SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GAR


GAR [ga:r], Suw kristaljyklary görnüşinden ybarat bolup, gyşyna düşýän ak tozgajyk ýaly atmosfera ygaly.

Gar gatyşykly şowlaýan şemal esgerleriň içinden geçýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gar kimin ak pagtamyzdan reňk alan, Ak bulutlar gök ýüzünde göçýärler (R. Seýidow, Eserler).

Gar «ýagdy» diýip begenme, aýazy bardyr; işan «geldi» diýip begenm nyýazy bardyr (nakyl).

* Gar awusy —gar ýagmazdan öňki ýiti sowuk. Howa erbet bulaşypdyr, gar awusy bar (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde).

Ýüzünden gar ýagma k—ser. Ý ü z I. Berdi aganyň ýüzünden gar ýagýar, serederligi ýok (A. Durdyew, Saýlana eserler).

Petiňe gar ýagmak — işiň gaýtmak, bagtyň ýatmak. Petime gar ýagdy meniň, Eý arçyn, öýüň ýykylsyn! (Çary Aşyr, Poemalar).


GARA, 1. Kömrüň reňkinde bolan.

Gara keçe ak bolmaz, köne duşman — dost (nakyl).

2. Nämedigini saýgaryp bolmaýan zat, uzaklykdan görünýän predmet we ş. m. Şol wagt bularyň gapdalynda bagçylygyň için-de iki sany gara salgym atdy (A. Gowşudow, Mähri-Wepa). Gaýraky üzümçiligiň çetinde bir gara göründi.

3.Daş gabara, görnüş. Hümmetiň belentdir, garaň kiçijik, Köýnegiň ýagşyja, donuň mojujyk (Molla

murt, Saýlanan eserler).

4. Gör-bak, seret, änet.

<> Gara   altyn — ser. A l t y n. Nebite «gara altyn» diýip, ýöne ýerden aýtmandyrlar  («Sowet edebiýaty» žurnaly).   

Gara    bagyr — ser. Bagyr.

Gara bagyr   bolmak — ser. Bagyr.

Gara basmak- erbet düýş görüp basyrganmak, düýşüňde gorkup gygyrmak. Ol gara basan ýaly bir hili ysgyndan düşdi (B. Kerbabaez, Aýgytly ädim).

Gara  baş — ser.Baş I.    

Gara    başyňa      gaý    b o l m a k —ser. G a ý. Bir adam çotuny  şarkyldadyp, gara başyyna gaý bolup otyrdy  (B. Pürliew, Ilkinji gün).  

Gar bermek — bir ýere gelmek, barmak, görünmek, kämahal görnüp gitmek, uzakdan çala görnüp gitmek. Emma Süri gara bermedi  (B.  Gurbanow, Duşuşyk).Ene kimdir birine garaşýardy, emma hiç kim gara bermeýärdi (M.Gorьkiý.  Ene).   

Gara    burç  bot.— ser.    Burç I . Onuň ýüzüniň çep gapdalyndaky gara burç ýaly meiňjagaza gözi  ilende  bolsa: — Muňa näme üçin Meňlijan diýmedilerkä! — diýip oýlandi («Sowet   edebiýat žurnaly).  Gara  gaýgy — ser. G a ý g y. Gulluhan biziň gara gaýgymyz ruslaryň gwardiýa gurany däl.

(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 

Gara   geýinmek-ser. Geýinmek. 

Gara    gotaz — türkmen  gyzlarynyň çekgesinden  sallap  goýberýän tokga  seçegi. Ser ediň, şar gara saçlaryny. maýdaja örüp, gara gotawyň bagy bilen şabyrdadyp, iki ýan çekgesinden goýberipdir  (N. Pomma, Sebäbini   soň   bildim).   

Gara   gözüm — ser.  Göz.   

Gara    görnüm — ser.  G ö r n ü m.Gara görnüm gelenden soň, atdan düşdi («Görogly eposy).

Gara   güýç- ser., G ü ý ç. Abanyp gelýän gara güýç pursady elden bermän, yza çekilmegi talap edýär.( B.Kerbabaew,   Aýgytly   ädim).   

Gara   günler – ser.GÜN. adamyň başyndan aýrylman, durjak zat yok eken, ol gara günler geçdi.

(A.  Gowşudow, Köpetdagyn eteginde).

Gara    gyş — ser. G y ş. Ynha haý diýmän, gara gyş gelýär.   

Gara   gäz— ser. Gäz  Ana gör, üstüň-başyň gara gäz (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 

Gara    d e p e l — ser. D e p e l.   

Gara   dere   b a t m a k — ser. D e r. Özem hammamdan çykan ýaly gara dere batypdyr (N.Pomma,   Taýlak hyzzyp).   

Gara  donly bolmak — ser. D o n. Hemmesine düşünýärin, ýüregim bilen  jan edýärin, emma ýene men gara donly bolýaryn («Mydam taýýar» gazýeti).

Gara ýokdurmak—1) tegmil etmek, hapalamak; 2) töhmet atmak,  masgaralamak, myjabat  atmak.

Gara   jürjen — inçemik gara ýüz, güne ýanyp garalan. Wagonyň içinde gara jürjenje bir oglan bardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Beýlekisi bolsa gara jürjenje, ýiti gözli, inçemik oglandy. (B. Kerbabaew,   Çekişmän—bekişmez).   

G a r a      i ş  —  ser. I ş. Mawy akbijede galyp, Türküstanda demir ýoluň gara işinde işledi  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Gara   işçi — ser. I şç i. Bir näçe gara işçiler bolsa Çary agadan başga başlyk bardyr hem öýtmeýärdiler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). 

G a r a   ýüklemek - günäkär etmek,günä  ýüklemek.  Atabaýa sürteňde ýokmaz garany ýüklän menmi?!   («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Gara  ýüre k—ser. Ý ü r e k I. Ýolli bit adam, ol tüýs gara ýürek  (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).   Gara ýürek, müňkürler Berýär maňa her hil at (B. Kerbabaew, Poemalar).

Gara   mal — ser. M a l. Kolhozyň gara mal fermasy.

G a r a   nebis — erbet nebis, haram  nebis. Ol gara nebsi üçin her hili iş etmekden gaçmaz  (N. Pomma, Taýlak hyz-zyn).  

Gara   salmak — ser. Gara    bermek.  

Gara   s u w a g—ser. Suwag.

Gara suw bolma k—ser. Suw. Iki gat ýorganyň aşagynda ýatyp derledim, gara suw boldum.  

Gara    sürtmek — birini garalamak, ýalandan günä ýüklemek. Perişde ýaly päkize maşgala gara sürtmek bolman, näme?!    («Türkmen peýesalary»).

G a r a   ç y n — ser.  Ç y n. Barmagyny burnuna golaý eltip, oňa gara çyny bilen seretdi (M. Gorьkiý, Ene).

Gara  ýanyk  bolmak — ser.  Ýanyk. Adamlaryň ýüzleri gara ýanyk boldy  (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). 

Garadan    gaýtmaz—1)   hiç bir  zatdan gorkmaýan, çekinmeýän, gaýduwsyz. Onuň diňe bir garadan gaýtmaz iki sany ogly bardy (N. Saryhanrw, saýlanan eserler);   2) ýüzi galyň, her bir zat üçin ulanylýan (ýiti  ýarag  hakynda)    Garadan gaýtmaz pyçak.

Garaňy saýlamak — biriniň ýanyndan kowlup gitmek, bir ýerden çykyp gitmek, göterilmek. Ýolli, ätişgir bilen agzyňy gan ýalan ganjyga döndermänkäm, şu taýdan garaňy saýla, hany   gal! — diýdi (A. Gowşudow. Köpetdagyň eteginde).

Garaňy ýuwmak— eden günäňi yumak. Meniň garamy ýuwmaga, meni hondan bärsi adam edip görkezmäge çalyşýar («Sowet edebiyaty žurnaly). 

Garasy    ýitmek — gözden  ýitmek.Gorizontdaa görünmezlik.Şageldiniň gearasy ýiten dessine, Çopan janlandy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Peti    g a r a — şor maňlaý, alyny gara, işi gaýdan, bagtsyz. Bu peti garany öldüren bolamaýyn - diýip gorkdy (A. Gowşudow. Köpetdagyň eteginde.)


GARABA – GARA . Öňde barýany gözden ýitirmän, yz yany bilen.Ahyry yzyna garaba-garaba düşüp, mazarçylyga bardym.(Görogly eposy)

GARABAŞ, bot. Däneli ekinleriň başynda emele gelýän gara reňkli kömelek keseli. Agzyna inip duran

Garabaş degen arpanyň gylçygy ýaly murtuna timar berdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Garabaş keseli bilen kesellän sübseligi ýolup aýyrmaly (S. Ö. Öwezmyradow, Sudan oty Türkmenistanda täze ot-iýmlik  ösümlikdir).


GARABIJE [garabi:je], kön. s. Oktýabr rewolýutsiýa-synyň öň ýanlarynda goşunçylyga adam ibermek üçin atylan bije. Onuň garabijeden gaýdyp gelip durşudy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GARABOKURDAK, Gün-güzeran, ýaşaýyş üçin gerekli bolan iýmitler.Garabokurdak ugrunda selpäp ýörmek.


GARAW, Gaýtawul, garşylyk, jogap. Ol garaw tapmjagyna gözi ýetse, her hili iş etmekden gaçmaz (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda (nakyl).


GARAWUL, 1. Bir zady goramak, saklamak üçin ýa-da biwagt adam barmagy gadagan edilen ýere goýulýan sakçy. Mawy bir näçe gün mundan ozal, Eziziň saraýyna garwaul bolan gijesi, bir näçe ýaraglaryň düýe ýüklenenini görüpdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Men şu gün şäher magazininiň direktoryny gördüm. Ol maňa: — Magazine gije garawul bol! — diýdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Nyşana almak üçin hyzmat edýän, tüpeňiň niliniň ujundaky çykyp duranja demir. Tüpeňiň garawuly.

* Garawula almak — nyşana almak. Hormat garawuly — ýas ýerinde ölen adamynyň meýdiniň ýanynda durýan adam.


GARAWULLAMAK, 1. Garawulçylyk çekmek, gorap saklamak, sakçylyk etmek. Sen entek şu sklady garawullap dur.

2. Çenemek, nyşana almak, garawula almak. Mawy duşmana rehim etmäniň tersdigine düşünip, çalasyn garawullady-da, tüpeňiniň çekerini çekdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GARAWULLYK, ser. Garawulçylyk. Dillerini sallaşyp, ondan-oňa dazyrdaşýan itler tä howa ýagtylýança garawullyk çekipdirler («Sowet edebiýaty» žurnaly). Garawullyk işinde işlemek.


GARAWULHANA [garawulha:na], Garawullaryň bolýan jaýy. Ýanyndaky serbazlaryny garawulhanada goý-da, özüni bärik alyp gel («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GARAWULÇYLYK, Garawulyň käri, garawullyk, sakçylyk. Kazak derwezäniň ýanynda garawulçylyga kä durýar, kä durmaýar  (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler) Gijelerine  kolhozyň ekerançylygyna    garawulçylyk çekmeli bolduk (A. Gowşudow, Köpetdagyd eteginde).


GARAGAN, bot. Şor ýerlerde bitýän, pyntyk ýaly togalak-togalak düwünlije, gaty baldakly köpýyllyk ösümlik.

Şemal dikelmän ýaýran garaganyň bolgusyz çaly-çerkeziň çygsyz, gury ysyny getirýärdi (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Mylaýym bahar şemaly ýowşan, bozagan bilen garaganyň turşumtyk ysyny garyşdyryp getirýärdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GARAGAÇ, bot. Ownuk ýaprakly, ýaýrap ösýän beýik agaç. Kesip geçýer obaň için til agaç, Gurşap alan erik, alma, garagaç (N. Pomma, Saýlanan eserler). Häzirlikçe bu ýerde garagaç, tut, ak akatsiýa ösýär («Ýaş kommunist» gazýeti).


GARAGAÇAK, zool. Adam görse gaçýan uzyn gara ýylan. Diýýär: — Hanha barýar bir garagaçak («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GARAGAÇLYK, Garagajyň köp biten ýeri. Garagaçlyk ýer.


GARAGAŞ [garaga-.ş], Ýüpek ýaglygyň bir görnüşi. Garagaş ýaglyk.


GARAGOL [garago:l], Ýakymsyz, bezzat. Ol oglun çekdi-de, diýdi: — Garagol, Besdir indi, otur, akyllyja bol! («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol mundan, on bäş ýyl öňki bolgusyz, garagol çaga hiç meňzemeýär (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


GARAGOLLUK [garago:lluk], Garagoluň gylyk-häsiýeti, bezzatlyk. Kimdir biri garagolluk bilen hiňlen-di («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GARAGOLÇULYK [garago.-lçulyk], ser. G a r a g o l l u k. Çagalara garagolçulyk, etmezligi tabşyrmak gerek.


GARAGÖNE [garagö:ne], Daş reňki diýen manyda. Ol garagönesi giden papkasyny goltuklap, tribuna tarap barýarka içini gepletdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GARAGÖRNÜM, Garasyny görmek mümkin bolan aralyk, uzaklyk. Onuň garagörnüm ýerde jöw-jöwläp durmakdan başga edýän işi ýok («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Durdy hem Goşa obasyndan bolup, Artyklar-dan garagörnüm ýokarda oturýardylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GARAGULAK, zool. Pişikler maşgalasyndan bolan, ujy gara, dik gulakly ýyrtyjy haýwan. Haýwanat bagynda iki sany garagulak bar.


GARA-GURA, Köne-küşül, hapa-supa mata ýyrtygy we ş. m. zatlar. Bu, oda salsaň tütemejek köne-küşül, ýyrtyk-ýirik geýimleriňi gara-gura çöpleýäne berseň bolmaýarmy!


GARAGURT, Ýagy alnan goýun süýdüniň aýranyna buýan goşulyp gaýnadylmagyndan emele gelýän turşum-tyk süýži önüm, reňki gara gurt. Muňa ýyl aşan garagurdy tapda, suwa gaýnadyp-gaýnadyp şepbik ýaly edip çal (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GARAGURUM, Öýüň ýyrtylyp, tüsse siňip giden köne durluk-üzükleri we ş. m. köne-söne zatlar. Ynha, üstüňizdäki gara öý, munuň garagurumyna boglup otyrsyňyz (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Gara öýüň üstünde bir näçe ýyl tüsse siňip duran garagurumy ýakyp, kirpiniň tikenli hamyny ýakyp, şol ýaralar gutarylardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Garagurum gar ýaly ýagýar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GARAGUŞ I, zool. Laçynlar maşgalasyndan bolup, daglyk we çöllük ýerlerde ýaşaýan, et iýýän ýyrtyjy we güýçli, çüňki egri guş. Kä ýerde garaguşlar gaýmalaşýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sähradaky sürülerimize garaguş çozupdyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GARAGUŞ II, med. Tutanda el-aýagy sandyradyp, agzyňy köpürjikledip, huşuňy ýitirdýän nerw keseli, epilepsiýa. Onuň garaguşy tutdy-da, arkan gaýtdy.

* Garaguş agyryly — ser. Garaguşly. Hemşieler garaguş agyryly adam köp bolýardy, indi azalypdyr.


GARAGUŞLY, Garaguş keselli, garaguş keseli bilen kesellän, epileptik.


GARAGYÝÇAK, Garadan gelen şekilsiz, süýnmek gara ýüzli. Garagyýçak ataýry keşbi bolsa oňly söz wada bermeýärdi. Onuň ýanyndaky garagyýçak bir gelin daşyna çykaryp aýtdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GARADAMAK, bot.  Gumda bitýän uly ýaprakly ot.


GARADENDAN [garadenda:n], bot. Gumda bitýän ýasy ýaprakly, köki miweli köpýyllyk ösümlik, ot.


GARADIL, med. Göläniň diliniň üstüne örýän düwürtik, kesel ady.


GARADOLAN, bot. Dagda bitýän tegelek ýaprakly hem köp çybykly agaç. Gyşyň başynda bir sapar daga gidende kesip getiren garadolan taýagyny eline aldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GARAÝELIN, Ýelinlemän guzlan. Garaýelin geçi.


GARA'Ž, Awtomobiller we mototsikller saklanylýan hem-de remont edilýän jaý. Oba hojalyk maşynlar üçin giň garaž salynýardy («Kolhoz günleri»). Kolhoz garažyndan örýän maşynyň sany otuzdan agýar (Sowet edebiýaty» žurnaly).


GARAZ, Nähili hem bolsa, ahyrsoňy, her bolsa, mahlasy. Garaz, aňsat däl-de,  nähili Annagula Altyny görmek hökman gerekdi   (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Garaz, indi siziň ýanyňyzda agzymy açmaly däl-dä?! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GARAYÝŞ,  Bir zada  bolan pikirleniş, nukdaý nazar, serediş. Häzir işçiniň, daýhanyň Wagtlaýyn hökümete bolan garaýşy bütinleýin üýtgedi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sen bir menlik bol ahyry!—diýen garaýyş bilen  Annadurdy murt  Amanla  seretdi (N;Pomma, Taýlak hyzzyn).


GARAK I, ser. Göz 1. Bermeseň-de çykararys garagyňy (N. Pomma, Saýlanan eserler). Seniň näme garagyň gapykmy?   («Sowet edebiýaty» žurnaly). Kör bol! Garagyň çyksyn! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Garagyň gapykmy? — gözuň körmi, göreňokmy?!


GARAK II, bot. Püri bogun-bogun bolup duran, şor ýerlerde bitýän gyrymsy ösümlik. Biz garak ýygdyk.


GARAKÖKE [garakö:ke], ser. S ö k. Nabat eje agtygynyň eline bir oýnam garaköke berdi.


GARAKÖL [garakö:l], Garaköli goýnuk guzusyn baganasy. Döwlete garaköl bagana tabşyrmak plany

dolduryldy.


GARAKÖLI [garakä:li], Orta Aziýada ösdürilýän  buýra-buýra ýüňli goýnuň bir tohumy. Garaköli goýunlaryň baş sanyny has käpeltmeklik bellendi («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Garaköli goýunlara Çärjow sebitlerinde ýaşan çarwalar köp üns beripdirler. («Edebiýat»).


GARAKÖLÇÜLIK [garakö:lçülik], Oba hojalygynyň bir pudagy hökmünde garaköli goýunlary ösdürip,

ýetişdirmeklik. «Komsomol» garakölçülik sowhozy şu ýylyň iýunь aýynda guruldy («Sowet Türkmenistany»;gazeti). «Rawnina» garakölçülik sowhozynyň çopanlary her ýüz ene goýundan bir ýüz ýigrimi bäş guzy aldylar («Kolhoz günleri»).


GARAKÇY, Iliň zadyny, malyny talamak bilen meşgul bolýan, ýol urýan, talaňçy.

Garakçy-galtaman, ogrusy, Gün-günden köpelýär eli egrisi (N. Pomma, Saýlanan eserler). Girmesin Watana näkes garakçy.(«Sowet edebiýaty» žurnaly). Garakçy topdan aýrylanyny sajar (nakyl).


GARAKÇYLYK, Garakçynyň häsiýeti, hünäri, talaňçylyk. Näme garakçylyk üçin oturandyr öýdýär-miň? (Myraly). Knýazlygyň içinde hem birneme garakçylyk azalypdyr (SSSR taryhy).


GARALAMAK, 1. Reňkini gara etmek, gara reňke öwürmek. 

2. Hapa degirmek, hapalamak. Elimi  garaltdym.

3. göç.m. Töhmet etmek, ýamanlamak. Mähriniň özlerini garalap gidenini hem duýmadylar (A.Gowşudow, Mähri—Wepa).

4. Töwereginden seredip ýörmek, gözden ýitirmän yzyna düşmek, gözegçilik etmek.Wüiş kel töweregimizden garalap ýörüpdir (A. Gowşudow, Kepetdagyň   eteginde).   

5.Ýag çalmak, arassalamak. Ädigimi özüm garaladym.


GARALANMAK, 1. Gara bolmak, gara reňke boýalmak.

2.Hapa bolmak, hapalanmak.

3. göç. m. Töhmet atylmak, ýamanlanmak. Jenaýatkärler, jemgyýetçilik tarapyndan garalandylar.

4. Ýag bilen arassalanmak, ýaglanmak-Garalanmadyk soldat ädikleriniň gonjy-da gysgajyk-dy (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GARALATMAK,  1. Gara  etdirmek,reňkini gara etdirmek. Kagyzyň ýüzüni garalatmak.  

2. Hapa etmek, hapalatmak.

3. Töhmet atdyrmak, ýamanlatmak.Jenaýatkäri garalatmek

4. Ýag çaldyryp arassalatmak.Aýakgaby garalatmak.Ädigi garalatmak.


GARALLA: 1) Garalla bolmak- Päsgel bermek,zelel bermek.

2) Garalla etmek- Ugruna ser edip durmak, gözekçilik etmek, göz edip durmak, alada etmek.

Gyrkym maşyny özüne garalla edilip durulmagyny söýýär («Kolhoz günleri»).


GARALMAK I, 1. Gara bolmak, gara reňke öwrülmek. Proýawitelde köp saklansa, surat garalýar.

2. Bozulyp başlamak üýtgemek (howa hakynda). Bulut gelip, howanyň ýüzi garaldy.

3. goç.m. Bişmek, ýetişmek.Üzümler eýýäm garalypdyr.

4. Garaňky düşüp başlamak. Bu wagt ýaňy iňrigiň garalyp barýan wagtydy (A. Gowşudow, Mähri— Wepa).

5. Uzakdan görünmek, çala mälim bolmak. Göwnüme bolmasa, ol tamyň düýbünde bir zat garaldy, nämedigini açyk saýgaryp bilmedim.


GARALMAK II, Ara alnyp maslahatlaşylmak, seredilmek. Ýygnakda iki mesele garaldy. Bu meselä öň garalypdy.


GARALTMAK, Gara etmek, gara reňke öwürmek. Diwaryň ýüzüni tüsse garaldypdyr.


GARALY [gara:ly] I, bot. Gögümtil-gara reňkli, iýilýän we togalak-süýri miwe getirýän agaç hem-de onuň miwesi. Garalynyň we şetdalynyň şahalarynda pomidoryň düwünçekläp, gyzaryşyp oturmagy gaty geň (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Onda erik-de, alma-da, ülje-de, garaly-da, şetdaly-da, hatda nar-da bardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GARALY II, Günäsi bar bolan, günäli, ýazykly. Polikeý biabraý we garaly adamdy (L. N. Tolstoý, Saýlanap eserler).


GARALYK I, Gara reňkdäkilik.


GARALYK II, Günä, töhmet, aýyp, şyltak. Maňa garalyk ýöňkemäge çalyşýarsyň (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ahyry şol garalygy, boýnundan aýyrdyrmak üçin arza berdi (A. Gowşudow, Eserler).


GARAMA-GARA, ser. G a r a b a-g a r a b a. Wepa garama-gara yzyna düşüp, ony synlaýardy (A. Gowşudow, Eserler) .


GARAMAK , 1. Seretmek, bakmak, äňetmek. Kerim mymanlaryň ýüzlerine ýylgyryp garady («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Gözegçilik etmek, äňetmek. Çagalara garar ýaly bir adam gerek.

3. Ara alyp maslahatlaşmak, derňemek. Bu mesele geçen ýygnakda garadylar.

4. Agzyna seredip durmak, bagly bolmak, garaşly bolmak.


GARAMANDALAK- [garamanda:lak], bot. Ortasyndan soganyňky ýaly porruk çykaryp ösýän ýasy ýaprakly, köki miweli ösümlik.

Garamandalak, şagal gozasy, ýabagan ýaly biderek har-haşal otlardan başga bu ýerde hiç zat ýok  (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GARAMAT [gara:mat], Başga  birine jogapkärlik, özge üçin ýazyk, günä, töhmet, garalyk.

Ölse, garamatyny men çekeýin (B.  Kerbabaew,  Aýgytly ädim). Sen bir uly gyz, men bolsam bir garry adam. Iliň garamatyndan çekinmän duramok (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


GARAMAÝAK, Ýönekeý, pukara; garyp, köpçülik wekili.(adam hakda). Bizler garamaýak adamlar. Özleri bolsa meniň ýaly garamaýagyň düşýän hasabyna düşenoklar.(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýene täze howp, täze jan, garamaýaklaryň horluk takdyry (A. S. Puşkin. Saýlanan eserler).


GARAYMTYL , Reňki gararak, gara ýakyn reňkli. Gujurly göwresi, garamtyl saçy, Göwnümde bir täze duýgy döretdi (N. Pomma, Saýlanan eserler). Onuň peşeneli garamtyl ýüzi bir hili agardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GARAMÜRRI, bot. Daşy dilim-dilim, kiçeňräk, giç bişýän garpyz.


GARAMYK I, bot. Itüzüme meňzeş garaja miwe getirýän agaç we onuň miwesi. Ol inçejik, garaýagyz, boýy uzyn, gözleri garamyk ýaly bir oglandy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Jansyz göreçleri garamyk ýaly buldurap görünýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Garamyk özün bag saýar, depe özün dag saýar (nakyl).


GARAMYK II, med. Çaganyň tenine örýän ownujak gara düwürtikli kesel. Italmaz aga, seniň munyň gyzamyk-da däl, garamyk-da däl, mama hem däl (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GARANDYRMAK, Garaşdyryp goýmak, töweregine seretdirmek, äňetdirmek. Meni garandyrdyň-da goýaýdyň. Ol meni ýoluna garandyryp goýdy.


GARANEBIT, Nebit ilkinji gezek işläp bejerilen wagtda ondan benzin, gazolin, kerosin alnandan soňky galýan ýagjymak galyndy.


GARANJAKLAMAK, Bir zatdan heder edip, daş-töweregiňe seretmek, töweregiňe bakmak, töweregiňe äň etmek. Sallanjyrap emaý bilen ätleýär, Garanjaklap, gör kimidir ýatlaýar (B. Kerbabaew, Aýlar). Mama gorkuly gözleri bilen töweregine garanjaklady. Ol gyz töweregine garaňjaklady. Artyk taýly gezek yzyna garanjaklady. Alaşa töweregine garanjaklady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GARANJAKLATMAK, Daş-töwerege seretdirip goýmak, garaşdyryp goýmak. Birini garaňjakladyp goýmak.


GARANJAKLAŞMAK, Bilelikde garanjaklamak, daş-töwerege seredişmek, äňedişmek. Ak öýleriň gapylaryndaky aladaly gelinler allaniçigsi garanjaklaşyp, ýaşmaklaryny omrakaý ýaşynypdyrlar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GARANIL [garani:l], Seçme atýan ýeke nil aw tüpeňi.

Ol, ýaby, baýtal, eşek ulagly, garanilli, paltaly, gyrkylykly, dürli ýaragly ýygyndy nökerleriň arasynda aýlandy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GARANMAK, Töweregiňe garamak, eýläňe-beýläňe seretmek, änetmek. Onsoň Ýegoryň dem alşyna diň salyp, töweregine garandy. Ýeke özi galansoň, Wesowşikow töweregine garandy. Ýene öz ýerine baryp, naharly gabyny ýerde goýdy-da, ýüzüniň derini süpürip, töweregine garandy (M. Gorьkiý, Ene).


GARANTGA, Mal-gara, guş gelmezlik üçin ekiniň içinde adama meňzedilip goýulýan şekil, agaçdan we ş. m. edilen göwre.

Garantga ýaly bolup duran Elli Hoşgelde öz syryny aňlatjak boldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Men saňa garantga diýemok (B. Pürliew, Ilkinji gün). Uly yoluň ýakasynda asylyp duran Horaz bagşy bir garaşda ekiniň içindäki garantga ýaly görünse, ikinji garaşda gyjytly gygyrýan jarçyny ýada salýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ata sömelek bir gowaçanyň düýbünde dikilen garantga ýaly sömelip durýar. Bu bolsa yzda brigadir ýa-da zweno başlygyny görse, garantga ýaly sömelip durýar (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GARAŇKY, 1. Ýagty düşmeýän, ýagty däl, yşyksyz. Ümsüm garaňkyda dokladçynyň sözi pert-pert ýaňlanýar-dy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gün ýaşyp, garaňky düşmänkä, Gyzdurdy hem gelni bilen oba geldi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Garaňka öwrüp-de ýagty säheri, Gallajyň daşyny tor eden kanun (N. Pomma, Saýlanan eserler). Garaňkyda ýöreseň büdürärsiň (na-kyl).

2. göç. m. Düşnüksiz, aýdyň däl, gümürtik, şübheli. Eýsem, size garaňky ýeri nämede? — diýip sorady  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> Garaňky gatlyşmak — garaňkyrap başlamak, garaňky düşmek, iňrik  garalmak. Garaňky gatlyşanda, towuklar  ketegine ýygnanýar.


GARAŇKYLAÇ, Onçakly garaňky däl, çala garaňky, garaňkyrak. Howada bulut bolmasa-da, asman aýsyz bolany üçin garaňkylaçdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GARAŇKYLYK, 1. Ýagtylygyň bolmazlygy, tümlük. Çaýçy gözlerini petredip, giň sährany büren garaňkylyga seretdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Emma Mehinliniň yzda galmagy, gitjek ýolunyň garaňkylygy ony biraz ikirjiňletdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Goýy garaňkylyk, göýe gara perde emaýlyk bilen syrylýan ýaly, günbatara baka düýrülýärdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Eýýäm garaňkylyk örtüp barýardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. göç. m. Medeniýetden yza galaklyk, nadanlyk. Nursuz gara bulutlar, üstümizde gezerdi, Garaňkylyk, nadanlyk ili horlap ezerdi (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler).


GARAŇKYRAMAK, Garaňky düşüp başlamak, çala garaňky düşmek. Içeri garaňkyrady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> Gözüň garankyramak — ser. G ö z. Onuň gözi garaňkyrady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Onuň başy aýlanyp, gözleriniň öňi garaňkyran ýaly boldy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GARAŇKYRATMAK, Çala garaňky etmek. Aýnalara tuty tutup tamyň içini garaňkyratmak.


GARA-ÖRT: gara-ört bolmak — güne ýanyp ýa-da nähoşlap ýüzüň garalmak. Suwsuz horlanyp, agzym köpäp, gumda yssyň aşagynda gara-ört bolanym ýadyma düşýär (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Ol dört-bäş günläp gara-ört bolup, gözüni pugta ýumup we dişlerini jygyldadyp, düşekde urnup ýatdy (M. Gorьkiý, Ene).


GARASAR, zool. ser. S a r I. Gowaça sowkasyny garasarlar, torgaýlar, serçeler, gargalar we başga guşlar gyrýarlar (P. P. Boguş, Türkmenistanda gowaça sowkasy .we oňa garşy göreş çäreleri). Garasar uçan ýaly, gürläp ötägitdilep   («Görogly»  eposy).


GARASELME, bot. Ýagjymak galyň ýaprakly haşal ot, selmeniň bir görnüşi. Şeýle bir açlyk başlandy welin, adamlar garaselme, gyrçyma ýaly otlary iýmäge başladylar (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


GARASÖÝMEZ, Köpçülikden özüni üzňe saklaýan, ile, hiç kime gatyşmaýan. Garasöýmez adam.


GARASÖÝMEZLIK, Garasöýmeziň gylyk-häsiýeti, köpçülikden özüňi üzňe saklamaklyk, ile, hiç adama gatyşmazlyk. Garasöýmezligi bilen bütin şäherjige ýakasyny tanadan Nikolaý Wesowşikow içerik girdi (M. Gorьkiý, Ene).


GARASUW, 1. Saryň gaýnamagy zerarly agzyňdan gelýän suwuklyk. Agzymdan garasuw gelýär.

2. Göz agyry — körlük keseliniň ady. Trahoma wagtynda bejerdilmän, kirpik ýykylyp, göze garasuw inip, oňa gül düşende, ony derman bilen bejerip bolmaýar (S. K. Karanow, Trahoma we oňa garşy göreş). Onuň gözüne garasuw inipdir.


GARATEŇŇEZ, bot. Dagda bitýän, gür inçe çybykly, tikenli agaç.


GARATIKEN, bot. Köplenç suwluk ýerlerde, ýap boýunda bitýän syh-syh uzyn ýaprakly haşal ot, ösümlik.


GARATMAK, Seretdirmek, bakdyrmak. Içindeň. adam sümäýmeli toplaryny bize garadyp gurupdyrlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GARAHALYLY [garahaly:ly], ser. X a l y l y.


GARAHASSALYK, Gaty gyzzyrdýan  gorkuly ýokanç kesel, tif. Garahassalyga ýatyp, Öldi Haltäç hem aýaly (R. Seýidow, Bagtlylar). Munuň atasy garahassalykdan ölüpdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


GARAHASSAÇYLYK, ser. Garahassalyk. Müsürden getirilen ýokanç garahassaçylyk keseli ýaýrapdyr (Gadymy dünýä taryhy).


GARAÇAÝYR, bot. Bogun-bogun bolup ösýän çaýryň bir görnüşi.


GARAÇARLAK, zool. Deňizde balyk iýip ýaşaýan, ganatlary çowly, çüňki egri şar-gara guş.


GARAÇORBA [garaçofba], ser. Çorba.


GARAÇY, Birden kürtdürip durýan, ürkek (mal hakda). Hemmesinden hem ýamany, ol öz ýanyndan bir zady dogry ýa nädogry diýip düşünse, edil garaçy ýaby ýaly kürtdürýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Pähaý walla Artyk, senem garaçy mal ýaly-ow! (B. Kerbabaew, Aýgtly ädim).


GARA-ÇYRA, Haýwanyň, adamynyň we ş. m. zadyň örän uzaklykdaky garasy. Ýoldaşlaryňdan, süýregçiden heý bir gara-çyra ýokmy? Hiç gara-çyra iok («Görogly eposy).


GARAŞ, Bakyş, serediş, äňediş. Uly ýoluň ýakasynda asylyp duran Horaz bagşy bir garaşda ekin için

däki garantga ýaly görünse, ikinji garaşda gyjytly gygyrýan jarçyny ýada salýardy. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GARAŞDYRMAK, Biriniň gelerine ýa-da bir zady bolaryna göz dikip duruzmak. Maşyna garaşdyrmak, Söz berip garaşdyrmak.


GARAŞLY, 1. Birine bakna bolan, öz erkli däl, bir zatdan asyly bolan, başga bagly. Şol wagtlarda adamlar tebigata bütinleý garaşly bolupdyrlar (Gadym dünýä taryhy).

2. Bir edara, gurama tabyn bolan. Biziň mekdebimiz Halk magaryf ministrligine garaşly.


GARAŞMAK, Biriniň ýa bir zadyň geler wagty bolýança sagynmak, durmak, göz dikmek.

Men Aşyra garaşýaryn. Ol saňa sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Eziz bir salym garaşandan soň, olara sorag berdi. Ol, soraga-da garaşman, öz akylynyň ýetişine görä, düşündirip başlady. Sen onuň görýän çäresine garaşma-da, kyn ýagdaýdan baş çykarmagy öwren (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GARAŞSYZ, Garaşly däl, özbaşdak, özygtyýarly. Oblastlaryň tanymal hökümdarlary özlerini patyşadan garaşsyz duýýardylar (Gadymy dünýä taryhy).


GARAŞSYZLYK, Garaşly dällik, özbaşdaklyk, özygtyýarlylyk. Şondan soň Müsür uzak wagtlap öz garaşsyzlygyny ýitiripdir (Gadymy dünýä taryhy).


GARAŞYK, Edilýän alada, kömek, göz aýlamakl. Çagalara hem garaşyk gerek.


GARAŞYLMAK, Biriniň gelerine ýa-da bir zady bolaryna garaşyp oturylmak, göz dikilmek. Ol garşylmadyk ýerden çyrasy öçen tamyň içinden otluçöp sermeýän ýaly, döläniň içini sermenip başlady (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GARAÝAG [garaýa:g], Goýnuň çöründen edilýän ýag (gotur mala, gurtlan mala we ş. m. çalynýar). Bir wagtlar-a düýe goturanda, ýyl aşan garaýag çalyp, günde goýardyk (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GARAÝAGYZ, Reňki gara bolan, bugdaý reňkden hem gararak. Ol süňklek, garaýagyz, burunlak bir oglandy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Beýleki gotraky, garýagyz ýaş ýigit bolup, hiç bir zat saýgarar ýaly däldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol ofitser at ýüzli, garaýagyz, gara göz, gara gaş, otuz bäş-otuz ýedi ýaşlar  çemeli bir adamdy. Gurt gart agras garaýagyz ýüzüni sallap, sesini çykarman dymyp otyrdy (A. Gowşudow Mähri—Wepa).


GARAÝATAK,  Süri dowaryň belli bir ýatýan ýatagy. Dowarlar üçin garaýataklar bar mahalynda şeýle Jaýlar guýudan 15 km uzakda guralsa hem bolar («Sow« Türkmenistany» gazýeti,).


GARBAK dial. ser. Çeňňek 2. Derýada garbak gurup gaýdypdym welin, uly balyk düşen eken.


GARBAK-GURBAK: garbak-gurbak etmek — ýaç owlak iýmek, garbanmak. Men ýaňy mekdebiň bufetinden garbak-gurbak edindim («Sowet edebiýaty» žurnaly). Oraz garbak-gurbak etmegi teklip etdi («Kolhoz günleri»).


GARBAMAK, Zady nebsewürlik bilen hasyr-husur almak çalasyp almak, ur-tut almak. Şol oglanyň elinden garny garbap alyp, açyk gapydan dazyrdadyp zyňdy. Daýhanlaryň agyzlaryndakyny garbap alyp, Halnazaryň urularyny dolduran Babahan arçyn däl-de, kimdi? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Garga tilkiniň gözünden çokjak bolup, çünküni ýaňy uzadyp barýarka, tilki birden turup, gargany agzy bilen garbap alýar («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Ol haltajygy garbap aldy, onuň içinde hiç zat ýokdy (A. Gowşudow, Mohrp—Wepa) .

* Ýer garbama k—ser. Ýe r. Gyzjagaz entäp ýykyldy, gyllygy sallanyp, dodaklary ýer garbady. Seniň iki ýanyňdan ýeňsäňe düwündirerler: agzyň ýer garbar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GARBANALGA, Az-owlak iýmek, garbanmak üçin iýmk, ýeňiljek nahar.


GARBANALGAHANA [garbanalgaha:na], Garbanmak üçin kiçiräk naharhana. Olar garbanalgahanadan nahar edindiler.


GARBANARLYK, Garbanar ýaly ýeňiljek nahar edinerlik. Garbanarlyk iýmit.


GARBANDYRMAK, 1. Döwüm-dişlem çörek iýdirmek, doýar-doýmaz nahar iýdirmek, ýeňiljek nahar bermek.

2. Näumyt goýmak, sermendirmek. Halnazar baýy garbandyryp goýduň! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GARBANMAK, 1. Döwüm-dişlem çörek iýmek, doýar-doýmaz nahar edinmek, ýeňiljek nahar iýmek. Oraz aga, bir-iki agyz garbanyp gidäýseňiz gowy bolardy («Kolhoz günleri»). Aý ogul, gel bir agyz çörek garban, soň yene işläber — diýdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Meniň maşgalam garbanmaga zat tapman, aç ýatyp, aç turýa, a onuň iti hem bugdaý çöregden ýüz öwürýä. Obada edere iş, garbanara zat tapmadyk aç daýhan bazara dökülipdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Näumyt galmak, hiç zatsyz galmak, sermenmek. Eger-de biz olaryň şu pikirini puja çykaryp biläýsek, onda olar düýbünden garbanyp galarlar (M. Gorьkiý, Ene).


GARBATMAK, 1. Bir zady hasyr-husur aldyrmak, çalasyn el urdurmak.

2. ser. G a r b a n d y r m a k. Mala az-owlak sypal garbatmak.


GARGA, 1. zool. Ýalpyldawuk gara ýelekli, gagyldap seslenýän we ala gara reňkde bolýan uly guş. ýyl aşan tohumyň ýarysyny gargalar çöpledi (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim).

Garga garganyň gözüni çokmaz (naky)

Garganyň gaz balasy, her kimiň öz balasy (nakyl)

Garga müň  gagyrsa-da ýaz çykmaz, gaz bir gagyrsa, ýaz (nakyl).

2. göç. m. Mekir, hilegär. Aý, ol gargadyr, seniň duzagyňa düşmez. Eziz gargadyr (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim).


GARGAMAK , Gargyş etmek, näletlemek. Oglum, «jany agyran taňrysyna gargar» diýipdirler («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Paýyş sözler aýtmak, sögmek. Elbetde, Pehlewä sögüp-gargamak bilen täji-tagtdan el çekdirmek mümkin däl (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


GARGANJYRAMAK, 1. hüňürdäp gargyş etmek, samyrdap nälet etmek.

2. hüňürdäp paýyş söz aýtmak, sögünjeremek.Adamlar oňa sögüp, garganjyrap dargap gidýärdiler.(M.Gorkiý).


GARGANMAK, 1. Birine gargamak, gargyş edip oturmak, nälet etmek. Deýýus gara gyrnak, gara tomzak ýaly garganyp oturmakdan başga işiň ýok (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly). Hernä eýgilik garasyny görmädiň-de! — diýip gargandy. Halnazara gargandy-da, çorluja ýalaňaç aýaklaryny biri-biriniň öňüne taşlady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Birine paýyş söz aýtmak.

3. göç m. Bir zada jibrinip käýinmek. Garganyp ýörmek.


GARGATMAK, 1. Gargyş etdirmek, nälet etdirmek. Bolar-bolmaz ýaramaza gargadyp durmazlar. Nähak gargatmak.

2. Paýyş söz aýtdyrmak, sögdürmek.

3. göç. m. Nähak ýere käýindirmek.


GARGAŞMAK, Bilelikde gargamak, köp bolup gargyş etmek; biri-biriňe gargamak.


GARGY, bot. Syrdam ösýän, bogun-bogun, uzyn ýogyn gamyş. Çekilip gerlen simiň üstünden gargy goýulýar (W. Z. Raenko, Ýüpekçilik boýunça önde baryjy tejribe). Slawýanlar agyzlarynda saklaýan gargylary bilen dem alýan ekenler (SSSR taryhy).

<> Gargy tüýd ü k — ser. T ü ý d ü k. Çopanyň gargy tüýdügi ýaňlanýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sakçylar gargy tüýdük çalşyp, aýdym aýdýarlar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GARGYLYK, Gargynyň köp biten ýeri. Gargylyk ýer.


GARGYNÇ, ser. Gargyş. Bally han içerde Ataýry gelniň igenjini, gargynjyny çekip otyrdy. Annaberdiden oňa ne sögünç, ne gargynç, ne igenç, ne gaýtawul bardy. Artyk ejesiniň gargynjyna ýylgyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Dagyň arslan-şirleri alkyş edýär janyňa, Garsaklaryň gargynjy gelmez golaý ýanyňa (Nury Annagylyç. Saýlanan eserler).


GARGYŞ, Birine erbet zady arzuw edilip aýdylýan ters dileg, paýyş söz, sögünç, nälet, ýigrenç.

Indi uly iliň alkyşyna garşy bir adamynyň gargyşy gör, näme iş bitirerkä? (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Şol gargyşlaryň hemmesiniň hiç bir peýda bermejegini bilip, ol aýal sesini kesdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Itiň gargyşy gurda ýokmaz (nakyl).

<> Gargyş ýagdyrmak — birsyhly gargamak, gargyş edip käýinmek. Şemsie uzak sözledi, zeýrendi, Pehlewe gargyş ýagdyrdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


GARDAŞ, 1. Erkek dogan. Meniň iň uly gardaşymyň iki ogly bar.

2. Erkek adama ýüz tutulyp aýdylýan söz. Bilýän bolsaň, gardaş, gowaça bir aýlan (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Hawa, gardaş, Nurjahan eje meni hem ýatdan çykarmandyr. Siz bilýänsiňiz, biziň gana-gan gardaşlarymyz asyrlar boýunça biri-birinden jyda ýaşaýarlar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Tekeli ilinden gelen gardaşym, Körpe guzy Röwşen jandan bildiňmi? («Görogly» eposy).


GARDAŞLYK, ser. Doganlyk 1.


GARDERSSB, 1. Geýim asylýan şkaf, geýim asyp goýmak üçin şkaf. Garderob satyn aldyk. 2. Kepçülik jaýlarynda gelen-gidenleriň ustki eşikleri sakla-nylýan er. Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyn, içinde iki earderob bar.


GARDEROBÇY, Garderobda, geýim asylýan jaýda hyzmat edýän adam.


GARDYRMAK [gagrdyrmak], Garmaga mümkinçilik bermek, garyp bulaşdyrtmak, gatyşdyrtmak, goşdurmak. Oňa sygyrlara beriljek tirtiň içine arpa ununy hem gardyrdym.


GARJAMAK [ga:rjamak], ser. Garmak.


GARJAŞDYRMAK [ga:ryaşdyrmak], Garym-gatym etmek, bulam-bujar etmek, bulaşdyrmak, garyşdyr-mak. Pikiri garjaşdyrmak.


GARJAŞMAK [gar:jaşmak], 1. Garylmak, garyşyp gitmek, goşulmak. Tyçenko onuň yzyndakylar bilen garjaşyp, göýe ol-da ugradýanlar hökmünde sapançasyna ýapyşyp, gozgalaň bilen pursat arap gitdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Bulam-bujar bolmak, garym-gatym bolmak, ýalňyşlyk gitmek, bulaşmak. Pikir garjaşmak.


GARJAŞYK [gar:jaşyk], ser. Garyşyk


GARJYKMAK [gar:jykmak], Gyryk bolmak, gyrylmak. Onuň sesi garjygyp gitdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GARJYMYK [gar:jymyk], Gyryk, boguk (ses hak-da). Garryja ýamşik, garjymyk sesi bilen gyjyrdady (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GARK: 1) gark bolmak — suwuň düýbüne gitmek, suwa batyp ölmek.

Namarda zar bolandan, gara derýa gark bol (nakyl)

; 2)gark etmek — 1) suwuň düýbüne batyrmak, suwa gidermek. Suw güýjäp, gark etdi ony, Gitdi ol suwuň teýine (Çary Aşyr, Poema-lar);

2) halys doýurmak, basdyryp suwarmak, peli dolduryp suw tutmak. Ekini gark etdim, entekler suwsamaz; 3) gark urmak — erbet usgürmek, birsyhly üsgürmek.


GARKYLDAMAK, Garkyldyly ses çykarmak, gark-gark edip seslenmek (gaz hakda). Çeşmämiň kölünde garkyldap ýüzer, Ýaşylbaş sonaly gazlaryň seniň («Türkmen halk şahyrana döredijiligi


GARKYLDAŞMAK, Köp bolup garkyldamak, garkyldyly ses edişmek.


GARKYLDY, Gaz gygyranda çykýan ses.


GARLAWAÇ [garlawa:ç], zool. Serçeler otrýadyndan bolan inçe uzyn çowly ganatly, guýrugynyň ortasy gädik, çalt uçýan, petekesi akja, kiçijik garaja guş.


GARLYK [ga.-rlyk], Garyň köp düşen eri, garyň köp ýagan ýyly. Görseň, daş-töweregiň ýagty we garlyk (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GARMA [ga:rma] I, Erşi gyzyl ýüpekden, argajy gara ýüplükden edIlip, elde dokalýan zol-zol mata. Başynda gara telpegi, egninde garma dony bar (A. Durdyew, Saýlanan eserler


GARMA [ga:rma] II, Sogan, käşir, et, çörek garylyp bişirilýän dograma çorba, nahar.  Bir uly garmany garnyna gapgardy («Görogly» eposy)


GARMA-GÜRMELIK   [garma-gürmelik],    Adamlaryň tertipsiz  üýşmeleňi, aýdyň dällik,  bir hili bulaşyklyk,  başagaýlyk. 


GARMAK [ga:rmak], Bir zady ikinji bir zat bilen goşmak, garjamak.

Kolhozyň iýmiti gyt bolmasa-da Aýsoltan Laçynyň iýmitine ýumurtga garyp bermegi haýyş edýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


GARMALAŞYK [ga:rmalaşyk],   Adamlaryň tertipsiz garym-gatymlygy. Men ony garmalaşygyň içinden çekip çykardym (M. Gorьkiý, Ene).


GARMONIKA, Klawiaturaly saz guraly.


GARMONIÝA, 1. Akkordlaryň düzülişi baradakay saz teoriýasynyň bölümi.

2. Saz, deň gelmeklik, sazlaşyk, sazlyk.


GARMONÇY, Garmon çalýan adam.


GARMON, ser. G a r m o n i k a.


GARNAÝYÇ, bot. Togalajyk kökünden süýde meňzes suwuklyk çykyp duran dagda bitýän ösümlik.


GARNAMAK, Öldürilen malyň garnyny dilip, goşuny çykarmak, aýyrmak.

Owadan keýikleri garnap, maşynyň ortasyna basdylar (B. Kerbabaew, Aýsoltan]


GARNATMAK,   Öldürilen  malyň  iç goşuny dyrmak, arassalatmak.


GARNAŞMAK, Öldürilen maly garnamaga kömek etmek.


GARNIZO'N, Şäherde, galada ýa-da berkidilen raýonda ýerleşdirilen goşun bölümi.

Şeher garnizonyň-da oňly goşun ýoguny ynandyrdy. Çernyşow öz garnizonynyň az sanly soldatlaryny kömege ündeýärdi.


GARNI'R, Etli naharyň gapdalyndan goýulýan unaş we ş. m. huruş.


GARNITUR, Bir zadyň doly komplekti, ýygyndasy. Mebeliň garnitury.


GARNUW [ga:rnuw], Goşant, garyndy. Bu matanyň hiç hili garnuwy ýok.


GARNUWLY, Goşant goşulan, garyndy garylan. garyşdyrylan. Bu ýüpek garnuwly.


GARNUWSYZ,  Garyndysy, goşandy bolmadyk.


GARP, kön. s. Gündogaryň garşysy, günbatar.


GARPYZ,  bot. Kädiler  maşgalasyndan  bolan  bossan ekini we onuň ullakan togalak süýji hasyly garpyzyň içi köz ýaly eken (N. Saryhanow,   Saý" eserler).


GARPYŞMAK, 1- Salşyp almak, geýdirilişmek, uruşmak Garýagdy uruş başlanan. badyna Muhat bilen garpyşdy (X. Ysmaýylow, Powestle,!»).

2. Gujaklaşmak. Rugsat ber, ýürekleri açaly, goý ýürekler garpyşsyn (G. Seýitliew, G. Muhtarow, Çopan ogly).


GARRAMAK, Garry bolmak, ýaşyň könelişmek.

Aýna alty aýda, belki, alty ýyllyk garrapdy (B. Kerbabasw, Aýgytly ädim).


GARRATMAK, Garran hala getirmek, garrylyga ýetirmek. Ony köne agyr durmuş garratdy.


GARRAŞMAK, Garrylyk ýagdaýyna ýetişmek, ýaş könelişmek. Adam birneme garraşyp başlapmy, nämemi, öňkülik ýok.


GARRY, Garrylyk ýaşyna ýeten, garrap ýaşy has hem könelişen.

Görülmedik şadyýanlyk kolhozda, Iýgitde, garryda, gelinde gyzda (B. Kerbabaew, Aýlar).


GARRY-GARTAŇ, ser. G a r r y-g u r r y. Garry-gar-taň yza galanlaryň gerşinde gamçy oýnady.

(B.   Kerbabaew, Aýgytly ädim). Garry-gartaň aýallar kak dilýärler (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


GARRY - GURRY, Garryy we gartaşan adamlar. Iki-ýeke garry-gurrular barýan bolaýmasa, indi ol ýerik başga barýan ýokdur (A- Gowşudow, Köpetdagyk eteginde)


GARRYGYZ. Bot.  Daşy büdür-südür, gasyn-gasyn , paçagy galyň giçki (gyşa saklanýan) gawunyň bir sorty


GARRYLYK. Garry bolmaklyk ýagdaýy. ýaşy könelik


GARSA . Birden, çalt, tiz, birdenkä


GARSAK I, zool. Çöllükde ýaşaýan gysgajyk aýakly, gymmat baha derili, tilki çagasyna menzeş kiçijik haýwan.


GARSAK II, Gyzlaryň bäş sany togalajyk daşy oklap hem gapyp oýnaýan oýny, bäşdaş. Gyzlar bäş daş bilen garsak oýnaýardylar.


GARS-GARS, Kiçi kalibirli ýarag atylanda yzly-yzyna çykýan ses.

<> Gars-gars gaşanmak — ser. Gaşanmak. Olar gars-gars gaşanýardylar (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GARSYLDAMAK I, Garsyldyly ses çykmak (kiçi kalibrli ýarag atylanda). Ýakyn ýanymyzdan garsyldap, bäşataryň sesi eşidildi.


GARSYLDAMAK II, Birsyhly gaşanyp, gart-gart edip oturmak, gaşanmak. Näme, garsyldap otyrsyň, gijeýärmi?!


GARSYLDATMAK, Kiçi kalibrli ýarag atmak, garsyldyly ses çykarmak. Ol üstaşyr garsyldadyp goýberdi.


GARSYLDY, Kiçi kalibrli ýarag atylanda çykýan ses, garsyldap çykýan ses. Ýaňy bir garsyldy eşidildi.


GARSYNMAK, ser. Garsyldamak II. Endamyň ot alyp barýarmy, ne beýle garsynýarsyň?!


GARTAŇ, Garrap başlan, ýaşy bir çene ýeten. Begenç bir gartaň aýalyň ýanyna bardy (B. Kerbabaew, Aýsol-tan).


GARTAŞMAK, Birneme garramak, garrap başlamak. Ol göräýmäne gartaşan ýaly bolsa-da, gany ýere damaýjak bolýar (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GARÇYGAÝ, Awa salynýan elguşuň bir görnüşi. Bir toýda şol aty aç garçygaý — elguşy bilen hem ýaryşdyrdylar (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


GARÇYN, Geýim-gejim salynýan çuwalyň bir görnüşi. Ogulgerek garçyn çuwalyň içini döküşdirýärdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


GARŞA [garşa:], Köne adat boýunça gelinlik gyz alyp, ýerine gyz - bermeklik däbi. Garşa guda bolany üçin, bu iki arada uzyn salgyt — galyň diýilýän zat ýok (A. Gowşudow, Saýlanan eserler


GARŞY, 1. Biriniň ýa-da bir zadyň göni öň tarapy, maňlaý tarapy. Garşym alyp duran dilber, Näzlim bir suw ber içeli («Görogly» eposy).

2. Ýöredilýän pikiriň, düşünjäniň, işiň we ş. m. tersine. Özleriniň ötgür sözlerini duşmanyň garşysyna gönükdirdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Her gezek, gaýta-gaýta, birsyhly. Sen garşy meniň ýanyma beýdip gelip durma-da, özüň hem bir alajyňy görjek bol.


GARŞY-GARŞY, Gaýta-gaýta, öwran-öwran, her sapar Men hem muny garşy-garşy barlap durman, ýyly saklajak bolaýyn — diýip, içini gepletdi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


GARŞYDAŞ, 1. Biri-biriniň garşysynda bolan, garşyma-garşy bolan. Olaryň garşydaş oturan goňşulary toý edýer.

2. Göreşde, ýaryşda we ş. m. garşyňa çykyş edýän bäsdeş. Ol küştde garşydaşyn-dan utuldy. Ýaryşda garşydaşyňdan üstün çykmak.


GARŞYLAMAK, Öňünden çykmak, garşy almak. Arçyn özüniň agasyny ýene gadyrlylyk bilen garşylady (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


GARŞYLANMAK, Garşy alynmak, öňünden çykylmak. Bu çagyryş şatlyk bilen garşylanypdyr (Orta asyrlar taryhy).


GARŞYLATMAK, Birini garşy aldyrmak, öňünden çykdyrmak. Myhmanlary garşylatmak.


GARŞYLAŞMAK, Biri-biriňe gabat gelmek, garşy gelmek, duş gelmek, duşuşmak. Iki hanlar garşylaşyp duranda, Orta ýerde okun döker gaça-gaç («Görogly» eposy). Biz orta ýolda garşylaşdyk.


GARŞYLYK, 1. Edilýän hüjüme, herekete berilýän gaýtawul. Aman poşşy hem garşylyk görkezjek bolup durmady (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Pikiriň, düşünjäniň biri-birine tersligi, gapma-garşylygy.


GARŞYLYKLY, 1. Biri-birine garşy bolan, biri-birini inkär edýän. Garşylykly pikir.

2. Iki taraply bolýan, iki taraplaýyn ýüze çykýan. Garşylykly tüpeň atyldy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GARŞYLYKSYZ, Hiç bir päsgelsiz, garşylyk görkezmän, gaýtawulsyz. Garşylyksyz tabyn bolmak.


GARŞYMA-GARŞY, Biri-birine garşy, ýüzbe-ýüz.

Biri-birine garşyma-garşy durupdyrlar (SSSR ta-ryhy).


GARY, 1. Goýun, geçi we ş. m. mallaryň dyzy bilen toýnagynyň aralygy, injik. Guýrugy küle, erinlek köpek Meleguşuň ýanynda garysyny ýassanyp, güne meýmiräp ýatyrdy.

2.Ýarym gulaja barabar ölçeg  birligi.    Telpek   geýip, töwereginden bäş-alty gary  bizi aýla (Görogly eposy).


GARYLJYK  [ga:ryljyk],  Açyk däl, boguk, garyşyk  (ses hakda). Nursoltan garyljyk ses bilen gygyrdy.   (B.  Kerbabaew, Aýsoltan).


GARYLMAK [ga:rylmak], 1. Biri-birine  gatyşd rylmak, garyşdyrylmak, goşulmak.  

Bir näçe işçi bolsa tsemente garyljak gumy tordan  geçirýärdi (Gowşudow,    Köpetdagyň    eteginde).       2. Ýakmaz zat iýip ýa-da  ökder ýadap kesellemek   (guş,  at hakda). Guşy  naharly awa saldym weli garylypdyr.


GARYM, 1. Päsgelçilik üçin giň  we uzyn edilip gazylýan çukur.  Ol, metjitden gaýdandan soň, uly garymdaky  düýeleri  synlady

 2. Silos etmek, galla gömmek we ş. m üçin gazylan çukur. Giň garymlarda ekilen limonlary görkezdi  (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


GARYM-GATYM [ga:rym-gatym], Biri-birine gatyşan, garyşyp giden, bulam-bujar. Ol ýaňky ýurtlary

paýtagtlaryny garym-gatym edipdir («Tokmak» žurnaly).


GARYN I, 1. Iýmit siňdiriş trubkasynyň ýolunyň iň giň bölegi. Egnimiz ýyrtyk däl, garnymyz aç däl Garaz nätjek, hiç bir zada mätäç däl (Nury Angylyç, Saýlanan eserler).

2. gepl. d. Göbegiň töweregi. Atlaryň garynlar tazyňky ýaly çekilipdi («Sowet edebiýaty» ).

3. Şol organyň içi arassalanyp, içine gowurma, çig et salnan görnüşi. Ine, içine ýagly gowurma dykylan garyn (A.Gppşüdow, Mähri—Wepa).


GARYN II, kön. s. 36 ýyla barabar bolan wagt.


GARYNDAŞ I, Ýakyn hossar, asly bir ene-atadan önüp-ösen adamlar. Garaçomak uly baý we Babahanyň ýakyn garyndaşy («Edebiýat»).

Garyndaşyň üýni garaňkyda belli (nakyl).

Garyndaşym — gara gazanym, urugym — unly çuwalym (nakyl).


GARYNDAŞ II, gepl. d. Hat ýazylýan galam.


GARYNDAŞLYK, Ýakyn hossarlyk, gelip çykyşy boýunça ýakyn aragatnaşykda bolmaklyk.


GARYNDAŞSYRAMAK, Ýakyn hossar bolan bolmak. Ol çekmäniniň syýy bilen derlerini süpürişdirip, gadyrly garyndaşsyrady. (N. Pomma, Taýlak hyzzy).


GARYNDY [ga:ryndy], Bir zadyň içine garylýan, goşulýan zat, goşundy. Indi olar bilelikde palçyk garyndasnyň hilini-de, onuň udel agramyny-da anykladylar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GARYNJA, Ýukajyk ganatly ýa-da ganatsyz, topar bolup ýaşaýan, kiçijik ownujak möjejik. Bir garynja çeşmäniň başyna suw içmäge barypdyr (L. N. 1olston, Saýlanan eserler).


GARYNJALYK, Garynjanyň köp ýeri, garynjanyň köp bolan ýyly. Garynjalyk ýyly.


GARYNLYK. Gayrny ýasy, ullakan garynly.


 GARYP[gary:p],    1. Her bir  zada  mätäç  adam, ykdysady taýdan hiç hili üpjünçiligi bolmadyk adam.. Ol garyp goňşusy bir towuk edinse, şony hem görübilmezçilik ederdi (A. Gowşudow, Eserler).

Garybyň göwni synyk, sözi döwük; ýetimiň boýny buruk, ýüzi soluk (nakyl).

Garyp adam ýamanar, ýamanar-da guwanar (nakyl).

GarybYň sözi ýer hem almaz, ýerde-de galmaz (nakyl).

Garyba it hem ýagy, bit hem (nakyl).

2. kön. s. Çet ýurda düşen mysapyr.


GARYP-GASAR [gary:p-gasar], Garyp, pukara, hor-homsy.

Mal-döwleti köp bolsa, garyp-gasarlara paýlasyn («Görogly» eposy).


GARYP-GASARLYK [gary:p-gasarlyk], Garyplyk, pukaralyk ýagdaýy.


GARYPLAŞMAK [gary:plaşmak], Ykdysady taýdan pese düşmek, garyplyk ýagdaýyna düşmek, garyp düşmek.


GARYPLYK [gary:plyk], Garybyň hal-ýagdaýy, garyp bolup, mätäçlikde ýaşamaklyk. Garyplyk gurasyn! — diýip, batly ses bilen gygyrdy. Garyplyk çaga-çuga ýanynda, aýal ýanynda, goňşy-golam ýanynda adamynyň başyny aşak salýar (M. Ibrahimow, Ol gün geler


GARYPÇYLYK [gary:pçylyk], ser. G a r y p l y k. Işçiler bu garypçylykdan gutulmagyň ýollaryny agtarýardylar (K. Işanow, Watan üçin).


GARYŞ, Eliň başam barmagy bilen külem barmagynyň arasyna deň bolan uzynlyk ölçegi.

Biz ýalak ýigitler bir pyýala suw islände, gyzlaryň zülpüniň näçe garyş uzalýanyndan seniň habaryň ýok (G. Seýitliew, G. Muhtarow, Bagbanyň gyzy).

Boýy  bir garyş, sakgaly iki earyş (matal).


GARYŞDYRMAK [ga:ryşdyrmak], 1. Biri-biriniň içine garmak, biri-biriniň içine gatyşdyrmak, bulaşdyrmak. Pagtanyň sortuny garyşdyrsak, bahasy peseler («Bahar»).

2. ser. Garjaşdyrmak. Men pikirimi garyşdyrýarym.


GARYŞLAMAK, Garyş bilen ölçemek. Matany garyşlamak.


GARYŞLATMAK, Garyş bilen ölçetmek.


GARYŞMAK [ga:ryşmak], 1. Biri-biriniň içine garylmak, gatyşmak, goşulmak. Adam göre girýär, guma garyşýar (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).

2. Bir işe gatyşmak, gürrüňe goşulmak.


GARYŞYK [ga:ryşyk], 1. Garym-gatym, biri-birine garylan, gatyşyk, garjaşyk

2. Gyryk, gyryljyk, boguk, garjaşyk (ses hak-da). Garyşyk ses bilen geplemek. Onuň sesi garyşyk çykýar.


GARYŞYKLYK [ga:ryşyklyk], Garyşyk halda  bolmaklyk, gatym-garymlyk.