SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ARL

ARLAMAK, 1. Güýçli ses çykarmak, gygyrmak, elhenç ses etmek.

Gyrat arlap atylmasa, Şir, peleň deý topulmasa («Görogly» eposy).

2. göç. m. Ýerliksiz çişmek, haýbat atmak, güplemek. Peýdasy ýok «bolsun» ekip gürläniň, Netije bermejek har dek arlanyň (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler). Namart aş üstünde arlar (nakyl).


ARLATMAK, Güýçli, aýylganç ses etdirmek, arlap Durmagyna sebäp bolmak.


ARLAŞMAK, Köp bolup arlamak, bir näçe bolup arlap durmak.

Şol meýdanda traktorlar arlaşýardy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


ARLY I, «ýyl, tomus, gyş»  ýaly wagt aňladýan sözleriň öňünden gelip,  «bütin»  manysyny aňladýan  söz.

Arly tomsy günüň aşagynda gezmekden bugdaýreňk ýüzleri gara ýanyk bolan ýigitleriň ýagyrnysyndan çykan derleri mele köýneklerini şorladypdyr (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Ol özleriniň mähriban öýi hakynda pikir edýärdi, arly gyş çölde bolup, atasy bilen birlikde başyndan geçiren wakalaryny birin-birin ýatlaýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ARLY [a:rly] II, Öji, ary bar bolan, öçli. Arly adam. Arly galmak. Arly bolmak.


ARLYK, Bäbek gundalanda aşagyna düşelýän bölek mata.

Ýüp üstünde arlyklar asylyşyp durýar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


ARLYKGÖL [arlykgö:l], Çuwala salynýan nagyş.

Bir gezek ol, söwdagärleriň birinden polkownige oraýana düýphaly, arlykgöl haly-çuwal alyp berdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).