SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ARH

ARHAIZM, 1. Könelişen, ulanylyşdan galan söz ýa-da grammatik forma.

2. göç. m. Geçmişiň galyndysy.


ARHAIK, Gadymy zamanlara has bolan, köne, ulanylyşdan galan. Arhaik stil.


ARHEOGRAF, Arheografiýa boýunça spetsialist.


ARHEOGRA'FIÝA, Geçmişiň ýazuw ýadygärliklerini ylmy taýdan ýygnamak, ýazmak, neşir etmek işi bilen meşgullanýan ylym.


ARHEO'LOG, Arheologiýa boýunça spetsialist. Arheologlar şunuň ýaly gorganlaryň köpüsini gazyp agtardylar (Gadymy dünýä taryhy). Sowet arheologlary Orta Aziýada, Sibirde ajaýyp açyşlar etdiler.


ARHEOLOGIK, Arheologiýa degişli, arheologiýa mahsus bolan. Arheologik barlaglar. Arheologik gazyp agtaryş.


ARHEOLOTIÝA, Saklanyp galan ýadygärliklere esaslanyp, gadymy halklaryň durmuşyny, medeniýetini öwrenýän ylym. Gazyp çykarmaklyk bilen arheologiýa ylmy meşgullanýar (Gadymy dünýä taryhy).


ARHIW, 1. Köne we gadymy dokumentler saklanýan edara. Taryhy materiallar saklanýan arhiw.

2. Edaranyň köne dokumentler saklanýan bölümi.

3. Bir edaranyň ýa-da adamyň işine degişli golýazmalar, hatlar we ş. m. ýygyndysy.


ARHIWA'RIUS, Arhiwe ýolbaşçylyk edýän adam.


ARHIPELAG, Biri-birine ýakyn erleşýän deňiz adalarynyň jemi.


ARHITEKTO'NIKA, 1. Deň ýagdaýda duran böleklerden emele gelen bitewilik.

2. Geologik gurluşyň, dag jisimleriniň ýerleşişiniň umumy görnüşi.


ARHITE'KTOR, Jaý gurluşygy, arhitektura boýun-ça spetsialist. Ol Wenetsiýanyň üsti bilen arhitektorlar çagyryp getiripdir (SSSR taryhy).


ARHITEKTURA, 1. Gurluşyk sungaty, jaýlaryň binasyny goýmak, jaýlary salmak seneti.

Sowet arhitekturasy boýunça salnan iki gat jaý örän owadan görnüşlidi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Häzirki zaman arhitekturasy. Gadymy grekleriň arhitekturasy,

2. Gurmaklygyň stili, bina etmek stili. Jaýyň arhitekturasy. Arhitekturasy nepis jaý.