SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GAD





GADAGAN, Ьir işiň, zadyň edilmegine ygtyýar berilmedik, ýol berilmeýän. Karary çykardy üçünji sessiýa, Galyň gadagandyr nagytu-nesýe (Mollamurt, Saýlanan eserler). Yza çekilmeklik gadagan (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bu ýere ýatlara girmek gadagan! (N. Pomma, Saýlanan eserler).

<> Gadagan etmek — ýol bermezlik, ygtyýar bermezlik, baglamaklyk.


GADAK, 409,5 grama deň agyrlyk ölçegi. Her penjesi bir gadak, Tiz ganaryn doldurýar (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Näzik, nepis, sowut kümüş şaýlaryň, Dört gadakdan artyk geldi agramy (B. Kerbabaew, Aýlar).


GADAKLAMAK, Gadak bilen ölçemek, gadak bilen çekmek. Çaýy gadaklap ölçemek.


GADAKLYK, Gadaga deň bolan agyrlyk. Akmyrat at torbanyň içine bir gadaklyk daşy salyp, gitmäge taýynlandy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


GADAM, Ädilýän ädim. Hersi bir milletden, bir topar adam, Deň ýöräp, dostlukda deň, basyp gadam («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ençe wagt geçdi iki aradan, Batyrgaý gadamyn ädeli bäri (B. Kerbabaew, Aýlar). Derbi-dagyn erdik durup serhetde, Mukaddes topraga gadam atany (A. Kekilow, Saýlanan eserler). * Gadam urmak (basmak)—öňe hereket etmek, ileri gitmek, ýöremek. Nury diýr, özüňi görkezip onda, Ýeňişden-ýeňişe gadam ur öňde (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler), Biz hem durmuş bilen bile ösýäris, üstünlige tarap gadam basýarys (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


GADAR: ne gadar — näçe gezek, bir näçe ýola, köp ,gezek, şunça. Men oňa ne gadar maslahat berdim. Men ne gadar saňa aýtdym sen gulak. asmadyň!


GADYM [gady:m], Has öňki, ozalky, gaty köne, bir möwritdäki. Gadym gara öýler, agaç tabaklar, Gara, ýagly çemçe, goçak susaklar (Mollamurt, Saýlanan eserler). Mergenler gadymdan galan hyrlylarynyň aýaklaryny dikerdiler (A. Gowşudow, Eserler). Sen hiç wagtda gadym adatyňdan el çekjek, däl (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


GADYMKY [gady:mky], Köne döwürdäki, bir möwrite degişli, geçmişdäki. Emma biz henizem. şol gadymky ýagdaýda (M. ibrahimow, Ol gün geler).


GADYMLYK [gady.mlyk], Has könelik, bir möwritdäkilik.


GADYMY [gady:my], ser. G a d y m.


GADYMYLYK [gady:mylyk], ser. G a d y m l y k.


GADYR, 1. Birek-birege goýulýan hormat, sylag, gadyr-gymmat. Gadyrňy bileniň gadryn bilýärsiň (R. Seýidow, Bagtlylar). Öwredeniň üçin sag bol, dost, men özüm seniň gadyryňy bilerin (H. Ysmaýylow, Iki atanyň ogly).

2. Bir zadyň gymmaty, höziri, bahasy. Gallanyň gadyry şondan soň bilner (B. Kerba-baew, Aýgytly ädim). Mydam sende durmaz ýigitlik çagy, Ýigrim bäşiň gadyryny bilsene (Mollamurt, Saýlanan eserler).

Zer gadyryny zergär biler (nakyl). Arynyň zäherini çekmedik, balyň gadyryn näbilsin (nakyl).

<> Gadyr g ijesi — dini. ser. G i j e.


GADYR-GYMMAT, ser. Gadyr 1. Olar batyrlyk adamlariň gadyr-gymmatynyň iň ýokary derejesi diýip hasaplaýarlar (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler) Bu örän gyzyk, sada, dogry gepli hem dostluga gadyr-gymmat goýýan adam (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Hüňkaryň gadyr-gymmatyny biz bilýes.(«Görogly» eposy).


GADYRDAN [gadyrda:n], Gadyr-sylag edýän, gadyrly, örän ýakyn, içgin adam. Watana wepadar, goňşa gadyrdan, Agzybir halky bir, özi gahryman («Oktýabrь ýalkymy»). Sen bolduň illeriň çyn mähribany, Halklaryň hossary hem gadyrdany (R. Alyew, Kommunizm ýolunda). Gadyrdan galamdaşlar! Birek-birekden hal-ahwal soraşarça wagt geçdi («Tokyak» žurnaly).


GADYRDANLYK [gadyrda:nlyk], Gadyr-gymmat saklaýjylyk, gadyrlylyk, ýakyn dostluk, içginlik.


GADYRLANMAK, Gadyrly bolmak, alçaklanmak, sylagly garamak. Jeren gadyrlanypdyr.


GADYRLY, Sylagy bar bolan, hormatly, hormat goýýan. Sag bol, meniň gadyrly goňşym! (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopa ogly). Sary onuň bilen gadyrly görüşse-de, ilki bada ony tanamady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Garşy çykyp Gara bilen, Gadyrly görüşdi Töre (Çary Aşyr, Ganly saka).


GADYRLYLYK, Gadyry barlyk, hormatly görmeklik, gadyr-gymmatlylyk, alçaklyk, sylaýjylyk.

Arçyn özüniň agasyny ýene-de gadyrlylyk. bilen garşy aldy (A. Gowşudow, Eserler).


GADYRSYZ, Gadyry bolmadyk, .sylagsyz, gadyr etmeýän. Gadyrsyz adam.


GADYRSYZLYK, Gadyry ýokluk, gadyr-gymmaty tutmazlyk, hormat saklamazlyk.