri arkan ýazylyp gitdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Duşmanlaryň gatyrlary, ýabylary ürküp, arkan serpdiler (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Uçup gelýän guşlar arkan serpikdi.


ARKANJAKLAMAK [arka:njaklamak], ser. Arkanlamak . Serheň baş egip, arkanjaklap çykyp gidenden soňra, Hekimilmülk şol öňki ýagdaýynda guran agaç ýaly bolup durdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


ARKANLAMAK  I, Arkan bilen daňmak, baglamak.


ARKANLAMAK [arka:nlamak] II, Arkan çekilmek, yza çekilmek, götinjeklemek.


ARKANLYGYNA [arka:nlygyna], ser. Arkan II.

Öz-özlerinden dowul tapyp, arkanlygyna serpdiler («Görogly» eposy). Gapyny ak ýüzli, ýylgyryp duran, sary saçy arkanlygyna daralan gelin açdy (N. Sary-hanow, Saýlanan eserler).


ARKASYZ, Tarapdary bolmadyk, goldawsyz; hossarsyz.


ARKASYZLYK, Goldawsyzlyk, tarapdary bolmazlyk, tarapyny tutýan bolmazlyk, hossarsyzlyk.


A'RKTIKA, Ýer şarynyň Demirgazyk polýar oblasty. Sowet Arktikasy.


ARKTIKI, Arktika degişli bolan, Arktika has bolan.