SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GAN



GAN [ga:n], Arteriýa we wena damarlary arkaly organizmiň ähli ýerine aýlanyp durýan we bedeniň ähli kletkalaryny iýmitlendirýän gyzyl reňkli suwuklyk. Şu giň sehrada at toýnagynyň ,çukanak gazmadyk.

adam gany dammadik bir daban ýeri ýokdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Nehak gan ýerde ýatmaz ahyryn (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

* Gan aglamak — ser. A g l a m a k. Ömür söwdasynda köpi utulyp, Gan aglardy garry-goja çatylyp (N. Pomma, Saýlanan eserler). Bagban geldi ganlar aglap, Ýürek bilen bagryn daglap («Görogly» eposy).

Gan almak — 1) kön. s. Kesel bejermek üçin bedeniň belli bir ýerini çirtip gan çykarmak. Keselliniň maňlaýyndan gan aldylar; 2) duşman tarapyndan öldürilen adamyň uçin, olardan birini öldurmek (köne däp boýunça). Gadam jan, balam! Meniň oglum boljak bolsaň, meniň ganymy gandarymdan al! (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly).

Gan gagşyrmak — ýerliksiz gaharlanyp, azgyrylyp öz garamagyňdaky adamlary, maşgalaňy- gorkuzmak, horlamak.

Gan gyzmak — gaharyň gelmek, gaharlanmak. Nädogry işe ganym gyzyp başlady («Tokmak» žurnaly). Gan gitmek — gan dökülmek, gan akmak. Çünki ýarasyndan gan gidip, onuň ýene essi aýylyp, ýüregi çaşyp başlady (A. Gowşudow, Eserler).

Gan dökmek — Ýowuz uruşmak, aldym-berdimli söweşmek, gan döküşikli urşa gatnaşmak, gan döküp uruşmak. Ýoldaş komanduýuşiý, biz näme üçin gan dekýäris? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Gan içmek — nähak adam öldürmek. Jellatlar gan içip, keýpini çaglap, Garyby dünýede hor eden kanun (N. Pomma, Saýlanan eserler).

Gan  ýöremek — ysgyna gelmek. Gam bilen gussa gark bolan tukat kolhozçylaryň ýüreklerine kuwwat gelip, damarlaryna gan ýöredi (A. Gowşudow, Eserler).

Gan öýmek — urgy, gapjama — gysyş zerarly teniň belli bir ýeriniň gan ýygnanyp gögermegi. Onuň ýüzi tutuşlaýyn besse-besse, menek-menek gan öýüpdir (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).

Gan saçmak — uruşda, söweşde gan dökmek, söweşmek. Eýran şalarynyň leşgerleri sansyz gezek ganlaryny saçypdy. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Gan çaýkamak — 1) uruş edip gyrmak, kän adam öldurmek; 2) azar bermek, gün bermezlik. Eşitmedim diýme, eý azgyn gyrnak, Toýuňyzy hökman gana çaýkaryn (B. Kerbabaew, Aýlar).

Gan ysy gelmek — ölüm howply bolmak, uruş, ölüşme howatyrly bolmak. Dogry, elbetde, bu işden gan ysy gelýär, olar adam öldürmegi suw içençe-de görenok («Türkmen peýesalary»).

Gan eňremek — ser. Eňremek

Gan ýuwutma k—agyr horluk çekmek, zorluk görmek.

Gana boýamak — urup, urşup, üsti-başyny gan etmek.

G a n a  suwsamak — päl azyp, adam öldürmegi, gan dökmegi islemek, höwes etmek.

Gany gaýnamak — gyzgyn hyjuw döremek, ganyň güýçli gyzmak. Kim beripdir kakasyna nagany, Ýaş oglanyň birden. gaýnady gany (M. Seýidow, Gijeki myhman).

Gany gaçmak — 1) bir zatdan gorkup ýa-da syrkawlap, reňkiň agarmak, ýüzuň agarmak; 2) gaharyň gelmek, gaharlanmak. Umsagülüň gany gaçyp, gara dodaklary müňküldejek bolanda, Halnazar onuň öňüni gabzady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Gany gaçyk — ýüzünde gan-pet bolmadyk, reňki ak. Aýna şol gelene seredip, onuň ganynyň gaçykdygyny, balkyldaýan gözleriniň şöhlesiz görünýänini syzdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Gany gyzgyn — sähel zada gahary gelýän, gaharjaň. Gadam örän ýaş ýigit, gany gyzgyn ýigit (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly).

G a n y  ýerin-de — jany sag, ýüzi gyzaryp duran,  sagat.

Gany sowamak — gahary gaçmak, köşeşmek. Maralyň gany sowamandy (N. Saryhanow, Saýlalan eserler).

Ganyna galmak — nähak öldürmek. Iki adamyň ganyna galdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Ganyny  g a ç y r m a k — bir zada gaty gaharlanmak, reňkiňi ak tam etmek. Ýaňy daň ýagtylanda, ganyny gaçyryp, Hoşly Aman poşşynyň öýüne geldi.(A. Gowşudow, Eserler). Itiniň aýylganç uwlap bagry bilen süýşüp, howla girenini gören Gulman ýüzüniň ganyny gaçyryp,  derwezäniň agzyna çykdy.

(A.Gowşudow,  Powestler  we hekaýalar).

Ganyny  Geçmek — kön. s. adam öldüreniň günäsini geçmek.seniň üçin men bu derwezebanyň ganyny geçýärin.(A.Gowşudow,  Powestler   we  hekaýalar).  

Ganyny   ryzdyrmak — gaharyny getirmek, janyny ýakmak, nähak ýere wolostnoý  aganyň ganyny   gyzdyrdy(B.   Kerbabaew,  Aýgytly ädim).

Ganyny    soramak — köne adat boýunça öldürilen adamynyň hununy soramak. ar almak. Şonuň üçin-de bularyň ganyny soramaga het edip bilen adam bolmady  («Sowet edebiýaty»   žurnaly) .  

Ganyny    sormak    —   rehimsiz horlamak, köp işletmek, ýowuz ekspluatirlemek.

Göze gan inmek —  1)  kesellilik zerarly  gözüň gyzarmak. ; 2) gahar-gazaba münmek, gazaplanmak. Hojamyradyň süzgek gözüne gan  indi   (B.   Kerbabaew,  Aýgytly ädim).


GANA [ga:na], Pugta doýýança, doýa. Gep gyş suwlaryny gana berip, içini mazaly depip bejermekde.

(A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GANAW,   Suw  akdyrmak  üçin edilýän ullakan ýap.

Bardy-geldi sil suwy gaty gyssara çemeli bolsa,ganawa ýazdyrmak örän aňsat  (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde) .


GANAWUZ, Erşi gyzyl, argajy mawy ýüpek mata.

Oleniniň egninde gyzyl ýüpekden ganawuz köýnek bardy (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GANA-GANA [ga:na-ga:na], Pugta ganyp, doýa-doýa.

Suwdan gana-gana açyldy parlap (N. Pomma, Saýlak eserler). Gujagyňda aýdym aýdýas, saz çalyp, Seň mähriňden gana-gana, Pöwrizäm! («Mydam taýýar» gazýeti).


GANAKAR [ga:nakar], Hanjaryň ortasyndan geçýän oýtak çyzyk. Hanjaryň ganakary.


GANALGA: ganalga berme k — 1 ) päsgel bermek, zyýan bermek, bökdenç bolmak. Sary sözleýän wagtynda ,Pökgi Wala: — Päheý, päheý — diýip bir näçe gezek ganalga berjek bolsa-da, ol oňa sözüni kesdirmän, ýürgindäki posuny dökdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim)

2) dial. Maý bermek, mümkinçilik bermek, ýol bermek.

Halnazar baý hem Çerkeze gaýtawul berjek boldy, emma,Çerkez oňa-da ganalga bermän dowam etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Şol sebäpli oňa biz öz bildigiçe hojaýynlyk etmäge ganalga bererdik (A. S. Puşkin.Saýlanan eserler).


GANAMAK [gagnamak], Gan çykmak, teniňden, ýaradan we ş. m. gan akmak. Onuň burny ganady.


GANAR, Irimçik dokalan matadan edilýän ullakan halta, gap. Pagta ganaryny dykyp dolduryp, Her gün

ýüz kilony goýýar gapana (N. Pomma, Saýlanan eserler).Halta-ganarymyz galladan doly («Sowet edebiýaty žurnaly).


GANAT [gagnat], 1. Guşlaryň we käbir mör-möjekleriň iki gapdalyndaky uçmak üçin hyzmat edýän organy. Ýok, Juma, jijim, men urdum, onuň ganatyny çym-pytrak etdim (A. Durdyew, Saýlanan eserler) Aty baryň ganaty bar (nakyl). Guş ganatyndan kireý islemez (nakyl).

2. Samoliotyň galyş guýjüni döredýän, iki ýana uzalyp gidýän bölegi. Söýgüli watany goramak üçin, Asmanda ganatyn gerýär samoliot (Ata. Salyh, Saýlanan eserler). Samoliotyň ganaty.

3. Jaýyň bir tarapyna uzalyp giden bölegi, galanyň haýaty bir tarapky diwary. Köne galanyň bir ganaty we saňňyldap duran bir burçy käçäniň üstüne abanyp durýardy (A. Gowşudow, Kepetdagyň eteginde). Ol hökümet jaýynyň çep ganatynda ýerleşýärdi.(Mydam taýýar» gazýeti).

* Ganat baglamak - 1) ganat çykaryp ugramak, uçmaga ýetişmek, uçurym bolmak;

2) gaty begenmek, şatlykdan uçaýjak bolmak, ýeňil gopmak. Aýsoltanyň göwni ganat baglap, alla nirädir , uçýan ýaly duýuldy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

*Ganat germek, Örän yhlasly, mähirli gorap saklamak.

Gan'at kakmak — bir zada höwes etmek, bir işe ýürek bilen ýapyşmak, perwaz urmak.


GANATLANDYRMAK [ga:natlandyrmak], göç. m. Çakdanaşa begendirmek, ruhlandyrmak, şatlandyrmak. Sowet Goşunynyň üstünlik habary Tejen daýhanlaryny. ganatlandyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bu günki dörän duýgy Aýsoltany ganatlandyrdy (B. Kerbabaew.Aýsoltan)


GANATLANMAK [ga:natlanmak], Ganat baglamak, gaty şatlammak,  ruhy göterilmek.   

Mehinliniň yşgyna Mawy jan. ajygyna bir müňzände, üstündäkini agdardy. Öňki aýgytlaryň üstüne, oslagsyz gelen  harby kömege Çärjewliler ganatlandylar  (B.  Kerbabýaew, Aýgytly ädim).


GANATMAK [ga:natmak], Gan çykarmak, tenden, ýara-dan we ş. m. gan  akdyrmak. Ýaraňy dörjeläp  oturma, ganadarsyň!


GANGRE'NA, med. Teniň, ten agzalarynyň, organizmiň dokumalarynyň belli bir ýeriniň çüýräp, ölüp başlamagy.


GANDAL, kön. s. Tussagyň eline ýa-da aýagyna salynýan agyr zynjyr. Olar azatlyk dünýäsine çykanlaryna ynam etmeýän ýaly, aýaklarynda  gandalyň baryny-ýoguni synap görýän ýaly, giňräk ädip gördüler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GANDAR [ga:nda:r], Adam öldüren, adam ganyna galan. Gandarymyz — Gitlerden artyk al öji, dogan! (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Kerimhanyň gandary sen — diýdiler (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Ata-babamyň gandary, Zalym Reýhan, döwüşeli! («Görogly» eposy).


GANDARLYK [ga:nda:rlyk], Gandar  bolmaklyk, adam ganyna  galmaklyk, gandaryň ýagdaýy. 

Indi  düşenok küýüne Ne gandarlyk, ne-de ölüm (Çary Aşyr, Ganly saka).


GANDEPER [ga:ndeper],bot. Şugundyryň düýbi ýaly ýogyn düýpli dag ösümligi.


GANDÜŞER [ga:ndüşer], Ýakyn hossar, garyndaş. Gurt ikimiz gandüşer garyndaşdyrys — diýdi  (Ata.Gowşudow, Saýlanan eserler).


GANDYZ, Itin- atyn we  ş.m   art aýagynyň iç ýüzi,ýamyz. Itleriň gandyzyna  çybyklady-da, meni göterip alyp gidip öz öýünde bir mahmal körpäniň üstünde yatyrdy (Myraly). Ýabysy samana  dyzanda, bir onuň gandyzyna bir gamçy çalyp başyny gatyrak sylkdy.(B.Kerbabaew.  Aýgytly  ädim).


GANDYZLAMAK ,Gandyzyna  urmak. Artyk heniz oňa jogap bermänkä ýabysyny gandyzlap, Halnazaryň ogly Bally gelipdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).Ýola düşdi döküp göwün posuny Gamçy bilen gandyzlady ýabysyny (B. Kerbabaew.  Poemalar).


GANDYM ,Orta Aziýany gumluk ýerlerinde  bitýän,inçe uzyn kökli bogun-bogun, tikenli agaç. Onuň, gandym kökünden edilen egri çopan taýagyny eline alanyna on bäş yyl dolupdy  («Kolhoz günleri»). Ol ýerde sazak,çerkez,gandym yaly agaçlar  bitýär («Pioner»žurnaly).


GANDYMLYK ,Gandymyk köp ýeri,  gandymyň köp gögerýän ýeri,gandymlyk  Meýdan.


GANDYRMAK , [ga:ndyrmak], 1.Suwsuzlygyny, teşneligini kanagatlandyrmak, iýdirip-içirmek.  

Täjirler olary arakdan gandyryp,lüt edýän ekenler (SSSR  taryhy), Çaýdan gandyrmak.   Suwa  ýakyp gandyrmak.

2. göç. m. Bir zady pugta düşündirmek, ynandyrmak. Hojaýynlara hem-de häkimiýetlere boýun bolmagy gullara gandyrypdyr (Orta asyrlar taryhy).


GANDYRYLMAK [ga:ndyrylmak], 1. Ganýança içirilmek, teşneligi kanagatlandyrylmak. Mallar suwdan gandyryldy. Çaýdan gandyrylmak.

2. göç m. Bir zat pugta düşündirilmek, ynandyrylmak.


GANJARMAK [ga:njarmak], Sähelçe gan çykmak, gan görünmek. Aýna gyýan barmagym birneme ganjardy.


GANJARYŞMAK [ga:njaryşmak], Iki tarap bolup uruşmak, gan döküşmek. Ol iki ýanyň topulyşjagyndan, ganjaryşjagyndan gorkdy. Onuň ozal şonuň ýaly çynlakaý işe gatyşmadan agzy bişipdi, ganjaryşmanyň üstünden barypdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GANJYGA, Eýeriň ýeňsesine bökdergi berkitmek üçin ýörite edilen ýüp.

Düýn däl, öňňin öýlenler Garaberdi aşak tarapdan atly gelip, Mämmet baýyň öýüne sowuldy-da, at üstünden düşmän, ganjygasyny çözüp, atkeçä dolangy bir topar tüpeňi berip gitdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ganjygasy, ýantanapy, uýan-gamçysyna çenli men getirip berýärdim («Görogly» eposy).


GANJYK, Urkaçy it. Garaja öýüň gözeneginde guýzlunyp ýatan ala ganjyk ok ýaly zybyrdap geldi-de, ýabynyň guýrugyndan gabyr-gubur edip agyz saldy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Olaryň arasynda biri ganjyk eken, ýala gelýän eken («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GAN-KOK [ga:n-kok], Syçyran gan, ganly hapa. Derrew düzederis, ýoldaş leýtenant, bularyň gany-koky bildirmez ýaly ederis (A. Gowşudow, Mähri— Wepa).

<> Ýüzüniň gany-koky ýok — ser. Ýüz.


GANLY [ga:nly], 1. Gany ýerinde bolan, gany bar bolan.

2. Gan ýokuşan, gan degen, gan bolan. Ganly halta. Ganly taýak.


GANMAK [ga:nmak], 1. Suwsuzlygyňy kanagatlandyrmak, bolýançaň içmek. Ganypdyr öýdýän! — diýip, bedräni Altyna uzatdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2. göç. m. Pugta düşünmek, özleşdirmek.

<> Gulak g a n m a k — ser. G u l a k .Emma ahyret sözleri bilen gulagy ganan Halnazara Hojamyň pessaý, naýynjar sözleri aýratyn täsir etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GANOJAK [ga:no:jak], Uruş-söweşden gaýtmaýan, ýakymsyz, jeňparaz. Adalatly sowet sudy ganojaklara. jeza berdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Ganojak baýlaryň köküni kesdiň (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


GAN-PET [ga:n-pet], Adamyň ýüzüniň ganynyň normaldygyna ýa-da normal däldigine degişlilikde ulanylýan tirkeş söz. A gyz, başyňy bir galdyr, saňa näme boldy, toba-tagsyr, ýüzüňde gan-pet ýok! (G.Muh-tarow, G. Seýitliew, Çopan ogly).


GANSYZ [ga:nsyz], 1. Gany az, az ganly.

2. Ölüm-ýitimsiz, gan döküşilmän. «Göreş gansyz gutarmaz» diýlen söz çyn boldy (K. Işanow, Watan üçin).


GANSYZ-HUNSUZ [ga:nsyz-hu:nsuz], ser. Gansyz. Näme siz uruş ölümsiz-ýitimsiz, gansyz-hunsuz bolar öýdýärmisiňiz?! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


GANT, Şugundyryň we gamşyň aýratyn sortundan alynýan ýokumly, ak, süýji önüm, şeker. Bir ýaglyk gandy hem Altynyň gapdalynda ýaglygy bilen ýaýradyp goýdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Tatьýana çaý guýup, gandy süýşürip, Myhmanlara içgin hödür edýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<> Kerpiç gant — dört burç gant.


GANHOR [ga:nho:r], Nähak adam öldürýän, gan içen, gan döken. Ganhor zalymlaryň ýanar içleri (K. Işanow, Saýlanan eserler). 1929-njy ýylda bolsa ol ýykgynjy, ganhor Mämmet baý şol han aýaly bilen sürgüne iberildi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GANHORLYK |ga:nho:rlyk], Ganhor bolmaklyk, ganhora has bolan gylyk-häsiýet.


GANYBIR [ga:nybi:r], Ýakyn, bir nesilden bolan. Meniň kakamyň ganybir daýzasy meýhanajyk saklar ekeni (N. W. Gogolь, Saýlanan eserler).


GANYM [gaiьgm], Duşman, ýowuz, zalym. Emma dünýäde adamzadyň iň ganym duşmany faşistler eken — diýdi (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


GANYMAT [gany:mat], Hiç neneň däl. ýaman däl, ortatap, kanagatlanarly, oňat. Hudaýa şükür, ganymat! Dostlaşdylar (M Gorьkiý, Ene). Tomsuna ýene-de ganymat. her niçik-de bolsa baýyňkyda işläp, näme-de bolsa bir zat gazanýarys («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GANYMATLAŞMAK [gany:matlaşmak], Gowulaşmak, ýagşylaşmak. Öňküsinden az-kem ganymatlaşdy («Görogly» eposy).


GANYŞMAK [ga:niyşmak], 1. Suwy ýeterlikli içeň kirlemek, ganaňkyrlamak. Bir näçe gün guraksyran ýerleriň indi birneme mähri ganyşdy (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde). Çaýdan, çilimden ganyşdyňmy? («Göroly» eposy).

2. Meselä, aýdylan zada düşünişmek.