SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GAZ




GAZ [ga:z] I, Suwda ýüzüji, ýabany ýa-da eldäki, uzyn boýunly guş. Gury agaçlar gunçalap, güller açýan ýaz berdi, Baglarymyza — bilbil, köllerimize gaz berdi (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Gaz ýörişli sallanyp barýan Aýsoltan ol aýdymy duýmaýardy (B Kerbabaew, Aýsoltan).

Dünýäni sil alsa, guba gazyn, döşünden (nakyl). Garganyň gaz balasy, her kişiň öz balisy (nakyl).

<>Gaz boýun— ser. B o ýu n.


GAZ II, Giňişlige endigan ýaýramaga ukyby bolan fiziki jisim. Bu jaý awuly gazlaryň synag edilýän jaýymy, näme-de bolsa, bir erbet ysy bardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GAZAW, 1. Gazanyň we ş. m. kesmegini gazamak üçin ýörite gural. Gyratyň endamynyň derini gazaw bilen gazady («Görogly» eposy).


GAZAKLAR, Gazagystan SSR-niň ýerli halky, esasy ilaty. Şeýtangala barýança, gazak gatyşykly türkmen zürrüjek öýleri kömelek güberçegi ýaly bolup göterilipdir (B. Kerbabaew: Aýgytly ädim). Ol gazak ýüzlüdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Gazak edebiýaty. Gazak dili.


GAZAKY: gazaky goýun — tegelek guýrukly goýnuň bir görnüşi.


GAZAL, edeb. 1. Şygryň iki setirli formasy.

2. gepl. d. Goşgy, şygyr. Proza ýazanlar, gazal düzenler, Aman galyň dost-ýar, döwranym meniň (Çary Aşyr, Poemalar). Gazallardan bezäp gazet daşyny, Gymmatly şahyrmyz dünýeden ötdi (A. Kekilow, Saýlanan eserler).


GAZALAMAK, Gazan-gazap arassalamak, yzygiderli gazap durmak, bir zadyň kesmegini, iç galyndysyny aýyrmak. Gazany gazalap arassaladym.

<> Gazalap d u r m a k — irginsiz gozgap, gaýtalap durmak.


GAZALMAK, Gazaw, kepgir we ş. m. bilen arassalanmak, tämizlenmek, ýüzi gyrylmak, Gazan gazaldy.


GAZAMAK, 1. Gazaw, kepgir we ş. m. bilen tämizlemek, bir zadyň ýüzüni gyrmak. Azal demriniň poslaryny gazandan soň, nebitledi, ýaglady.

2. Yzly-yzyna gaşamak, dyrmayak. Mälim zat, Iwan aga, ýöňekeý ökjeň çoruny aýyrmak üçin hem gazamak gerek (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

3. Ýer peşemek, dörjelemek.

Atlar toýnaklary bilen tagtany gazadylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).   

<> Gulak    gazamak.ser. G u l a k. On dört-on bäş ýaşyny dolduran gyzynyň gulagypy dynuwsyz gazýardy  (A. Gowşudow, Mährn-Wepa). Wasp etmesem, wyždan gulagmy gazar  (N. Saýlanan eserler).


GAZAMAT, ser.  Türme. Ýene ýeňsesinden naýzasyn diräp, Gazamat gazygny saradan kanun (N. Pomma, saýlanan eserler). Hemmesi, gazamadyň agzynda iki sanagyny goýduk  (A.  Durdyew, Saýlanan  eserler).


GAZAN [ga:zan], Nahar bişirmek üçin ýasalan Nurjahanyň gapysynda goşa  gazan atarylyp, pişme bişirilýärdi  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ojagyň üstünde gara gazan atarylgy durdy (A. Gowşudow, köpetdagyň eteginde). Gazany gazanan atar, oduny ýygan ýakar  (nakyl). 

Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz (nakyl).

Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar, ýamana ýanaşsaň— belasy  (nakyl). 

<>  Gazan   gulagyny gyzdyrmak — nahar  etmek, nahar bişirmek.


GAZANDYRMAK, Gazanç etdirmek,  gazanmaga mümkinçilik bermek.

2. Eýe boldurmak, belli bir dejä ýetirmek.


GAZANMAK, Girdeji almak, gazanç etmek. Bizem ynha, kakaň bar, gyz jigiň bar, işläris, gazanarys, hor bolmarys (A. Durdyew, Bagtly ýigit). Gara öýüň görgüsi bizi ýykýar, Gazanan zadymyz deşigne dyk (Mollamurt, Saýlanan eserler).

2. Belli bir dereje ýetmek, eýe bolmak. Laçyn geçen ýylky respublykan ýaryşda birinjiligi gazanypdy (B. Kerbabaew, soltan). Türkmenistanyň balet teatrynyň kollektiwi uly abraý gazandy («Mydam taýýar» gazýeti).


GAZAMÇ, Alynýan girdeji, hak, düşewünt. Garyplaryň gazanjyny  hojaýynlar ýygnaýardy.(Ata Salyh   Saýlanan eserler). Diýdi: — Meniň  sap  zähmetim, gazanjym,Tanka dönüp ýaga eýlesin hüjüm!  (B. Kerbabaew, Aýlar). Illeriň kelleriniň iň emelsizi   talap edip, gazanç  tapýar    (A. Gowşudow,    Köpetdagyň ginde).


GAZANÇA [ga:zança],  Kiçijik  gazanç. Ol gazançany gazap, işdämenlik bilen iýdi  (L. N. Tolston, Saýnan eserler).


GAZANÇLY, Gazanjy  köp bolan,düşewündi, peýdasy bar bolan. Gazançly iş.


GAZANÇSYZ, Gazanjy, girdejisi az bolan, az Düşüwentli. Gazançsyz adam.


GAZANÇY [ga-zançy], Toýda-tomaşada gazanyň başynda durup, köpçülik üçin nahar bişirýän adam. Irimçik ýagsyz gapyrgalary gazançylara hödürleýäler-de bardy (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAZANYLMAK,  1. Gazanç edilmek, peýda, tapylmak.

2. Belli bir derejä eýe bolmak. Hemme bolşy  ýaly,  maldarçylykda  hem üstünligiň  gazanylmagy  kadrlara baglydyr  («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Iňlise ýapja bolup gazanyljak azatlygyň üstüne tüýkürerin.(B. Kerbabaew, Apgytly ädim)


GAZAP, Güýçli gahar duýgusy. Balkyldaýan gara gözüň uçguny, Gazap bilen baksa ýandyrjak göni (B. Kerbabaew, Aýlar) Halnazar öz gazabyna çydap bilmän sandyrady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> Gazýabyny  ýuwutmak — öz-özüni köşeşdirmek. Tamara Danilownaň igenjine çydaman geleni üçin,    gazabyny ýuwutmaga çalyşdy («Sowet edebiýaty» žurnaly)

<>Gazap atyna atlanmak — örän güýçli gaharyň gelmek, gazaplanmak. Tas gazap atyna atlanyp, bolmaz bir işiň üstünden barypdym (B. Kerbabaew, Aýgytl ädim).


GAZAPLANDYRMAK, Gaty gaharyny getirmek.


GAZAPLANMAK, Çendenaşa gaharlanmak, ganyň gyzmak ýowuzlanmak. Ýolbars gazaplanyp ýapyrlyp eňdi Baryp bir gulanyň üstüne zyňdy (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


GAZAPLY, 1. Gahar-gazap bilen, gaharly. Hat okadanda, diňleýjileriň keşbi bütinleýin üýtgedi, gazaply gözler bir nokada garady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Gaýduwsyz, ýowuz. Men gazaply söweşlere güneşli Tü rkmenistandan geldim («Bahar»).


GAZAPLYLYK, Gaharlylyk, gyzgyn ganlylyk, ýowuzlyk. Kurbskiý patyşany maksatsyz gazaplylykda aýyplapdyr (SSSR taryhy).


GAZARYLMAK: gazarylyp durmak — sömelip durmak, dikilgazyk bolup durmak.


GAZATMAK, Gazamaga mejbur etmek, gazaw, kepgir we ş. m. bilen arassalatmak, tämizletmek, ýüzüni syrdyrtmak


GAZAŞMAK, Gazan, kepgir we ş. m. bilen arassalaşmak, tämizleşmek.


GAZAÝAK [ga:zaýak], bot. Suwly ýerlerde bitýän, ýumşak baldakly birýyllyk ösümlik.


GAZGANAK, Ýolda ýa-da ýeriň üstünde emele gelýän çukurjyklar, çukanak.


GAZGYÇ, Ýer gazmak üçin ujy çiş gural.

Olar ýer uçastoklaryky ujy ýiteldilen taýak — gazgyç bilen dyrman agdarypdyrlar (Gadymy dünýä taryhy).


GAZDYRMAK, Gazy işlerini geçirtmek, gazyp oýdurmak, çukur etdirmek.


GAZÝET, Jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň wakalaryny beýan edýän, esasan her günde yzygiderli çykarylýan döwürleýin neşir.

Suw barada çynlakaý iş barýanyny gazetler hem ýazýar (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Onuň bölek makalalary gazýet-žurnallarda çykýardy (A. Gowşudow, Eserler).


GAZETÇI   gepl. d. Gazet işgäri.


GAZIRSUWKA, gepl. d. Gazlanan suwa her hili miwe suwlary, şireleri goşulyp içilýän içgi.

Gazirowka içmek.


GAZLAMAK.Gaz bermek,  gaz goýbermek.


GAZLANMAK,  Gaz berilmek, gaz goýberilmek.


GAZLAŞDYRMAK, Öýlere gaz ýangyjyny geçirmek, gaz çekişdirmek.

Aşgabady gazlaşdyrmak işine girişildi.


GAZMA, 1. Oýulyp ýasalýan, bejerilýän oýuk nagişly. Aýsoltanyň jaýy soralanda: — Gapysy gazma

nagyşlydyr — diýlip, salgy berläýse balmaýarmy?! (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Sözeniň gazylyp alnyp, taýak edilýän köki.


GAZMAK, Gazylýan gural arkaly ýeri köwmek. Ýeri oýmak, gazy işlerini geçirmek. Gazy gazmaga gidýän kolhozçylar ýabyň boýy bilen ýöräp barýarlar. Men şu günler gazy gazýan. Ertir bar-da meniň çägimi almaga kömekleş. (A Durdyew, Saýlanan eserler).

Ýakma bişersiň,gazma düşersin, (nakyl).


GAZNA, kön. s. ser. X a z y n a. Ogry patyşaiyň gaznasyny ogurlamaga giripdir (Ata Salyh, Saýlanan essrler). Ine gyzyl gaznasy. Maksat-myradyňa ýet (Mydam taýýar gazeti).


GAZNAÇY, kön. s. Hazyna saklaýan adam.


GAZGENERATOR, Gaty ýa-da suwuk ýangyçlary ýanyjy gaza öwürýän  apparat.


GAZOLIN,Nebit arassalananda alynýan önüm, ýanyjy suwulyk.


GAZOMER,Gazyň harç edişini, mukdaryny ölçeýän gural.


GAZOMETR, Gazlary ýygnamak, saklamak hem-de ölçemek üçin laboratoriada peýdalanylýan

Gural.


GAZY, Suwaryş kanallaryny, ýaplary gazmak işi, haşar işi.

Men şu günler gazy gazýan, ertir bar-da meniň çägimi almaga kömekleş. Edil şol wagt Annaguly gazy işinden atly gelýerkä, Altyna duşdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Gazyda, orakda ýaryşyp gowy, Galmaz yza, belki, paýyn öň bolar (N. Pomma, Saýlanan eserler).


GAZYK, Ýere, diwara we ş. m. ýerlere kakylýan, ujy çiş agaç ýalay demir.

Ol gazygyň daşyna aýlanyp duran atyna seretdi (A. Gowşudow, Eserler).

Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere gider (nakyl).

<> Gazygyn-da garrasyn — ser. Garramak.

Gazyk bolmak — bir ýerde gozganman, gymyldaman durmak.

Gazykdan ýörütme — kütek, kör zehin.


GAZYKBAG [gazykba:g], Ýüp bilen daňylýan daňynyň bir görnüşiniň ady.


GAZYLMAK , Ýeriň ьe ş. m. içiniň oýulyp alynmagy, gazy işi geçirilmek, gazyp goýulmak.

Käbir ýerler-de ýer astyndan duz gazylyp alnypdyr (SSSR taryhy), Gölegçiler Halnazary mazarlyga alyp baranlarynda, onuň gabry gazylyp gutaryldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAZYNMAK, Özüň üçin gazmak, özüň gazmak. Tizlik bilen her kim özüne ýatym gazyndy (A. Gowşudow, Eserler).


GAZYÇY, Gazy gazýan daýhan, kolhozçy.


GAZYŞMAK, Gazmaga kömek etmek, bir zady (ýer we ş. m.) bilelikde gazmak.