SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GAG



GAGAL, Gyzgyn ganly, gaharjaň, gyzma.  Seniň şu işi gagal agaňa aýtmpgyň näme gerekdi  (A. Gowşudow,Köpetdagyn eteginde). Garry heleý, gagal heleý iňirdi bolup galypsyň  (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


GAGALLYK, Gagala  has bolan gylyk-häsiýet, gaharjaňlyk, gyzmalyk. Onda gagallyk häsiýet bar.


GAGŞAMAK, Gyzdyrmak, gorkmak ýa-da üşemek zerarly sandyramak, titremek, galdyramak. Mämmet aga onuň eňekleriniň şakyrdaşyp, gagşap duranyny görse-de, onuň sözüne gulak asman gaharlandy (N. Pomma, Egri eýikmez). Ýaz bolsa ne ýagşy, gyşda gagşap oturmaly («Tokmak» žurnaly).


GAGŞATMAK, Gyzdyryp ýa-da üşedip sandyratmak, titretmek, galdyratmak. Haýwanlaryň süňňüni gagşatjak wagşy hereketi sowet halkynyň duşmana bolan azabyny bir näçe esse artdyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAGYLDAMAK [ga:gyldamak], Gagyldyly ses çykarmak (gargalaryň, gazlaryň, ördekleriň gagyldysy hakda). Ol çarbaga baryp, çarbagyň içini gezip çykansoň, ahyrda ullakan bir çynaryň başynda gagyldap oturan ala gargany tapýar («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

Garga gagyldap, gaz bolmaz,  kempir bezenip — gyz (nakyl).

<>Gagyldap oturmak — Bolmajak zatlary öňünden aýdan bolup oturmak, garagurum sykmak.


GAGYLDAŞMAK [ga:gyldaşmak], Bilelikde gagyl-dyly ses çykarmak, köp bolup gagyldamak. Kölde gazlar gagyldaşýar.


GAGYLDY [ga:gyldy], Gazlaryň, gargalaryň, ördekleriň seslenişini aňladýan söz.

Bilbil-de saýrarmyşyn, garganyň gagyldysy has daşa ýaýrarmyşyn (Tokmak žurnaly).


GAGYRMAK [ga:gyrmak], 1. ser. Gagyldamak.

Garga muň gagyrsa-da ýaz çykmaz, Gaz bir gagyrsa ­– ýaz. (Nakyl)

2.Bogazyňy sesli arçamak, gakylygyňy tüýkürmek.


GYGYRTMAK [ga:gyrtmak], Bogazyny sesli arçatmak, gakylyk gopdurtmak.


GAGYRYNMAK [ga:gyrynmak], Bogazyny arçamak, gakylygyňy tüýkürinmek, ardynmak. Lukaşka gagyryndy-da, köçäniň boýy bilen atyny ýüzin salyp gitdi (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GAGYRYŞMAK [ga:gyryşmak], Bilelikde gagyrmak, gagyldyly seslenişmek. Gargalar gagyryşýarlar.