SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ART>

ART [a:rt], Arka, yz tarap, syrt, yz.

Ala köpek hasanaklap, art aýaklary bilen gar tozadyp, onuň öňünden çykdy («Kolhoz gunleri»). Göterip atynyň ardyna aldy («Görogly» eposy). Düýe iki ardyny ýokary galdyranda, Mamanyň ýüzi boz-ýaz bolup:—Ýa alla! — diýip, arkan gaýyşdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ARTBAGYŞ [a:rtbagyş], Gara öýüň gözenegi, açylýan ýeri, düýp tärim tarapy.

Ol seýkin-seýkin basyp, öýüň artbagşyna bakan aýlandy. Nika okalyp başlanaly bäri, öýüň artbagşyna geçip, «bagçynyň bagyny kesýän» syndy jygyldysy-da şol bada dyndy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ARTBUJAK [a:rtbu:jak], 1. Otyr-ýer, täret ýeri.

Ýagyş gurçugynyň bedenine lupa bilen seredip, öň tarap ujunda agyz deşigini, beýleki ujunda bolsa artbujagyny görmek bolýar (W. F. Şalaew, N. A. Rykow, Zoologiýa).

2. Meşik, ýanlyk ýaly gaplaryň iki artky bujagy.


ARTDYRMAK I, 1. Artyp galdyrmak, süýşürmek.

2. Köpeltmek, sanyny ösdürmek, üstüne goşmak. Tygşytlyk daýhanyň açar ýoluny, Güýçlendir hojalyk, artdyr malyny (Mollamurt, Saýlanan eserler).

3. Ýokarlandyrmak, güýçlendirmek. Harmanyň düýbünden turan agy sesi ol gussany has hem artdyrdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Önümçiligi artdyrmak üçin sotsialistik ýaryş giňden ýaýbaňlanyp başlady («Edebiýat»):


ARTDYRMAK II , 1. Birine supurtmek, arassalatmak, tämizletmek.

Döle artdyrmak. Ýataklary artdyrmak.

2. Gabygyny aýyrtmak, daşynyň hamyny soýdurmak. Käşir artdyrmak. Sogan artdyrmak.


ARTDYRYLMAK I, 1. Artykmaç galdyrylmak, süýşürilmek. Müň manat pul artdyryldy.

2. Köpeldilmek, ösdürilmek, üstüne goşulmak. Altynjy bäşýyllykda Krasnowodsk portunyň ýük dolanyşygy iki esse diýen ýaly artdyrylmalydyr («Sowet Turkmenistany» gazýeti).

3. Ýokarlandyrylmak, güýçlendirilmek. Biziň kolhozçylarymyz artdyrylan güýç bilen işleýärler («Kolhoz günleri»).


ARTDYRYLMAK II, 1. Arassa etdirilmek, tämizlet-dirilmek.

Döleler artdyryldy. Atlaryň ýatagy artdyryldy.

2. Gabygy soýdurylmak, daşynyň hapasy aýyrdylmak. Kartoşkalar artdyrylyp gutaryldy.


ARTEZIAN: artezian guýusy — burawlanyp gazylyp, suwy turbadan batly çykýan guýy.

Iki sany, artezian guýusyny täze obada gurmak kesgitlenipdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Biziň köçämiziň suwy sowukdy, Artezian bulagnyň çogy-da bardy. (G. Seýitliew, Saýlanan goşgular).


ARTE'LЬ, 1. Bir hünärdäki adamlaryň, esasan hem senetçileriň önümçilik birleşigi.

2. Önümçilik serişdelerini umumylaşdyrmak esasynda kollektiw hojalygy alyp barmak üçin, graždanlaryň önümçilik birleşiginiň esasy sotsialistik formasy.

Moskwa raýonynyň Lenin adyndaky oba hojalyk artelinde maldarçylygyň iň girdejili pudagy bolan doňuzdarçylyk örän çalt ösdürilýär («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Arteliň düzgünnamasyny köpçülige düşündirmek komsomollaryň borjy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ol ikisi düýpde, artelden alan dokmalarynyň üstünde ýüzlerini galdyrman çitýärdiler (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Artele tabşyrylan düýp halylaryň hemmesi birinji sortdan geçdi.


ARTERIAL, anat. Arteriýa degişli bolan. Arterial basyş.


ARTERIOSKLERO'Z, med. Arteriýa sklerozy, arteriýanyň gapdaljyklarynyň çişip galňamagy hem-de öz çeýeligini ýitirmegi bilen peýda bolýan kesel.


ARTE'RIÝA, 1. Ýürekden bedeniň ähli organlaryna gan ýöredýän gan damar. Gany kelle we ellere äkidýän iri arteriýalar aorta ýaýyndan aýrylyp gidýärler (A. N. Kabanow, Adamyň anatomiýasy we fiziologiýasy).

2. göç. m. Möhüm aragatnaşyk ýoly.


ARTIKL, gram. Käbir dillerde atlaryň haýsy roda degişlidigini görkezmek üçin olaryň öňünden getirilýän ownuk bölek.


ARTIKUL, Harydyň hili  ýa-da  görnüşi.


ARTIKULÝATSION, Artikulýatsiýa degişli bolan, artikulýatsiýa mahsus bolan. Artikulýatsion baza.


ARTIKULÝA'TSIÝA, Dil biliminde: sesleri emele getirmekde gep organlarynyň hereketi.


ARTILLERI'ST, Artilleriýa harby gullukçysy.


ARTILLE'RIÝA, 1. Ot açýan top, minomiot, gaubitsa we ş. m. ýaraglar. Artilleriýa lafeti.

2. Şeýle ýaragly goşun. Artilleriýada gulluk etmek.

3. Ot açýan ýaraglaryň tehnikasyny we ulanylyşyny öwrenýän ylym.


ARTI'ST, Sungat eserlerini sahnada köpçülik öňün-de ýerine ýetirmek bilen meşgullanýan adam.

Teatryň görnükli artistleriniň altysy Lenin baýragyna mynasyp boldular. Artistleriň çykyşy. At gazanan artist.


ARTISTIK, Artiste degişli bolan.


ARTISTLIK, Artist bolup işlemeklik, artistiň käri. Ol kino-teatrlara tomoşa baranda bolsa:—Artistligem gowy kär — diýerdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

ARTLAŞMAK [a:rtlaşmak], Iki bolup münmek (ata, eşege, düýä we ş. m.). Artlaşyp ýaba münmek. Artlaşyp düýe münmek.


ARTMAK I, I. Artykmaç galmak, süýşmek.

Edilen çakdan pul örän köp artdy. Galla hem artyp galdy.

2. Köpelmek, ýokarlanmak, ösmek. Mähriniň gaharjaňlygy hem artypdyr (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Kolhoz Meýdanlarynda traktorlaryň sany ýylsaýyn artýar.


ARTMAK II, 1. Arassalamak, süpürmek, tämizlemek.

Döle artmak. Işikdäki gary artmak.

2. Gabygyny, daşyny soýmak, gabygyny aýyrmak. Kartoşka artmakdan beter agyr iş ýok («Sowet Türkmenistanьşyň aýallary»žurnaly).


ARTYK, 1. Süýşük, artykmaç, gereginden artyp galan (zat). Kassada goýsaňyz artyk puluňyz, gerek wagy alyň boşdur eliňiz (Mollamurt, Saýlanan esere).

2. Köp, zyýat; başga.

On ýyl ýaşadym welin, şondan artygy başartmaýar (M. Gorьkiý, Ene). Manat ýasaýanyň ogly bolanymda-da, şundan artyk pul sowup bilmerin (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

3. göç. m. Ajaýyp, aýratyn, tapawutly, juda gowy. Öňküden-de artyk bolsun owadan (N. Pomma, Saýlanan eserler). Onuň ejesi gyzyny çenden artyk söýýärdi (A. Gowşudow,. Mähri—Wepa). Meniň ol gyzlardan nämäm artyk? (G, Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy).

* Çenden artyk — örän köp, gereginden artyk.


ARTYK LYK, 1. Agdyklyk, köplük, zyýatlyk, artyk-maçlyk.

Ýene bir kürüşgejik bolaýsa, artyklyk etmejek eken — diýdi («Tokmak» žurnaly).

2. Tapawutlylyk, aýratynlyk. Onuň senden artykmaçlygy görnüp dur ahyry.


ARTYKMAÇ, 1, Gereginden agdyk, köp, artyk, süýşük.

Daýhanda malyna emlemäge artykmaç galla nirede? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gylýallaň hem düýeleň näçe bolsa plany, Bizde artykmaç bolýa, sizde nähili, dostum? (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Plany artykmajy bilen ýerine ýetirdik. Artykmaç öndürmek. Artykmaç ekmek. Artykmaç tabşyrmak.

2. Ajaýyp, gowy, oňat, gözel, tapawutly, aýratyn.

Hawa, hawa, ony bilýän, onuň gaty artykmaç gyzy bardyr (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

3. Gereksiz, biderek, gereginden artyk. Aşyryň oňa artykmaç azar beresi gelmedi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

4. Mundan beýläk, indi, dagy. Töwerekdäki eýmenç görnüşe artykmaç çydaman, Artyk içerik girdi. Artykmaç çydara hiç kimde takat galmadyk ýaly göründi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ARTYKMAÇLYK, ser. Artyklyk.

Ondan başga täze ak tamyň artykmaçlygy hakda-da sözleýärdi (N'. Saryhanow, Saýlanan eserler). Şeýle ýoluň haýsydyr bir aýratyn artykmaçlygy bardyr diýip, ykrar etmek bolmaz («Sowet Turkmenistany» gazýeti).


ARTYK-SÜIŞÜK, ser. Artyk

 Artyk-süýşük gallanyň baryny ýygnap tabşyrmak.


ARTYKSYRAMAK, Özüňi artyk saýmak, özüňi ýokary tutmak, tekepbirlik, ulumsylyk etmek, gopbamsyramak.


ARTYP [arty:p], Bir zada igenilende, käýinilende ulanylýan söz. Artyp galmyş ýara köp azar berdi.