SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MAW

MAG

MAD

MAÝO

MAZ

MAÝ

MAK

MAL

MAM

MAN

MAŇ

MAP

MAR

MAS

MAT

MAU

MAH

MAÇ

MAŞ

MAÝA


MAW [ma:w], Pişik gygyranda  çykýan ses, pişigiň sesi. Pişik «maw» edip, çatmanyň agzyna geldi  («sowet edebiýaty» žurnaly).

<>Mawa    gelmek — ýala gitmek (pişik hakinda).

MAWZOLEÝ, Mazaryň üstünde gurulýan jaý, ymarat. Lenin  mawzoleýi bu ýerde otyr, içinde babamyz parahat ýatyr (R. Alyew, Kommunizm ýolunda). Dogrudan-da Täçmahalyň  ak mermýerli mawzoleýini döreden halk, gör nähili talantly halk! Ýas korteži mawzoleýiniň yanyna baryp durýar («Pioner» žurnaly). Beýik mawzoleýe seredýän siňa («Sowet edebiýaty» žurnaly).

MAWLAMAK, [ma:wlamak], Maw-maw edip gygyrmak, gygyryp seslenmek (pişik hakynda). Daýzanyň penjesiniň astynda pişik boguk sesi bilen mawlady. ( A.P.çehof.Saýlanan eserler). Gyra çykyp eşiklerini geýensoň, olaň biri pişik ýaly mawlady ( N. Pomma , saýlanan eserler). Ol birden it bolup üýrdi, güjük ýaly çyňsady, pişik ýaly mawlady (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

MAWLATMAK [ma:wlatmak], Maw-maw edip seslendirmek, gygyrtmak. Çaga pişijegi mawlatmak.

MAWLAŞMAK [ma:wlaşmak], Maw-maw edip gygyryşmak, bir topar bolup mawlamak (pişik hakda). Pişikler mawlaşdylar.

MAWRLAR, Demirgazyk Afrikanyň ýýerli ilatynyň we Demirgazyk Afrikanyň basyp alan araplaryň gadymy ady (Müsür muňa girmeýär).

MAWUJA [ma:wuja], him. Köplenç deňiz suwlarynda bolýan kükürt kislotasynyň käbir duzunyň ady. Edil mawujua basylan ýaly diriň-diriň bökdüribermezmi? (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

MAWUT [ma:wut], Syk dokalan, ýüzi tekiz ýüň mata. Mazut bilen gatan gara mawut jalbarynyň ýama sany ýokdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol şu ýerde gyzyl mawut bilen örtülen stoluň başynda otyr («Sowet edebiýaty» žurnaly). Rusa mawut we başga matalar, şolar ýaly-da metal harytlaryny getiripdirler (SSSR taryhy).

MAWY [ma:wy], Açyk ýiti gök reňk. Mawy asmanda bulut ýok diýýerlikdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).

Ol orta boýly, ýasy garyn, saryýagyz, mawy gözli, gyr-çuw sakgal adamdy  (A  Durdyew,    Saýlanan eserler). Piotr mawy gözlerini gyrpyldatdy-da.   — Kelje  Sähet! — diýip, birden gygyranyny özi hem duýman galdy (A   Gowşudow, Mähri—Wepa).