SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GAS


GASDYRMAK, Gasyn-gasyn edip tikdirmek, epip tikdirmek.


GASMAK, 1. Gasyn-gasyn edip tikmek, epip tikmek. Köýnegiň etegini gasmak.

2. gepl. d. Bolar-bolmaz edip tikmek, başarnyksyz tikmek.


GASŇAK I, Arabanyň tigriniň gurşawyny berkidýän demir.


GASŇAKLAMAK I, Arabanyň tigrini gasňak bilen turşawyna berkitmek.


GASŇAK II, Gat-gat kir.


GASŇAKLAMAK II, Gat-gat kir tutmak, gasňak baglamak.


GASŇAKLATMAK I, Arabanyň tigrini gasňak bilen gurşawyna berkitdirmek.


GASŇAKLATMAK II, Gat-gat kir basdyrmak, gasňak baglatmak.


GASSAP [gassa:p], Mydama mal satmak, mal öldürip et satmak bilen meşgul bolýan adam. Gassap Aly, näme dursuň, meniň ölümimi isleýän dälsiň ahyry! (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

Geçe jan gaýgy, gassaba — ýag (nakyl).


GASSAPHANA [gassa:pha:na], ýörite mal öldürilýän  ýer, jaý. Diýýärler: — Neslimiz gyrgyna bermers, Ilimizi gassaphana öwürmers («Oktýabrь ýalkymy»). Raýon gassaphanasy.


GASSAPÇYLYK [gassa.-pçylyk], Gassabyň hünäri, gassabyň käri. Aşyr gassap ady oňa gassapçylyk kä.rinden galypdyr.


GASTRI'T, med. Aşgazan keselleriniň bir görnüşi.


GASTROLÝOR, 1. teatr. Çykyş etmek üçin wagtlaýyn çagyrylan artist.

2. göç. m. Ondan-oňa göçip ýören, ol şahadan ol şaha böküp ýören.


GASTRO'LЬ, teatr. Başga ýerden gelen bir aktior ýa-da aktiorlar tarapyndan goýlan oýun, spektaklь.


GASTRONO'M,   Gastronomiýa   magazininiň   ady.


GASTRONSUMIÝA, Köplenç ýeňiljek nahar ediner ýaly iýmit önümleri, iýmek-içmek, azyk harytlary.


GASYK [ga:syk], Garnyň aşak etegi.


GASYN, 1. ýygyrt. Umsagül hamy bürşük eli bilen gasyn atan ýüzüni sypady (B. Kerbabaew, Aýgytly edim 2. Epin, eplem (geýimde). Gasyn atan köýnek.


GASYN-GASYN, 1. Ýygyrt-ýygyrt. Alkymy gasyn-gasyn bolup, halta ýaly sallanypdyr

(B. Kerbabaew, -Aýgytly ädim).

2. Epin tutan, epin-epin. Bu sapar gonjy gasyn-gasyn ädigini çykaryp, ýalpyldawuk botinka geýipdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAT, I. Epin, eplem. Oturyp gazetiň gatyny açdy («Sowet edebiýaty» žurnaly .

2. Mertebe, etaž. .Kolhozyň onýyllyk mekdebiniň giň äpişgeli iki gat beýik jaýy bar   (A. Gowşudow7 petdagyň eteginde).

3. ser.  Gatlak. Münüp gahar atyny, Söküp daglaň gatyny   (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler