SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GAŇ



GAŇŇA, Münmek ýa-da ýük ýüklemek üçin eşegin arkasyna salynýan, agaçdan edilen eýer görnüşli esbap. Müngä bolmaz ýaz aýyna bakmasaň, Üzeňňiň üzüler gaýyş dakmasaň, Gaňňaň agar, garynbagyn çekmeseň, Dürtünip meýdanda dursuň eşekli (Durdy Gylyç, Goşgular). Narly Nepesowiç bu gezek sesini çykarman yza çekilende, agajyň gaňňa ýaly köküpe büdräp, diň arkan ýykyldy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

<> Gaňňaňy  garnyň  aşagyna almak — ýönekeý zada gaharlanmak, derrew gaharyň gelmek.

G a ň n a ň y gyşartmak — aýdylan-diýleni äsgermezlik, gepiňi, sözüňi gyşartmak, ters gürruň etmek, keserlik etmek. Gaňňaňy gyşartsaň, gaňryp aljak (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim). Gaňňaňy gyşartma-da, mazaly bol!


GAŇRAK, Owlak-guzy tutar ýaly ujy gaňyrçakly taýak. Çopan gaňragyny owlagyň aýagyndan saldy.

<> Gaňraga dönmek — gaty horlanyp inçelmek.


GAŇRYLMAK, 1. Boýnuny yzyňa öwürmek, boýnuňy öwrüp seretmek. Ussa körügini basyp duran ýerinden, gözüni adamçy erkegiň gözi ýaly edip, gaňrylyp seret-di (A. Durdyew. Saýlanan eserler) Gyzy süýräp barýan sygryň başy birden yzyna gaňryldy (Eýa, Gurbanow, D.uşuşyk).

2. Öwrülip durmak, tersine öwrülmek. Diňe menden başga adamlaň bary ýatypdyr diýdi-de gaňrylyp durdy (N. Pomma, Saýlanan eserler).

3. Bir ýan ýüzüne egilmek, egrelmek. tersine towlanmak, ýüzi gaýtmak. Çişiň ujy gaňrylypdyr.


GAŇRYŞMAK, Bir ýan tarapyna egişmek, egreldişmek, tersine towlaşmak.


GAŇRYŞYNA: gaňryşyna gaýtmak— biriniň pikirine garşy gitmek, edeniň däl diýmek. Biz onuň bolşuny halamasak-da, bu sapar gaňryşyça gaýtmadyk (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GAŇTARMAK, Atyň uýanyny eýeriň gaşyndan geýdirip, boýnuny gaýşardyp goýmak. Gyratyň başyny gaňtaryp goýupdyrlar («Görogly» eposy). Atyň aňyrsyna geçip, uýanyny gaňtaryp, atyň ýallaryny düzedişdiren boldy (A Durdyew, Saýlanan eserler).


GAŇTARYLMAK, Atyň uýany eýeriň gaşyna ildirilip, boýny gaýşarylyp durmak. Artyk gaňtarylgy Meleguşuň rişme-tanapyny gazyga iltedi-de, nirýä-dir gyssanmaç howlukdy. Çyplak eýerlenen ulaglaryň guýruklary omrakaý düwlüp, uýanlary gaňtarylyp goýulýardy (B.  Kerbabaew, Aýgytly  ädim).


GAŇŞYRAWUK,   Adamyň  seňriginiň iç yüzündäki kekirdewuk süňk we şol ýer. Begenjiň burnuna ys urup gaňşyrawugyny  tütedýärdi  (B.  Kerbabaew, Aýsoltan) Bu narzanlaryň haýsy birinden içseň hem, jan ruhuňa ruh goşýar, gaňşyrawugyňy  tütedip, açýar  (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


GAŇYRMAK, Bir ýan ýüzüne egmek, bir tarapa egreltmek;  tersine egmek,  tersine towlamak.   

Soň gurply yogyn demir bilen gaňryp açdylar (A. G Saýlanan eserler). 

<>   Gaňryp    almak — zor bilen almak, guýç bilen almak. Eziz han kimiň oňat olagy bolsa,  atasyndan    galan miras ýaly gaňryp. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAŇYRTMAK, Bir ýan tarapyna egdirmek, egreltdyrmek, tersine towlatmak.


GAŇYRÇAK, Geýim-gejim asmak  üçin ujy gaňrylyp duran gural, ildirgiç. Suw geçer ýaly gözenejik-gözenejik  tagtalardan düşek, geýim-gejim ýaly  çüýden gaňyrçak hem edipdirler  (N. Pomma,sebäbini soň    bildim). Rozy gaňyrçagyny reňledi. («Sowet edebiýaty» žurnaly).