SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ARI

ARIO'ZO, Kiçirek ariýa. «Zöhre—Tahyr» operasyn-dan Tahyryň ariozosy.


ARISTOKRAT, Aristokratiýa' degişli adam, buržuaz ýurtlarda ýokary gatlagynyň wekili.


ARISTOKRATI'ZM, Dworýançylyk-buržuaz jemgyýetinde: aristokrata mahsus bolan gylyk-häsiýet.


ARISTOKRATIK, Aristokratiýa has bolan, aristokratiýa esaslanýan. Boýarlar dumasy aristokratik edara bolupdyr. Nowgorod ol wagtlarda barha feodallyk aristokratik respublikasy häsiýetini alypdyr (SSSR taryhy).


ARISTOKRATIÝA, 1. Feodal we kapitalistik jemgyýetinde: dworýanlaryň, agalyk edýän synpyň ýokary gatlagy.

2. tar. Gadymy Gretsiýada döwlet häkimiýetiniň bir formasy.


ARIFMETIKA, TSifrler bilen aňladylýan sanlar hem-de olaryň üstünde işlemek dogrusyndaky ylym, taglymat. Gözenekli depderi arifmetika üçin peýdalanýarlar («Tokmak» žurnaly). Arifmetika sapagy.


ARIFMETIKI, Arifmetika degişli bolan. Arifmetiki gönükme.


ARIFMOGRAF, Öz-özi mehaniki suratda hasaplap, lentanyň ýüzüne ýazýan mehanizm, abzal.


ARIFMO'METR, Arifmetiki amallary mehaniki suratda hasaplaýan mehanizm, abzal.


A'RIÝA, sazç. Köplenç operada orkestriň sazandarlyk etmegi bilen bir adamyň sesi üçin çalynýan saz eseri, şonuň ýaly-da bir adamyň sesi bilen aýdylýan aýdym. «Şasenem—Garyp» operasyndan ariýalar ýerine ýetirilýärdi («Kolhoz günleri»).