SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ARG

ARGAMAK, 1. zool. Dag keýigi. 2. ken. s. Bedew at.


ARGAÇ, dokm. Erşiň içinden iki taraplaýyn naýça bilen geçirilýän ýüplük. Çep eli bilen, dokmany basyp argajyny geçirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Argajy endigan bermekligi birkemsiz ýerine ýetirdik. («Sowet Turkmenistanynyn aýallary» žurnaly).


ARGO, Aýratyn sotsial toparyň ýörite sözleri şertli aňlatmalar.


ARGON, him. Himiki element, gögümtil yşyk berýän reňksiz, yssyz gaz.


ARGOTIZM,  Argo degişli  sözler  we  aňlatmalar.


ARGUMENT, mat. Garaşsyz üýtgeýän ululyk.


ARGYN [a:rgyn], Ýadap halys bolan, ýadaw. Argyn görnüş. Adamlaryň ýüzi argyn gärünýärdi.


ARGYNLYK [a:rgynlyk], Argyn, ýadaw halda bolmaklyk, ýadawlyk.

Siziň polkuňyzda argynlyk duýulýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýetginjekler jahyllar bolsa argynlyklaryna garaman, iki topara bölünip, pökgi oýnaýardylar (A. Gowşudow, Powestl we hekaýalar).


ARGYNÇYLYK [a:rgynçylyk], ser. A r g y n l y k. Söýgüli dost, mähriban ýoldaşlar arasynda uzak ýoluň argynçylygy göge sowrulan ýaly ýok bolup gitdi (K Işakow, Watan üçin).


ARGYŞ, Söwda edip bir ýurtdan däne, galla getirmeklik. Pökgen argyşdan getirenje dänesini biziň öýümizde ýygşyrdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Gyş azygymy edineýin — diýip, bir-iki ganar ýuň, bir-iki ganar kömür bilen Arkaja argyşa gitdi» (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


ARGYŞLAMAK, Argyşa gitmek, argyşa gidip galla getirmek.

Daşhowuzdan, Hywadan argyşlap gelýän kerwenler olary görenlerinde gorkdular (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

ARGYŞÇY, Argyşa gidip galla getirýän adam. Olaryň belent sussy, egirt keşbi ýeke düýekeşleriň, ýeke argyşçylaryň däl, olaryň duşlaryndan geçenleriň göwnünde-de oňat täsir galdyrýardylar. Emma häzirki kerwen, häzirki argyşçy bütinleýin başgady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).