SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ARZ

ARZ, 1. Bir zada närazyçylyk bildirilip edilýän şikaýat.

Baýara arz edip, diwana girdim (Mollamurt, Saýlanan eserler). Meniň çynym, özem iki-üç güne çenli hasaplaşmasaň, baryp batraçkoma arz etjek (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly).

2. Adalatsyzlygy, nädogrulygy we ş. m. ýok etmek maksady bilen edilýän resmi şikaýat.

Bogdan Hmelnitskiý Warşawada şowsuz arz edişlerden soňra, kazaklary gizlin maslahata ýygnapdyr (SSSR taryhy).

3. Haýyş, ýüz tutma. Aýlar! Belki, arzym kabul edersiňiz (B. Kerbabaew, Aýlar). Arzymny eşitgil arabyň şahy, Gülendam dek söwer ýary  görmedim   («Görogly»   eposy).


ARZA, Bir zat hakda hat üsti bilen edilýän şikaýat, haýyş. Meniň şu arzamy raýon halk suduna bir ýetir (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ogluň-da şu ýyl gitmäge göwnemeýär, galmak üçin arza ýazdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Bilersiňiz, tam saldyryp görseňiz, Hökumet kömek biýr, arza berseňiz (Mollamurt, Saýlanan eserler).


ARZAN [arza:n], Nyrhy pes bolan, gymmat däl, bahasy az bolan.

Bu ikisi hasap edişip, jedelleşip, biri ýaşşigi arzan düşürýär, ikinjisi bolsa sebedi arzan düşürýär (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Olaryň nyrhlary-da geçen ýyldakysyndan has arzan («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Zatlar örän arzan we bol bolmaly (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

* Arzan düşmezlik — aňsat düşmezlik. Emma bu synanyşyk nämetslere arzan düşmedi (X. Ysmaýylow, Powestler). Beýle zat saňa arzan düşmez, Sapa! (B. Pürliew, Ilkinji gün).


ARZANLADYLMAK [arza:nladylmak], Bir zadyň nyrhy peseldilmek, bahasy arzan edilmek, aşakladylmak. Kitaplaryň nyrhlary orta hasap bilen 18 protsent arzanladyldy («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


ARZANLAMAK [arza:nlamak], Nyrhy peselmek, arzan bolup başlamak, bahasy aşaklamak. Kartoşkanyň şeýle hem kelemiň nyrhy geçen ýylyň şu döwründäkisinden üç esse diýen ýaly arzanlady («Sowet Türkme-nistany» gazýeti).


ARZANLATMAK [arza:nlatmak], Nyrhyny peseltmek, arzan etmek, bahasyny aşaklatmak. Köp ulanylýan önümleriň bahalaryny barha arzanlatmak işi barada degişli çäreler görülýär.


ARZANLYK [arza:nlyk], ser.  Arzançylyk.


ARZANÇYLYK [arza:nçylyk], Gymmat dällik, nyrhy peslik, arzanlyk. Häzir bizde hemme ýerde arzançylyk.


ARZAÇY, Arza beren adam; arz edegen adam. Ezize dumly-duşdan arzaçylar hem ýagyp başlady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ARZUW, Bir zada bolan höwes, isleg. Şonuň ýaly okamagy hem rus diline ökdelemegi arzuw edýärdik («Tokmak» žurnaly). Beýik arzuwlara beslenen nesil, Urşuň odun söndir ol üzül-kesil («Oktýabrь ýalkymy»), Onda gurply we şatlykly durmuşda ýaşamak arzuwy bar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Inžener bolmaklyk Kümşuň arzuwydyr («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

* Arzuwa ýetmek — öňüňde goýan arzuw-islegiň amala aşmak, maksada ýetmek.


ARZUWDAŞ, Edýän arzuwlary bir bolan. Ol ýigitler umytda arzuwdaşdylar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


ARZUWLAMAK, Arzuw etmek, islemek. Arzuwlap tapmadym ol ala gözi, Toýlar-tomaşalar tuta bilmedim («Görogly» eposy).


ARZUWLY, 1. Arzuw edilýen, islegli, garaşylýan.

Begler, siziň arzuwlyňyz, Geldi, Öwez oglum, geldi («Görogly» eposy).

Meret diýdi: — Sonam, haçan toý bolar? Arzuwly pursatlar näwagt geler? (D. Baýmyradow, Söýgi we mekirlik). Emma seniň ol ýerde, meniň bu ýerde närazylygym bilen ol arzuwly gün gelmez (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. Arzuwy, islegi köp bolan.


ARZYLY, Gadyr-gymmaty köp bolan, gowy görülýän, hormat goýulýan.

Emma welin, arzyly myhmanyň elinde diňe bir gazýetden başga sowgat ýokdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Nejis duşmanlar nirede arzylyny yzarlaýar — diýşip gynanýardylar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Parahatlyk! Ýer şarynyň millionlarça adamlarynyň iň arzyly islegi şu söz bilen baglanyşyklydyr («Mydam taýýar» gazýeta).


ARZY-HAL [arzy-ha:l], Ýagdaý, hal-ahwal. Iki ýaraly göwnüň arzy-halyny aýdyşmagyna mümkinlik bermedi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Şatuduň astynda olar oturyp, Arzy-halyn bir-bir beýan edişdi (R. Seýidow, Bagtlylar).