SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GAP



GAP [ga:p],   1. Içine her hili zat salynýan halta, çuwal we ş. m. zatlar.  Onuň bilinden sallanýan alty okly nagan bardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim)

2.Nahar we suwuk zatlar guýulýan gazan, bedre, jam we ş. m.  predmetler.  Bir ýandan egsilip başlady gaplar (B.Kerbabaew, Aýlar). Olaryň  öňlerinde dürli nahar  gaplary üýşüp durdy(B.Gurbanow, Duşuşyk)

3.Zat salmak üçin ýörite ýasalan guty. Podpolkownik papiros gabyny açyp, komandiriň öňünde goýdy.

(A.Gowşudow, Mähri—Wepa).   

<>  Bir gap gurçuk — 19 gram  gurçuk tohumьg. Näçe gap gurçuk tutduň?  (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GAPAK, I. Gazanyň, çäýnegiň, çelegiň we ş. m. agyz ýapysy. Soň özüm duýdyryn ýa-da  habar bererin. diýip, ikdir gapagyny alyp, koridora çykdy-da, köwşüni geýmäge durdy (A. Durdyew, Saýlanan  eslrler) Garrynyň  gataňsy barmaklary gaýnap duran gazanyň gapagyny galdyranda,çekdirmäniň ysy tamyň içini tutdy  (K. Işanow, Watan üçin).

2. Dutaryň gundagynyň ýüzi Şükür dutarynyň gapagyna kakyp başlady(N. Saryhanow, Şükur bagşy).

3. Mekdep partasynyň açylyp-ýapylýan ýasy bölegi. Oglan partasynyň gapagyny çalaja açdy («Pioner»   žurnaly).  

4.Ýagyş ýagandan soň, ekilen ýeriň üstünde emele gelýän bölejik-bölejik gyrmakça, gatan ýukajyk ýer gatlagy.


GAPAKLAMAK,  1. Agzyna gapak ýapmak, gapak bilen agzyny berkitmek.Gazanyň agzyny gapaklamak.

2. Dutaryň  gapagyny oturtmak.Ussa dutary gapaklapdyr, indi perdelerini geýdirýär.  

3.Ýagyş ýagandan ekilen ýeriň ýüzunde gapak emele gelmek. Ýeriň ýüzi  gapaklanda, ony owratmaly   («Mydam taýýar» gazýeti) Her gezekki  ýumşatmaklygyň  maksady haşal otlaryň gögerip  çykmagy we ýeriň gapaklamagy bilen kesgitlenilýär (W. 3. Raeyko, Ýüpekçilik boýunça öňde baryjy tejribe).


GAPAKLATMAK, 1.Gapak bilen  agzyny ýapdyrma

2.Dutaryň gapagyny goýdurmak. Dutarymy gapaklatdym.

3. Ekilen ýeriň ýüzünde gapak emele gelmegine ýol bermek. Ekilen ýeri gapaklatmak.


GAPAN I, Üstüne basan haýwanlary gapjap tutýan demir gural.Tilki mekir bolsa-da, ätlän ýeri gapandyr. (Ata Salyh, Saýlanan eserlsr). Mergenler gapandan peýdalanmagy hem maslahat  beripdir (A.Gowşudow Köpetdagyň eteginde). Dogry yol ýakyndyr. egri ýol uzak, Sagda gapan bardyr, sol taýda duzak (Mollamurt, Saýlanan eserler).


GAPAN II, Agyr we uly zatlar ölçelýän çekim terezi.Ol günde tälim gezek gelýän ýük maşynynyň   üstündäki  bugdaýly çuwaly göterip, gapanda çekip ammara dökerdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GAPANKEÇE , Aw  gapanynyň üstünde goýulýan bölek keçe.

Gapankeçe bolar ýaly köne keçe bölegi ýokmy?


GAPANÇY,Gapan çekýän adam.


GAP-BIL [gap-bi:l], Bir zadyň uzynlygynyň ortarasy orta bil. Halka daşyň gap-bilinden düşdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Wannanyň gap-bilinden bolup duran narzan durşuna ýeljikli, köpükli sabyna öwrülipdir.(N. Pomma. Taýlak hyzzyn).


GAPBÖWÜR [ga-pböwür], Öýüň gap-gaç goýulýan böwri, tarapy. Käse gapböwürdäki tagana degip, jyňňyrdy bilen pytrady.Öýüň gapböwründäki gorly küýze, täze gaýdyp gelen gelin ýaly, bürenip otyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Nabat öz gapböwründe otyrdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


GAP-GADYRLY, Örän  gadyrly, gadyrlylyk bilen.

Bular gap-gadyrly görüşdiler   («Tokmak»  žurnaly).


GAP-GAJAK [ga:p-ga:jak], ser. Gap-gaç. Şkafyň üstündäki gap-gajaklar onuň gözüne ilmeýärdi (B.Kerbabaew, Aýsoltan). Onuň jaýy, ýorgan-düşegi, gap-gajagy, ýeterlik iýmiti hem bar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAP-GARA, Çendenaşa gara, juda gara, şar-gara.

Onuň gap-gara bolan kellesinde diňe dişleri agaryp görünýärdi (A Gowşudow, Mähri—Wepa). Ata-eneleri harmanlarda. orakda bolany üçin, hossarsyz galan şol çagalar gap-gara bolupdyrlar (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


GAP-GARAŇKY, Juda garaňky, gaty garaňky, göze dürtme garaňky Ýanan otluçöp sönende, Gap-garaňky boldy tam (R. Seýidow, Lebap gyzy). Daş-töwerek gap-garaňkydy (L. N. Tolstoý, Saýlanýan eserler).


GAPGARMAK [ga:pgarmak], Gabyň içine salmak, zady gaba yerleşdirmek. Üýşmek bugdaýyň gyrasyndan çuwalyny gapgarmaga durdy. Ol gyzyl çuwala öý goşlaryny gapgarýarka. öz ýanyndan hiňlenmek bilen gözýaş edýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAPGARTMAK [ga:pgartmak], Bir gaba dykdyrmak, gaba saldyrmak, gaba ýerleşdirtmek. Harmandan bugdaý gapgartmpk Saman gapgartmak.


GAPGARYLMAK [ga:pgarylmak], Gaba ýerleşdirilmek, gaba salynmak. Gar edil susakdan dökülýän ýaly bolup, possunyň syýyna gataryldy (L. N. Tolstoý, saýlanan eserler).


GAPGAYRŞMAK [ga:pgaryşmak], Gapgarmaga kömek ,gaba salyşmak'  ýygnaşmak.


GAP- GAÇ [ga:p-ga:ç], içine iýilýän zatlar salmak üçin ulanylýan her dürli gaplar (okara-çanak, jam, tabak, we. ş. m.) Stoluň üstünde gap-gaç goýuldy , (A.S.Puşkin.Saýlanan eserler). Näzik gap-gajy häzirleýär.(A.Gowşudow, Köpetdagyň  eteginde).


GAPDAL, 1.Böwür.Ýan. Herne ýüzüm-gözüm degmän, gapdalym degdi (A, Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

2. Tarap, Ýan. Emma Bahar bir gapdalyndaky  erik  agajynyň ýogyn sütünine gözlerini dikdi-de dymdy (A.Goşudow.Köpetdagyň eteginde). 

3.Kömekçi söz rolunda.Han Küliniň ýoly bularyň gapdalyndan geçmäge dogry geldi.(A. Durdyew,     Saýlapan eserler). Arkasy mähnet torbaly gara dere batyp, bir aýal gapdalymyzdan geçip gitdi («Tokmak» žurnaly).

<>  Gapdaly bilen   —  ikinji bir zadyň, adamyň ýany bilen.


GAPDALLAMAK ,Bir zadyň gapdaly bilen ýöremek, bir zadyň deňinden gitmek, gapdalyna ýakynlaşmak.


GAPDYRMAK, 1. Oklap howadaka tutdurmak, oklap ýere düşürtmän aldyrmak. Pökgini gapdyrmak.

2. Agyz saldyrmak, dişletmek. Erkegiň esreýändir, ahmal bolup özüňi gapdyraýmagyn.

* Guýruk gapdyrm a k — ser. G u ý r u k. Möjekler bilen gemrişip, munça iş bitiren itlere bir guýruk gapdyraýyn (A. Gowşudow, Kepetdagyň eteginde).


GAPJAWAÇ [gapjawa:ç], Bir zady gapjap tutýan ýörite enjam, gural.


GAPJALMAK, Gapjadylyp tutulmak, iki zadyň arasynda galmak, arasynda galyp gysylmak. Tohumlar klawişler bilen gapjalýar (I. K. Maksimenko, Türkmenistanyň gowaça selektsiýasy we tohumçylygy).


GAPJAMAK, Iki taraplaýyn basyp gysmak, arasyna salyp sykmak. Barmagymy gabsa gapjady. Bu çüý atagzy bilen pugta gapjap çekmeseň sogurtmaz.


GAPJATMAK, Gapjap tutdurmak, arasynda galdyryp gysdyrmak, sykdyrmak. Elini gabsa gapjadypdyr.


GAPJYK, Içine pul salynýan kiçijik gaýyş gap. Ynha geregiň pul bolsa — diýip, puldan doly gapjygyny goltugyndan. çykaryp, öňüme oklady. Ne beýle, gapjygy tiz okladyň-la — diýip, oňa dazaryldy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GAPLAMA [ga:plama], dial. Et, sogan, tüwi we ş. m. gök önümler garyşdyrylyp, tabada bişirilýän çöregiň bir görnüşi.


GAPLAMAK [ga:plamak], 1. Gaba salmak, gaba ýerleşdirmek.

2. Matanyň içine ýüň, pagta salyp ýorgan etmek. Bularyň üçüsini-de bile gaplaýjakmy? («Sowet edebiýaty» žurnaly) Täze ýorgan gapladylar.

3. göç.m. Gabsap almak, örtülmek, bürelmek. Goýy bütün asmany gaplady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Birdenkä güýçlenip, älem jahany gaplan uly ýel boldy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


GAPLANMAK [ga:planmak], I. Gaba salynmak, gaba ýerleşdirilmek.

2. Matanyň içine ýüň, pagta salyp ýorgan edinmek. Ýorgan gaplanmak.


GAPLAŇ, zool. Pişikler maşgalasyna girýän ala-mula derili ýyrtyjy, wagşy haýwan. Ýaralanan gaplaň jan howluna öwrülip, göni Orazgelde tarap okduryldy («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Gylyç mergen bir sapar awa gidende, gaplaň awlaýşyny gürruň berdi (A. Gowşudow, Eserler).


GAPLATMAK [ga:platmak], 1. Daşyna gap etdirmek, gaba saldyrmak.

2. Matanyň içine ýüň, pagta-saldyryp ýorgan etdirmek. Ýorgan gaplatmak.


GAPLAŞMAK [ga:plaşmak], 1. Gaba salyşmak, daňyşmaga kömek etmek, gaplamaga kömekleşmek.

2. Matanyň içine ýüň, pagta salyp ýorgan tikişmek. Ýorgan gaplaşmak.


GAPMA-GARŞY, Biri-birine büs-bütin garşy, ters. Birden biri gapma-garşy tokundy, Ýöne tokunma däl. gursagna gondy (B. Kerbabaew, Aýlar).


GAPMA-GARŞYLYK, Biri-birine gös-göni garşy bolan ýagdaý, biri beýlekisini inkär edýän hal (pikir, edilýän hereket hakda). Bu meselede, elbetde, gapma--garşylyk hem ýok (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAPMAK, 1. Oklanan zady ýere düşürmän, howade tutmak. Top urlandan soň, kim öňürti gapsa, ol oýny alyp baryjy bolýar («Pioner» žurnaly). Her aýdylan sözi ýere gaçyrman, Gapýan ýaly, Güller bir ýerde durman, Kä stola. kä-de gapa ýöreýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Agyz urmak, agyz salmak, dişlemek. Oňa agyzdyryk saljak bolanda bolsa, alaşa dodaklaryny gymyldadyp, oýun edip, Artygyň elini gapdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Düýe köşegini gowy görse, hem deper, hem gapar (nakyl).

3. göç. m. Iýmek. Beş menzilden bedew atlar çapar men. Her menzelde sermes guzy.gapar men («Görogly» eposy).

<> Göz gapmak— ser. Göz. Gözleriň gapypdyr şübhe tussesi (M. Gorьkiý, Saýlanan eserler).

Gulagyňy gapmak — ser. G u l a k. Şeýle ýakyndan atylmagy zerarly pulýemiotyň sesi hem gulagymy gapyp barýardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

Sesiňi gapmak — ser. S e s. Gap sesiňi, öljegiňe gülýärmiň? — diýipdir («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


GAP-ÇANAK [ga:p-ça:nak], ser. G a p-g a ç. Gylyç Gajar oglunyň gap-çanaklaryny döwüşdiren wagtlary-da az bolmady (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Gap-çanaklary arassa saklamak.


GAPY, 1. Jaýa girmek üçin ötelge, girelge, agyz. Bahar bilen çykyp gitdi içerden, Baryp hasapçylaň açdy gapysyn («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Jaýyň agzyna oturdylýan gabsa, işik. Agaç ussalarynyň ýanynda taýyn gapylar dur (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

3. Öýüň işiginiň öňi, öň tarapy. Gapymda ýolbars saklap, öýümde arkaýyn ýatyp bilmen. Gapymda garagulak düýäň süýnmänin-ä bilýän (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> Gapy syrmak—işikme-işik aýlanmak.

Gapy tutmak — kön. s. pul almak maksady bilen çykarylýan gyzyň oturan öýüniň işigini açman saklamak, şeýle hem gelin salynjak işigi açman saklamak.

Gapy h a k y — kön. s. gelin edinilende: gelinlik gyz alnyp gaýdyljak bolnanda, işik tutup duranlara hem-de getirilen gelni bir jaýa saljak bolanlarynda, işigi tutup duranlara berilýän pul.

Ýedi gapyda ýer tapmadyk — belli bir ýerde orun tutmaýan, hemme ýerden kowlup ýören.


GAPY-GAPY, Işikme-işik, öýme-öý. Gapy-gapy elendiren seniň gözleraň, gözleriň («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). Gapy-gapy aýlanmak.


GAPYK, Bagly, ýapyk. *Garagyň gapykmy — ser. G a r a k I. Seniň garagyň gapykmy, balagyň ýyrtylypdyr (M. Gorьkiý, Ene).


GAPYL [ga.pyl], 1. Duýdansyz, ahmallykda, birden-kä. Ýatan duşmanlaryň üstüna gapyl basarys (A.Gowşudow, Eserler). Ýagmyr şol ýerde gapyl ýatyrka, ony ele salypdyrlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Howply, gorkuly. Ýol ýörände kerwenler Gapyl ýerde ýatmady (N. Pomma, Gaýlak hyzzyn).

3. Hiç zatdan habarsyz, hiç zat bilmeýän. Gapyl adam. Gapyl galmak.


GAPYLLYK [ga.pyllyk], Ahmal galmaklyk ýagdaýy, duýdansyzlyk, habarsyzlyk. Iň gorkulysy-da, gapyllykda tora düşmeklik. Bu şeýle gapyllykda boldy. Hatda gizlenmäge hiç pursat bolmady (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GAPYLMAK I, Gapyp tutulmak, ýere düşmänkä ele alynmak. Yzly-yzyna oklanýan garpyzlar gapylyp tutulýar.


GAPYLMAK II, Baglanmak, ýapylmak.

<> Göz gapylmak — ser. G ö z. Aglap-aglap onuň iki gözi hem gapyldy.

Gulak gapylmak — ser. G u l a k.


GAPYRGA, Oňurga süňki bilen döşi birleşdirýän ýasy plastinka görnüşli uzyn sünk. Ol aty şeýle zor debsiläpdir welin, onuň gapyrgasyny döweýipdir (SSSR taryhy). Derňew organlary bulardan ýüz görüp, gapyrga syrmasa gerek («Tokmak» žurnaly). Sen aýyp görme, meniň ezilmedik gapyrgam galan däldir (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Ýüz görüp, gapyrga syrma (nakyl).

*Gapyrgalaryny sanabermeli — gaty hor, arryk.


GAPYRJAK, Tagtadan, demirden ýa-da kartondan ýasalan ýaşik, guty. Ony gabyr gapyrjagy ýaly darajyk polkada ýatyryp, aralarynda garawul durýardy, sözleşmäge goýmaýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol ýassygynyň aşagyndan mahorka gapyrjagyny alyp, çilim ýasamaga durdy (A. Durdyew,' Saýlanan eserler).


GAPYÇY,  Gapy-gapy  gezip ýören, aýlanyp  ýören, gedaý. Ol okuw sagadyny gutarandan soň, gapyçy  ýaly ygýardy  (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GAPYŞDYRMAK, Muşakgat baryny ýagdyrmak , howsala baryny ýagdyrmak. Baý, Sary mirap, sen hem dünýäni gapyşdyrýarsyň-ow! (B. Kerbabaew, aýgytly ädim).

GAPYŞMAK, 1. Dişleşip uruşmak, biri-biriňi gapmak, biri-biriňe agyz salmak, dişleşmek. Atlar kä wagt depşip gapyşýardylar (L. N. Tolstoý, Eserla)

2.Biri-biriňe oklap tutmak. Top gapyşmak.

3. Iki zadyň ýüz tarapy birleşmek, bir zat ýaly bolmak.

4. Gyt bolmak, hiç ýerden tapylmazlyk.

5. Apy-tupan turm,bulaşmak (howa hakynda). At tozundan asman-zemin gapyşar  («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GAPYŞYK, 1. Biri-birine gapyşyp duran.

2. Bent alan, bagly, gömük.