GABA [ga:ba], 1. Göwrümi uly, garasy ullakan, daş görnüşi uly bolan. Durdy çopanyň ýüzi bilen gaba telpegi göründi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Işana ýok bu gün goýun kellesi, It ýüňüne meňzär gaba sellesi (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler). 2. Çişik, ýogyn. Dok möjekler gaba garnyn çekendir, Tire-tarapkeşlik tohmun ekendir (Mollamurt, Saýlanan eserler). 3. köp. Süriniň gabasy suwa ýakyldy. GABAW [ga:baw], 1. Galanyň ýa-da goşunyň daşyna duşmanyň guran halkasy. Söweşde bular ýedi adam bolup duşman gabawyna düşdüler (A. Gowşudow, Eserler). Gabawa düşmek. Gabawda bolmak. 2. Daş-töweregini gabap duran zatlar, gurşaw. GABAK [ga:bak], Gözüň üstünden gelýän kirpikli ham örtügi (aşaky hem ýokarky). Hojamyň ýukajyk gabaklary gorky bilen tisgindi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Trahoma keseli ilkibada peýda bolanda, gabagyň iç gaty bolan nemli perdede üýtgeşiklikler ýüze çykýar (S. K. Karanow, Trahoma we ona garşy göreş). * Gabak galdyrmak birine seretmek, garamak. Eziz gabagyny galdyrdy. Ol gabaklaryny galdyrman kirpiklerini gyrpman, uzak bir ýere garaýardy. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). GABAKMAN [ga:bakman], Pökgi gabakly, gabagy pökgerip duran.Gabakman gelin. Gabakman adam. GABALAMAK [ga:balmak], Daş-töweregiň alynmak,Gabawa düşmek- gurşalmak. Obalaryň töweregi garymlar bilen gabalgy bolupdyr (SSSR taryhy). Päli azanlaryň gabalýar daşy (Ata Salyh, Saýlanan eserler). GABALYK [ga:balyk]. Göwrümi ululyk, daş görnüşi ululyk, çişiklik. Ol bilinden aşagynyň gabalygygyň köýneginiň içinde mälim bolup duran bir gyzdy.(B.Kerbabaew. Aýsotan). GABAMAK [Ga:bamak] 1. Töwerek-daşyny gurşap almak,töweregine halkalaýyn aýlanmak. gabawa salmak. Gürrüňe başladyk jemläp başymyz, Politsiýalar gabap aldy daşymyz (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler). Biz olary gizlin ýerde goýup, jaýy gabadyk («Pioner» žurnaly). Olar meni görüp, derrew daşymy gabadylar («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Biriniň daşyna üýşmek, bir zadyň töweregine ýygnanmak, toplanmak, halkalaýyn aýlanmak. Toplanan märeke onuň daşyny gabady. GABANJAŇ [ga:banjaň], Gabanmak häsiýeti, gylygy bolan. özgelerden gysganyp goraýan. Gabanjaň adam GABANJAŇLYK [ga:banjaňlyk], Gabanjaň häsiýetli, gylykly bolmaklyk, özgelerden gysganyp goraýjylyk. Aýnanyň göwnüne gelen gabanjaňlyk guşy uçdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gabanjaňlyk edip ýalňyşýan, belkä (R. Seýidow, Bagtlylar). Oň gabanjaňlygy öňküsinden on esse artypdyr (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). GABANMAK [ga:banmak], Gabanjaklyk etmek, gabanjaň gylykda bolmak, özgelerden gysganmak. Eger Pökgen aga gyzyny beýle gabanýan bolsa, biz-ä näme diýjegimizi bilemzok (A. Gowşudow, Köpetdagyň etegin-de). Öwezi menden gabanyp başlady («Görogly» eposy). GABARA, Zadyň daş görnüşi, daş garasy. Öňden barýan troýkanyň (üç atly paýtunyň) gabarasy has aýdyň bildirip ugrady (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler). Şunuň gabarasy asly ýasalyşymy ýa-da üstüne çadyr dagy gurap gelýärmi? («Görogly» eposy). GABARMAK [ga:barmak], 1. Göwrümi ulalmak, pökgermek, güberilmek, çişmek. Fartuklary gitdigiçe gabarýar, Uzakdaky harman gar dek agarýar. Eňegi bilen tegelenip, gabaryp duran ýüzüniň etlek ýaňaklary öňden hem kiçijik burnuny has-da myşyk edip görkezýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Gabarçyk emele gelmek, pakgarmak. Elimiň aýasy gabardy. Aýagym gabarypdyr. 3.göç. m. Ýerliksiz öwünmek, güplemek, çişmek. Bolsa-da, ol gabarmagyň we çişmegiň gadyryny bilip, hötdesinden gelýän adam ekeni («Tokmak» žurnaly). GABARTMAK [ga:bartmak], 1. Içine zat salyp gübertmek, pökgertmek, çişirmek (halta, çuwal we ş. m. hakda). Ol ýaňy haltasyny gabardyp ugran wagty, ogrulygynyň üstünde tutuldy (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). 2. Gabarçyk emele getirmek, gabarçyk döretmek. Tufli aýagymy gabartdy. GABARÇYK [gagbarçyk], Teniň suw ýygnanyp pakgaran, gabaran ýeri, çiş. Çekgedäki ikbaş deýin gabarçyk, aňladýar ölümli söweş guranyn (B. Kerbabaew, Aýlar). GABARYLMAK [gagbarylmak], 1. Dolup gübermek, pökgermek. Pagta salnan ganarlar gabarylyp görünýärdiler. 2. göç. m. Hondan bärsi bolmak, gopbamsyramak, çişmek. Köse zaňňar gabarylyp donuna syganok («Görogly» eposy). Başlyk işe gelende, has gabarylyp geldi («Kolhoz günleri»). Haýbat atyp gabarlyp, Saklady ol çopany («Mydam taýýar» gazýeti). Kakasy iç işige girip, gabarylyp durdy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). GABAT, Bir zadyň göni öňünde, garşysynda duran, garşydaş bolan, göni alnynda. Diňe bir seňki däl, goňşyň goňşusy, Seňki dek jaý tutdy goňşyňka gabat (N. Pomma, Saýlanan eserler). Gabat garşymyzdaky dag kertleriniň üstüni çalymtyk ümür örtüpdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Mekdebiň gabat öňünde gür baglyk bardy. <> Gabat gelmek1) biri bilen duş gelmek, pete-pet bolmak, duşmak. Ol maňa her gün kitaphananyň agzynda ýa-da öňünde gabat gelýär («Tokmak» žurnaly); 2) dogry gelmek, laýyk gelmek, bir wagta duşmek. Ol waka meniň okan ýyllaryma gabat gelýär. GABATLAMAK, 1. Gabatma-gabat etmek, garşyma-garşy etmek, biri-birine göni getirmek, gönülemek. Iki hatar duraýsadyk gabatlap («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Bir zada ýa-da wagta laýyk geler ýaly hereket etmek, niýet edip iş görmek. Festiwala gabatlap Moskwa gitdik. 3. Gabat öňünden çykmak, öňünden garşylamak, pete-pet gelmek. Onuň öňünden, gapdalyndan hem ýörite iberilen otrýadlar gabatlady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). GABATLANMAK, 1. Gabatma-gabat bolmak, garşyma-garşy bolmak. 2. Bir zada, wagta laýyk getirilmek, gabat geler ýaly edilmek, niýetlenmek. Häzir Ata Gowşudowyň eserler ýygyndysynyň uç tomlugynyň ilkin-ji tomy ongünlüge gabatlanyp çykaryldy («Sowet edebiýaty» žurnaly). GABATMA-GABAT, Garşyma-garşy, ýüzbe-ýüz, pete-pet. Jaýlar biri-birine gabatma-gabat salnypdyr. GABATMAK [ga:batmak], Töweregini gurşap aldyrmak, daşyna halkalaýyn aýlandyrmak, gabawa aldyrmak. Düýäni oba adamlaryna gabadyp tutdular. GABAHAT, Gaty ýaramaz, aýyp, erbet, ýazgarylýan iş, hereket. Eden şertnamasyn gabahat bozup, Nejis galtamanlar geçdi serhetden (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Seniň aýalyň gaty gowy adam ýaly-la, şu işiň gabahat bolaýmasyn (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). GABAHATLYK, Örän ýaramazlyk, erbetlik, aýyplyk, gödeklik. Biz munuň bir gabahatlygy bardyr öýdup, oý-pikir hem etmeýärdik (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler). GABAHATÇYLYK, ser. G a b a h a t l y k. Buržuaziýa gozgalaň turzan halka gabahatçylyk bilen dönüklik edipdir (Orta asyrlar taryhy). GABAŞMAK [ga:başmak], Gabamaga kömek etmek, bilelikde gabamak, daşyny gurşaşmak, daşyny alyşmak. Mal gabaşmak. GABZAMAK, Bolýan hereketiň, ýagdaýyň öňüni almak, päsgel bermek, hereketiň amala aşmagyna bökdenç bolmak, düýrüp almak. Umsagülüň gany gaçyp, gara dodaklary müňküldejek bolanda, Halnazar onuň öňüni gabzady. Gyzgylt köpek onuň öňüni gabzap, haýal ädim urýardy. Aşyr howsala ýüregini aldyrman, onuň önün gabzady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). GABRYSTAN [gabrysta:n], Adam jaýlanylýan ýer, gonamçylyk, mazarçylyk, görüstan. Tank yzyndan ýok edilen ekiniň ýerinde bir gabrystana sataşdy.(Çary Aşyr, Poemalar). GABRYSTANLYK [gabrysta.-nlyk], Gonamçylyklaryň köp ýeri, görüstanlyk. GABSA, Jaýyň ýa-da aýnanyň öňündäki açylyp-ýapylp ýan agaç gapy. Sähet işigi emaýlyk bilen açjak boldy emma bolmady, gabsa-da şakyrdady (A. Gowşudow. MähriWepa). Ýolliniň gabsanyň petleli taýyndan tutawaç gözläp, işik açjak bolup urnuşyny hasaba almasak, ol işikden kynçylyk görmän daş çykdy. Batly, açylan gabsa hem arka ýüzünde gulagyny gerip, diňläp duran Jommynyň maňlaýyna gütledi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). GABSAL [ga:bsal], 1. ser. Kapas 1. Siziň bu ýeriňiz gaty gabsal, biziň ýaly çarwa sähra meýdan ýagşy. 2. Töweregi giň däl, dar, gysyk. GABSALAMAK, Gabsa oturtmak, gapy oturtmak. Jaýy gabsalamak. GABSALATMAK, Gabsa oturtdyrmak, gapy oturtdyrmak. GABSAMAK [ga:bsamak], 1. Daşyny almak, daşyna aýlanyp ugramak. Öýümiziň gamşyna dyrmaşyp ugrandan, ejem ikimiz gyrkylyk bilen ýerli-ýerden gabsap ugradyk (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). 2. Büräp almak, urmak, dolmak (ýel, tüsse we ş. m. hakda). Onuň burlan uzyn murtlaryny, gyrçuw sakgalyny tüsse gabsady (A. Gowşudow, Eserler). GABSATMAK [ga:bsatmak], Büräp aldyrmak, urdurmak, doldurmak (ýel, tüsse we ş. m. hakda). Ejem bärsinden. gabsadyp goýberdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). GABŞYRMAK 1. Iki zady biri-birine söýäp goýmak, ýanaşyk goýmak. 2. göç. m. Muşakgat baryny ýagdyrmak, gapyşdyrmak, müşgil etmek. GABYZ: gabyz bolmak çakdanaşa buşugasy gelmek, gaty buşugasy gelmek. Neresse çaga gabyz bolan eken. GABYK [ga:byk], 1. Ösümlikleriň baldagynyň, köküniň daşyndaky örtügi. Bu zat agaç kökünden ýa-da gabygyndan edilen undan bişirilipmi, nämemi, ondan agaç ysy gelýärdi. Ine, ine, görüň diýip, agajyň daş gabygyndan oýulyp aýrylan ýerini eli bilen görkezdi (A. Gowşudow, MähriWepa). 2. Käbir ösümlik miweleriniň (çigidiň, soganyň, nohudyň we ş. m.) daşky örtügi. Hoz iýilmeýän gabykdan we tagamly maňyzdan ybaratdyr (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika). Güýzde zaýa etmän, gabygyn bölmän, Gruzin gyzlary mandarin ýygýar (A. Haýydow, Gök asman). Onuň suwunyň ýüzünde çüýrük ýeralmanyň gabyklary gaýýardy (A. Gowşudow, MähriWepa). Sopy sogan iýmez, tapsa gabygyny hem goýmaz (nakyl). GABYR, Meýit gömlen çukur, mazar, gör. Men senden aýra düşsem, Gabrymy gazan aglar (A. Gowşudow, Eserler). Ganymyň gabryn gazyp köpen donun biçmäge, Eý, goly ýarag tutan, bizi çagyrýar Watan (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). GABYR-GUBUR: gabyr-gubur etmek üýrüp topulmak, gabyrdap üýrmek, gabyrdap agyz urmak (it hakda). It ýabynyň guýrugyndan gabyr-gubur edip agyz saldy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ol ketekde ýatan ala ganjygyň birden gabyr-gubur edip, adama topulmasy bardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). GABYRDAMAK, ser. Gabyr-gubur. GABYRDATMAK, Gabyr-gubur edip basmak, hasyr-husur basmak. GABYRDY, It üýrüp topulanda, ýapyşanda çykýan ses. |