SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GAÝ




GAÝ, 1. Gar, ýagyş gatyşykly güýçli ýeliň ösmegi bilen ýüze çykýan tebigy hadysa, harasat.

Derýa bilen barýarkalar, gaý turup, gämini daşa urup döwüpdir (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

Garry oýnasa, gaý turar (nakyl). Çopan gaýda öser, molla — toýda (na-kyl).

2. Güýçli sowuk.

3. göç. m. Döwletler arasynda ýüze çykýan uruş. söweş. Gaýyň garşysyna gaýduwsyz göreşip, ýolumyzy dowam etdirdik («Mydam taýýar» gazeýti).

<> Gara başyňa gaý bolmak — iş bilen gumra bolup, aljyrap ýörmek. Bir adam çotuny şakyrdadyp, gara başyna gaý bolup otyrdy (B. Purliew, Ilkinji gün).

Ýeser erde gaý tutmak — gyssag arada işe zelel beriji päsgelçilik ýüze çykmak. biwagt şowsuzlyga uçramak.


GAÝGANA, Düe botlanda, ýaňy bolan köşegiň daşyndaky suwly barda.


GAÝGY, Adamlarda döreýän aladaly, ünjüli pikir, gam-gussa. Meniň gaýga, ýasa garşy durýanym, hemişe toý agtarýanym siziň özüňize mälim dälmi? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gaýgy bilen öýlerine baranda, Ejesi gyzyna ogryn seretdi (B. Kerbabaew Aýlar). Niçeler köp çekdi neşe hem meňi, Gaýgydan gan eňräp, bolmady deňi (Pomma, Sanlanan eser.ler).

<> Gaýga batmak — bir zat barada gamlanmak, bir zadyň pikirini çekmek. Artygyň gaýga batanyna dözüp bilmedik Aýna: — Wiý, oglan, saňa näme bolaý-dy? — diýip sorasy geldi (B. Kerbabýaew, Aýgytly ädim).

Gaýga basdyrmak—uly alada goýmak, çuň pikirde galdyrmak. Gara görnüm ýörseň, gaýga basdyrar. Töweregňe seredýärsiň eşekli (Durdy Gylyç, Goşgular).

Gara gaýgy — dert, azar, alada.


GAÝGY-ALADA, ser. Gaýgy-gam. Ol, asyl hiç bir zadyň gaýgy-aladasyny etmän, elindäki berdeňkä guwandy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAÝGY-GAM, Adamlarda döreýän gussa. gaýgy, alada, ünji, pikir. hasrat.

Şol görnüş Artygyň gaýgy-gamyny başyndan ýadawlygyny endamyndan sogrup alana döndi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sende çigit ýaly gaýgy-gam ýokdur (Ata Salyh, Eserler).

Gaýgy-gam galmady ýürek astynda, üç-dört agyz goşgy düz diýýär göwnüm (Durdy Gylyç, Goşgular).


GAÝGY-GUSSA, ser. G a ý g y-g a m. Gitdi başymyz-dan gaýgy-gussalar (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Gaýgy-gussa getirmegin başyňa, Handan. batyr, esrek nerim näm boldy? («Görogly» eposy)


GAÝGYLANDYRMAK, Gaýgy etdirmek, gam-gussa çekdirmek, alada etdirmek.


GAÝGYLANMAK, Gaýgy etmek, gam-gussa çekmek, alada etmek, ünjä, pikire batmak. Onuň ýüzüne ser eden doktor-da onuň bir zatdan gaýgylanýandygyny aňlady (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GAÝGYLY, Gaýgy-gam çekýän, aladaly, gamly, ünjüli. Ol ilki gaýgyly, aladaly ýaly göründi. Ol ikisiniň hem çynlakaý sypatlaryna, gaýgyly keşplerine geňirgendi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Eposyň iň soňky bölümi has gaýgyly şekilde düzülipdir («Görogly» eposy). Gelin bolsa gijäni gaýgyly ýas bilen geçirýär (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


GAÝGYRMAK, 1. Aýaw saklamak, gorap saklamak, aýamak. Edebiýat äleminde Gorьkimiz Hyzmat etdi öz güýjüni gaýgyrman (A. Nyýazow, Şygyrlar).

2. Rehim etmek, dözmezçilik etmek, dözmezlik. Men syrkaw adamyny gaýra üzeýmeýin diýip gaýgyrdim (A. Gowşudow, Eserler).


GAÝGYSYZ, 1. Gaýgy-gamy bolmadyk, aladasy, ünjüsi ýok. Gaýgysyz gara suwda-da semrär (nakyl). 2. Hiç zatdan çekinmän, arkaýyn. Ol ýaman gaýgysyz gürrüň edýär.


GAIGYSYZLYK, Gaýgy-gam bolmazlyk, aladasyzlyk, ünjüsizlik.


GAÝGY-ÜNJI, ser. Gaýgy-gam. Köňlünde bolmasyn gaýgy-ünjüden (Mollamurt, Saýlanan eserler).


GAÝGY-HASRAT, ser. Gaýgy-gam. Gaýgy-hasrat-dan başga özüm üçin hiç zat gazanyp bilmedim (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler). Men atadan ýeke boldum, Gaýgy-hasrat bilen öldüm («Görogly» eposy).


GAÝGYÇYL, Gam çekegen, gaýgy edegen, aladaçy. Şeýle bolsa, gaýgyçyl garrynyň ötsünde oňa hakykaty beýan etmek, sözlemek agyr degdi (B. Purliew, Ilkinji gün). Gaýgyçyl adam.


GAÝDA-GAÝMALAŞYK [ga:ýda-ga:ýmalaşyk], Köpçülikleýin edilýän tertipsiz ýagdaýdaky çalasyn hereket. Garagumuň üsti gaýda-gaýmalaşyk bilen doludy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).Teatryň agzy tomaşaçylardan ýaňa gaýda-gaýmalaşykdy.


GAÝDUWSYZ, Her bir kynçylyklardan gaýtmaýan, batyrlyk bilen hereket edýän, gorkmazak, okgunly. Sen beýik Watanyň sakçysy bolan gaýduwsyz Gyzyl Goşunyň urşujysy ahyryn (A. Durdyew, Saýlanan aserler.) Watan üçin şirin janyny aýaman, gaýduwsyz söweş edýän mertlere şöhrat! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAÝDUWSYZLYK, Gaýduwsyza has bolan gylyk-häsiýet, gaýduwsyz bolmaklyk, hiç zatdan gaýtmazaklyk, okgunlylyk. Onuň ertekileriniň we hekaýalarynyň içinde batyrçylyk, edermenlik, gaýduwsyzlyk, wepalylyk. häsiýetde bolan gahrymanlar diňçileriň dykgatyny özüne çekýär (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Munuň hem üstesine onuň hemişe ýüzüniň agyrlygy, gaýduwsyzlygy we duzly dili biziň ýaş akyllarymyza güýçli täsir edýärdi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


GAÝDYM, Öňki tempinden peseliş ýagdaýy, öňki ýagdaýyndan gowşamak, ýuwaşamak häsiýeti.

Ol aýdym joşdurýar, ýokdur gaýdymy, Men bagyşlap, saňa ýazdym beýdimi, Güýçli tolkun. asyl bolmaz gaýdym (N. Pomma, Saýlanan eserler).

* Gaýdym çalyşmasy — ser. Ç a l y ş m a.


GAÝDYRMAK [ga:ýdyrmak], 1.Howada uçurmak.Ol elindäki daşy gaýdyryp zyňyp goýberdi.

2. Suwda ýüzdürmek, suwa batyrman, ýüzünde ýüzdürmek.

3. göç.m. Urup gaçyrmak, urmak. Mergen ilkinji okunda almany gaýdyrdy.


GAÝDYŞMAK, 1. Iki-ýekeden gaýdyp başlamak, dagaşmak. Kolhozçylar pagta  ýerlerinden öýlerine gaýdyşyp gelýärdiler   (A. Durdyew, Saýlanan    eserler).

2. Çekilişmek,  peselişmek. Elimiň çişi birneme, gaýdyşdy. Nurjahan Weliýewna, öten agşam Myrat Çaryýewiniň ýagdaýy  bütinleý  oňatlaşyp başlady,  gyzgyny gaýdyşdy   («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GAÝDYŞYK, Iki-ýekeden gaýdyşyp başlanmak ýagdaýy, dagaşmak hereketi.


GAÝDYŞYN [gaýdyşy.-n], Yzyňa gaýdyp, dolanyp gelýärkäň, gelşin.

Tapdan düşep çagalaryň hemmesi diýen ýaly gaýdyşyn ýolda heläk bolupdyrlar (Orta asyrlar taryhy).


GAÝZA, Ýüzi galyň, utançsyz, haýasyz.  Ýüzi gaýza adam.


GAÝZAR, gaýzar bolmak — julk bolmak, bir hili endamyň gatamak. Sowuk suw içip gaýzar boldum, Gök çaý içip derlemesem (Körmolla, Goşgular).


GAÝZYKMAK, Sowamak, üşemek zerarly ýüzi üýtgemek. Emma ol hem daýaw we ýüzi gaýzygan hemde bir petde iňňä meňzäp duran gara murtly adamdy («Pioner» žurnaly).


GAÝKA, Nurbata towlanýan, köp gyraňly içi hyrly demir. Ol sizi şu gaýkany sogrup otyrkaňyz tutupdyr (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


GAÝKY, Gaýşarylyp ýöreýän, gaýşak. Kim gaýkyny söýer, kim — küýkini (nakyl).


GAÝKYLDAMAK, 1. Oturan ýeriňde ileri-gaýra hereket etmek, iki ýana çaýkanyp oturmak. Düýe münseň, şol gaýkyldap oturmaly bolýar.

2. Gaýşarylyp, ileri-gaýra hereket edip ýöremek.


GAÝKYLDAŞMAK, 1. Iki ýana çaýkalyşyp oturmak.

2. Gaýşarylyp, oýmul-oýmul edişip ýöremek.


GAÝLAMAK, 1. Gaý düşmek, howa sowamak.

2. göç. m-Başagaý ýagdaýa düşmek. Ak ýorganly gök ýolkalar astyndan, Biziň ýolagçylar barýardy gaýlap (B. Kerbabaew, Aýlar).


GAÝMA, 1. Maşyn tikini ýaly örän maýda edilip tikilýän tikiniň bir görnüşi.

2. Tahýa, gaýme salynýan nagşyň bir görnüşi. Näzik onuň-munuň halysyny dokap, gaýmasyny gaýap, keşdesini çekip, el hünäri bilen hyzmat edýärdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Hakykatdan-da garry ýaş başyndan bu gyza keşde etmek, gaýma gaýamak, haly çitmek ýaly el hünäri işlerini öwredip başlamagy bilen oňa edepli bolmak terbiýesini-de berip başlapdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GAÝMAK I, 1. Süýt bişirilende ýüzünde emele gelýän ýukajyk ýagly gatlak. Bir banka gatyk, ýene bir kürüşgede gaýmak çykardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyk eteginde). Gyratyň sagrysynda gaýmak goýsaň bozuljak däldi («Görogly» eposy). Gitmek üçin gaba gaýmak, ýag saldy, (R. Seýidow, Bagtlylar). Taýlak hyzzyn çagalaryň içýän süýdünden, iýýän gaýmagyndan tamakin bolup, bokurdagyny gulkuldadyp otyr (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

2. Suwuklygyň we ş. m. ýuzünde emele gelýän ýukajyk örtük.


GAÝMAK II, Bogaz bolmak   (düýe hakda).


GAÝMAK [ga:ýmak] III, 1. Ganat ýaýyp howada uçmak (guş hakda). Garaguşlar seniň üstüňde gaýýar (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Bir tüýsli ullakan guşlar , agaňlaryň başyndaky höwürtgeleriň ýanynda gygyryşyp gaýýardylar (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).

2. Zyňylmak zerarly howada ýaýylyp gitmek. Samolýotyň shematak modeli asmanda gaýýardy («Pioner» žurnaly).

3. Suwuň ýüzünde göterilip ýörmek, suwda ýüzmek. Suwuň ýüzünde gaýyp ýörjek bolsa, ol gurçujak jähenneme gitsin (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).

4. Bir ýerden bat bilen ýykylmak, zarply gaýtmak. Men bilmedim näme üçin atlanyp, At üstünden gaýdyňmy sen, Artykjan? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GAÝMAKLAMAK, 1. Bişirilende süýdüň ýüzünde gaýmak emele gelmek, gaýmak bitmek. Aky hem ýüzi gaýmaklap duran ýyljak süýdi derrow içip boldy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Suwuklyklaryň we ş. m. ýüzünde ýukajyk örtük emele gelmek. Suwuň gyrak-bujaklarynda buz gaýmaklap görünýän ýerleri-de bardy. Daňa golaý gaýmaklap doňan çägeler esgerleriň aýaklarynyň aşagynda ykyrdaýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gaýmaklap başlady derýalar, jarlar (B. Kerbabaew, Aýlar).


GAÝMALAMAK I, Gaýma usuly bilen edilýän keşdäni salmak, gaýma salmak.


GAÝMALAMAK [ga:ýmalamak] II, 1. Ganat ýaýyp uçup ýörmek.

2. göç, m. Bir zadyň töwereginde görünmek, aýlanyp ýörmek.


GAÝMALAŞMAK [ga:ýmalaşmak], 1. Bir näçe bolup, ganat ýaýyşyp uçmak, howada ýaýylyp ýörüşmek. Al howada gaýmalaşýan guşlaryň, Ganatynda görnükli bir haty bar (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Kä ýerde garaguşlar gaýmalaşýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Bir zadyň töwereginde aýlanyşyp ýörmek, hereket edişip ýörmek. Adamlar howlukmaç gaýmalaşýardy («Sowet edebiýaty» žurýaly).

* Gözüň öňün-de gaýmalaşmak — ser. G ö z. Onuň gözüniň öňün-de otur alamatynyň suraty gaýmalaşýardy (J. Akyew, Mergeniň ogly). Olaryň gözleriniň öňünde Aşgabat köçeleri gaýmalaşyp başlady (A. Gowşudow, Eserler).


GAÝMALAŞYK [ga:ýmalaşyk], Köpçülikleýin edilýän tertipsiz hereket. Bag astynda ýazylypdyr halylar  Dumly-duşda gaýmalaşyk, alada (B. Kerbabaew, Aýlar). Kiçijik stantsiýada gaýmalaşyk başlady (B. Pürliew, Ilkinji gün).


GAÝNAG I, Çig däl, gaýnan (suw hakda). Brýuşnoý gif mikroblary gaýnag suwda bir näçe minutyň içinde ölýärler (N. A. Ýablokow, Ýokançly içege keselleri).


GAÝNAG II, Agzyň içinde, burnuňda we ş. m. ýerleriňde ýara döremek bilen ýüze çykýan kesel.


GAÝNAGLY, Gaýnag keseline duçar bolan (adam). Gaýnagly adam.


GAÝNAM,  Gaýnama derejesi. 

<>  G a ý n a m y    synmak . gaýnamakdan galmak, gaýnandan soň sowap başlamak.


GAÝNAMAK, 1. Güýçli gyzdyrylmak, temperaturasy ýokarlandyrylmak zerarly bugaryp lakyrdamak,

lagyrdamak (suwuklyk hakda). Çaý-naharyň gaýnapdyr,elektrik tok bilen (N- Pomma. Saýlanan eserler)

2. Gyzgalaňly barmak, möwç almak, joşmak.Zawoddaky gündelik gaýnaýan durmuş bir bada söndi.

(B.Kerbabaew, Aýgytly ädim). Kenarynda durmuş joş alyp gaýnar, Otluk ýaýlalarda mallarmyz ýaýnar. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).


GAÝNATMA, Eti gaýnadylyp bişirilýän suwuk nahar.sary kädi bilen gaýnamy ýeten ýagly işek, etiniň güýçli gaýnatmasy onuň bogazyndan zordan ötdi (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim). Stoluň üstünde dürli

Tagamlar, çekdirme, gaýnatma we başgalar bardy (A. Gowşudow, Eserler).


GAÝNATMAK, 1. Suwuklygy gaty gyzdyryp, temperaturasyny ýokarlandyryp lakyrdatmak. Eje, çaý içseň-ä gaýnadaýyn! Nurberdiniň kalbyndaky hyýaly, Bozdy onuň çaý gaýnadýan aýaly («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Gaýnaýan suwda saklamak, bişirmek, Kirli geýimi gaýnatmak. Ýumurtga gaýnatmak.

<> Bogazyňda gaýnatmak — aýratyn joşgun, heň bilen aýtmak.


GAÝŇAK, Türkmen jorabyna salynýan nagyş.


GAÝRA, 1. Demirgazyk-gündogar tarap, ileriň garşysyndaky tarap. Tamyň gündogar ileri çüňkünde we günbatar gaýra çüňkünde el pulemiotyny gurdular (A. Gowşudow, Eserler).

2. Yz, arka tarap, ýeňse.

3. Gezek, sapar, ýola, mertebe. Içine-de çöwüp, bäş-alty gaýra depdi («Görogly» eposy).

4. Kömekçi söz rolunda: Olar dagyň gaýrasynda ýerleşdiler.

<> Gaýra çekilmek — yza süýşmek, yza çekilmek. Jemagat gaýra çekildi (M. R1brahimow, Ol gün geler). Aýsoltan öz hereketini duýman, bir ädim gaýra çekildi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

Gaýra üzülmek — keselliniň keseli ýagşylanan ýaly bolup, gaýtadan beterlemek, nähoşlamak, gaýralamak. Ýöne men syrkaw adam gaýra üzülmesin — diýip gaýgyrdym (A. Gowşudow, Eserler). Ýer çeken, ýuwaş, ýuwaş, kakaň eşiderem, onsoň ýene gaýra üzülip, öňküdenem beter bolar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Gaýra basmak — ser. Basmak.

Mürzeweliň aty «ýeser», gamçylasaň, gaýra basar (nakyl).


GAÝRAK [gaýra:k], Demirgazyk-gündogar tarapa, gaýra tarapa, arka, ýeňse tarapa. Soň bular gaýrak giden yzy yzarlap gitdiler (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GAÝRAKY, Demirgazyk-gündogar tarapdaky, gaýra, ýeňse tarapdaky. Gaýraky oba.


GAÝRALAMAK, 1. Gaýra çekilmek, yza süýşmek.

2. Keselliniň ýagdaýy agyrlaşmak. Ol gün-günden gaýralaýardy («Görogly» eposy).


GAÝRAT [gaýra:t], 1. Iş başarjaňlyk ukyby, bir işiň hötdesinden gelip bilijilik, batyrlyk, edeplilik. Işledikçe artýar gaýraty onuň, Ol guwanjy, ýaraşygy jülgäniň (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. Güýç, kuwwat, gujur.

<> Gaýrat etmek — her bir kynçylyga hötde gelmäge çalyşmak, çydam etmek. Jan ogullar, ýene ikije gün gaýrat ediň! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Az wagt gaýrat etsek, bu günler hem geçip gider, Petr! (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GAÝRATLANMAK [gaýra:tlanmak], Gaýratly bolmak, gaýrata galmak, janlanmak.


GAÝRATLY [|aýra:tly], 1. Edenli, edermen, başarjaň. Aýsoltan hem gaýratly, hem görmegeý («Görogly» eposy). Kürt Ahmet şu gün harmanlarda bolan wakada ýene bir yhlasly hem gaýratly ýoldaş tapanyna ynandy (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Gaýratly adam.

2. Güýçli, kuwwatly, gujurly. Gaýratly mal.


GAÝRATLYLYK. [gaýra:tlylyk], Edenlilik, edermenlik, başarjaňlyk.


GAÝRATSYZ [gaýra-tsyz], 1. Elinden zat gelmeýän, edenli däl, bigaýrat. Gaýratsyz adam.

2. Güýçsüz, kuwwatsyz, gujursyz.


GAÝRATSYZLYK [gaýra:tsyzlyk], I. Elinden zat gelmezlik, edensizlik, bigaýratlyk.

2. Güýçsüzlik, kuwwatsyzlyk, gujursyzlyk.


GAÝRY, Başga, özge, ýat. Häzir güneşli respublikamyzda aýal-gyzlaryň mugallyma, pagtaçy, wraç we gaýry hünärlerde işleýänleri müňlerçedir («Mydam taýýar» gazýeti). Ol bir gaýry ýurt ekeni («Görogly» eposy).


GAÝTA, I. ser.'Gaýtam. Gaýta, ýeri gelende biziň hem kömek bermegimiz gerek (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Kakasynyň, doganlarynyň gorkuzjak bolmagy Gurda çigit ýaly-da täsir etmeýärdi, gaýta ony öjükdirýärdi (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).

2. Gezek, ýola. Bäş gaýta bäş — ýigrimi bäş.


GAÝTAWUL, Kesgitli jogap, görkezilýän garşylyk, gaýtargy. Gelse duşman, gaýtawul bermäge taýýardyrys (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Daýaw ýaş ýigit oňa üzül-kesil gaýtawul berdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýapjalyga aýny wagtynda gaýtawul bermek gerek (N. S. Hruşew, Pagtanyň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmak ugrunda).


GAÝTA-GAÝTA, Yzly-yzyna, öwrän-öwrän, bir näçe gezek, bir näçe ýola. Güler ýüzüne gaýta-gaýta bakdym men (N. Pomma, Saýlanai eserler). Ol diş poroşogy bilen dişini gaýta-gaýta arassalady. Ýene mündi ejesiniň dyzyna. Gaýta-gaýta. bakýar onuň ýüzüne («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GAÝTADAN, Ýene bir gezek, täzeden, ýaňadandan, ýamaşgandan, ikilenç. Partorg Ýarnepes aganyň ýüzüne gaýtadan ýiti seretdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Poltoratskiý iň soňky sagadyny hem rewolýutsiýa ugrunda harç edip, işçilere ýazan hatyny gaýtadan okap otyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Men köp zady gaýtadan pikir edip gördüm (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GAÝTALAMAK, 1. Ýaňadandan etmek, gaýtadan etmek, ýene bir gezek. Ol ýaňky aýdanlaryny gaýtalap, beter gygyrdy. Mährijamal bada-bat aýdan sözlerini ýene gaýtalapdyr (A. Gowşudow, Eserler). 2. Täzeden döremek, ene-de peýda bolmak (ýara, kesel we ş. m. hakda).


GAÝTALANMAK, 1. Gaýtalap durulmak, gaýtadan edilmek. Fantastiki ertekilerde üçleme, ýagny bir zadyň, bir wakanyň üç gezek gaýtalanmak häsiýeti bar («Edebiýat»). Konstatinopolda gozgalaňlar gaýtalanyp durupdyr (Orta asyrlar taryhy).

2. Täzelenip durmak, täzelenmek (kesel we ş. m. hakda).


GAÝTALAP-GAÝTALAP [gaýtala:p-gaýtala:p], I. Bir näçe gezek, yzly-yzyna, öwran-öwran. Şol aýdym öz ýüreklerinden turan daýhanlar ony gaýtalap-gaýtalap aýtdyrypdylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Beýle zadyň ýoklugyny, bolup-da bilmejekdigini Gaýtalap-gaýtalap aýtdy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

2. Nygtap-nygtap, aýratyn uns berip, pugta tabşyryp. Meseläniň ähmiýetini gaýtalap-gaýtalap aýtmak.


GAÝTALATMAK, Gaýtadan, ýamaşgandan etdirmek, täzeden aýtdyrmak. Gaýtaladyp durma-da. git!


GAÝTAM [gaýta:m], Munuň tersine. muňa garamazdan, tersine. Gaýtam, seniň şunça ok-ýarag alyp geleniňi eşitse, seni öz ýanyna çagyrar (B. Kerbzbaew, Aýgytly ädim). Ol goşa gelägende-de ondan haýyr bolman gaýtam, zyýan bolmagy mümkin. Şikaýat etseňiz hem size ondan asla kömek bolmaz, gaýtam, imperiýa komissiýasyny aldanyňyz üçin özüňiz suda düşersiňiz («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GAÝTARGY, 1. Berilýän jogap. Sadap näme gaýtargy berjegini bilmän, ikirejiňlejek ýaly etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol ýiti sözler bilen gaýtargy berýärdi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).

2. Hüjüme berilýän gaýtawul.

3. Satyn alnan harydyň bahasyndan artýan we gaýtarylyp alynýan pul. Galan gaýtargyňyzy alyň!


GAÝTARMA, kön. s. Durmuşa çykarylandan soň, atasy öýlerine gaýtarylan gelin, çuwalgyz. Aýna-da gaýtarma bolsa, gelnalyjy giderde (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Soň hakyt dul etine-de mündüm,  alkymymdan alkym turup, edil gaýtarma ýaly boldy (A. Durdyew. Saýlanan eserler).


GAÝTARMAK, 1.  Yzyna  dolamak, yzyna öwürmek, yzyna ibermek, ugratmak.

Aman sürini yzyna gaýtardy. Arkalaşan ýow gaýtar  (nakyl).

2. Bir zady yzyna, önki  eýesine bermek,  gowşurmak.

3. Eden  söwdaňy,wadaňy goýbolsun etmek, sökmek. Nury lebzinden dändi, eden söwdasyny gaýtardy.

4.Biriniň eden ýagşylygynyň ýagşylyk bilen  aşagyndan  çykmak.

5.  Iýeniň agzyňdan gelmek,gusmak. Iýenim batmady, gaýtardym.

<> Gelin  gaýtarmak — ser.Gelin. 

Gulak gaýtarmak — ser.G u l a k.

Mergen uçup  barýan ördekleri atmak üçin, goşanyň iki gulagyny hem gaýtardy.

Gyz gaýtarmak — ser.   G y z.


GAÝTARTMAK,  I.  Yzyna dolatmak, yzyna öwürtmek. Mämmet mallary çolugyna gaýtartdy.

2. Bir zady yzyna, önki eýesine  öwrüp berdirmek, gowşurtmak, ibertmek. Sapar, sen  ähli  çuwalgyzlary    gaýtartdyň biziň işeňňir gyzlarymyzyň köpüsi başga kolhozlara siňdi.(A.Gowşudow, Köpetdagyň    eteginde). Edilen söwdany  goýbolsun  etdirmek, bozdurmak, sökdürmek.  Ol oglunyň alan motoryny gaýtartdy.

4. Iýenini gusdurmak. Bike margantsowka içirip gaýtartdyk.


GAÝTARYLMAK, 1. Yzyna öwürdirilmek, yzyna dolandyrylmak, iberilmek.

2. Bir zat yzyna berilmek, gowşurylmak.

3. Söwda goýbolsun edilmek, bozulmak. Edilen söwda gaýtaryldy.


GAÝTGYN, I. Peseliş, azalma, pese düşme (suw hak-da).

2. Suwdan mazaly dolma. Ýorunjaly pelleriň suwy gaýtgyn alyp dolupdyr.


GAÝTMAK, 1. Gelen ýerine gitmek, yzyňa ugramak,öwrülmek. Myhmanlar öýli-öýüne gaýtdy. Şady, özüň bil,  men-ä gaýtjak (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy). Ýow gaýtsa, agsak ozar (nakyl). 2. Ýokardan aşak gaçmak, ýykylmak.

* Işi gaýtmak —ser. Iş.

ýüzi gaýtmak — ser. Ý ü z.


GAÝÇY, Mata  we ş.m. zatlar kesilýän, gyrkylýan,goşa  tygly gural. Meniň bolşum hem gadym bir akmak kazynyň özüniň uzyn sakgalyny gaýçy bilen gysgaltmagyň ýerine ot bilen gysgaltjak bolup, eňegini ýakyp hem sakgaldan aýrylyşy ýaly bolýar — diýip,öz-özüne käýinerdi  (A.Gowşudow, Mähri—Wepa).  

Baglary timarlap çyrpýan gaýçysyny alyp, eýwandan aşak düşdi.(A.Gowşudow. Köpetdagyň eteginde).

<>  Gaýçy    gulak — ser. G u l a k.

Gaýçy gulak dik boýun bardyr biziň atlarmyz.(Ata Salyh, Saýlanan eserler).  

Gaýçy guýruk — ser. G u ý r u k. guýruk  garlawaçlar  gaýyşyp, Jaýyň depesinden ýan uçýarlar (A. Haýydow, Gök asman).


GAÝÇYLAMAK, Gaýçy bilen gyrkyp  timarlamak, taýçy bilen  kesmek, gyrkmak.

Ol murtlaryny gaýçylap, bir kadada saklardy.(A. Gowşudow, Eserler).


GAÝÇYLATMAK, Gaýçy bilen gyrkyp timarlatmak, kesdirmek, gyrkdyrmak. Üzümi gaýçylatmak.


GAÝŞAK, Arka tarapa gaýşarylyp duran, arkan gyşaryp duran. Çokaýnyň bagyny süýräp gelýän gaýşak bir ýaşuly gürrüňe goşuldy (B. Kerbabagw, Aýgytly ädim). Bu iki barýan aýalyň bir-ä uzyn, gaýşak, semiz. çişik, gara ýagyz, burunlak, saçy çalaran bir aýaldy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GAÝŞARMAK, Arka tarapa egrelmek, döşüňi ileri berip, kelläňi gaýra tutmak, arkan gaýyşmak. Boýun synman gaýşarýanyň, Zemzen kimin çişerýäniň, Saga-sola gyşarýanyň, Depesinden düşdi kanun (Durdy Gylyç, Goşgular).


GAÝŞARTMAK, Arka tarapa egreltmek, döşi iler berip, källäni arkan  atdyrmak, arkan gaýyşmak.    Nursoltan gursagyny , gaýşardyp ýöreýärdi. (B. Kerbabaew, Aýsoltan]. Ol döşüni gaýşardyp, ardanyp. iki sany adamyny alyp geçdi (A.Durdyew," Saýlanan eserler).


GAÝŞARYLMAK, Arka tarapa egrelmek, döşüni ileri berip kelläňi arkan gaýyşdyrmak.Gaýşarlyp

gapyň agzynda, Töre: — Atlan! — diýdi Gara (Çary  Aşyr   Poemalar). Rumynly mertler-de ýyldyzly

gaýgyn Derýasynda erkin sürýär gaýşarlyp(«Sowet  edebiýaty» žurnaly).


GAÝYBANA [ga:ýyba:na], 1. Habarly bolmaly adamyn ýa-da  edaranyň ýoklugynda bolýan,edilýän,  özüni görmezden. daşyndan.  Bahar gaýybanadan hat ogrusyna gaharlandy(A.Gowşudow, Köpetdagyň  eteginde).

2. Mydama dekleratsiýalara gatnaşyp okalmaýan (okuwyň bir Görnüşi). Ol gaýybana okap, şu ýyl üçünji kursa ekzamin bermelidir (A.Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Gaýybana okuw.


GAÝYBANAÇY [ga:ýybanaçy], Gaýybana okaýan student. Gaýybanaçylaryň köpüsi şu ýyl Aşgabatda okamaly Nämemişin, gaýybanaçy mugallymlaryň okuwyna gelmelimişin (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GAÝYK, Suwda kürek bilen sürülýän gäminiň bir görnüşi. Ilerki burundan bir gaýyk dolandy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Derýanyň ýüzünde ýelkenli gämiler, ýelkensiz gaýyklar ýüzýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) Olar atjak bolup çenänlerinde, Pöwhe öldüm-öldümde gelip, gaýygyň gyrasyna ýapyşdy, gaýyk ýene düňderildi. Gyzlar ol gaýyk bilen geçmek üçin derýanyň boýy bilen aşak tarapa syrdylar (A. Durdyew, Saýlapan eserler).


GAIYKÇY, Gaýyk sürýän adam. Gaýykçy küregi elinde tutup, ýerinden turdy (M. Gorьkiý, Eserler).


GAÝYM [ga:ýym], 1. Pugta, mäkäm, berk. Ol yş galan ýerini gaýym basyr («Görogly» eposy). Guwanjym sen güneişm sen, tagtym sen, Sen, ugruňda bili guşadym gayým (N. Pomma, Saýlaian eeerler). 2. Tutanýerli, işine jür. Aýaly Lýudmila örän mylaýym, Eli dek duranok, hyzmata gaýym (Çary Aşyr, Poemalar). Gaýym adam.

3.Ykjam, ýargşyp duran (gural hakda). Bu kätmen ýeňiljek hem otaga gaýym (A. Durdyew, Saýlanan

Eserler).


GAÝYMLAŞMAK [ga:ýymlaşmak], 1. Gaýym bolup başlamak, berkleşmek, pugtalaşmak, berk ornaşmak. Sibir hanlary öz aralarynda ýaramaz gaýymlaşan bir näçe mülklere bölünýän eken (SSSR taryhy).

2. Tutanýerli bolmak, işiňe jür bolmak, başarnykly bolmak.

3.Ykjamlaşmak, çemeli bolmak.


GAÝYMLYK [ga:ýymlyk], I. Gowşak dällik, berklik, pugtalyk, mäkämlik. 

2. Tutanýerlilik,  işiňe jürlük, başarnyklylyk. Işde gaýymlyk.

3. Ykjamlyk, çemelik.


GAÝYN [ga:ýyn] gelniň ýa-da onuň adamsynyň ata-eneleriniň we özlerinden uly dogan-garyndaşlarynyň garyndaşlyk araagatnaşygyny aňladýan söz.

Agşam toý bar biziň goňşyň öýünde, bu toýa gatnaşýar giew, gaýyn-da ( N .Pomma. Saýlanan eserler). Şunuň ýaly galmaglaçy gaýyn ene bilen oňuşýan gelinlere berekella! (B.Purliew.ilkinji gün).

Gadyr gaýyn bilen giýewde(nakyl)


GAÝYN,I bot.Ak gabykly dik ösýän uzyn agaç.Gaýyň agajy.


GAÝYN,II Köpek it bilen ganjyk tazynyň ganynyň garyşmagyndan dogan it. köpek bilen tazynyň gibridi.

Gurtlan gaýyň ýaly her ýana çapýan, Kolhozlarda kulaklara ýol ýokdur.


GAÝYP [ga:ýyp]Göze görünmeýän, gözden yitirim bolan.  

Gaýyp bolmak- gözden yitmek,gürüm-jürüm bolmak.Ýitirim bolmak zym-zyýat bolmak. Kimdir biri gezip ýör suwu boýuny syryp. Birden ol gaýyp bolup gitdi gür baga girip.(Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Bu gyzyň şeýle görnüşi bilen Hoşgeldiniň gözi öwrenişip, bir sekunt geçmänke, ol surat ýene Hoşgeldiniň gözüniň öňünden gaýyp boldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GAIYŞ I, 1. Käbir haýwanlaryň hamyndan taýýarlanylýan teletin. Ata sag elinden çykaran gaýyş elligini epleşdirip başlady (B. Pürlpew. Ilkinji gün) Egni plaщly, başy gaýyş papakly bir ýolagçy hüňürdedi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Sofi eýranparaz elinde gaýyş gaply bir kitap tutup, öňe çykdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. Bile we ş. m. baglanýan kemer. Gaýyş daňy bilen daşy daňlan odeýalyny we kitap ýüküni alyp, maşyndan bäş-on ädim arany açdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GAÝYŞ II, dial. Belke ýaly ýaýylyp bişirilýän naharyň bir görnüşi. Gaýyş bişirip iýdik.


GAÝYŞ  III, ýylanyň gijesine tutulýan ady.


GAÝYŞMAK I, ser. Gaýşarmak. Zordan yzyna gaýtardyk — diýip, Amanmyrat arkan-ýüzin gaýşyp güldi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

<> Arkan-ýüzin gaýyşmak — bolmajyny bolmak, hondan bärsi bolan bolup ýörmek.


GAÝYŞMAK [ga:ýyşmak] II, Howada, suwuç ýüzünde gaýmalaşmak, ýüzüp ýörmek, gaýyp ýörmek, gaýyp uçuşmak. Erik agaçlarynyň ýapraklary şemalyň ugruna gaýyşyp düşýärdiler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).