GAM ser. G a ý g y. Meniň gamym, aladam özüme ýetik.Geçeniň gamyny çekme-de, geljegiňe guwan (B.Kerbabaew, Aýsoltan). Emma welin ýene-de Orazgülüň derdi, gamy özüne ýetikdi (A. Gowşudow, Mähri-Wepa). <> Gama b a t m a k bir zat barada gaýgylanmak, bir zadyň pikirini çekmek. Ýene-de Ýegorjyk birden gama batdy (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Gamyny iýmek (etmek) bir zadyň öňünden ugruna çykmak, aladasyny etmek. Eklenç gamyny etmän, ýaltalygy söýýänler, Işe barman, biderek ýatmaklykdan el çekiň! (Ata Salyh, Saýlanan eserler). GAMA, Iki ýüzli, uzyn ýasy tyg, hanjar. Biliňdäki gamany hem çöz-de, taşla (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Adam öldurijileriň gamasy olaryň syýasatynyň adatdaky guraly bolupdyr (Orta asyrlar taryhy). GAMAK, Çomujyň guran baldagy. Alany haram bolmuş ussa, bu öýi gamakdan ýasadymyka, nämekä (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). <> Gamaga dönmek gaty horlanmak, ýeňlemek. GAMAŞDYRMAK [ga:maşdyrmak], 1. Gök iýmiş, turşy tagam iýmeklik zerarly dişiň çeýnemek ukybyny peseltmek, dişiňi aldyrmak. 2. ýiti şöhläniň, güýçli yeliň täsiri we ş. m. netijesinde gözüň görmek ukybyny peseltmek, gözüni ýaşardyp ümezletmek, gözüň görşüni wagtlaýyn bulaşdyrmak. Suwly eriň bag-bakjalary gözüňi gamaşdyrýar («Sowet edebnýaty» žurnaly). «Ak altynyň» şöhlesi gözüňi gamşidyrýar (B. Pürliew, Ilkinji gün). GAMAŞMAK [ga-maşmak] 1. Gök iýmiş, gaty turşy tagam iýmeklik zerarly dişiň çeýnemeklik ukyby peselmek. Dişim gamaşýar. 2. ýiti şöhlännň, güýç-li elnň täsiri we ş. m. netijesinde gözüň görmeklik ukyby peselmek, ýaşaryp ümezlemek, gözüň öňi bulaşmak. Trahoma göreje geçende. gözde gamaşmak we bulaşmak peýda bolýar. 3. Üýtgäp bulaşmak, garalyp bulutlaşmak (howa hýakda). Howa gamaşyp, asmanyň ýüzüni aksowult bulut perdeläpdir (A. Gowşudow, köpetdagyň eteginde) . * Ýüzi gamaşmak gör ÝÜZ. Şol sekuntda güler ýüzi gamaşdy (B. Kerbabaew, Aýlar). GAMAŞYK [ga:maşyk], Gamaşyp duran, oňly görünmeýän, bulaşyp duran, açyk däl. Gamaşyk gözleriniň meni görýänligi ýakymly däldi («Mydam taýýar-gazýeti). Gamaşyk howada ak gar gaýmalaşýardy (A.Gowşudow. Köpetdagyň eteginde). GAM-GUSSA , ser. G a ý g y-g a m. BilýÄrin,üç ýyllap gam-gussa baryny çekipsiňiz (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)- Böleklenip bulutlar ýagmyr ýagyp başlady, gam-gussada bolan il Gamly göwnün hoşlady (Ş.Kekilow. Saýlanan eserler). Ýüregimni gam-gussaga doldurdy,geliň begler, ar almaga gideliň! (Görogly eposy). GAMGYL , Örküji gapdalyna gyşaran düýe. GAMGYN [gamgьgn], Gam çekýän, şadyýan däl, tukat, gaýgyly, gussaly. Çekip çaganyň höwesin, Gamgyn ýüreklerini açýar. (Çary Aşyr, Poemalar). Ol işden ünjüli gamgyn gaýdyşyny duýdy.(M. Ibrahimow. Ol gün geler ) GAMGYNLANMAK, ,[gamgy:nlanmak]ser. G a m l a n l a n m a k. GAMGYNLYK ,[gamgy:nlyk], Gamgyn haldalyk, sukatlyk , gaygylanmak. Sen-ä bir samsyjak ekeniň! diýip, gamgynlyk hem mylaýymlyk bilen aýtdy (M. Gorьkiý, Ene). GAMLANMAK, Gam çekmek, bir zadyň gaýgysyny etmek, gaýga batmak, tukatlanmak, gamgynlanmak. Gamlanma, baba, sen gamlanma, baba! Onuň Polat atly bir şägirdi bar (N. Pomma, Saýlanan eserler). Gamlanma, jan oglum diýdi-de goja, Iwanyň maşynly gidenini diýdi (N. Pomma, Goşgular). GA'MMA, 1. sazç. Sesleriň yzygiderli peselmegi ýa-da ýokarlanmagy. 2. göç. m. Bir menzeş bolan köp dürli, üýtgäp durýan hadysalaryň ýa-da predmetleriň, zatlaryň yzygiderli hatary. GAMHOR [gamho:r], Gamyny iýýän, aladasyny edýän, hossarlyk edýän, hossar. Horlananlaryň gamhory bolmak isleýär («Görogly» eposy). GAMHORLYK [gamho-.rlyk], Gamhor bolmaklyk, gamyny iýijilik, aladasyny edijilik, hossarlyk, ýakynlyk. Aýsoltana gamhorlyk etjegine söz berýär («Görogly» eposy). GAMÇAW, Gijilewükli, ownuk düwürtik örgünli göz keseli. GAMÇY, At sürmek üçin taýajyga berkidilip, gatlanyp tikilýän, örülýäň gaýyş. Mawynyň gerşine gamçy degenden soň, Gandym alty erkegi öz çatmasyna bakan sowanyny gürrüň edende, hahahaýlap güldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Hoşly garyljyk sesi bilen gygyryp, gamçysyny bulaýar (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Bogdanow, biz taýýar! diýip, bilinden gamçysyni çykaryp aldy («Sowet Türkmenistany» gazýeti). <> Gamça basmak ata gamçy çalyp, ýüzin salyp çapyp gitmek. Meret obadan çykandan soň, ýabysyny gamça basdy (A. Durdyew. Saýlanan eserler). Gamçy towlamak haýbat atmak, gorkuzmak. Oň üstüne gamçy towlap hojaýyn Iýdiň, içdiň diýip, hakyn bermändir (N. Pomma, Saýlanan esrrler). Gamçy iýmek urulmak, GAMÇYLANMAK. Gamçy bilen urmak, gamçy çalyp saýgylamak, gamçy çalmak. Siz daýaw bir ýigidi öňüňize salyň-da, ikiýanlaýyn gamçylap, şäheriň içine bütin köçeme-köçe aýlaň (Myraly). <> At gamçylamak ser. At I, 1. At gamçylap, dag üstüne çykyp gördüler. Mätel at gamçylap gaýdyberdi («Görogly» eposy). GAMÇYLAŞMAK, 1. Bilelikde gamçylamak, köp bolup gamçylamak. Olar atlaryny gamçylaşyp, ýüzin salyp gitdiler. 2. Biri-birine gamçy çalmak. GAMÇYLYK, Gamçy üçin niýetlenen, taýýarlanan zat. GAMYŞ, Suwluk ýerlerde çybyk-çybyk bolup bitýän, baldagynyň içi deşik, bogun-bogun köpýyllyk ösümlik. Biziň kolhozymyz iri mallar üçin müň tonna golaý gamyş ýatyrdy. Göwün-göwünden suw içer, gamyş bogundan (nakyl). Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar (nakyl). 2. Öýüň daşyna tutmak üçin gamyşdan örülen serişde. Häzir şol jaýyň daşy köne gamiş aýlanan ýaly bolup dur («Tokmak» žurnaly). <> Gamyş gulak ser. G u l a k. Gamyş gulak bedew atlar ýörände, Ýeriň tanapyny külterläp çekýär (N. Pomma, Saýlanan eserler). GAMYŞBAG [gamyşba:g], Gamyş örülende gamyşlary biri-birine baglamak üçin inçejik ýüp. GAMYŞDAŞ [gamyşda:ş], Gamyş örülende agramlyk üçin asylýan daş. GAMYŞLYK, Gamşyň köp biten ýeri. Urarsyň diýşip, gamyşlyga bardylar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). |