SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GAW



GAWAN, Deňiz kenarynda enjamlaşdyrylan gämi duralgysy. Emma grek floty olary gawana goýbermändir we gara deňiz gitmäge mejbur edipdir (SSSR tarhy)


GAWUN, [Ga:wun] Kädiler maşgalasyndan bolan bossan ekini we onuň miwesi, hasyly. Iýer ýaly öýleriniň töweregine gawun, garpyz ekmäge başladylar (A. Durdiýew. Saýlanan eserler). Mert nesiller bilipdir işiň oňat babyny, Gujagyna syganok her waharman Gawuny (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Göçüp gelenler iýer ýaly gawun ekmäge başladylar (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Gawun gawundan reňk alar (nakyl).


GAWUN-GARPYZ [ga:wun-garpyz], Gawundyr garpyzy aňladýan tirkeş söz. Ol ýerde ýazlyk bugdaýdan başga düme küýnji, nohut we gawun-garpyz ekinler-de emele gelýärdi (A. Gowşudow, Mähri— Wepa).


GAWUNLYK [ga:wunlyk], ser. Gawunçylyk. Artyklardan ilerde-de, gaýrada-da giden gawunlyk bolup. kel çatmalar çöp içinde tohum berlen ýalydy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAWUNÇYLYK [ga:wunçylyk], Gawunyň köp ekilen ýeri, gawuyyň bol ýeri. Ol gawunçylykda eli zamçaly hut şu mahalyň özünde ogrulykda tutulan ýaly boldy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Biz gijäniň için-de gawunçylyga bardyk (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).