GAŞ [ga:ş] I, Göz oýtumynyň üstündäki gyýlyp duran gara tüý we şol ýer. Aýsoltanyň gyýma gara gaşlary biraz ýazylypdyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Aýna ejeliginiň ýüzüne çiňerilende, onuň ýazylyp ýatan gara gaşlary hyrsyzlandy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). GAŞ [ga:ş] II, 1. Ýüzügiň, gülýakanyň we ş. m. şaýlarynyň ýüzüne oturdylýan, berkidilýän gmmat baha daş. Gyz nepis ýasalan ýüzüge hem onuň owadan gaşyna seretdi (A.Gowşudow, Köpetdagyň etegind). 2. Eýeriň öň tarapynda! somalyp duran tommak ýeri. Annagulynyň bolsa eli eýeriň gaşynda (A. Durdyew, Saýlanan eser). 3. Papagyň maňlaýyň üstünden öňe uzalyg duran gaty, ýasy ýuka bölegi. Papagyň gaşy döwlüpdyr. 4. Kömekçi at rolunda: Şonuň üçin ol öz wekilleriniň gaşynda azm urdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). GAŞAW, Atyň endamyny gaşap arassalamak üçin çotga ýaly enjam, esbap. GAŞAMAK, Gijeýän ýeriňi dyrnagyň bilen gaşamak. Annaguly kellesini gaşamaga başlady (A. dyew, Saýlanan eserler). Eşek hem öz deňini gaşar (nakyl). Utulan sesini gaşar (nakyl). GAŞANMAK, Öz-özüňi gaşamak, gijeýän ýeriňi gaşamak. Gapdalyny gaşanyp, gyşaryp ýatan Gandy laňňa galdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim <> -g a r s gaşanmak eliň ýetişdiginden gaşanmak. GAŞATMAK, Biriniň gaşamagyny gazanmak, gijeýän ýeriňi gazatmak, Arkaňy gaşatmak. Gijeýän ýeriňi gaşatmak. GAŞBA-GAŞ [ga:şba-ga:ş], Ýüzbe-ýüz, garşyma-garşy. Ikisi hem oturdylar gaşba-gaş, Ösüpdirler bir obada ýaşba-ýaş (N. Pomma, Saýlanan eserler). GAŞ-GABAK [ga:ş-ga:bak], Gaş we gabak. Meniň gözüm, gaş-gabagym, Aýlar jan! (B. Kerbabaew, Aýlar). GAŞLAK [ga:şlak], Gaşlarynyň arasy gatyşyp duran, gür gaşly, uly gaşly. Gaşlak soldat külem barmagy bilen papirosynyň külüni kakdy («Pioner»,; žurnaly). |