SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GAT


GATALMAK, 1.   Berkleşmek,    pugtalaşmak,   gaýlaşmak. Palçyk barha gatalýar. 

2. Güýçlenmek, batlanmak. Radionyň sesi gitdigiçe gatalýar.

3. Tizleşmek, çaltlaşmak. Otlynyň gidişi gatalýar.


GATALTMAK, 1. Öňki derejesinden gaty etmek, gaty hala öwürmek, berkleşdirmek, gaýymlaşdyrmak. 2.Öňki derejesinden artdyrmak, güýçlendirmek, batlandyrmak. Ene sözüni mylaýymlyk bilen başlap, soň gataltdy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


GATANÇ, 1. Üstüni  ýetirmek üçin  goşmaça zat, goşant. Gurplurak adamlar tapdygyndan gatanç diýip, kimsi dowar, kimsi öküzçe eltdiler («Görogly» eposy).

2. Garyndy, garnuw. Seniň aňryňda meşşan gatanjyň bar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GATANÇLY,   Gatanjy  bar   bolan,   garyndyly, nuwly, goşantly.  Çäge gatançly toprak. Arpa gatançly un.


GATAŇŇYR, bot. Köki iri togalak klubenli, ownuk ýeralma meňzeş, iýilýän ösümlik. Biz meýdandan ýuwa elmik we gataňňyr ýygdyk.


GATAŇSY, Birneme gatan, ýaňy gatap başlan, onçakly ýumşak bolmadyk. Gataňsy çörek. Gataňsy halwa


GATATMAK,  Gatap gitmegine  ýol  bermek, gat derejesine eltmek,  guradyp   berkişdirmek. gatatmak. Çöregi gatatmak.


GATBAR, ser. G a t b a r-g a t b a r. Nemetsler özleriniň berkitmelerini şol tokaýyň içinde we onuň arkasynda üç gatbar gurapdyrlar (A.Gowşudow,   Mähri—Wepa)


GATBAR-GATBAR, Bir näçe gatdan durýan, üsti-üstune gatlanyp giden, gat-gat.  Gatbar-gatbar jaýy bardyr kurortyň (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


GATBARLAMAK, Üsti-üstüne goýmak, gat-gat daglaryň gatbarlan  garyn eredip,  Bol hasylyň başyny döretdi (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).


GATBARLANMAK, Üsti-üstüne  goýulmak, bolmak.Matalar gatbarlanyp  goýlupdyr.Daglaryň gary gatbarlanyp ýatyr.


GATBARLAŞMAK,   Üsti-üstüne bir  näçe gat  bolmak, gat tutmak. Gatbarlaşyp giden daglar.


GAT-GAT,   Bir näçe gat, bir näçe mertebe. Bu Moskwada gat-gat jaýlarda, Gülnar Hanowa diýip gürrüň edýändir   (R.  Seýidow, Bagtlylar).  Gat-gat jaý, Gat-gat mata.


GATLA, Derýalaryň  suwuny  ýaplara  bölýän suwuň  derejesini  galdyryp  peseldýän  gidro tehniki desga, kiçiräk bent. Suw elektrik stantsiýasynyň gatlasyna beton guýuldy («Mydam taýýar» gazetn).


GATLAK  1.  Ýeriň we ş. m. belli bir galyňlykdaky  gaty.Nebitli  gatlaklary  weýran edýärsiň  (B.Pürliyew. Ilkinji gün). Ýeriň gatlagy.

2. göç m. Ilatyň, synp bilen  baglanyşykly bolan  belli bir topary.


GATLAKLY, Hamyr ýaýylyp, gatlarynyň arasyna ýag çalnyp, ýagda bişirilýän byzmyk ýaly çörek önümi.


GATLAMA, ser. Gatlakly. Şu bukjanyň içindäki külçe, gatlamamyka? («Görogly» eposy).


GATLAMAK, 1. Gat-gat etmek, gat-gat edip eplemek. Şu haltany gatla-da, aşagyna ataý!

2. Ýüpi, ýüplügi bir näçe gat edip birleşdirmek, birleşdirip işmek. Sapak gatlamak.


GATLANMAK, 1. Gat-gat bolmak, eplenmek.

2. Bir näçe gat edilip birleşdirilmek (ýüp, sapak hakda).


GATLATMAK, 1. Gat-gat etdirmek, epletmek, epletdirmek. Düýä halyk etjek bolsaň, şu haltalardan gatlat-da tikdiräý!

2. Bir näçe gat etdirip birleşdirtmek, işdirmek (ýüp, sapak hakda).


GATLAŞDYRMAK, 1. Gat-gat edişdirmek, epleşdirmek.

2. Ýüpi, ýüplügi bir näçe gat edip birleşdirmek, yzly-yzyna gatlamak, birleşdirip işişdirmek.


GATLAŞMAK, Gatlamaga kömek etmek, bilelikde gatlamak, bile işmek. Sapak gatlaşmak.


GATLYŞMAK, Goşulyşmak, sepleşmek, garylyşmak. Onuň hyýallaryna tebigatyň berk duýgusy gatlyşdy (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GATMAK, Goşmak, garmak, birikdirmek. Aýyp. bolar öz goşandym gatmasam («Sowet edebiýaty» žurnaly).Mäşiň içine biraz tüwi hem gataý!


GATNABERMEK [gatna:bermek],   Yzly-yzyna   gatnamak,  baryp-gelip  durmak. Ol meniň Aýdogdym bilen bile gatnabersin (Sowet edebiýaty» žurnaly).


GATNAW .1.aralyga gatnamak üçin edilýän hereket.

Çylşyrymly front şertlerinde gatnaw edildi («Sowet türkmenistany» gazeti .

2. Baryş- geliş, aragatnaşyk. Belki, ol şeýle-de bolsa bolýandyr, ýöne welin,  şu öýlere  gatnaw  atyp  başlanyňy maňa duýdurmanyňdan soň, indi men-ä näme diýip, näme aýtjagymy bilmedim, Wüşi beg! — diýdi (A. Gow-i tdagyň eteginde).


GATNAWLY.1. Köp gatnaw edilýän ,köp gatnalýan, gelim – gidim köp bolýan   (ýol hakda.

2. Baryş-gelişli, gatnawy bar bolan.aragatnaşykly.


GATNAMAK . Belli bir punktlar  arasynda ýöremek.(ulag hakda)

2. Şol bir ýere gaýta-gaýta baryp gaýtmak. Onuň mekdebe gatnap ýören bir ogly bilen bir gyzy bar (N, Pomma, Taýlak hyzzyn).


GATNATMAK, 1. Belli bir punkt arasyna ýöretmek, hereket etdirmek (ulag hakda),

2. Şol bir ýere gaýta-gaýta baryp gaýtdyrmak. Meni her gün gatnadyp halys etdi.


GATNAŞMAK, 1. Gatnaşyk etmek, aragatnaşykda bolmak, dostlukly baryş-geliş etmek. Olar biri-biri bilen saçakly gatnaşýarlar.

2. Käbir köpçülikleýin bolýan zadyň arasynda bolmak. Sary, sen hem gatnaşarsyň? («Kolhoz günleri

3. Ýaryşa goşulmak, Geçen ýyl kolhozyň atlaryndan ikisi at çapyşyga gatnaşdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GATNAŞYK, 1. Adamlar arasyndaky baryş-geliş, aragatnaşyk. Aýsoltan eje onuň bilen saçakly gatnaşyk ederdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

2. Belli bir zada bolan aragatnaşyk, garaýyş, baglanyşyk. Önümçilik gatnaşyklary.


GATNAŞYKLY, ser. Gatnawly 2.


GATY, 1. Ýumşak bolmadyk, pugta, berk. Ondan soň ony gaty ýerde ýatyryp, aýaklarynyň üstüne mündüler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer (nakyl).

2. Pugta, mäkäm, gaýym. Aýrylar gider diýýärsiň weli, kelläňi ýaman gaty sarapsyň-la! («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Juda, örän. Çopan gaty ýadapdy («Mydam taýýar» gazeti).

4. Güýçli, batly. Öňki atly galdy, emma indi başga bir atly gaty kowýar («Görogly» eposy).

Gaty görsen,, gaty erde otur (nakyl).


GATY-GAÝRYM, Göwne deger ýaly, ýokuş, gaty, agyr, ýaramaz (söz). Kakasyna gaty-gaýrym bir zat aýtmakdan saklandy (A. Gowşudow, Eserler).


GATY-GATY, Tiz-tiz, çalt-çalt, basym, güýçli. Sapargül howlugyp, gaty-gaty ýöräp barýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Olaryň gaty-gaty gepleşýän sesleri geldi.


GATY-GUTY, Galan-gaçan, bölek-büçek, iýilmän galan (çörek bölegi). Käbir horjunlardan gaty-guty çörek hem çykdy. Her kim aýak üstünde diýen ýaly suw içip, gaty-guty garbanmakçy boldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GATYJA, bot. Dag borjagyna meňzeş, maýda ýaprakly köpýyllyk haşal ot.


GATYK, Süýdüň içine gönezlik atylyp, basyrylyp taýýarlanýan önüm. Hoşgeldi bir banka gatyk, ýene bir kürüşge gaýmak çykardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Gatyk getiriň, gatyk -— diýip gygyrdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


GATYKLAMAK, Gatyk goşmak (aşa we ş. m.). Unaşy gatyklamak.


GATYKLANMAK, Gatyk goşulmak. Gatyklanan unaş.


GATYKLATMAK, Gatyk goşdurmak. Unaşy gatyklatmak.


GATYLAÇ, Onçakly ýumşak bolmadyk, gatap berkişen. Keýikleriň biri syňraklary bilen gatylaç ýerden gum tozadýardy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


GATYLMAK, Goşulmak, garylmak. Täze durmuşa ýetilip, Aşyma ballar gatylyp, Ýatan hassalar gutulyp, Sag eýlediň janlarymy (Durdy Gylyç, Goşgular).


GATYLYK.1. Gaty bolmaklyk derejesi. 2. göç. m. Gysgançlyk, gysyklyk.


GATYM-GARYM [gatym-ga:rym], Biri-birine gatyşan, garyşan, bulam-bujar. Stoluň üstündäki kagyzlar gatym-garym bolup ýatyrdy.


GATYR, zool. Erkek eşek bilen baýtalyň çaknyşmagyndan emele gelen haýwan.


GATYRGANDYRMAK, Birini gaharly käýindirmek, biriniň gaharyny getirmek, öýkeletmek. Öz dilegini bitirmezligim ony hiç gatyrgandyrmady (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GATYRHANA [gatyrha:na], Gatyr saklanylýan jaý, gatyr ýatagy. Myralyny gatyrhana salyň! — diýip höküm edipdir (Myraly).


GATYRÇY, Gatyr idedýän, gatyr sürýän adam. Gatyrçy ala gözlerini alardypdyr (Myraly).


GATYŞDYRMAK, 1. ser. G a r y ş d y r m a k. Olar ähli maşgalaňy goýun-guzy ýaly gatyşdyrmak isleýär ahyry! Anna Petrowna özüniň gysgajyk sözüni rusça-türkmençe gatyşdyryp sözledi (B. Kerbabaew, Aýgyt-ly ädim).

2. Bulaşdyrmak, çalşyrmak. Sen bu iki meseläni gatyşdyrýarsyň!


GATYŞMAK, ser. Garyşmak 1, 2. Yzyna dolansa, guýynyň düýbündäki süňklere galyşjak. (Myraly).


GATYŞYK, ser. G a r y ş y k 1. Mekdep klubunda uly-kiçi, oglan-gyzlar gatyşyk oturyp, Uzakdaky gelinlik» kinosyna seredýärdiler.