SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GAÇ


GAÇA ,1)gaça   durmak — içgin durmazlyk, çekiliberäl durmak,   gaýra  durmak,   çeke durmak.   Şpian edilip  iberilendir   öýdüp,  olardan  gaça durýardylar (H. Saryhanow .  Saýlanan   eserler).

2)Gaça uruş.  — duşmana emel etmek maksady bilen, kä uruş, kä  yza  çekilip  alnyp  barylýan

söweş.


GAÇGAN, Gaçmaga endik eden.


GAÇA – GAÇ , Dumly duşa gaçmaklyk, bosgy.Gaça-gaç, kowha – kow, onuň heniz  gören zady  däldi    («Gerogly»eposi).


GAÇA – GAÇLYK ,  Dumly-Duşa gaçmaklyk, bosga düşmeklilk, bosa – bosluk.


GAÇAK, 1. Tutdurmazak, sarç (mal hakda). Gaçak mal.

2. Gaçyp gezip ýören, gelmän-gitmän ýören, görünmän gezip ýören. Gaçak adam.- Gaçak mal (z a t)  ser. M a l.


GAÇAKLYK,   Gaçaga   has   bolan   gylyk-häsiýet.


GAÇAKÇY, Gaçakçylyk edip ýören adam, kontra-banda bilen meşgullanýan adam, -kontrabandist.

Baý ogly, gaçakçy bize gerek däl, Ozalkydan ýada salyň siz, ýaşlar! (Mollamurt, Saýlanan eserler).


GAÇAKÇYLYK, Döwlet serhedinden paç tölemän gizlin haryt geçirmeklik, gaçakçynyň alyp barýan işi, kontrabandistlik. Hökümetiň iň ýaman görýän zady hem gaçakçylyk ahyry! (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


GAÇALAK: gaçalak etmek — boýun gaçyrmak, sapalak atmak, gaçalaklamak, sypjaklamak. Nurjahan gaçalak etmän, ýüregindäkini mälim etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAÇALAKLAMAK, Boýun gaçyrmak, gaçalak etmek, sapalak atmak, sypjaklamak. Ýüzüni iki ýana sowup gaçalaklady («Kolhoz günleri»).


GAÇALAK-SAPALAK: gaçalak-sapalak etmek — işde we ş. .m. gaça durmak, boýun gaçyrmak.


GAÇALGA, 1. Gaçar ýaly ýer, gaçyp atar ýaly ýer, gaçyp gizlener ýaly ýer. Şäheriň kä jaýlarynyň aşagynda ýörite gaçalgalar bar.

2. Sypyp bolar ýaly (ýagdaý), sypar ýaly bahana, sypalga. Ol dogrusyny aýtmakdan çekindi, gaçalga tapdy (B. Kerbabaew, Çekişmän—bekişmez).


GAÇARA-KOWARA, Bir işi ýerine ýetirere, amala aşyrara (wagt hakynda). Entek gaçara-kowara maý bardy («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


GAÇGAK, Belli bir sebäbe görä ýaşaýan ýerinden, ýurdundan gaçyp ýören. Öz öýünde gaçgak guly gizlän adama ölüm jezasy berlipdir (Gadymy dünýä taryhy).


GAÇGAKLAMAK, Gaça durmak, gaýra durmak, bir işden sowa durup sypjaklamak, gaçyp gezip ýörmek. Ol ýüzüni iki ýana sowup gaçgaklady. Milli komitet dagadylandan soň, gaçgaklap gezýän Oraz serdar bir ýerden peýda boldy. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAÇGAKLYK, Gaçgak bolup gezmeklik, gaçgagyň ýagdaýy. Emma gaçgaklyk. ýaman (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAÇGALAKLAMAK, ser. Gaçgaklamak. Babahan arçyn Ezizden, Artykdan näçe gaçgalaklasa-da, bir söý bilen öýünde galdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAÇGYN, 1. Belli bir sebäbe görä öz ýurduny taşlap giden. Gaçgynlar hiç ýerden tapylmady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Pes, az (suw, reňk we ş. m. hakynda). Öten ýyl derýanyň suwy birneme gaçgyn boldy.

<> Gaçgynym şol — görmejegim şol, islemeýän zadym şol.


GAÇMAK, 1. Duran ýeriňden bir tarapa gaty ylgap gitmek, yza çekilmek. Zarbymyza çydaman, gaty gaçdyň düz bilen, Aryny sizden aldyk komissar Požarskiniň (Ata Salyh, Saýlanan eserler.

2. Bir sebäbe görä bolýan ýeriňden, işden ýa-da başga bir zatdan ygtyýarsyz çykyp gitmek, uzaklaşmak. Oraz serdar Eýrana gaçdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gaçan gutular, duran tutular (nakyl).

3. Eliňden ýa-da ýokardan ýere düşmek. Bu suraty görseň, diýýersiň göýe, Aýyň bir bölegi ýere gaçypdyr (A. Nyýazow, Şy-gyrlar).

4. Peselmek, çekilmek, azalmak (suw hakda). Derýanyň suwy gaçypdyr.

<>Gany gaçmak — ser. G a n. Gorkusyna gany gaçdy ýüzünden, Gowşanlygyn äşger ätdi sözünden (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).


GAÇHA-GAÇ [gaçha:-gaç], ser. Gaça-gaç, Ol, gaçha-gaç, kowha-kowda-da özüni ýitirmedi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAÇHA-GAÇLYK [gaçha:-gaçlyk], ser. Gaça-gaçl yk.


GAÇY, Suw agmaz ýaly derýanyň, kanalyň kenaryna, ýakasyna gum üýşürilip edilýän berkitme. Adamlar ýene-de derlerini saçyp, çyranyň ýagtysyna işleýärdiler we onuň gaçylaryny berkidýärdiler.


GAÇYRMAK, 1. Bir ýaňa gidermek, sypdyrmak. Alýoşa Poltoratskiden nähili ýol bilen ony gaçyrmaga kömek edip biljegini sorady (B. Kerbabaew, Aýgyt-ly ädim).

2. Elinden ýa-da ýokardan ýere duşürmek. Ol yrandy, tüpeňini gaçyrdy, aradan salym geçmänke, özi hem güpläp gitdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAÇYRTMAK, 1. Bir sebäbe görä biriniň ýa-da bir zadyň işden ýa-da başga bir ýerden gaçyp gitmegini amala aşyrtmak, uzaklaşdyrtmak. Bir enaýyja eldäki keýik owlajaygym. bardy welin, Jereinjige idet-diren bolup gaçyrtdym-da!

2. Eliňden ýa-da ýokardan ýere düşürtmek. Elimdäki käseni gaçyrdan Ata boldy.


GAÇYŞMAK, 1. Bilelikde gaçmak, ýuwaş-ýuwaşdan gaçmak, gaçyp başlamak. Çagalaryň hemmesi gaçyşyp gitdiler.

2. Dökülip başlamak (suwa we ş. m. zatlar hakynda). Tamyň suwagy gaçyşypdyr.