SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GAÝA


GAÝA, Dagyň ýapgyt däl-de, göni dik çykýan ýeri, Dagyň gaýasyna  çykyp, guş  tutduk   («Tokmak» Žurnaly).


GAÝA-GOPUZ: gaýa-gopuz ýok— alyp barýan bir üýtgeşik, gyssagly zat ýok.


GAÝALMAK ,Gaýma  bilen nagyş edilmek,  gaýmalanmak.Tahýanyň gaýmasy oňat gaýalypdyr.


GAÝALYK I, Gaýanyn köp ýeri.


GAÝALYK II, Ilki garnyna gaýýan duluç,  inen düýe.Gaýalyk. duluç.


GAÝAMAK Gaýma bilen nagyş etmek, gaýmalamak. Hakykatdan-da garry ýaş başyndan gyza keşde etmek, gaýma gaýamak ýaly el işlerini öwretmek bilen, oňa edepli bolmak terbiýesini-de berip başlady (A. Gowşüdow Mähri—Wepa).


GAÝATMAK, Gaýma bilen nagyş etdirmek, gaýmalatmak. Gaýma gaýatmak.


GAÝAŞMAK, Gaýma bilen nagyş edişmek, gaýmalaşmak Men Bibä gaýma gaýaşdym.