SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GAL



GALA [gala:], Duşmandan goranmak üçin palçykdýan, daşdan we ş. m. salynýan beýik diwarly howly, beýik berkitme. Galanyň töweregini gyssagly arassalamaly («Sowet edebiýaty» žurnaly). Galandar, şu galada bir ok-ýaý barmyşyn («Görogly» eposy). Köne galanyň bir ganaty we somalyp duran bir burçy köçäniň üstünde abanyp durýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde]).

Dil hem bela, hem gala (nakyl).


GALABA, Aglaba, köplenç, hemişe, hemmesi diýen ýaly. Galaba adam özüni sençe görýändir. Ol işe galaba pyýada gatnaýar.


GALAGOP, Biynžalyk, ynžalyksyz, howsalaly, aljyraňňy, başagaý. Galagop adam. Galagop gylyk-häsiýet.


GALAGOPLANMAK, Galagop bolmak, ynžalygyň gaçmak, howsala düşmek, aljyraňňy, başagaý ýagdaýda bolmak. Galagoplanmak işe zyýanlydyr.


GALAGOPLUK, Başagaýlyk, aljyraňňylyk, ynjalyksyzlyk, howsalalylyk. Enesiniň jogap bermän içki tama girmegi, Merdanda galagopluk döretdi («Mydam taýýar» gazýeti). Hoşgeldi Pökgeniň ýüzüne seredende, onuň bir zat sebäpli galagopluga düşenini aňlady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GALAÝY [gala:ýy],  Gurşuna meňzeş çalymtyl-ak reňkli ýumşak metal, himiki element. Galaýynyň öňünden tenekar çalmadyk her bir adamynyň “tene-kar” diýen sözi bir bada geň görmegi bellidir («Tokmak» žurnaly).


GALAÝYLAMAK [gala:ýylamak], Galaýy çaýmak, galaýy bilen tutdurmak. Radiopriomnikleriň gurallaryny kislota bilen galaýylamak bolmaz («Mydam taýýar» gazýeti).


GALAÝYLANMAK [gala:ýylanmak], Galaýy çaýylmak, galaýy bilen tutdurylmak. Deşik bedreler galaýylandy.


GALAÝYLATMAK [gala:ýylatmýk],   Galaýy çaýdyrmak, galaýy bilen tutdurmak.   

Semawar galaýylatdym.


GALAÝYLAŞMAK [gala:ýylaşmak], Galaýy çaýyşmak, galaýy çaýyp, tutdurmaga kömek etmek.

Ussa tuňçe galaýylaşdym.


GALAÝYÇY [gala:ýyçy], Galaýy çaýýan ussa.


GALAÝYÇYLYK[gala:ýyçylyk], Galaýyçynyň käri.


GALAK [ga:lak], Ýaryşda we ş. m. yza galýan, yzda barýan, asgyn. Ol köne pikirli, durmuşdan galak, Geçen asyrlaryň adamy ýalak («Sowet edebiýaty» žurnaly),işçi, daýhan bir-birine daýanýar, Galak halklar ukusyndan oýanýar (Mollamurt, Saýlanan eserler). Oba-da köne duýguly, galak düşünjeli bir adam hem galmandyr diýip aýdyp bilmeris (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GALAK-GAÇAK [ga:lak-gaçak], Bir  zatdan galýan, galyndy, az-owlak galan zat.

Garga hem:  — Men ekileninde-de, orlanynda-da we döwleninde-de ýanyndan aýrylmadym, onuň üçin-de galak-gaçagy meniňki  bolmaly — diýip.(«Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


GALAKLYK [ga:laklyk], Yzda baryjylyk, galagyň ýagdaýy, işde agsamaklyk. Ah, galaklyk, nadanlyk nähilli aýylganç beladyr (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


GALAM I, 1. kän. s. Syýa batyrylyp hat ýazylýan elek,ýüwüş ýa-da ýörite taýýarlanylýan uzyn çöp, taýajyk.Hat ýazmak, surat çekmek üçin içi grafit daşy biln doldurylan taýajyk. Galam alyp ýazmaga örän çalasyn elim (N. Pomma, Saýlanan eserler). Ol gören zatlaryny kagyza galam bilen bellik etdi

(M. Ibrahimow, ol gün geler).


GALAM II, dial. ser. Ç e m ç e.


GALAM III, Orak dişelýän, metala haşam salynýan gural.


GALAM IV, bot. Derýa ýakalarynda topbak bolup gögerýän ösümlik.


GALAMGAŞ [galamga:ş], Gyýlyp duran gaş. Bir göreýin, galamgaşyňy kakdyr (Mollamurt, Saýlanan erler).


GALAMDAN [galamda:n], Galam, ruçka salynýan gutujyk.


GALAMDAŞ, Ýazmaklyk-bozmaklyk bilen meşgul bolýanyň kärdeşi, kärdeş.Ýakynda çarşaňňyly galamdaş ýoldaşlarymyzyň birine gabat gelenimde, siziň raýonyňyzyň halyndan habar aldym («Tokmak» žurly) .


GALANDAR, Zyýarat edip gezip ýören, terkidünýe adam, gedaý, ykmanda. Ol Wahyt galandar ýaly şäher-şäher aýlanyp, köçe-köçe söküp ýöräniň biridir (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Ispihandan gelip, Mekge-Medinä barýan kyrk galandar peýda boldy («Görogly» eposy).


GALANTERE'ÝA, Tualete degişli maýda-çüýde zatlar (ellik, darak, ilik, aýna we ş. m.).

Galantereýa harytlary. Galantereýa magazini.


GALAPYN [galapy:n], «Köplenç, köp ýagdaýlarda, mydama» diýen manydaky kömekçi söz. Pökgen özüniň işeňňirligini bildirjek bolup, galapyn sowatly bolan kolhoz adamlarynyň bir özünden başgasyny sowatsyz edip göpkezdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Orta mekdepler galapyn uly kolhozlaryň hem her birin-de bar («Mydam taýýar» gazýeti). Bu dogruda aýdylap habar galapyn gabat gelýär («Sowet edebiýaty» žur-naly).


GALAT, Hakyky bolmadyk. esassyz, ugursyz, ýalan, ýalňyş. Galat aýdýarsyň! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Eý, Gorogly, galat etdim («Görogly» eposy).


GALBAŇ, Tümmerip duran, galyp duran. ýörände, galbaň göwsüniň üstünde oýnaklap,biri-birine owsun atyşyp duran ýogyn hem uzyn gara saçlary bar.(N. Pomma, Sebäbini soň bildim).Ol alma ýaly ak ýaňaklarynyň, galbaň göwsüniň üstünden sallanyp duran gara gotazlarynyň ujuny oýnap, Arzygözele seretdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GALBIR [galbi:r], Däne ekilýän iri göz elek. Galbir bir bilen bugdaý elemek.


GALBIRI [galbi.ri], Aýal geýimi üçin dokalýan ýarym ýüpek el mata. Bir wagt men onuň aýalyna galbir  satanym ýadyma düşýer (B.  Kerbabaew,  Aýgytly ädim)


GALGAMAK [ga:lgamak], Eliň we ş. m. täsiri biln gymyldamak,  pasyrdamak, elpeselenmek, hereketlenme; Kolhoz prawleniýesiniň jaýynyň üstünde gyzyl baydak pasyrdap galgaýardy (A. Durdyew,  Saýlanan  eserler). Men siziň eliňizdäki galgap duran kagyzjygy gördüm (A. Gowşudow, Eserler) .

<>Galgap   ýörmek — ik baka ylgap, ýörmek, ykmak.


GALGAN,bot.Tikenlije ýasy ýaprakly haşal ot.


GALGATMAK [ga:lgatmak], Eliň ýa başga bir zadyň täsirinde ykdyrmak, pasyrdatmak, eýläk-beýläk bulalatmak, ýelpesetmek.Başlyk gamçyly elini galgadnyny hem duýman galdy. (B. Kerbabaew, Aýsoltan). 0l çokully saçyny  selkildedip, ellerini galgadyp gepledi. Ol gowky ellerini galgadyp, hynçgyryp gepmledi. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GALGAŞMAK [ga:lgaşmak], Köp bolup bilelikde galgamak, ygyp durmak, pasyrdaşmak, ýelpeseleşme: uçganaklap görünmek, ýörmek. Galgaşyp gaçyp dur saralan ýaprak (B. Kerbabaew, Aýlar).


GALDAW, Ynjalyksyz, howlugagan, çalasyn, galjaň alňasak.Döşi deputat nyşanly galdaw adam işden ýadajaga meňzänok («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GALDAWLYK, Galdawa has bolan gylyk-häsiýet, galdaw häsiýetli  bolmaklyk,  howlugaganlyk,    alňasaklyk galjaňlyk. Haçan şu adamlar galdawlygy terk, ederkäler? (N. W. Gogolь, Eserler). Ondan garaşyp bolmjak galdawlyk bilen onuň budundan agyz saldy (L. N. toý, Saýlanan eserler).


GALDYRAWUK, Gorkup, üşäp we ş. m. zerarly galpyldap duran.


GALDYRAMAK, ser.Gagşamak. Ol ilki bilen galdyrap  üşüdýänligini we ýüreginiň bulanýanlygyny duýdy  (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Ysytma tutýan adam ilki galdyrap başlaýar.


GALDYRATMAK, ser. Gagşatmak. Gyzdyrma tutanda, ilki galdyradyp başlaýar.


GALDYR-BASDYR,  Ýalan-ýaşryk,gizlin, galp.Artyk,meni özüň tanaýarsyň,mende galdyr-basdyr zat bolmaz (B. Kerbýabçew, Aýgytly ädim).


GALDYR-BASDYRLYK, ÝAlan-ýaşryklyk, gizlinlik, galplyk. Munda görnetin galdyr-basdyrlyk bar! Ol şol sanaşykda bir galdyr-basdyrlyk baryny aňlady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GALDYRMA, Çalyň üstüne süýt guýlanda galýan goýy agaran, galdyrym.


GALDYRMAK  I, 1. Duran ýerinden ýokary götermek, göterip ýerden aýagyny üzmek. Ol özüniň döwük äýnegini ýokary galdyrdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

2. göç. m. Dikeltmek, aýaga galmagyna kömek etmek. Başyň galdyr, seret, Eýran gözeli, Seret-de synlap gör tana ozaly   («Oktýabrь ýalkymy»). Ýigitler, başyňyzy galdyryň, biz sizi gutarmaga geldik (A.   Gowşudow. Saýlanan eserler).

3.Üstüne çykarmak, göterip üstünde goýmak. Ýüki galdyrmak.

4. Artdyrmak, ýokarlandyrmak, Halk hojalygyny galdyrmak. Önümçiligi galdyrmak.

<>  Gabak   galdyrmak — ser.  G a b a k.


GALDYRMAK [ga:ldyrmak] II,  1.  Ýadyndan goýup gaýtmak ýa-da goýup gitmek. Sagady öýde galdyrypdyryn.

2. Ýitirip ýok etmek, ýitirmek. Çakgyňy galdyrmak. Elýaglygy galdyrmak.

3. Ýaryşda we ş. m.Ýoldaşlaryndan ozup olary yzda goýmak.  Garlawaç  atlary Ýüz metr yzda galdyryp, pellehana ilkinji bolup geldi.

4. Taşlap gitmek, goýup gitmek.

*  G e d a ý   galdyrmak — ser.  Gedaý. Akyla gelmejek salgytlar bilen aç-ýalaňaç, gedaý galdyrdylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GALDYRYM, 1. ser. G a l d y r m a,

2. Ýüň saýlananda ýumşaklyk üçin aşagyna düşelýän deri, garagurumwe ş. m. zat.


GALERE'ÝA, 1. Uly ymaratlaryň arasyny birleşdirýän uzyn, dar hem-de üsti ýapyk eýwan. Moskwada köp uly jaýlar galereýa arkaly birleşýär.

2. Teatrlaryd, tsirkiň ýokarky mertebesi, ýarusy.

3. Sungat eserlerinde sergisi görkezilýän jaý. Surat galereýasy.


GALJAŇ, ser. G a l d a w. Kakaň pahyr örän galjaň adamdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Artyk, sen örän galjaň ýigit (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GALJAŇLYK, ser.  G a l d a w l y k.


GALIFE, Ädik bilen geýmek üçin ýörite biçüwde tikilen balak. Galife jalbarly kolhoz başlygy nirädir  gidip barýardy.(B. Kerbabaew, Aýsoltan).Ol şnurly sapançasyny galife jalbarynyň üstünden salpy sallapdyr  (B.  Kerbabaew, Aýgytly  ädim).


GALKAN, Söweşde tyg-zarbadan goranmak üçin, tegelek gapak görnüşli, elde göterilýän metaldan edilen gadymy gural, enjam. Galkan däldir öňlerine tutýany, Sary ýaý däl söweş güni atýany. Görogly hem söweş eden, Bu daglarda tutup galkan (N. Pomma, Saýlanan . eserler).


GALK-GULK: galk-gulk etmek — çalasyn iýmek, derrew iýip gutarmak, lak-luk atmak.


GALKMAK, 1. Ýokary galmak, göterilmek. Emma ol derýa däldi, ol günüň howrundan galkan salgymdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. göç. m. Aýaga galmak, baş götermek. Galkyň indi, mahal boldy galkmaga, Ýarag edip elde herne baryňyz. Galkyň bu güi eli ýarag tutanlar! Watanyň adyna namys-ar üçin (N. Pomma, Saýlanan eserler).

* Göwün galkmak— ser. G ö w ü n. Aýnanyň şol wadasy ýadyna düşende, onuň göwni has-da galkýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Göwnüm galkyp, gülzarlykda gül açýar (N. Pomma, Saýlanan eserler).


GALKYJAKLAMAK, 1. Sähel göterilmek, ýokary galmak. Ol galkyjaklap ýörände, ençeme gözler oňa bakan aýlandy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Şatlanmak, ruhlanmak. Göwün guşy alla nirädir galkyjaklaýan Begenje söz bererismi?! (B. Kerbabaew, Aýsoltan ).


GALKYJAKLATMAK, Göwnüni götermek, şatlandyrmak, ruhlandyrmak. Gowaça günsaýyn üýtgäp, Aýsoltanyň göwnüni günsaýyn galkyjakladyp, iň soňunda şu günki görnüşing gelip ýetdi(B- Kerbabaew, Aýsoltan).


GALKYNDYRMAK, 1. Ýardam edip, gop berip ýokary galdyrmak, götemek.

2. Ruhuňy götemek, ruhlandyrmak.Çekilýän zähmetler ony birneme galkyndyrýardy («Kolhoz günleri»).


GALKYNMAK, Ruhuň göterilmek, ruhlanmak; birneme gurplanmak.


GALLA, Arpa bugdaý ekini. Şu ýyl galla ekinimiz gowy hasyl berer.

2. Bugdaý arpa ekinlerinden galla tapmaz, galla tapsa — gap .(nakyl)


GALLAÇ  [galla:ç],Aç-ýalaňaç, garyp.Dogan kimin goldadyň sen gallajy, Ýer-suw berip, elim işe ýetirdiň («Oktýabrь ýalkymy»). Garaňka öwrüp-de ýagty säheri,gallajyň daşyny tor eden kanun  (N. Pomma, Saýlanan eserler).


GALMAGAL , Wagyrdap çykýan gykylyk, wagyrdyly wagt koridoryň aňyrsyndan galmagal eşidildi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Bir zadyň üstünde turýan jenjel, dawa, gopgun. Gyzlardan suw soradyk weli, ynha şujagaz gyz galmagal edip, düşübermezmi başymyzdan (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy).


GALMAGALLAMAK, 1. Galmagal etmek, gykylyk etmek. Galmagallap durma-da, işiň bilen bol!

2. Dawa etmek, jenjel etmek.


GALMAGALLAŞMAK, 1. Iki ýa-da köp bolup galmagal edişmek, gykylyk edişmek. Näme galmagalla şyp dursuňyz!

2. Dawa-jenjel turuzmak, bilelikde dawa etmek. Bolgusyz zadyň üstünde galmagallaşmak.


GALMAGALLY, 1. Galmagaly, gykylygy köp bolan, gopgunly. Bular gowgaly we galmagally ýygnaklardy, (Orta asyrlar taryhy).

2. Dawaly, jenjelli. Galmagally zat. Galmagally iş. Galmagally mesele.


GALMAGALSYZ, 1. Galmagaly, gykylygy ýok bolan, sessiz-üýnsüz, gykylyksyz. Şeýle-de bolsa, olar galmagalsyz, örän arkaýyn gürleýärdiler (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

2. Dawasy ýok bolan, jenjelsiz, imi-sala.


GALMAGALÇY, Köp galmagal edýän, dawaçyl, gykylykçy, nadara.

Biziň obamyzda şondan galmagalçy aýal ýok (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Ol örän galmagalçy bolan ekeni (X. Ysmaýylow, Iki atanyň ogly). Galmagalçy adam.


GALMAK I, 1. Ýokary turmak, ýerinden turmak, dikelmek. Ol ýerinden galyp, gazap bilen gygyrdy-da, onuň sözüni kesdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Barha ýokarlamak, ýokary göterilmek, beýgelmek. Ertesi, Gün guşluga galanda, daňylgy köpek çyňsap başlaýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Öňküsinden köpelmek, artmak, ösmek, ýokarlanmak. Bahasy galmak. Hojalyk taýdan galmak.

4. Derejesi ýokarlamak. Ýaz aýlarynda derýanyň suwy barha galýar. Atmosfera basyşy galmak. Gan basyşy galmak.


GALMAK [ga:lmak] II, 1. Ýaryşda we ş. m. beýlekiler-den soň gelmek, beýlekilerden yzda bolmak, ýeňilmek. Ýaryşda yza galmak aýyp zatdyr. Soňky aýlawda «Kommuna» kolhozynyň ýyldyrym atly aty biziň Ülkerimizden galdy.

2. Ýetişip bilmezlik zerarly gitjek ýeriňe gidip, ugrap bilmezlik. Otludan galmak. Maşyndan galmak.

3. Gitmekligini goýbolsun etmek. Komandirowkadan galmak. Toýdan galmak.

4. Ýatdan çykarylyp galdyrylmak, alynman gaýdylmak. Ýaňky myhmanlaryň düwünçegi. galypdyr.

5. Bar bolmak, bolmagyny dowam etdirmek. Il içinde galan ýarar ulaglary hem alyp gelmäge buýruk berdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

6. Gutarylman taşlanmak, gutarylman goýulmak. Galan işe gar ýagar (nakyl).

7. Kömekçi işlini funktsiýasynda gelip, aşakdaky ýaly ulanylýar: a) ysnyşyp gelýän isimleriniň manylary bilen baglanyşykly hereket aňladýar. Haýran galmak, geň galmak, habarsyz galmak, işsiz galmak;

b) ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň bolup gutaranyny aňladýar. Duýman galmak, öwrenip galmak, bilmän galmak, görüp galmak.


GALMYKLAR, Galmyk awtonom oblastynyň ýerli halky.

Şol galmyk çarwalary bolsa gerek (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GALŇAMAK, Öňküden galyň bolmak, has küti bolmak, Men ýoldaky gar syrgynlarynyň galňap, ýöremegiň kynalýandygyny duýdum (L. N. Tolstoý, Syrgyn).

* Hamy  galňamak — ser. H a m.


GALŇATMAK, Öňküsinden galyň etmek, has küti etmek. Hany, indi aýryl! — diýdi we böwediniň ýeňsesini galňatmaga  başlady.(A.Gowşudow, Mähri—Wepa).


GALŇAŞMAK, Öňküden galyň bolup başlamak. Kütüleşmek.


GALOŞ, Ygal bolanynda ädigiň botinkanyň daşyndan geýilýän ýa-da diňe özi geýilýän düz ökjeli, gonçsuz we bagjyksyz rezin aýakgap.

Onuň tomsuň jöwzasynda-da aýagyna galoş bilen mesi geýenini göreniňde, ol bir molladyr diýen pikir göwnüňe gelerdi (A. Gowşudow, Eserler). Anna pilpil galoşyny çykardy-da, töre geçip oturdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GALP, 1. Hakyky däl, ýalan (dokument hakynda). Aktyň galpdygyny hasap etmänimizde-de, dili düşnüksiz («Tokmak» žurnaly). Emma ol galp hat onuň gözüne-de ilmedi (A. Gowşudow, Eserler).

2. Ýalançy, wepasyz. Galpyň gazany gaýnamaz, gaýnasa-da baýnamaz (nakyl).


GALPAK, Ýaş çaganyň heniz syrylmadyk saçy. Mydam başynda hüjjerýär, Arassa gara galpagy (Çary Aşyr, Poemalar). Ol mele galpakly, ak ýüzlüje eýjejik gyz (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


GALPLAŞDYRMAK, Bir zada meňzedip, galp ýasamak, galp etmek, ýoýmak.


GALPLYK, 1. Hakyky dällik, ýalan, aldaw. Ýöne weli galplyk meniň göwnüme ýaramady (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. Ýalançylyk, aldawçylyk.


GALPYLDAMAK, Üşäp, gorkup ýa-da üşüdip titremek, sandyramak, gagşamak.

Niçik lak atjagyn bilmeýän ýaly, Ogryn-ogryn galpyldaýar azajyk. (B. Kerbabaew, Aýlar).


GALPYLDAŞMAK, Köp bolup galpyldap durmak, bilelikde galpyldamak, sandyraşmak, gagşaşmak.


GALPYLDY, Üşemek, gorkmak ýa-da üşütmek we ş. m. netijesinde döreýän titreme, sandyrama, gagşama. Onuň endamynda galpyldy peýda boldy.

<> Galpyl -dy ýetişmek — ýürege howsala düşmek, gorkup başlamak. Ýürekleri syrylan jigitlere-de biraz galpyldy ýetişdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GA'LSTUK, Boýna dakylýan ýasy lenta, dilkaw mata. Ol mugallymlaryň birinden bir ak ýaka, ýene birinden hem bir galstuk alyp, şolary boýnuna ildiripdir (A. Gowşudow, Saýlanan eserler) .Firidun galstugyny daňyndy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Pioner galstugy.


GALTAK, Üsti ýaşige meňzeş, el bilen itilip sürülýän, ýeke tigirli kiçijik araba. Sowet injenerleri özi ýöreýän galtak döretdiler («Pioner» žurnaly).


GALTAMAK, Çala degirmek, kaklyşdyrmak; degmek. Kimleri aç edip, kimleri galtan, Kimleriň tagtyny zer eden kanun (N. Pomma, Saýlanan eserler). Ýagly-ga elim çala galtady.


GALTAMAN I, kön. s. Garyp, pukara. Galtaman adam.


GALTAMAN II. Öldürip-kesmek, talamak ýaly jenaýat edýän adam, garakçy, talaňçy. Meni hem tas galtamanlar hataryna geçiripdiler (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim). Garakçy, galtaman, oba ogrusy, Gün-günden köpeldi eli egrisi   (N.   Pomma, Saýlanan  eserler).


GALTAMANLYK I, kön. s. Garyplyk, pukaralyk.


GALTAMANLYK II, ser. Galtamançylyk.


GALTAMANÇYLYK, Öldürip-kesýänleriň käri, galtaman bolup halky talamaklyk, garakçylyk.


GALTAŞDYRMAK, Ýanaşyk goýmak, biri-birine degrip goýmak, degirmek, kaklyşdyrmak.


GALTAŞMAK, 1. Çala degmek, kaklyşmak. Daşyň töweregine galtaşýan çyzyk boýunça ugrukdyrylandygyny siz görensiňiz («Fizika kursy»). Aýsoltan öz göwsüne galtaşyp duran gowaçanyň bir ýapragyny ýoldy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Garyndaşlyk taýdan ilteşigi bolmak.


GALTAŞYK, 1. Biri-birine galtaşyp, degşip duranlyk, ilteşik.

2. Ýakynlyk, gatnaşyk. Meniň onuň bilen galtaşygym ýok.


GALTGA, Tor ýa-da çeňňek suwa batmazlyk üçin dakylýan ýeňiljek agaç we ş. m. Oglanlar ýarym sagat  ýaly aýlagyň içinde galtga seredişip oturdylar   (Ň. Jumaýew, Syrly gala).


GALYBERMEK I, Barha ýokarlamak, gitdigiçe asmana göterilmek.

2. Ýeriňden turup gidibermek, ugrabermek.


GALYBERMEK [ga:lybermek] II, Has yza galmak, gitdigiçe yzda bolmak.Kä ýerde büdräp, kä ýerde sürşip çakan at galyberdi («Görogly» eposy).


GALYBERSE-DE [ga:lyberse-de], Ondan soň hem, soňra hem, in soňunda bolsa, şonuň bilen birlikde.


GALYNDY [ga:lyndy], 1. Tutuş zadyň ujundan artyp galan bölek, artyp-süýşen, artyk zat. Suwaryş şitoklaryny kolhozlaryň we başga ýerleriň ussahanalaryndaky ýasy demirleriň galyndylaryndan ýasamak bolar (F. G. Sewostьýanow, Türkmenistanda gowaçany suwarylyşy). Gurban elindäki almanyň galyndysyny süňküň üstüne oklady («Sowet edebiýaty» žurnaly) Galyndy mata.

2. Öň bolan zatdan saklanyp galan zat. Gadymy urp-adat galyndysyndan boşamadyk Nursoltan ýetişen gyzyny ýerleşdirenini kem görmeýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Könäniň galyndysy. Köne galanyň galyndysy.

3. Derde ýaramaýan zyňyndy, taşlandy, zir-zibil. Galyndy hapa zatlar çukura dökülýär.


GALYNDYRMAK, Zyýan ýetirilen  maddy we moral ýagdaýdan, agyrlykdan çykarmak, aýak üstüne galdyrmak, özüni tutmaga mümkinçilik döretmek.Gorkaklar, namartlar, ejize ganymlar, wepasyzlar,  dönükler bolsa masgaralanýarlar we galyndyrmaz gargyş astynda galýardylar  (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Ony biz galyndyryp bilmeris (B. Kerbabaew, Japbaklar).


GALYŇ. I, Ýuka däl, küti. Ol Sülgüniň elindäki  galyň kagyzyň bir ýanyndan tutdy(«Kolhoz günlern») Olaryň ýygnan gerbarileri uç sany  galyň  albom emele getirdi («Pioner» žurnaly).

<> ýüzi  ga l y ň—ser. ý ü z.

Biz-ä ýaňky adamlaryň ýuzleriniň hamyny gaty galyň gördük  («Tokmak» žurnaly).


GALYŇ II, kön. s. Gelin edinilende, gyz üçin salynýan salgyt. Olar agyr galyň salyp durmazlarmyka

diýýän. Sen galyňa garşy bolsaň-da, Hojaguly garşy bolmaýar (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GALYŇ   III, Her bir, bir näçe,  käbir, bolar-bolmaz. Galyň azgynlar biziň şu günümizi hem köp gördüler (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GALYŇLYK I, Ýaka dällik, kütülik, galyň bolmak.Çölde garyň galyňlygy dyzdan geçdi («Kolhoz-günleri»).


GALYŇLYK II, kön. s. Galyň bermek üçin ýygnalan zatlar.


GALYP [ga:ly:p], Zadyň keşbini, formasyny berýän enjam, ýasama şekil, ülňi. Dört-bäş adam ýaba berýär taraýşy, Galypdan çykan deý içi-raýyşy (N. Pomma, Goşgular). Kerpiç guýulýan galyp. Bu kerpiçleriň gyradeňligi bir galypdan çykan ýaly.

<>Ýürege galyp  bolmak—ser. ý ü r e k.  Aýsoltan şol gürrüňiň ýüregine galyp boljagyny duýýardy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


GALYPLAMAK [ga:ly:plamak], Galyba salmak, galyba geýdirmek.


GALYPLANMAK [ga:ly:planmak], Galyba salynmak, galyba geýdirilmek.


GALYPLATMAK [ga:ly:platmak], Galyba saldyrmak, galyp urdurmak.Tuflimi galyplatdym  welin, oňat boldy.


GALYPÇY [ga:lьg:pçy],  1. Galyp ýasaýan ussa. 2. tal guýýan ussa, spetsialist.


GALЬWANIZA'TSIÝA, Kesel bejermek ýa-da tehniki maksatlar üçin hemişelik togy peýdalanyş.


GALЬWAIIZIRLEMEK, Bir zadyň içinden elektrik toguny geçirmek.


GALЬWANIK,  Himiki  reaktsiýanyň kömegi bilen emele getirilýän  (tok hakda)


GALЬWANO'METR, Pes güýçli elektrik toguny ölçemek üçin gural, esbap.