SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ARM

ARMA [a:rma], gepl. d. ser. A r m a w e r i.

Baýram bilen Hummet aga seýalka bilen ýanaşyk ýöräp, oňa: — Arma, Derýaguly aga! — diýip gygyrdylar (N. Jumaew, Ak derek).


ARMAWERI [a:rma:weri], Işläp duran adama «ýadama» diýen manyda ýüz tutulyp aýdylýan söz. «Armaweriň, gaýrat ediň!» diýýär-de, Dykgat berýär gök deňiz deý pellere («Sowet edebiýaty» žurnaly). Näzikjamal eje, armaweri! (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


ARMA'DA, Harby gämileriň we samoliotlaryň uly birikmesi. Şol eskadra «ýeňilmez armada» diýlip at berlipdir (Orta asyrlar taryhy).


ARMAK [a:rmak], Ýadamak, ýadap lejiň çykmak, ýadap halys bolmak.

Aryp ýadan bolsaň, men seni süýrege alaýyn («Görogly» eposy). Pökgi mirap aryp gelendir (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Armaň-ýadamaň, kuwwat tapyň! Salam gyzlar, armaň! (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy).


ARMAKLYK [a:rmaklyk], Ýadamaklyk, ýadap halys bolmaklyk. Işde armaklyk bolmaz.


ARMAN [arma:n] I, 1. Ýetilmedik maksat, durmuşa geçmedik arzuw.

Aýsoltan bile goşuny birikdirip bilse, Begenjiň dünýäde armany ýokdy. (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Ökünç, puşman, öýke, kine.

Süýthorlaryň arman galdy janynda. Armanym köp öňki öten wagtyma, Başym aýlap, şikes berdi bagtyma (Mollamurt, Saýlanan eserler). Jellatlar tapmasyn derdine derman, Ýüreginde galsyn dag bilen arman. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Bürgüt penjesinde, hazan elinde,- Arman galdy gözel dagyň gülünde (N. Pomma, Saýlanan eserler).

<> Arman çekmek —ahmyr çekmek, gaty gynanmak, ökünmek.


ARMAN [arma:n] II, Şowsuzlyga uçralanda edilýän ökünji bildirýän «wah, biderek, nähak» ýaly manylarda gelýän ümlük.

Ýüz elli ýyl boldy doglanyň, bäri, Arman, sen görmediň oňat zamany (N. Pomma, Saýlanan eserler). Gaty gowy maşgala, arman, saçy inçejik ekeni (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ine, arman, tanyşmanyňyz bolmandyr — diýdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Arman, elimden sypaýdy.


ARMANLY [arma:nly], Armany galan, maksadyna ýetmedik, arzuwly, arzuwy gowuşmadyk. Gatnaýa-gatnaýa bir ýylda irdim, Düýeler armanly gitdi, Meňli han (Mollamurt, Saýlanan eserler). Indi bu öýden çykmak— armanly ölmekdi (A. Gowşudow, Mehri—Wepa).


ARMANLYLYK [arma:nlylyk], Ahmyrlylyk, maksadyňa ýetip bilmän galmaklyk, arzuwyňa gowuşman galmaklyk.


ARMANSYZ   [arma:nsyz], Ahmyrsyz,  armany bolmadyk, armany galmadyk.

Adalat ugrunda öz ömrüni belli maksada gurban edýän adamynyň ömri armansyz geçýär diýen pikiri    oýadypdy    (M.Ibrahimow,  Ol gün geler).


ARMANSYZLYK [arma:nsyzlyk], Ahmyrsyzlyk, armany ýokluk, armanly bolmazlyk.


ARMAN-ÝADAMAN [a:rma:n-ýa:dama:n], Birsyhly, dynuwsyz, hemişe, ýadawlygy bilmän. Samoderžawiýaniň reaktsion roluny rehimsiz suratda paş edip, ikisi-de arman-ýadaman göreş alyp bardylar (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbirew, Pedagogika).


ARMATURA, 1. Bir apparatyň, maşynyň enjamlary, abzallary, şaýlary.

2. Demirbeton desgalaryň demirden edilýän esasy.  Suwaryş ýaplarynyň armaturasy suwuň sarp edilişini sazlamak we kanallarda suwuň belentligini belli bir derejede saklamak üçin gerekdir (F. G. Sewostoýanow, Turkmenistanda gowaçanyk suwarylyşy).


ARMATURAÇY, Armatura gurmak boýunça spetsialist, gurluşyk işçisi. Ol ýere Ukrainadan armaturaçylar geldiler («Pioner» žurnaly).


ARMYT, bot. Süýnmegräk hasyl getirýän agaç hem-de onuň miwesi. Dürli reňkdäki mähnet armytlar sallanyşyp görünýär (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ala dagyň armydy, Eneň-ataň barmydy? Seni ýada bereniň Iki gözi körmüdi? («Turkmen halk şahyrana döredijiligi»). Her hili miweli armyt-almaly, Injirli baglary bardyr kurortyň (Ata Salyh, Saýlanan eserler).